16:05
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -8
Sekizinji hekaýat

BALYGY SUWUŇ ÝÜZÜNE ÇYKARMAGYŇ TÄRI

Soltan biperwaý däldi, ýok, asla biperwaý däldi, ol biperwaý bolan bolýardy. Başarsa, seljuklylary derbi-dagyn, tike-tike etjekdi. Musulman döwletleriniň içinde özüne garşy durup biljek ýeke döwletiň ýok çagty bir oýnam atlynyň özünden rüstemdigine namys edýärdi ol. Seljuklylary ýok etmek synanyşygynyň her gezek şowsuz gutarýanlygynyň – olaryň özünden rüstem bolmaklarynyň, garşysyna ugradan goşunyny kül-peýekun etmesiniň hikmetine, herçent oýlansa-da, teý düşünip bilmeýärdi. Aslynda welin, ol muňa şeýlebir düşünmek isleýärdi. Seljuklylary derbi-dagyn etmek üçin gije-gündiz düýrmegi bilen çykalga gözleýärdi, sadakalar berýärdi, Allatagala dileg salýardy. Näme üçin her gezek şowsuzlyga uçraýandygynyň, güýçlükä, güýçli goşuny barka biçäreliginiň sebäplerini anyklamakçy bolýardy. Özünde hiç zat bilen düşündirip bolmaýan bir gorkynyň bardygyna geň galýardy. Görnetin güýçlükä näme üçin gorkýandygyna akyl ýetirip bilenokdy. Şol gorky sebäpli ol goşunyň başynda özi durman, Bekdogdyny salar belläp gönderipdi. Ol arkaýynsyrasa-da, biperwaýlyk etse-de, seljuklylaryň garşysyna goşun ibermeli bolanda, her gezek tutumy uludan tutup, hiç bir zadyny gaýgyrmady. Soňam goşunyň ýeňişli dolanmagyna irikgä durup garaşdy. Barybir, ýörişler şowsuz boldy. «Soltan Mahmydyň ogly Masut keýpi-sapa, meýlis bilen wagtyny bihuda geçirýär» diýýärler. Wah, ol keýpi-sapany gowy görýärdi, häzirem gowy görýär, ýöne seljuk begleri keýpi-sapada maza-bähre goýmadylar ahyryn! Ol kakasy dirikä ýigrimi iki ýaşynda Hyrada häkim bellenipdi. Kakasyndan uzakda bolansoň, meýlise aşa gyzygypdy. Indi döwür-ýagdaý başga. Ol öň aladasyz bolup meslik edipdi, indi çykalga tapman, öz-özüne teselli bermek üçin keýpi-sapa bilen najagaý bolýardy. Böwrüňe diň salyp, şum habara garaşyp gondalawly oturmagyň hupbaty has aýylganç ahyryn! Asyl wagt geçmez eken. Soltan nätsin?! Ol öz wezir-wekilleriniň ýanynda seljuk begleri baradaky howsalaly gürrüňlere bilgeşleýinden myzaýyk etmedikden bolýardy, öz wezir-wüzeralarynyň: «Wah, soltanymyz seljuklylara geleň bermeýär, geleň berse-hä, derrew olary ýok ederdi» diýen pikirde bolmaklaryny isleýär. Şu maksat bilen biperwaý bolan bolýar ol! Ýogsam öz soltanlygynda bir oýnam bibaş atly garşyňa baş göterse, heý, oňa-da soltan myzaýyk-geleň etmezmi?! Diňe Masut däl, herki soltan hem baş galdyrar, başbozarlary ýok hem eder.
Ynha, indi bäş ýylyň içidir, soltan Masut çykalga tapman halysan golawrady. Mahal-mahal Hindistana ýöriş edip, şöhratly ýeňişler, köp-köp oljalar bilen Gazna dolanýar. Şeýdibem özüniň güýçli, beýik soltandygyny öz wezir-wekillerine göz edýär. Diňe bir öz wezir-wekillerine däl, Etekdäki seljuklylara-da, Bagdatdaky halyfata-da göz edýär. Şeýdip, olarda gorky döretmekçi bol¬ýar, şeýdip, olary mugyra getirmäge çalyşýar. Çünki ol özüniň her bir hereketi, her bir ýeňşi barada seljuklylaryň eşidýändigini bilýär. Şu zatlar bilenem öz-özüne teskin berýär. Dagy nätsin?!
