16:09
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -9
Dokuzynjy hekaýat

ULY DÄL-DE, KIÇI DAŞA BÜDRELÝÄR

I.

Nyşapur şäherinden bir menzil gündogarda, Merwe gidilýän ýoluň ugrunda Ryzaguly Par diýen orta ýaşly mülkdaryň – käbir kişi oňa Ryzaguly Türkmen diýip ýüzlenýär – kerwensaraýy ýerleşýär. Bu kerwensaraý Horasanda iň datly togdaryly palawy bilen adygan. Diňe bir bezirgenler däl, bu sebitiň golaý-goltumyndaky barjamly adamlar hem kerwensaraýa togdaryly palaw iýmek, birki gije-gündiz gerdun pelegi unudyp, dynç almak üçin daýymyl-wagt gelýärler. Şeýle bolansoň kerwensaraýyň ýetmiş iki otagynyň boş güni seýrek bolýar. Bu ýerde bezirgenleriň düýedir atlaryna-da gowy idi edilýär. Esasy zat – puluňy gysganmasaň bolany.
Kerwensaraýyň hyzmatkärleri gelenleriň öňlerinden çykyp, olary dilguşalyk bilen garşy alýarlar.
Töwerekde ygym-sagym çaşyp ýatan zat görünmeýär. Berk tertip-düzgüniň bardygy kerwensaraýyň giň derwezesinden giren badyňa duýulýar.
Bezemen hem birmeňzeş geýnen, dilkeş ýüzli hyzmatkärler salam¬laşykdan soňra näçe wagtlyk, nähili dynç almak isleýändigiňi soraýarlar.
Kerwensaraýyň durmuşa çykjak gyzyň aýnasy deýin arassa suwly serhowzy bu ýere gelýänleriň janyna hoş ýakýar. Olar tomsuň jöwzaly yssy günleri naharlanmazdan burun serhowza girip-çykyp tämizlenýärler.
Ýoluň sag gapdalynda ýerleşen bu kerwensaraýyň daşyna on-on iki zirag beýiklikde haýat aýlanypdyr. Gündogar nagşy bilen haşamlanan, iki açylýan agaç derwezäniň iki tarapynda beýik küňre gara görnüm aralykdan magallaklap görünýär. Hütdüjik külbelerden ybarat bolan, obadan bäş ýüz-alty ýüz zirag çemesi daşlykda aýratyn duran bu kerwensaraý soňky on ýylyň içinde ençeme gezek talaňa düşdi. Göze ýakymly görnen ýekeje zadyny hem goýman talasalaram, Ryzaguly Par üç-dört aýyň içinde kerwensaraýyny ýene öňki kaddyna getirmegi başarýardy.
Abul-Fazl Surynyň hökmürowanlygynyň soňky günleri hem kerwensaraýy talamak taladylar. Her hili talaňçylyk bolanda-da, Ryzaguly Par kerwensaraýda aňsat-aňsat görünmeýärdi. Ýogsam ony öldürmek islän talaňçylaram köp bolupdy.
Mundan üç aý öň Ryzaguly Paryň kerwensaraýyna görmegeý symmatyna gelişmeýän sal-sal eşikli1 Ybraýym ynal gelipdi. Ol mundan beýläk Horasan ilinde Togrul begiň patyşalyk etjekdigini aýdypdy. Şonda Ryzaguly Par Ybraýym ynaly ýaňsa alypdy:
– Eşegiň guýrugy ýere ýetendemi?
Ybraýym bu sözi ýokuş görüpdi.
– Eşegiň guýrugy ýere ýetmez, Togrul beg welin, ýene sanalgyja günden Horasana patyşa bolar, Masudy Horasandan kowarys. Şonda ikimiz ýene duşuşarys, aýdan sözüň telekdigini boýun alarsyň. Häzir bu sözüň üçin men saňa hiç hili jeza berjek däl.
Ybraýymyň sözi hak çykdy, eşegiň guýrugy üýtgemedi, ýöne Togrul Nyşapura patyşa boldy.
Bu dünýäde hiç bir zady geň görmeli däl.
Bu dünýäde hiç bir zada bolmaz diýmeli däl.
Ryzaguly Par sebitiň barjamly adamlary bilen bilelikde Togrul begi kerwensaraýyň deňinde duz-çörekli garşylady. Uly toý berdi. Şol günüň ertesi bolsa, şäheriň abraýly, barjamly adamlary, emirleri bilen Togrul begiň kabul edişligine gatnaşdy. Nähili ýardam gerek diýilse, gaşyny çytmasyzdan eçildi. Şondan bäri sebitde bezirgenler parahat işläp başladylar. Togrul beg bezirgenleriň howpsuzlygyny öz üstüne alýandygy, olara hyýanat edilen ýagdaýynda özüniň aýaga galjakdygy, Horasanyň parahat ýaşaýşyny bozýan adamlary jezalandyrjakdygy barada söz sözledi. Bezirgenleriň Nyşapura başga welaýatlardan galla, azyk önümlerini getirmeklerini towakga etdi. Togrul begiň: «Horasanyň ilaty köp zulumlary gördi. Mundan beýläk men bu ülkäniň howandarydyryn. Horasanyň ilatyna zulum edýän adam meniň ganym duşmanymdyr. Şu günden başlap, bu ülkäniň ilatynyň parahat hem bolelin ýaşamagy meniň gije-gündizki aladam bolar. Perwerdigär maňa bu ülkä hossar çykmagymy tabşyrdy. Men Perwerdigäriň öňündäki parzymy amal etmek üçin gujur-gaýratymy gaýgyrmaryn. Horasanyň ilatynyň bolçulykda, parahatçylykda ýaşaýandygyny görýänçäm maňa dynç almak haram bolar. Perwerdigäriň maňa tabşyran bu mukaddes parzynyň amalýetine päsgel berýän kişi dörese, onda şol kişi meniň hut öz doganym bolsa-da, oňa geçirimlilik edip bilmerin. Meniň üçin Perwerdigäriň ähli bendesi, Muhammet pygamberiň ähli ymmaty deňdir!»
Ryzaguly Par Togrul begiň adamlaryň öňüne çykyp aýdan bu sözlerinden soň, kerwensaraýyna begenjine guş bolup uçup dolandy. Gelse, kerwensaraýy talanypdyr, özem hyzmatkärleriň eşiklerine çenli talanypdyr.
Ryzaguly Par bu talaňçylygy seljuklylaryň edendigini bilip, sesini çykarmady, Togrul bege arz etjek bolmady. Çünki, ýatagan öz gynyny kesmeýär. Togrul beg hem bir kerwensaraýyň sahybynyň sözi üçin öz adamyna jeza berermi?! Belki, talaň Tog¬rul begiň tabşyrygy bilen bolandyr?! Teshyr edilen ýerlerde olja ýygnamak gadymdan gelýän resim ahyryn! Ähli gulamlar diňe olja tamakinçiligi bilen söweşýärler! Ryzaguly Türkmen bu zatlara düşünýär, şonuň üçin-de bolan ahwalaty içine saldy.
Togrul beg: «Maksadymyň amal bolmagyna garşy çykýan öz doganym bolsa-da, men oňa geçirimlilik etmerin, berk jeza bererin» diýdi! Diýmesine, diýdi, ýöne Ryzaguly Par «Bir ýazykdan är ölmez» diýen pikire gol berip, bu bolan talaňçylygy tötänlige ýorup, indi gaýtalanmazlygyny dileg edip, kerwensaraýa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, işi ýola goýmak bilen boldy. Arman, talaňçylyk sowulman eken. Şol wakadan ýigrimi gün geçip-geçmänkä Togrul begiň goşunyndan Ahmet hyýlbaşy2 atly biri ýüz atly bilen geldi:
– Şu günden başlap, maňa her aýda ýüz dinar berersiňiz. Meniň aýdyşym ýaly etseňiz, üstüňizden guş hem geçip bilmez, ýöne meniň aýdanymy etmeseňiz, ýa meni Togrul soltana satjak bolsaňyz, onda günä özüňizdedir. Garşyma çykylsa, mende rehim-şepagat bolmaz. Men göni bir aýdan gelerin.
Ryzaguly Paryň otuz tanap mülk ýeri, alty süri dowary bardy. Onuň kerwensaraýdan görýän peýdasy aýda üç ýüz – dört ýüz dinardan artyk däldi. Ol her aýda on dinary zekat, haraç töleýärdi. Onuň rişwet (para) berýän adamlaram az däldi.
Ryzaguly Par bir aýlap hyýlbaşydan nädip dynyp boljakdygy barada oýlandy, ýöne anyk çykalga tapmady.
Togrul Nyşapuryň öňki ähli emeldarlaryny diýen ýaly işden boşadyp, öz adamlaryny belläpdi. Öňki wezipesinde diňe Seýit kazy ýaly abraýly adamlar galypdy. Agyr günde Ryzaguly Para mydama Seýit kazy kömek edýärdi. Şeýle bolansoň, Ryzaguly Par ýene kaza içini dökdi. Bu habary eşiden Seýit kazy egnini ýygyrdy. Soňam:
– Men hiç zat bolmadyk ýerden seniň habaryňy Togrul bege aýdyp bilmerin. Sen hyýlbaşyny nädibem bolsa bir gezek razy et. Ana, şondan soň, bu habary, her näçe agyr-da bolsa, gozgap bilerin. Allatagala keremdir, ol bir çykalga tapyp berer – diýdi.
Bu gün Ahmet hyýlbaşynyň kerwensaraýa gelmeli günüdi. Şonuň üçin kerwensaraýyň adamlarynyň howsalalary özlerine ýetikdi. Olaryň gözleri ýoldady, biçak gorkýardylar. Mundan iki gün öň üç hyzmatkär kerwensaraýdan gaçyp gidipdi. Bir hyzmatkär «keselläp» işe gelmändi. Olara-da düşünmeli: hiç kimiň ölesi gelenok.

* * *

Ýassy namazynyň wagty boluberende kerwensaraýa Merw tarapdan ýaşlary durugşan bahadursypat goja hatynak hatyny bilen geldi. Är-aýal uzak ýoldan gelýän bolarly, ýöreýişleri ýadawdy. Zenanyň başyna nykap atylandy.
Är-aýalyň goş-golamy yzlaryndaky gök ýorga ýüklenendi.
Är-aýaly ýigrimi ýaşlaryndaky uzyn boýly, ýylgyryp duran nurana ýüzli hadym garşylady:
– Hoş geldiňiz, saýybym.
– Myhman alarmysyňyz?
– Alarys, alarys. Geliň-geçiň! Biz hyzmata taýýar – diýip, hadym gök ýorganyň rişdesini aldy. – Ýüküňizi nädeýin?
– Maňa berjek otagyňyza eltseňizem bolar, ýogsamam amatly bir ýerde goýaýyň. Ýükümiz – ýorgan-düşegimiz bilen gaýry zerur hajatlarymyz.
– Uzak ýerden gelýän ekeniňiz?
– Dogry, Horezminden gelýärin.
– Çagalaryňyzy Horezminde goýup gaýtdyňyzmy?
– Haý, inim – diýip, bahadursypat goja uludan demini aldy. – Näme diýeýin men saňa?! Hawa, çagalarymyzy goýup gaýtdyk. Ol ýerde Şamälik diýen ganhor hökümdar döredi. Ol bizde çaga-da goýmady, öý-de. Çagalarymyzy ýere düýnäp, hazzar başymyzy alyp çykdyk.
Hadym agyryly sowal berendigine ökünip, çym-gyzyl boldy:
– Men hata iş etdim: derdiňizi gozgadym, ýüregiňizi agyrtdym. Meniň günämi ötüň, saýybym.
– Şamäligiň günäsiniň ýanynda seniňki günä-de däl, inim – diýip, nätanyş hyrçyny dişledi.
Başga bir hyzmatkär är-aýaly göz-göz otaglaryň birine eltdi.
Kerwensaraýyň öňünde garşy alan uzyn boýly birinji hadym bilen edil bir almany iki bölen deýin meňzeş ikinji ýigit uly bolmadyk otagda biri uly, biri kiçi iki desterhan ýazdy. (Olaryň ulusy erkek kişi, kiçisi zenan maşgala üçindi).
– Saýybym, biziň kerwensaraýymyz Horasanda iň gowy ker¬wensaraýlaryň biri hasaplanýar – diýip, desterhançy süýjüdip gürledi. – Biz myhmanlarymyza näme tagam islese, taýýarlap berýäris. Käbir bezirgen daga gidip sülgünmidir saýgak awlap gelýär. Onsoň öz awlan awundan islän tagamyny bişirmegimizi buýurýar. Biz myhmanymyzyň isleýşi ýaly edýäris. Eger aw awlaryn diýseňiz, bizde gowy tazylar bar, gowy atlarymyz bar. Aw torlary, ok-ýaý hem bar. Eger wagtyňyz az bolsa, saýgak sürülerimiziň içinden saýlap birine ok atsaňyz, biz size şol saýgakdan hem islän tagamyňyzy bişirip berip bileris. Käbir myhmanlarymyz bizde üç-dört günläp bolýarlar, olaryň bizden gidesleri gelenok. Siz hem bizde birki gün dynç alyň.
– Ýok, ýok, sag bol, inim. Biz sizde birki gün bolup bilmeris. Ertir daň bilen ýola düşeris.
– Bu gerdun pelekde nämä howlugýarsyňyz, saýybym?! Ömür – genji-badawert3, howluksaňyzam, howlukmasaňyzam geçer gider.
Myhman desterhançynyň bu sözlerini diňläp, esli salym dymdy, soňam:
– Ertir Nyşapura – Togrul begiň ýanyna barmakçy – diýdi.
Desterhançy nätanşa geň galyp seretdi:
– Togrul begi ýakyndan tanaýarsyňyzmy?
– Togrul begi tanaýarys, ol hem bizi tanaýar, ýöne onuň hatynyny has ýakyndan tanaýarys. Çünki meniň hatynym Kalbyna Togrul begiň hatyny bilen bile ösüp-ulalypdy. Olar ýaşlykda iň ýakyn joradylar.
– Togrul begiň merdana hatynynyň bardygy hakda menem kän gezekler eşitdim. Basan ýerinden ot çykýarmyş onuň. Jadygöýmüş ol. Oňa ok kär etmeýärmiş. Endamyna düşen ýara hem Aýyň ýagtysyna bitýärmiş. Ýetmiş iki dil bilýärmiş, söweşe girse, iki ýüz-üç ýüz adamy sähel salymda paýhynlaýarmyş diýýärler. Ol Togrul patyşany-da bir elinde ýokary göterýärmiş diýýärler. Togrul begiň hatynyny ýakyndan tanaýan bolsaňyz, günüňiz gelipdir, saýybym. Siziň möhümiňiz hökman biter.
– Biz Altynjana inçe umyt bilen barýarys, inim. Gawşfinj şäherimizde-hä durarlyk galmady. Babam pahyr Harur Aksungar Şamäligiň elinden öldi. Şamälik tutup bilse, hatynym ikimizem öldürjekdi. Herhal, biz gaçyp ýetişdik, ýöne ol biziň öýümizi tozdurdy, otlady, çagalarymyzy, hyzmatkärlerimizi uçdantutma öldürdi. Indem, görşüň ýaly, sopbaş galdyk. Togrul patyşanyň dergähine barmakçy, ýalkasa, ýaz, gargasa, gara gyş bolar.
– Enşa, ýalkar.
– «Ýalkar» diýip gaty ynamly aýdýarsyň-la, inim? Sen bu sözi ýöne ýere aýdýarsyňmy ýa bir zada esaslanyp aýdýarsyňmy?
– Ynha, görersiňiz, sizi gujak açyp garşy alarlar.
– Adamlar wagtyň geçmegi bilen üýtgäberýärler. Biz-ä bärden barsak, uly umyt bilen, Togrul beg hem: «Biz siz ýaly tumaýaklary tanamzok» diýse, nähili bolarka diýen gorky bar içimizde.
– Togrul begiň maksady gowy, ýöne... – diýip, desterhançy pikirini aýtjagyny-aýtmajagyny bilmän biraz dymdy.
– Ýönäň näme?
– Ýönämmi? Togrul patyşanyň tutumy gowy, ýöne onuň wezir-wekilleri gowy däl. Olar Togrul begiň ýanynda ýalym-ýulum edip, ýanyndan gaýdansoň bolsa, başga adama öwrülýärler, baýamak üçin hars urýarlar. Bar sütem ilata düşýär. Togrul patyşanyň... – Desterhançy diňşirgendi.
Daşardan gykylyk eşidilip ugrady. Desterhançy ötünç sorap, daşary çykyp gitdi.
Gökhun ör turup, çala açyk işikden daşaryny synlady.
Daşarda seljuk esgerleri mag berýärdi.
Aýak sesleriniň ýakynlaşýandygyny aňan Gökhun ýerine baryp oturdy.
Işik açyldy, üç-dört seljukly esger içerä göz aýlady:
– Bular kimler?
Hadym gorka dillendi:
– Bular iş agtaryp ýören är-aýal.
– Nireden gelipdirler?
– Balhdan gelipdirler, sahybym. Bularyň ähli dogan-garyndaş¬laryny, çagalaryny soltan Masut öldüripdir, öýlerini bolsa otlapdyr. Indi bularda hiç zat ýok, bir döwüm tötek üçin iş gözläp ýörler.
– Eý, goja! – diýip, esgerleriň biri başyny ýerden galdyrman oturan Gökhuna ýüzlendi: – Sen ýönekeý goja meňzemeýärsiň, ýanyňda nämäň bar? Näçe puluň bar bolsa, okla bärik. Ýogsam içiňden ýatagany geçirerin.
Gökhun goltugyndan bir düwünçek çykaryp, eliniň tersi bilen işige bakan oklap goýberdi.
Düwünçegiň içindäki dinarlary görüp, gözleri nurlanan esgerleriň biri hadyma ýüzlendi:
– Hany, sen bu garry göherdiň hiç zady ýok, bir döwüm tötek üçin iş gözläp ýör diýdiň-ä? Munça dinary bar adam biriniň gapysynda gulluk etmez. Bu goja ýöne-möne goja däl diýdim-ä men.
– Bir ýyl mundan owal biz tütjar baýdyk, bu gün şol baýlykdan galan iň soňky baýlygymyzy – düwünçegimizi size berdik. Utançsyzlar! Berlenini az gördüňizmi? Belki size egnimizdäki eşiklerimiz-de gerekdir? – diýip, hatynak hatyn zöwwe ýerinden galdy. – Size belanyň sapy gerek dälmi?
– Eý, eý, heleý, gapyl!
– Heleý-de bolsam, sen tetelli erkekden müň esse gowudyryn. Eger adam bolýan bolsaňyz, iň soňky ýüz dinarymyzy alman, gaýdyp beriň!
– Eý, heleý, gapyl diýýärin men saňa! Ýene ýeke agyz gür¬leseň, içiňden ýatagany geçirerin.
– Beýtmäge seniň gaýratyň çatmaz! Ony etmäge syrt gerek, syrt!
– Merhemetli sahyplarym, bu bagtyýatan adamlara rehim ediň! – diýip, hadym esgerleriň öňüne böwet boldy.
– Eý, hadym, sen näme samahyllaýarsyň?! Bil, biz bagty ýatan adamlar däl. Bagty ýatan adamlar seniň öňüňdäkiler. Bu pälazanlaryň eden etmişlerini biz Muhammet Togrul bege aýdarys, hökman aýdarys.
Esgerler hatyn bilen deň bolmagy özlerine kiçilik bilip, beýleki otaglary barlamak üçin gitdiler. Hadym yzyna öwrülip geldi-de:
– Geplemäň, geplemäň! – diýip özelendi.
– Bular-a etjegini etmeli, bizem dymmalymy? Togrul bege aýdyp, gözlerinde ot ýakarys biz bularyň!
– Gepleme, ýalbarýaryn. Rast, geplejek diýseň, onda kerwensaraýdan çykyp geple. Tä öldürýänçäler gürle. Şu ýerde ölme! Ýogsam, bize maslyklary depin etmegem dert. Myhman otagymyzy gara gana boýajak bolma! – diýip, hadym naýynjar dillendi. – Ganyň ysy syçanyň ysyndanam erbet, birki aýlap aý¬rylmaýar.
– Sende günä ýok, ýöne bu mahawlara beýle hökmürowanlygy etmäge kim rugsat beripdir?
– Soň aýdaryn, soň! Häzir şular gidýänçä hiç zat diýme, aýal dogan, hiç zat diýme! Bular häzir gidýär. – Hadym Gökhun goja ýüzlendi. – Eý, saýybym, gaýrat edip, bu dilli kelläňe birsellem «Gapyl!» diý! Ýogsam, bu özüniňem, seniňem öldürilmegiňe sebäp bolar. Gaýrat et!