Soltan Masut seljuk begleri bilen baglanyşykly ähli zatlary bil¬ýärdi: mundan bäş ýyl owalan bary-ýogy ýedi ýüz atlysy bolan seljuk begleriniň bu gün on bäş müň atly goşuna öwrülendiginem bilýärdi, Çagry begiň Merwde Melikul-mülük1 diýen at alandygyny, her juma güni metjitlerde öz adyna hutba okatdyrýandygyny-da bilýärdi.
Bilýärdi.
Örän köp zatlary bilýärdi.
Ýöne bilmeýänden bolýardy, öwsaýysyraýardy.
Wa-weýleta, bilýän zatlaryndan oňa jinnek ýaly-da nepagat-goraw ýokdy.
Seljuk begleriniň Oguz hanyň gylyç ýa kepen resimine girendik¬lerini-de bilýärdi.
Seljuk begleriniň şu däbe girenlerinden soň maşgalalaryny, çaga-çugalaryny Oguz (Garagum) çölüne ugradandyklaryny-da bilýärdi.
Togrul begiň Altynjan atly gaýduwsyz hatynynyň bardygyny, ol hatynyň birnäçe darkaşda ýeňiş gazanandygyny, harby tälimlere türgendigini, şeýle hem onuň arap, pars, ýunan dillerine suwaradygyny bilýärdi.
Togrul beg Masut soltany mes öküz hasaplaýardy, Masut soltan bolsa, öz gezeginde seljuklylary ýaraly ýolbars hasaplaýardy. Olar nädip ýaraly ýolbarsa öwrüldiler? Olar nädip jebisleşdiler? Soltan bu sowallaryna jogap tapdy, ýöne giç tapdy, iş-işden geçensoň tapdy.
Esasy ýalňyşlygyny salgyt hasaplady. Olara, dogry, örän agyr salgyt salyndy. Soltan bu salgydy zada mätäç bolup salmandy. Ýok, ýok, Abywert, Nusaý, Etek, Paraw, Dehistan etraplary salgyt tölemänlerinde-de soltanlygyň uly bir ýitirýän zady ýok. Hindistandan getirilýän oljalar bilen ol sebitiň salgydynyň öwezini, bir ýa iki däl, ençe esse dolup bolar. Soltanyň agyr salgyt salmagynyň aňyrsynda seljuk¬lylary başga bir ülkä gaçyrmak maksady bardy. Agyr salgyt salanda Tabarystanyň ilaty ähli zatdan ellibizar geçip gaçypdy. Soltan seljuk¬lylar hem gaçar öýtdi. Indi, yzarlap görse, ol görgülileriň gaçyp-gaçyp iň soňky gelen ýerleri Etek eken. Tabarystanlylarda gaçara ýer bar eken, seljuklylaryň welin, ýaraga ýapyşaýmakdan başga ýollary ýok eken.
Seljuklylar başda Oguz ýabgulygyndan – Ýaňykentden gaçyp Jende gelipdirler.
Jentden gaçyp, Nur-Buhara gelipdirler.
Nur-Buharadan-da gaçyp Horezmine geldiler, şonda olara soltan Masudyň oňlamagy bilen Altyndaş hossar çykypdy.
Horezminde Şamäligiň aýylganç «Zamahşar gyrgynçylygyndan» soň gaçyp, Horasana – Etege geldiler. Hut soltan Mahmyt Abywerdi, Nusaýy, Farawy birmahal seljuklylara ykta beripdi.
Olar özlerine berlen ýeri talap etdiler.
Seljuklylar hyzmat etmek islediler. Hakyt şeýle: olar Gazna soltanatyna – soltan Masuda sadykat gulluk, hyzmat etmek islediler.