* * *

Ryzaguly Par Seýit kazy bilen maslahatlaşan-da, oňa söz beren-de bolsa, hyýlbaşy Ahmede talap eden ýüz dinaryny bermedi. «Ahmet hyýlbaşy gelse, ine, şu ýigrimi dinary beriň. Başga bir hepbämiz-de ýok» diýip, Ryzaguly Par öz hyzmatkärlerine ýig¬rimi dinar goýup, ambarda gizlendi. Bu talaňçylyk ýüz dinaryň berilmändigi üçin bol¬ýardy. Hyýlbaşy kerwensaraýdaky ýolagçylardan üç ýüzden gowrak dinar jemledi.
Seljuk esgerleri hyzmatkärlerden kerwensaraýyň eýesi Ryzaguly Paryň tapyp getirilmegini talap edýärdiler. Hyzmatkärler bolsa öz hojaýynlarynyň iki gün mundan öň Tusa gidendigini nygtaýardylar.
Hyýlbaşy Ahmet ýene bir aýdan geljekdigini, şol gelen wagty talap eden dinary taýýar bolmasa, onda kerwensaraýdaky adamlary uçdantutma öldürjekdigini, kerwensaraýy bolsa ýer bilen ýegsan etjekdigini tekrarlap gitdi.
Seljuk esgerleri gidenden soň kerwensaraýda ep-esli wagtlap dym-dyrslyk höküm sürdi. Hiç kim gürlemeýärdi. Ähli kişi doňan ýaly bolup durdy.
– Men bu zatlary Togrul soltanyň hatyny, joram Altynjan melikä hökman aýdaryn. Hökman aýdaryn. Bularyň gözlerinde ot ýakdyraryn – diýip, hatynak hatyn otagdan çykyp gygyrdy. – Ýerçeken, biziň ähli dinarymyzy alyp gitdi.
– Kalbyna, içeri gir! – diýip, Gökhun başyny galdyrman oturyşyna azmly gygyrdy.
Kalbyna içeri girip, adamsynyň gapdalynda aşak çökdi. Gaharyna bäs gelip bilmän özbaşyna hüňürdedi:
– Men bu zatlary Togrul patyşaga aýdaryn, Altynjana-da aýdaryn! Gözlerinde ot ýakaryn men bularyň!
Gökhun doňan ýaly bolup, gozganman oturyşyna hatynyna gö­wünlik berdi:
– Allatagala bizlikdir. Ähli zat gowulyk bolar, enşa!
Hadym kürsäp içeri girdi.
– Eý, ýaşuly, sen nädäýdiň? Ýüz dinar berip goýberdiň-le sen?
– O zatlar bilen seniň işiň bolmasyn, sen bize owkatlyk getir.
– Sizde indi bir dirhem hem ýok. Owkatlygyňyzy nädip hasap¬laşjak?
– Nädip hasaplaşjagym bilen işiň bolmasyn, alamanyňa ýüz dinar beren adam senem boş goýmaz.
Hadym Gökhuna geňirgenme bilen serede-serede çykyp gitdi. Ep-esli wagtdan soň, dört sany epeý kişi içeri girdi.
Gelenleriň arasyndaky mapraç kişi saglyk-amanlykdan soň, Gökhuna ýüzlendi:
– Eý, ýolagçy! Men şu kerwensaraýyň eýesi Ryzaguly Türkmen. Maňa siz barada, Togrul begiň atlylaryna ýüz dinar berendigiňiz barada aýtdylar. Men siz bilen tanyşmak isleýärin. Siz maňa özüňiziň kimdigiňizi aýdyp bilmermisiňiz?
– Meniň kimdigim size näme gerek?
– Maňa aýdyşlaryna görä, siz Togrul begiň ýanyna barýan bolmaly. Meniň bolsa, ýurduň abadançylygy, baýamagy, adalaty üçin oňa ýetirmegi parz bilýän zatlarym bar.
– Hadymlaryňyz gaty bilesigeliji oglanlar eken, olar men hakda eýýäm ähli zady bilýärler. Siz näme bilmek isleseňiz, şolardan soraberiň.
– Olar meniň tabşyrygymy ýerine ýetirýärler, ýöne meniň adamlarymdan size ýamanlyk gelmez, arkaýyn boluň.
Gökhun birsellem dymyp, söze başlady:
– Meniň kunýam – Gökhun bin Harur bin Aksungar, Ho¬rezminiň Gawşfinj şäheriniň häkimi bolup işledim, ýöne häzirki döwürde häkimem däl, hiç kimem däl. Bary-ýogy bir harwarlyk ýüküm bar.
– Hatynyňyz Kalbyna Togrul begiň hatyny Altynjan hatynyň ýakyn jorasymy?
– Size dogry aýdypdyrlar: hatynym Altynjan melikäniň ýa¬kyn jorasy. Biz Nyşapura uly umyt baglap barýarys, ýöne ol ýerde bizi nähili garşylajakdyklaryny anyk bilmeýäris.
– Erkeklere görä hatynlar öz joralaryna has wepaly hem yhlasly bolýarlar, biri-birini goldaýarlar. Siziň hatynyňyzy hem Altynjan hatyn goldar. Ol meniň eşiden rowaýatlaryma görä, biçak edenli hatyn bolmaly.
– Rowaýatlary?.. – diýip, Kalbyna gyzyklandy.
– Hawa, hawa, ol hakda köp gowy rowaýatlary eşitdim.
– Rowaýatlar arkaýynçylyk ýeriniň gürrüňi – diýip, Gökhun beg rowaýat eşitmek islemeýändigini duýdurdy. – Siz Togrul begi gördüňizmi?
– Hudaýa şükür, gördüm, hakyt elleşip salamlaşdym. Tog¬rul patyşa gaty üýtgeşik kişi eken.
– Nämesi üýtgeşik onuň?
– Gyr atyň üstünde egni jöwşenli, çaraýnaly, tuwulgaly, dyzlykly, bir elinde ýaý bilen ok tutup oturyşy, gaty haýbatly symmaty teý göz atuwymdan aýrylanok meniň. Ýörände ädimi uludan däl-de, näme üçindir, kiçiden alýan eken. Meni haýran galdyran zat onuň diýýän sözleri. Onuň diýýän sözlerini men öň ýeke patyşadan hem eşitmändim. Ol gürlände özüne kökerýär. Ol Nyşapura gelen gününiň ertesi uly bir kabul edişlik gurady. Şol kabul edişlige gatnaşdym. Töwereginde adam kändi, şonuň üçin onuň bilen ine-gana gürleşib-ä bilmedim, diňe elleşip salamlaşdym. Murty iki tarapa peýkam ýaly gezelip dur. Kimiň saçy ýogyn hem berk bolsa, şol adamyň polat erki bardyr diýýärler. Togrul begiň gezelip duran murtundanam onuň berk erklidigi görnüp dur. – Ryzaguly Türkmen birsellem böwrüne diň saldy. – Togrul begiň Ybraýym atly bir dogany bar eken.
– Ybraýym diýdiňizmi?
– Hawa, ol patyşanyň dogany. Ol gije-gündiz ylgap, işläp ýören nazarkerde serkerde. Mähriban kişi, nurana kişi. Eşiklerini görseň welin, nebsiň agyrýar. Patyşanyň inisi, serkerde diýer ýaly däl, egin-eşigi hakyt sal-sal, hakyt kir. Men ony kerwensaraýa çagyryp, ýuwundyryp, eşigini täzeläbem biljekdim, ýöne beýtsem, onuň maňa nädogry düşünmegi, gaharynyň gelmegi mümkin. Ondan her hili ýowuzlygyň çykmagy mümkin...
– Ybraýym barada näme üçin beýle pikir edýärsiňiz...
– Men bütin ömrüme adamlar bilen iş salyşdym, şonuň üçinem adamlaryň daşky keşmerlerine seredip, olaryň käbir gylyk-häsiýetlerini bilýärin.
– Ybraýymy ýowuz hasaplaýarsyňyzmy?
– Hawa, men ony gaty ýowuz adam hasaplaýaryn.
– Siz onuň ýowuzlygyny gördüňizmi?
– Ýok, görmedim.
– Onda näme?
– Men aýtdym ahyryn ol sal-sal eşikde diýip.
– Sal-sal, kir eşikli adamlar ýowuz bolýarlarmy?
– Bir söz bilen aýtsam, hawa, şeýle adamlar ýowuz bolýarlar. Ybraýymyň üst-başyna geleň etmezligi, sal-sallygy onuň geleňsizligini aňladýar. Geleňsiz adamlar bolsa şowsuzlyklara köp uçraýarlar. Şowsuzlyklar Ybraýym ýaly adamlaryň gaharyny tiz getirýär. Şowsuzlykda oňyn çözgüt tapman köplenç ýowuzlyk¬lara ýüz urýarlar. Onsoňam özüne üns bermeýän kişiniň özgä-de üns bermejekdigi düşnüklidir. Ybraýym tekepbir adam bolmaly. Tekepbir kişiler bilen düşünişmek kyn bolýar. Olar ýaly adamlaryň akyl käsesi öz akyly bilen doly bolýar, başga biriniň akylyny almaýar, sebäbi akyl käsesinde ýer ýok.
Gökhun kerwensaraýyň eýesiniň Ybraýym hakda mundan artyk gürlemegini islemedik bolarly, onuň sözüni böldi:
– Sen Togrul patyşaga meniň näme habar ýetirmegimi isleýärsiň? Onsoňam ýaňky gelip giden talaňçylar kimler?
– Meniň Togrul patyşaga ýetirmek isleýän möhüm ha¬barlarymyň biri Horasanyň öňki hökümdary Surynyň hazynasy hakynda, ikinji habarym – özüm üçin iň ähmiýetli habarym bolsa, ýaňky talaňçylyk bilen baglanyşykly. Ýaňky talaňçylyk eden serkerdä Ahmet hyýlbaşy diýýärler. Ol Horasanyň köp kerwensaraýyna aýda salgyt salýar. Özem ol salgyt Togrul begiň hasabyna däl, ýok, diňe onuň käbir emeldarlarynyň hasabyna. Men bu zatdan Togrul begiň habarsyzdygyny anyk bilýärin. Begiň ynamyndan peýdalanyp, eden-etdilik edýärler. Beg Horasanyň ilatyny iki ýyl salgytdan boşatdy ahyryn! Ahmet hyýlbaşy bolsa aýda ýüz dinar bermegimi talap edýär. Wah, patyşalyk üçin ýa sogap, haýyr-yhsan üçin gerek diýseler, onda men ýüz dinar berjek, ýöne haramylyk üçin ýeke nohut hem bermek islemeýärin.
Bir hyzmatkär gelip, Ryzaguly Paryň gulagyna çawuş çakdy. Onuň habaryny diňlän Ryzaguly Par baş atyp, Gökhuna ýüzlendi:
– Gökhun beg, eger garşy bolmasaňyz, Kalbyna bibi goňşy otaga geçsin, meniň hatynym siziň hatynyňyz bilen owkat edinmek isleýär. Biz hem siziň bilen aýratyn naharlanaly!
– Ýok, biz häzir gaýtmakçy.
– Siz gije ýatmakçy ekeniňiz-ä?!
– Hawa, başda ýatmakçydym. Indi ýatmakçy däl. Men Nyşapura howlugýaryn. Bu bolan wakany bege tizden-tiz ýetirmegi borjum hasaplaýaryn. Onsoňam hasaplaşar ýaly, mende bir dirhem-de ýok indi.
– Siz beg kişi, ýoluňyz düşende üzülişjegiňize men ynanýaryn.
– Ýok, ýok.
– Onda gaýrat edip, Togrul patyşaga hyýlbaşynyň eden-etdiligi hakdaky habary ýetiriň. Her kim meni Abul-Fazl Sury ýaly baý hasap edýär, Surynyň baýlygy ýaly baýlygy bardyr öýdýär. Ýöne onuňky ýaly baýlyk mende nireden bolsun?! Meni her aýda, her hepdede talaýarlar. Ähli kişi Ryzaguly Paryň üstüne baýlyk ýagyp durandyr öýdýär, bezirgenden bir dirhem almagyň nähili hupbatlydygyny bilenok adamlar. Men adamlara teý düşünemok. Talajak bolsa, hyýlbaşy Ryzaguly Paryň kerwensaraýyny däl-de, Abul-Fazl Surynyň Pumba etrabyndaky gizläp goýan hazynasyny talasyn.
– Abul-Fazl Surynyň hazynasy Pumba etrabyndamydyr?!
– Ine, meniň Togrul bege ýetirmek isleýän esasy habarym. Sury Horasanyň hazynasyny Nyşapurdan çykaran-da bolsa, ony entek Gazna aşyryp bilenok. Gazna aşyrmak üçin amatly pursada garaşýar ol. Ähli ýerde Togrulyň adamlary seredip duransoň, häzir edip bilýän zady ýok. Wa-daryg-a, meniň janym ýanýar. Elimde goşunym bolsa, göni Pumba etrabynyň Mikali galasyna gitjek, ähli baýlyklaram alyp gaýdyp Togrul patyşaga berjek.
– O näme üçin Togrul patyşaga? Arzuw edeniňde beri: «Özüm aljak» diý.
– Ýok, ýok, dogan, ol hazynany men halal ojagyma getirip bilmerin. Ol hazyna – Horasanyň halkynyň gözýaşy. Ol gözýaşy öýe getirsem, meni Allatagala halamaz. Öz gazanjym özüme nesip etse, maňa dünýäde başga hiç zat gerek däl.
– Ýagşy dilegde bol!
Gökhun bilen Kalbyna üsti ýükli gök ýorgany yzlaryna tirkäp, Nyşapura bakan ýola düşdi.

II.