Soltan Masut bu gün käbir görip, bahyl kişileriň gepine gidip, özüne mutyg hyzmat etjek, özem juda köp peýda getirip biljek hyzmatkärlerini duşmana öwrendigine düşündi. Özem diňe bir özüne däl, olaryň tutuş soltanata howp salýan duşmana öwrülendigine düşündi.
Soltan bar günäniň özündedigine-de düşündi, ýöne muny boýnuna alardan boýny juda-juda ýogyndy. Ol seljuklylaryň garşysyna Jendiň emiri Şamäligi küşgürdi. Soltanyň bu pyrryldagyndan bihabar seljuklylar ýene gaznalylara sygynyp, Balkana geldiler. (Mahmyt Gaznaly – soltan Masut Gaznalynyň kakasy diňe Abywerdi, Nusaýy, Parawy däl, Balkany-da seljuklylara ykta beripdi ahyryn!)2 Seljuklylar ýene kowuldy, ýöne indi olaryň gidere ýerleri ýokdy. Şonuň üçinem olar baş göterdiler.
Soltan Masut seljuklylary öz peýdasy üçin ulanmagy başarmady, asyl ulanjak bolmady. Peýdalanmagy başarmasaň, kiçi daş hem büd¬redýär
Soltanlygyň bähbidine gönükdirilmeli jemagat soltanlygyň gar¬şysyna, zyýanyna gönükdirildi.
Soltan hyrçyny dişledi.
«Gorkagy kowsaň, batyr bolar» diýilýär, ýöne seljuklylar gorky diýilýän zadyň nämedigini bilmeýän adamlar. Batyry kowsaň, batyrlygy goşalanýan eken! Seljuklylaryň batyrlygy-da goşalandy.
Möjegiň sürüsi-ordasy ýokdur, ýöne garşydaş tapylsa, biri-biri bilen garpyşyp-urşup duran möjeklerem birleşýändir.
Möjekler birleşdi!
Özem öz eýesine garşy birleşdiler!
Hawa, hawa, öz eýesine garşy birleşdiler! Bu iň eýmenji!
Indi näme etmeli?!
Soltan Masut täzeden geňeş geçirdi. «Eger seljuklylar meniň elim bolan bolsadylar, onda men elimi düýbünden çapdyrardym. Eger seljuk¬lylar meniň aýagym bolan bolsadylar, onda men birjik-de säginmezden aýagymy çapdyrardym. Maksadyňa ýetmegiň üçin hiç zat gysganmaly däl. Ähli serişdäni, baýlyklary seljuklylary gyrmak üçin darkaşa ugrajak goşuna sarp etmeli» diýip, soltan Masut geňeşde odukdy.
– Örän parasatly pikir aýtdyňyz, soltanym. Örän dogry. Siziň geçirimliligiňizden, giňligiňizden peýdalanyp, olar juda hetdinden aşdylar. Siz goşunyň başynda dursaňyz, soltanym, seljuklylary Horasandan kowup çykararys – diýip, beýik hoja Ahmet-Abd-as-Samat sesine nazym berip, gözüne ýaş aýlady. Bu pikiri Subaşy, Sury, Bekdogdy dagy hem goldap, nutuk sözlediler. Ariz bilen salar öz goşunlarynyň üpjünçiliginiň seljuklylaryňkydan ýigrimi esse artykdygyny, san babatda-da özleriniň abyrsyz köpdügini – seljuk begleriniň on alty müň atlysy bar bolsa, özleriniň atlylarynyň sanynyň elli müňden az däldigini, şeýle hem özlerinde üç ýüz sany söweş piliniň bardygyny, azyk bilen gulamlary üpjün etmek gorunyň bir ýyla ýetjekdigini nygtadylar.
Ariz bilen salaryň anyk sanlara salgylanyp eden çykyşlary diňe bir soltanda däl, wezir-wekillerde-de ýeňşe berk ynam döretdi.