Togrul beg gije dynjyny alyp, aladaňdan oýandy. Hyzmatkärler eýýäm hyzmata gaýym bolup durdular. Beg daşarda ýazylan düşegiň üstünde aýbogdaşyny gurap oturdy. Iki sany inçesagt hyzmatkär bolsa, bege ýasama sakgal oturdýardy.
Begiň egnine dökülip duran buýra-buýra saçy bardy. Elli ýaşa ser uransoň, onuň uzyn saçlary altynsow öwüsýärdi. Murt ony haýbatly görkezýärdi. Sakgalyň oturdylmagy bilen ol pähimdar goja öwrüldi.
Togrul begiň sakgal oturtdyrmasynyň iki sebäbi bardy. Birinji sebäp belli bir derejede ýüzüni örtmek – özüni tanatmazlyk bilen baglanyşyklydy. Ikinji sebäp – özüniň türkmendigini ýaşyrmakdy. Ine, bu esasy sebäpdi. Çünki köp musulman halk¬lary ýaly, türkmenler gojalyk ýaşyna baraýmasalar, aňsat-aňsat sakgal goýbermeýärdiler.
Elbetde, günde sakgalyňy syrdyrmak – Togrul her juma güni sakgalyny syrdyrýardy – aňsat däldi. Şeýle-de bolsa, Togrul beg murtuna timar berýärdi, sakgalyny syrdyrýardy. Onuň iki sany dellegi bardy.
Iki hyzmatkär öz işine ezberdi. Sebäbi olar bu günki işlerini birinji gezek edenokdylar, olar Togrul begden derwüş-de, gedaý-da, täjir-de, ulama-da ýasapdylar. Olara näme etmelidigi – bu gün begiň kim bolmalydygyny aýdaýmalydy, galan zatlary olaryň özleri oňarýardy.
Iki hyzmatkäriň öňünde goýlan bu günki wezipe Togrul begi ötegçi sopa öwürmekdi.
Ötegçiniň goş-golamy bolmaly. Elbetde, ol goş-golam Nyşapurda taýýar edilipdi. Häzirki edilmeli iş bege sopynyň egin-eşigini geýdirmek bilen sakgal oturtmakdy.
Hyzmatkärler diňe sakgal oturtmak bilen çäklenmediler, begiň gaşyna ep-esli ak gaş hem goşdular, soňam kellesine köne bir peşi omrakaý sümürdiler. Ine, saňa gözüňe süweýin sopy. Gözlerine siňe seredäýmeseň, garşymdaky Togrul patyşadyr diýip pikir eder ýaly däl.
Hyzmatkärler bege sag gözüni ýumup gezmegini maslahat berdiler. Ýöne beg sag gözüni ýumsa, sol gözi-de biraz süzüldi.
– Altynjan taýýarlyk görýärmikä? – diýip, Togrul beg garşysynda aýbogdaşyny gurup oturan Peýkama ýüzlendi.
Peýkam gozganman oturyşyna jogap berdi:
– Altynjan taýýar, hymasynda saňa garaşýar.
Togrul beg weziri Abylkasym Buýanyny ýanyna çagyrdy. Oňa özüniň maksadyny – etmekçi bolýan işini düşündirdi. Wezir begiň pikirini onçakly oňlamady:
– Begim, häzirki döwürde deýlemli4 bolup ýat ýere barmak örän hatarly. Şonuň üçin siz özüňizi deýlemli diýmän başga bir ýerden geldim diýseňiz, gowy bolar.
– Sen howatyrlanma, wezir, maňa hiç zat hem bolmaz. Men ätiýaçly bolaryn. Goý, olar meni bagty ýatan deýlemli hasap etsinler. Hatynym ikinji betbagtlygym bolsun. Men hatynym bilen Deýlemden Gazna barýaryn. Meniň aslym Gaznadan bolsun. Meni birmahal soltan Mahmyt Gaznaly Deýleme gönderen eken. Men Deýlemde soltanyň tabşyrygyny ýerine ýetiripdirin. Indi meniň halymdan habar alýan ýok. Şonuň üçin ölmänkäm gara göwrämi Gazna atmagy makul bildim. Men mazarymyň dogan-garyndaşlarymyňkydan alysda bolmagyny islämok.
– Togrul beg, Abylkasym örän hak aýtdy, bu gün deýlemli bolmak örän hatarly. Deýlemlilerden ýaňa jany ýanyp ýören adamlar kän. Asyl deýlemlilerden sütem görmedik adam ýok. Şonuň üçin obanyň adamlary üstüňe arlap ýeňseler, biz bärden kömege ýetişip bilmeris. Soňky puşmandan hem peýda bolmaz – diýip, Peýkam howatyrlandy. – On-on bäş haşym derwüş eşiginde ýanyňda bolsun.
– Gerek däl. Men halkyň deýlemlilere hem seljuklylara garaý¬şyny göreýin.
Şunuň bilen gürrüň gutardy.

* * *

Togrul beg aw awlamak üçin mirşikarynyň ýolbeletliginde iki müňden gowrak atly bilen Nyşapuryň Bust etraby bilen Turaýsys etrabynyň aralygyndaky tokaýlyga geldi. Beg aw awlamak üçin diýip gelen-de bolsa, esasy maksady aw däldi, ötegçi sopynyň eşiginde Bustuň etegindäki obalaryň hanakalaryna aýlanyp görmekdi, ol ýerde edilýän gürrüňleri gulagy bilen diňlemekdi, bolýan ahwalatlary, wakalary gözi bilen görmekdi.
Togrul begiň Bustuň etegindäki obalaryň hanakalaryna aýlanyp, ol ýerleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak islemeginiň sebäbi mundan bir hepde öň üç kişiniň köşge ýörite arz bilen gelmegidi. Olaryň aýdan sözleri Togrul begi iňkise salypdy, şol aýdylan zatlary ýerinde barlap görmek üçin hem bu ýere gelipdi.

* * *

Argun ibn al-Perhat atly Deýlemden gelýän sopy öz dogduk mekanyna gitmek üçin ýerinden turdy, egnine içi bir döwüm zagaraly keşkulyny atdy. Onuň hatyny Gülýüzli hem öz hymasyndan çykdy.
Argun garşysynda duran garry kempiri tiňkesini dikip synlady:
– Kim sen?
– Eý, Argun sopy, halys garrapsyň, öz hatynyň Gülýüzlinem tanaňok, sen.
– Gülýüzlimi sen?! – diýip, Argun güldi.
– Eýsem, kim bolaýyn?! Gülýüzli men.
– Gowuja seredeýin onda, obanyň içinde ýitirip, soňundan «Buý-a meniňki däl» diýip ýörmäýin.
– Sag gözüňe näme boldy?
– Jamedarlar obada görere gowy zat ýok, bar zady görmek üçin bir gözem ýeterlik diýdiler.
– Sesiňiz-ä öňki – diýip, Gülýüzli adamsyna gülüp bakdy.
– Onda ugraly, Gülýüzli kempir.
– Hatyndyryn, ärimiň emrine kaýyldyryn.
Argun hatynyny iki örküçli, üsti goş-golamly düýä mündürdi. Soňam düýäniň öňüne düşüp, pyýadalap ýola düşdi.
– Oturyşyň rahatmydyr? – diýip, Argun düýäniň üstünde oturan hatynyndan birki gezek sorady. Hatynyň rahat oturandygyndan kanagatlanan Argun süňňüýeňillik bilen gadam urdy.

* * *

Togrul bu gezek gadymy oguzlaryň durmuşyndaky bir täsinligi ýurdy edara ediş işinde ulanmagy müwessa bilipdi. Bu örän ýerlikli boljakdy. Islendik meseläniň oňyn çözgüdine eltýän iş ýerlikli iş ahyryn!
Däp halkyň ruhy sypatynyň milli durmuşda ýüze çykmagyndan, onuň durmuşda amal bolmagyndan başga hiç zadam däl. Oguz-türkmen ruhunyň bir sypaty-da keşpleşmek, bir närsäniň başga biriniň sypatyna girmegi.
Togrulyň Argun, Altynjanyň Gülýüzli bolmagy oguz ruhunyň oýnundan habar berýärdi. Durmuşyň özünden gizlin hakykatyny açmak üçin, adatça, oýun gerek bolýar. Oýun bolman, diňe dünýäde çyn bolsady, onda ýaşaýyş birtaraplaýyn köçe ýaly zat bolardy. Bir reňkli ýaşaýyş bolardy.
Şeýle keşbe girişlik Togruldyr Altynjanyň durmuşynda soňam köp gezekler bolupdy. Olar hatda özlerinden bihabaram, gör, näçe gezek özge keşbe giripdiler. Çünki söz bar ýerinde keşp hem bar. Adam geplemäge ukypsyz bolsady, onda başga keşbe, özgäň derisine girmek zerurlygy bolmasa-da bolmazdy. Söz adamy gönümel barlykdan aýrybaşgalaşdyrýar, söz adama ýalaňaç dünýäni eşikli, gözel hem manyly bir zada öwürmek üçin derkar. Söz üýtgäp-özgerip, her hili öwsüp durýar, adamam sözüň yzyna eýerip üýtgäp-özgerip durmak gylygyna eýe bolýar. Muňa diriligiň oýny diýilýär.