Wezirler diwanynda bolan geňeşde Termez welaýatyna gitmek karar edildi. Çünki goşun üçin gulamlar, esasan, Termez, Balh welaýatlaryndan – entek seljuklylar bilen garpyşyp görmedik, olardan gorkusy bolmadyk adamlardan jemlenmelidi. Iň soňky jemlenme Balhda bolmalydy. Termezde, Balhda jemlenen gulamlaryň sany elli-altmyş müňe ýetmelidi.

Alyabat söweşi

Suwuň aşagyndaky balygy nädip awlamaly, nädip suwuň ýüzüne çykarmaly? Dury, parahat suwda balygy tutup bolmaýar. Ony tutmak üçin suwy bulandyryp ugramaly. Suw bulanyp ugrasa, balyklaryň rahatlygy gaçýar, dem almasy kynlaşýar. Şeýle ýagdaýda balyklar çyrpynyşyp suwuň ýüzüne çykýarlar. Suwuň ýüzüne çykan balygy gypynçsyz tutup bolýar. Soltan Masudy tutmak üçin ony ilki «suwuň düýbünden» – köşgünden meýdana – «suwuň ýüzüne» çykarmaly. Gaznadan çykyp, Horasana gelmegi üçin soltanyň jebegesini daraltmaly, gaharyny getirmeli. Özem gaharyny soňky hetdine ýetirmeli.
Çagry beg bilen Togrul beg öňem bir pähimdar bolmadyk soltan Masudyň gahary gelende ýüpden boşan öküze öwrüljekdigini bilýärdiler. Elbetde, ýüpden boşan öküziň öňünde durmak bolmaýar. Öküzi ýykmak, öldürmek üçin onuň gapdalyndan, iň gowusy, yzyndan baryp itmeli, urmaly, syrtlan tilsimi3 bilen urmaly.
Soltan Masut – öküz, gara güýji köp, oňa derek pähimi az. Duşmany asgyn tarapyna agram berip ýeňmeli. Soltan islese, ýüz müň atly goşunam jemläp biler, ýöne seljuk beglerinde onuňky ýaly mümkinçilik häzir ýok. Seljuk begleri on bäş müňden artyk söweşiji ýygnap bilmeýärler. Sebäbi özleriniň ygtyýaryndaky ýerlerdäki söweşmäge döwtalap adamlaryň sany on bäş müňden aňry geç­meýär. Onsoňam köplerde entegem gaznaly soltanlygyndan gorky bar. Gaznaly soltanlygynyň güýjüni ähli kişi görüp dur. Ýöne seljuk begleriniň güýji çäkli, olary köpler entek topalaňçy hökmünde görýär. Topalaňçylygyň bolsa soňy ýok. Topalaňçylary soltanyň saýlama goşuny aýylganç gyrýar. Muny Horasanda bir ýa iki gezek däl, köp gezek gördüler. Şeýle bolansoň, seljuk beglerinde gulluk etmäge döwtalaplar o diýen köp däldi. Herhal, seljuk begleriniň aýsaýyn artýan owazasyna maýyl bolup, Balkan daglaryndan, Müňgyşlakdan, Balh sebitlerinden, Mawerannahrdan türkmenler gelýärdi, olar baýlyk-olja gazanmak maksady bilen gulluk edýärdi.

* * *

Soltan Masudyň ýöriş etjekdigi baradaky habary eşiden seljuk begleri dessine soltanyň soňky güýç-goşun jemlejek ýerine – Balha hüjüm edip, başagaýlyk, gorky döretmek hakda karara geldiler.
Soltanyň Balh welaýaty boýunça dikmesi Altyntak diýen ýelemýüwletdi. Togrul beg Altyntagyň ýanyna ilçi gönderdi, ondan söweşsiz-garşylyksyz boýun egmegi talap etdi. Şu talabyň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, Balhyň ilatynyň başynyň ölümli, malynyň talaňly boljakdygyny mälim etdi.
Altyntak Togrul begiň adyndan baran üç ilçini zyndanyna taşlady, soňam öz üstüne seljuklylaryň uly güýç jemläp ýetip gelýändigini habar bermek üçin soltan Masuda çapar gönderdi.
Altyntakdan habar alan soltan Masut desbi-dähil Balha sary at goýdy.
Alyabat düzlüginde soltanyň uly goşuny seljuklylaryň go¬şunynyň yzyndan ýetdi.
Seljuklylaryň soltan goşuny bilen açyk meýdanda darkaş gurmak maksady ýokdy, ýöne olar ät galdylar, üstlerini basdyrdylar, ýogsam, olar Balha ugramazlaryndan burun ýörite mejlis geçirip, söweş tilsimleriniň nähili bolmalydygyny anyk kesgitläpdiler: «öküziň» öňünde durmaly däl, açyk darkaşa girmän, Balhdan Merwe gelýänçä – bir ýüz ýetmiş iki farsahlyk, ýigrimi menzillik4 ýolda garaşylmadyk pursatlarda çar tarapyndan hüjüm etmeli, gapyllykda üstlerini basmaly, gulamlaryň arasyna wehim salmaly, Merwe ýetýänçä soltan goşunyny towşan ýaly titräp duran byzbyldyk etmeli.
Türkmeniň ezeli sabahun urmak atly harby tilsimini ulanmaly: ukynyň iň süýji wagty daňdanlar ýagynyň mesgenine hüjüm etmeli, gyran-jyran etmeli. Garasaý, soltan goşunyna aňkalary aşyp huk bol¬ýançalar uky bermeli däl. Şu maksat bilen iki ýüz-üç ýüz atly toparlara bölünmeli. Her toparyň haýsy ýere, nireden, nädip çozmalydygy, soňundan nädip gaçmalydygy, näme etmelidigi anyk kesgitlenipdi. Şeýle hem her topara ýüze çykan ýagdaýa görä erkin hereket etmäge, özbaşdak netijä gelmäge izin berilýärdi.
Maksat Balh – Merw aralygynda gaznaly goşunyň bilini omurmakdy.
Seljuk ýigitleriniň iýip-içjek owkatlary atlarynyň ganjygasyna berkidilendi. Olar söweş günleri az owkat bilen oňňut etmegi başarýardylar. Olaryň ählisiniň esasy azygy goýnuň içýagydy: ondan özlerem iýýärdi, atlaryna-da berýärdiler. Içýag iýen esger hem at yssyda suw küýsemeýärdi.5
Seljuk begleriniň ýörite dowulçylary bardy. Olar soltan go¬şunynda gulluga durup, gulamlaryň arasynda ýörite dowul-wehim döredýärdiler. Togrul, Musa, Çagry hakda her hili mahabatly rowaýatlary gürrüň berýärdiler. Ýörite taýýarlanylan ol mahabatly rowaýatlarda seljuk begleriniň ýeňilmezekdigi, soltan Masut bilen göreş tutup ýeňendigi, ýöne bu habaryň gizlin saklanýandygy, sel-juklylary Hudaýtagalanyň goldaýandygy, olara Derwezata araly¬gynda öz döwletini bagyş edendigi hakda aýdylýardy.
Soltanyň wezirler diwanynda, serkerdeleriň arasynda seljuk begleriniň satyn alan, yzygiderli habar iberip durmaga, ýeri gelende, öz taraplaryna geçmäge razy eden serkerdeleri bardy. Seljuk begleri öz ýörite fiskallarynyň üsti bilen soltanatda bolup geçýän her bir möhüm wakany eşidýärdiler.
Altyntagyň kömek sorap çapar gönderendigi, soltanyň Balha barýandygy hakdaky habar hem Merwe ugradylypdy, ýöne Merw – Balh ýolunda çaparlaryň habary eglenipdi. Olar seljuk beglerini wagtynda tapyp bilmändiler. Bu hem seljuk goşuny bilen gaznaly goşunynyň Alyabat düzlüginde açyk darkaşa girmegine sebäp bolupdy.