* * *

Güýzüň soňky günleridi. Dal-daragtlary tebigatyň Ezraýyly – hazan ýeli dalansoň, daş-töwerek sarymtyl öwüsýärdi. Tokaý daragtlary tyllasöw ýapraklaryny ýere düşek edip ýazypdy. Haýsy tarapa seretseň, tokaýlykdy, daglykdy. Dagyň tokaýlyga çümüp oturan giň jülgesi hasyly ýygnalan peller bilen uzap gidýärdi. Töwerekde ünsüňi egleýän zat nazara kaklyşmaýardy.
Aladaňdan iki müň atly toparyň arasyndan çykyp gaýdan düýeli gojany yzarlaýan ýaly, al-asmanda äpet bürgüt pel-pel¬leýärdi, uzak gitmeýärdi. Ol göýä Argun ibn al-Perhada garawul¬lyk edýän ýalydy, ganatyny käte bir hereketlendirip, al-asmanda gaýyp ýördi.
Ýiti nazarly bürgüt äwmän-telesmän öz beýikliginden ýerdäki bolýan ähli zatlary synlaýardy, howluganokdy.
– Ýokarda begiň bürgüdi bar – diýip, Gülýüzli bürgütden gözüni aýyrman dillendi. – Görýärsiňizmi, Argun sopy?!
– Görýärin, görýärin, Gülýüzli kempir – diýip, Argun bürgüdi höwes bilen synlady. – Oguz han ýörişe ugranda onuň öňüne gökböri düşüpdir, ýol görkezipdir, meniň öňüme bolsa, görşüň ýaly, hana, şol bürgüt düşýär. Bu bürgüt Nur etrabyndan çykyp gaýdanymdan bäri meni garawullaýar. Özem, haýran galaýmaly, öňüme şu bürgüt düşende işim mydama şow alýar. Bu bürgüt, meger, Alla tarapyndyr?! Bu ýerde bir hikmet-ä bar, ýöne men ony anyk düşündirip bilemok. Men ýörişe ugrajak bolanymda ýokaryma seredip, bürgüdi agtarýaryn. Bürgüdiň ýokarda ganat ýaýyp ýörendigini görüp, ynam bilen ýola düşýärin.
Hakykatdanam, bürgüt düýesini iýdip barýan Argundan uzaklaşmady, nirädir bir ýere gitse-de, biraz salymdan dolanyp geldi. Özem ol gökböri deýin Argun sopynyň barýan ugruny görkezýän ýalydy, öňdedi.
Altynjan bürgüde seredip barşyna Tümen daýysynyň: «Men ölsem, ruhum bürgüde öwrüler, sizi goraryn» diýen sözlerini, şeýle hem ýaşlykda her gezek bürgüt görende: «Ber gut!», «Ber gut!» diýip, dileg edip gygyryşyny ýatlady. Bu zatlar hakda «Argun sopa» her näçe aýdasy gepse-de, dymdy.
– Altynjan, biz ýaşkak bürgüt görsek: «Ber gut! Ber gut!» diýip gygyryşardyk hemem oňa näme arzuw edýändigimizi aýdardyk. Sizem şeýdip dileg salardyňyzmy?
– Men häzirem dileg edýärin.
– Näme dileg etdiň?
– Men jan saglygyny diledim, rowaçlyk diledim.
– Onda maňa diňe jahangirlik diläýmek galypdyr-da? – diýip, Togrul beg güldi. Bürgüde ellerini serip, gygyryp dileg etdi: – Eý, bürgüt, ber gut, bagt ber! Jahangirlik ber! Külli musulmana hökmürowanlyk etmäge izin ber!

* * *

Argun düýesini iýdip aladaňdandan tä günortana çenli dag jülgesiniň beýikli-pesli depeleriniň arasy bilen ýöredi. Ahyr ýoda burundyk baglyga çümüp oturan uly bir obanyň üstünden eltdi.
Bu oba Kundur5 diýlip atlandyrylýardy. Obanyň bu ady götermeginiň sebäbi bu ýerde, esasan, kundur ýetişdirilýänligi we kundur söwdasynyň edilýänligi bilen baglanyşyklydy. Täjirler uzak ýerlerdenem bu ýeriniň kunduryndan satyn almak üçin gelýärdiler. Onuň hem sebäbi başga ýerleriň kundurlary bilen deňeşdireniňde bu ýeriniň kundury görnetin gowudy. Onsoňam: «Kundur – sopularyň hanakasy bar bolan ýedi obanyň biri».6
Obanyň bir gyrasyndan gelip giren Argun sopy sopularyň hanakasynyň nirededigini bilmek üçin oýnap ýören oba oglanlarynyň iki sanysyny ýanyna çagyrdy.
Oglanjyklar sopynyň sowalyna hiç hili jogap bermän, beýleki hütdük külbelerden tapawutlanyp duran öýe bakan ylgap gitdiler, ol öýden bir juwany alyp geldiler.
Ýüzi-gözi gülüp duran nurana juwan gelip, edep bilen salam berdi, Argun sopyny aýaly bilen obanyň hanakasyna alyp bardy.
Juwanyň bolşy aşa gadyrlydy, ylla ençe ýyldan soň ýegre dostuny tapan ýalydy, geleniň kimdigi bilen asla gyzyklanmaýardy: hanakalaryň birine ýerleşdirjekdigini, iýip-içmekleri, dynç almak¬lary üçin ähli şertleriň bardygyny, bu ýerde dürli şäherlerden gelen derwüşleriň, galandarlaryň, ulamalaryň kändigini, olaryň ylmy pikir alyşmalar gurnaýandyklaryny ýolugra aýtdy.
– Eý, goçgar, sen biziň kimdigimizi, nireden gelip, nirä barýan¬dygymyzy soramadyň-la? – diýip, Argun nurana juwana ýüzlendi.
– Gelen gonagyň kimdigini soramak gelşiksiz bolar. Taňrynyň ähli bendesi deň. Taňrynyň ähli bendesi – gonak. Bizde: «Myhman ataňdan uly» diýilýär.
– Taňrynyň ähli bendesi bu dünýä gonak diýeniň dogry, ýöne ähli bendesi deň diýeniň dogry däl. Adam adamdan parhly. Dünýäniň manysy-da şol parhda. Biler bolsaň, goçgar, baran obalarymyzyň birnäçesinde bizi myhman almadylar...
– Oňarmandyrlar – diýip, juwan gyýyldy.
– Meniň kimdigim seni şindem gyzyklandyranokmy, goçgar?
– Siz bu gün biziň obamyzyň gonagy. Ine, meniň üçin iň esasy zat şu. Diýmek, meniň borjum obamyza gelen kişilere gowy hyzmat etmeli, olaryň biz hakda gowy pikirde bolmagy üçin çalyşmaly. Siz özüňizi maňa ýaramaz adam hökmünde görkezmäge çalyşýarsyňyz, ýöne men adamlary bir görenimde tanaýaryn.
– Meni-de tanadyňmy?
– Tanadym.
– Hany, aýt!
– Siz erenlerden pataly kişi.
– Ýalňyşýan bolaýma?!
– Ýok, ýok, men ýalňyşamok, ýöne meni bir zat geň gal¬dyrýar.
– Näme?
– Siziň ýekeligiňiz.
– Men ýeke däl, ýanymda hatynym bar.
– Menem şony aýdýaryn: ýanyňyzda hatynyňyzdan başga hiç kimiň ýoklugy meniň akylyma sygmaýar.
– Meniň ýanymda kimdir biri bolmalymy?
– Siziň ýanyňyzda köp adam bolmaly.
– Näme üçin?
– Sebäbi siziň özüňize çekiji, özüňize tabyn ediji içki güýjüňiz bar. Şeýle güýjüňiz barka siziň ýekeligiňiz maňa juda syrly görünýär.
– Sen onda men babatda ikinji gezek ýalňyşdyň.
– Ýok, saýybym, men aňsat ýalňyşmaýaryn. Siz begzada neberesinden bolmaly.
– Bu sözüň-ä dogry.
– Siz taýsyz batyr adam. Siz taýsyz pähimdar adam. Siz sopularyň eşigini geýen bolsaňyzam, sopuçylyk bilen günema¬ňyzy dolaýan adama meňzemeýärsiňiz. Ýogsa-da siziň sag gözüňize näme boldy?
– Sag gözüm dogabitdi görenok.
– Gabagyňyzyň tirpildäp durşy sag gözüňize bir zat bolan¬dygyndan habar berýär.
Argun syry açylyp barýan ýaly howlukmaç gürledi.
– Synçylygyňa göwnüm ýetdi. Sen şa köşgünde işlemäge mynasyp goçgar ekeniň. Men Deýlemden çykanymda gözüme bir zad-a gaçdy, çala azar berýär.
– Deýlemden diýdiňizmi?
– Hawa, Deýlemden. Näme üçin sägindiň? Meniň aslym Gazna şäherinden. Sen dogry aýtdyň, men begzada neberesinden – soltan Mahmyt Gaznalynyň neberesinden. Men hem edil Mahmyt ýaly Gaýa neberesinden, Men öň soltan Mahmyt Gaznalynyň köşgünde işleýärdim. Ol meni Deýlem welaýatyna işe ugratdy. Men ol ýerde on bäş ýyllap gulluk etdim. Indem, özüň bilýärsiň, soltan Mahmyt ýok, Horasana seljuk begleri hökümdar boldular. Deýlemde-de seljuk jemagatlary hökümdarlyk edýärler. Indiki maksadym sag-aman öz garyndaşlarymyň arasyna gowuşmak, Masudyň ýanyna barmak.
– Hä, ýaňky «Baran käbir obalarymda meni myhman almadylar» diýen sözüňiz düşnükli indi maňa. Beýle bolsa, onda Gur ýoluna düşýänçäňiz, siziňki aňsat bolmaz. Men hem raýisimize habar etmän, sizi hanaka ýerleşdirip bilmerin. Siz maňa şu ýerde biraz garaşyň, habar berip geleýin.
– Öz raýisiňe aýtmak hökmanmy, eý, goçgar?!
– Aýtmasam bolmaz.
– Sen bu hakda raýisiňe aýtma, men saňa ýüz dinar bereýin.
– Saýybym, men sizden towakga edýärin, meniň ýanymda öz mertebäňizi peseltmäň. Şu habary siz maňa aýtmadyk bolsaňyz, özüňiz üçin gowy bolardy, ýöne siz ynsabyňyzyň öňünde päkligiňizi saklamak üçin hakykaty aýtdyňyz. Indem meni satyn alyp, mertebämi peseltjek bolýarsyňyzmy? Men öz mertebämi herki zatdan ýokarda goýýaryn, ynsabymy, mertebämi hiç mahal dinara, baýlyga çalyşmaryn. Eger çalyşsam, onda bu halallyk öýüne gadam basyp bilmerin. – Hoşroý juwan gaty-gaty ýöräp, kileň juwar ak eşikli sopularyň ýygnanyşan ýerine ugrady. Megerem, ol obanyň raýisiniň ýanyna däl-de, hanakanyň sahybynyň ýanyna gitdi.
Hälki nurana juwan köp wagt geçmänkä peşeneli bir kişiniň yzyna düşüp geldi.
Sahyp sowuk-sala saglyk-amanlyk soraşandan soň, esasy gürrü­ňe geçdi:
– Eý, Allanyň bendesi! Biziň hanakamyzda edil şu mahal orun-ýer ýok, olaryň ählisi doly. Siz bizden aýyplaşmaň. Biz sizi kabul edip biljek däl.
– Bize köp ýer gerek däl...
– Bizde ýer ýok.
– Biz hanakanyň daşişiginde ýatybereris.
Sahyp sypaýyçylyk bilen Arguny kowup bilmejekdigine düşündi:
– Eý, goja! Sen meniň dek başymy depirjik äre berjek bolma! Tizden-tiz şu ýerden git!
– Näme üçin?
– Git diýdim, git, gutardy! Git! Gep düşündirip oturmaga wagtym ýok meniň.
– Siz näme üçin meni Allanyň öýünden kowýarsyňyz? Meniň näme ýazygym bar? Men hem edil siz ýaly musulman. Özüm sünni, hanafy mezhebine uýýaryn. Siz hem şeýle bolmaly. Biziň ählimiz dogan. Biziň ählimiz Allanyň bendeleri. Hanakalar hökümdarlara däl-de, Allatagala tabyn.
– Derrew şu ýerden git! Ýogsamam zor bilen eliňi-aýagyňy güýlüp obadan çykararyn!
– Şu sözleri aýtmaga gaznalylardan iýen duzuňdan utan! Seni şu derejä ýetiren gaznalylardyr.
– Men seniň nagylyňa mätäç däl!
– Men Deýlemden gelýändigimi aýtsam, juda gorkduňyz. Täze seljuk hökümdary şeýle rehimsizmi?
– «Gorkduňyz?» diýip, «Rehimsizmi?» diýip, gyşyk gürrüň etme! Hökümdaryň talabyny berk berjaý etmek her bir raýatyň borjy. Men öz borjumy berjaý edýärin. Onuň üçin menden nägile bolmaga hiç kimiň haky ýok.
– Meniň Deýlemden gelýändigimi, Gazna barýandygymy ikiňiz¬den başga hiç kim bilenok, siz maňa ýagşylyk ediň!
– Şu ýigit sizi obadan çykaryp goýberer.
Juwan sypaýy ýylgyrdy:
– Ýörüň, men sizi ugradaýyn.
– Biz gije meýdanda ýatalymy? Bize gije ýatar ýaly ýer beriň. Daň bilen gideris.
Sahyp Arguna ýigrenç bilen seretdi:
– Äl, kejeňek goja ekeniň!
– Meniň öýle namazyny okamaly wagtym boldy.
– Obadan çykyp oka.
– Oňa ýetişmerin. Onsoňam men nädip täret alaýyn?
– Ol seniň öz işiň.
– Günä galýarsyň sen.
– Alajym ýok.
Bu soňky sözdi. Şondan soň Argun sahyp bilen gürleşjegem bolup durmady.
– Ýörüň, men sizi ugradaýyn – diýip, nurana juwan ikinji gezek öz hyzmatyny mürehet edeninden soň, Argun hatyny bilen onuň yzyna düşdi.
Ýolda olaryň öňünden ona golaý ýedi-on ýaşlar aralygyndaky oglan çykdy. Olar gelip sypaýy juwanyň daşyna aýlandylar. Sypaýy juwan olaryň hersine hoş söz aýdyp, başlaryny sypady.
– Kimiň çagalary bular? – diýip, Gülýüzli sypaýy juwandan sorady.
– Bularmy? Bular meniň ogullarym!
On sekiz-ýigrimi ýaşlaryndaky juwanda on çaganyň bolmajagy bellidi. Bu ýerde bir düşnüksizlik bardy. Ol düşnüksizligiň nämedigini sypaýy juwan-a aýtmady, Gülýüzli-de soramady.
Sypaýy juwan olary öz öýüne eltdi.
– Ine, şu otagda namazyňyzy okaň, gije ýatarsyňyz. Ertir irden men sizi ugradaryn – diýip, ol adaty bir otagy görkezdi. – Size iýip-içer ýaly owkady meniň ogullarym getirip bererler.
Juwanyň aýdyşy ýaly boldy, olara iýip-içer ýaly tagamy ýolda öňlerinden çykan oglanjyklar getirip berdiler.
Är-aýal halys ajygan eken, hezil edip naharlandylar.
Tokaýda keýik bilen käkiligiň köpdügi baradaky habar dog¬ry bolmaly. Olaryň öňlerine goýlan tagam hem käkilik bilen keýik etlerinden taýýarlanan kakmaçlardy. Megerem, ajygandyk¬la¬ry üçin bolsa gerek, iýýän tagamlary aşa tagamlydy, iýdikleriçe iýesleri geldi.

* * *

Juwan, aýdyşy ýaly, daňdan geldi:
– Ýola düşmeli wagtyňyz boldy.
– Ýagşy, goçgar, sen maňa uly daldaw berdiň, anaýat etdiň. Töwekgellik edip gonak aldyň. Şonuň üçin sen menden şu aklygy kabul et! – diýip, Argun juwana dirhemli düwünçegi uzatdy.
– Ýok, maňa siziň puluňyz gerek däl, ýoluňyz uzak, özüňize gerek bolar – diýip, juwan çürt-kesik garşy çykdy.
– Aýyplaşma welin, senden bir zady soramakçy.
– Soraň, soraň.
– Seniň bizi öýüňde gonak almagyňa – töwekgellik etmegiňe näme sebäp boldy?
– Bir söz bilen jogap bersem, siziň halallygyňyz. Hakykaty – kimdigiňizi ýaşyrman aýtmagyňyz. Siziň bu häsiýetiňiz diňe halatly, ýagşyzada adamlara mahsus. Onsoň şeýle halatly ýagşyzada kişä hemaýatymy ýetirmek isledim.
– Adyň näme?!
– Maňa Abu Nasr Muhammet bin Abu Salyh bin Mansur bin Muhammet Kundury Jerrah diýerler. Men dihkan diýilýän baýlaryň neslinden.
– Sowadyňy çykdyňmy?
– Geçen ýyl Nyşapuryň baş medresesini tamamladym.
– Kimden tälim aldyň?
– Meniň bagtym getirdi: men ymam Muwaffak an-Nyşa¬purynyň elinde okadym.
– Beýle atly ymamdan ylym öwrenip, obada wagtyňy öldürip ýörmäň näme? Köşge barmaly ekeniň. Seniň ýaly müweddepli ýigitler köşge gaty köp gerek. Togrul patyşanyň köşgünde haýyr-hasanat etmegiňe mümkinçilik köp bolar.
Juwan hiç zat diýmän uludan demini aldy.
– Togrul beg köşge işe çagyrsa bararmyň?
– Ýok, barmaryn.
– Şa köşgünde işlemek her kese ýetdirenok ahbetin.
– Dogry.
– Onda näme?
– Agzymy gana bulasym gelenok.
Häliden bäri sesini çykarman oturan Gülýüzli gürrüňe goşuldy:
– Seniň Togrul begden göwnüň galan ýeri bar öýdýärin?! Biz köp obalara bardyk, baran obalarymyzda Togrul bege alkyş okaýarlar. Togrul begi halamaýan adama birinji gezek gabat geldik.
– Dogry, men Togrul begi halamaýaryn.
– Ähli kişi oňa alkyş okaýarka ala-böle seniň külli musulmana haýyr-hasanat eýläp ýören begi halamazlygyň gaty düşnüksiz – diýip, Argun juwany synap gördi.
– Men: «Nälet okaýaryn» diýmedim, men: «Halamaýaryn» diýdim. Halamazlyk bir ýana, nälet okamak bir ýana. Nälet – ýigrenjiň iň soňky hetdi. Meniň nägileligim entek ýigrenje öwrülenok.
– Seniň nägileligiň nämeden ybarat? «Agzymy gana bulasym gelenok» diýmegiň aňyrsynda näme bar?
Juwan göwünli-göwünsiz dillendi:
– Togrul begiň adamlary teshyr kylan ýerlerini oljalaýarlar. Oljalamak gadymdan gelýär, ýöne Togrulyň adamlary oljalamakda has hetden aşýarlar. Olar diňe gurply adamlary däl, ertirki iýjek bir döwüm tötegi gara gaýgy bolan adamlaryň hem öýlerini çepbe çöwrüp, hiç zat galdyrman talap gidýärler. Garyp görgülileriň eginlerindäki göwşül eşiklerine çenli sypyryp aldylar. Özem sähel garşylyk görkezen adamy öldürýärler. Ine, meniň on iki sany oglum bar. Olar obamyzyň çagalary. Togrul begiň adamlary ol çagalaryň ata-enesiniň egnindäki eşigini almak üçin olary wagşylyk bilen öldürdiler, soň olaryň çagasyna men eýe çykmasam, kim eýe çyksyn? Tog¬rul begiň esgerleri halkyň gözýaşyny döküp, gazanç edýärler. Onsoň adam öldürip gazanç edilýän ýere men näme üçin baraýyn?!
– Begiň emri bilen şeýle akyn bolýarmyka? – diýip, Gülýüzli bir adamsynyň, birem juwanyň ýüzüne seretdi.
– Tapawudy näme?!
– Tapawudy uly. Bu zatlardan begiň bihabar bolmagy mümkin.
– Eger öz tabynlygyndaky esgerleriň näme edýändigini bilmeýän bolsa, onda oňa beg diýmek, patyşa diýmek bolmaz! Beýle patyşa bolandan bolmanyň kän gowy. Bu gowşaklygyň, ýolbaşçylyk etmegi başarmazlygyň alamaty. Bu zatlar üçin o dünýäde hasabat, ilki bilen, Togrul begden soralar.
– Dogry aýdýarsyň, goçgar – diýip, Argun juwany goldady.
– Ýene birki ýyl gaznalylar sütem eden bolsa-ha, bu sözleriňi aýtmazdyň – diýip, Gülýüzli kundurly juwana nägileligini bildirdi.
– Soltan Mahmyt garyp-gasaryň zadyny zor bilen alan, sütem eden gulamy görene göz edip dardan asardy! Soltan Mahmyt külli musulmanyň iň beýik soltany boldy. Ol musulmanlaryň arasynda ilkinji soltan. Ol aşa akylly soltan bolupdy. Hiç wagt öz teshyr eýlän ýeriniň ilatyna sütem etmändi. Näme etse, ýerli beg¬lere, hökümdarlara edipdi, olaryň baýlygyny oljalapdy. Özem dogry edipdi. Müň obany oljalap baýlyk ýygnanyňdan bir ýerli hökümdary oljalanyň müň esse peýdaly. Togrul begiň adamlary näme üçin doýmaýar? Sebäbi olar garyplaryň öýlerini talaýarlar. Garyplaryň öýlerinde-de hiç zat ýok.
– Meniň eşidişime görä, Togrul beg ýurtdaky ähli ýetim çagalary öz köşgünde ýörite okadýarmyş, terbiýeleýärmiş. Olardan özi üçin garadangaýtmaz haşymlary taýýarlaýarmyş diýýärler. Sen bu çagalary Togrul begiň şol mekdebine tabşyrmaly ekeniň.
Kundury Arguna şübheli seretdi:
– Siz kim?
– Bizmi? – diýip, Argun mönsüredi. – Men Argun ibn an-Perhat, hatynymyň ady Gülýüzli. Meniň aslym Gaznadan. Men öň Gaznada soltan Mahmydyň köşgünde işleýärdim. Soň soltan meni Deýlem welaýatyna işe ugratdy. Men Deýlemde on bäş ýyl işledim. Deýlem şäheriniň haýsy metjidine, haýsy hanakasyna, haýsy öýüne baryp, men hakda sorasaň, meni tanaýandyklaryna güwä geçerler.
– Ýok, ýok, siz meni aldap bilmersiňiz. Siz bu sözleri ýürekden aýtmaýarsyňyz, ýat tutan sözleriňizi dilujy gaýtalaýarsyňyz. Onsoňam siziň gyzyklanýan zatlaryňyz sopynyň gyzyklanjak zatlary däl. Siziň berýän sowallaryňyz hem sopynyň berjek sowallary däl. Siziň hatynyňyz sopynyň hatyny däl. Ol ýöne-möne hatyn däl. Siz içaly bolaýmaň?
– Biziň ýaly garry adamyň üstünden gülmäge utanaňokmy, ogul?!
– «Yşan» diýseňiz yşanan bolaýyn, ýöne siz sopy däl – diýip, Kundury öwhüldedi.
– Islemeseň, sowalymyza jogap berme – diýip, Gülýüzli aýtdy. – Sen Togrul begden gorkup, bize müňkür bolýarsyň.
– Men Togrul begden gorkamok. Men diňe Allatagalanyň öňünde günäli bolmakdan gorkýaryn.
– Sen «Agzymy gana bulasym gelenok» diýdiň-ä!
– Diýdim. Hakykatdan hem agzymy gana bulamak islemeýärin. Allatagalanyň beren ömrüni halal geçirmek isleýärin. Ýöne Togrul begiň köşgünde oturan käbir emirler, begiň ynamyndan peýdalanyp, halky talaýarlar. Käbir barjamly adamlaryň öýlerine çozup, olaryň ähli emlägini alyp, öýdäki çaga-çugalary, adamlary, hyzmatkärleri uçdantutma gyryp baýlyk ýygnaýarlar. Bu işi bir ýa iki emir dilleşip edip bilmez, munuň aňyrsynda birgiden emir bar bolmaly. Düýn hanakada sahybyň näme üçin titrändiginiň sebäbini bilýärsiňizmi? Tog¬rul begiň adamlary obamyza dökülip, üç sany yktadary tohum-tiji bilen öldürip, ähli emlägini towsa göterdiler. Sahyba-da indi gezek seniňki diýip aýdyp gitdiler.
– Eý, Hudaý, gör, nähili elhençlikler! Bu zatlary seljuklylaryň patyşasy bilýän däldir. Bilse, ýol bermezdi – diýip, Gülýüzli gynandy.
Juwan janykdy:
– Ýaňam aýtdym, ýene aýdaýyn. Ýurdunda bolýan zady bilmeýän patyşaga patyşa diýip bolmaz. Onsoňam bu zatlardan Togrul patyşa habarly.
– Habarly?
– Hawa, habarly.
– «Habarly» diýip, gaty ynamly aýdýarsyň. Günä gazanma, goçgar.
– Men anyk bilýän zadym hakda aýdýaryn.
– Nireden bilýärsiň?
Sypaýy juwan är-aýala şübheli seredip sözledi:
– Men Togrul begiň dergähine üç sany adam ýolladym... Olar meniň habarymy patyşaga aýdypdyrlar, ýöne üýtgän zat bolmady.
Gülýüzli bu habary eşidip, Arguna seretdi, Argun dü­şünýärin diýen terzde baş atdy. Argunyň baş atmasyny gören Kundury tarsa ýerinden turdy:
– Ine, indi mende şübhe ýok, siziň sopy däldigiňize doly kepil geçip biljek. Ilki görenimden “Bu goja näme üçin özüni gaty oňaýsyz, ýasama duýýarka?” diýip oýlandym, indi jogabyny tapdym. Hany, ýörüň, raýisiň ýanyna baralyň. Galan zatlary onuň ýanynda düşünişeris.
– Päliňden gaýt, goçgar, eger bizi raýisiň ýanyna eltseň: «Näme üçin meniň kowan adamymy öýüňde sakladyň?» diýip, saňa käýemek käýär.
– Ýazgydymdyr.
– Sen bizi goýber, biz göni gideli.
– Ýok, goýberip bilmerin, düşüň öňe! Ýörüň!
Kundurynyň haýbaty bilen Argun gozganmady. Şeýle bo¬lansoň Kundury ony süýräp daşary çykarmakçy boldy. Argun garşylyk görkezdi, birdenem Kunduryny şakyrdadyp basdy, elini arkasyna daňdy. Soňam onuň üstüne münüp oturyşyna:
– Sen bizi goýberjekmi ýa ýok?! – diýip sorady.
– Ölýänçäm-ä sizi saklajak bolaryn.
Kundurynyň bu sözüne garaşyp duran dek, iki sany hadym kürsäp içerik girdi:
– Obamyza birtopar atly geldi, olar şu iki garry är-aýaly gözleýärler.
Hadymlaryň yzy bilen seljuk ýigitleri güsürdeşip içerä doldular.
Peýkam biraz öňe saýlandy:
– Bir zat bolandyr öýdüp ýüreklerimiz ýaryldy.
– Peýkam, siz wagtynda geldiňiz, ýogsam bu goçgar biziň el-aýagymyzy güýljekdi.
– Kim bu? – diýip, wezir Abylkasym Buýany juwanyň alkymyna dykylyp bardy. Kundury öz öýünde gopan wakany akylyna sygdyryp bilmän gözlerini petredip durdy.
– Bu goçgar Togrul begiň täze hajyp as-baby7...





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 31 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]