Seljuk goşuny Ruhhajda6 düşläpdi. Soltan goşunyny düşlege ýakyn getirmezlik üçin Alyabat düzlüginde garpyşmaly boldy.
Bu söweşde ýeňiş gazanyp bolmajakdygy görnüp durdy, çünki soltanyň gulamlarynyň sany ýigrimi müňden-de aňrydy.
Goşunyň aman galmagy üçin diňe bir ýol bardy, ol hem belli bir topar ölümini boýun alyp, ýigrimi müňlük goşunyň öňünden çykmalydy, söweşmelidi, galan bölek pursatdan peýdalanyp gaçmalydy.
Sekiz ýüz meýletin pidaýy öňe saýlandy, ýakyn dost-ýarlary bilen hoşlaşdy, soňam “Ýa Hu!” diýip darkaşa girdi.
Olar iň soňky demlerine çenli söweşdiler.
Bu pidaýylar türkmeniň merdi-merdana, bahadur, janymak gerçekleridi.
Janyňy pida bermek – erkiň hem ynanjyň soňky hetdi. Ol milletiň durmuşynda täze bir döwrüň – söweş meýdany bilen ýaşaýyş giňişliginiň barabarlaşandygyny aňladýar. Ejiz köpçülik üçin söweş meýdany ýowuz ölüm meýdany hökmünde aňlanylýar. Seljuklylar üçin bolsa söweş meýdany ömrüň täze bir döwrüniň açylmak mümkinçiligi bolup görünýär. Pidaýy öz ölümi bilen milletdeşiniň ömrüni bina edýär. Tutuş göwräniň aman galmagy, ýaşaýşyny dowam etmegi üçin agza özüni pida berýär. Beýle ädim ejizler üçin mümkin däldir, onda her bir agza öz gamyny iýýär, her kes özüni halas etmegiň alajyny gözleýär, şeýdibem tutuş göwre heläk bolýar. Pidaýylygyň hikmeti, ölümiň gözüne göni bakyp bilmegiň howalylygy şundadyr. Güýçlülik duşmanyňy – özüň ýaly adam bolan garşydaşyňy däl-de, ölümi ýeňmeklikdir. Ynsan ynsany däl-de, ynsan ölümi ýeňende, geljege sary mümkinçilik, bagta bolan ýol açylýar. Milletiň ýaşaýşynyň beýik dünýä aňyrsy manysy diňe şonda ýüze çykyp, açylyp başlaýar. Şeýle ädime ukyply millet öz geljegini öz elleri bilen amal edýän ruhy-beden bitewüligi bolup öňe çykýar. Ölüm bilen ýüzbe-ýüzlükde halkyň adaty mazmunyndaky haýal-ýagallyk, äwmezlik, lellimlik aýrylyp, bularyň deregine gujur-gaýrat gelýär.
Seljuklylaryň her biri öňde goýan maksatlarynyň amaly üçin şirin janyny pida bermäge her dem taýýardy...

Sarahs söweşi
1039-njy ýyl

Alyabatdaky gazanan ýeňşine ruhlanan soltan Masut Sarahsa ugrady, aňtawçylar toparynyň beren maglumatlaryna esaslanyp, Talhatanbaba galasynyň ýakynynda seljuk esgerlerini duzaga düşürmegi maksat edindi. Şu maksat üçin ol goşunyna diňe gijelerine ýol ýöretdi.
Soltan Masudyň bu maksady-da şow tapdy. Talhatanbaba galasyndan çykan seljuk esgerleri üç tarapdan hüjüme geçen soltan gulamlary bilen ýene mejbury ýagdaýda darkaş gurmaly boldy.
Aýylganç söweş başlandy.
Seljuklylar haýdan-haý guma çekilmek kararyna geldiler.
Ep-esli ýitgi çekip, guma çekildiler.
Soltan ýene ýeňiş gazandy.
Soltan serkerdelerine öldürilen seljuklylaryň göwdelerini depe-depe edip goýmagy tabşyrdy. Şondan soň ol söweş bolan meýdana dähedem-dessemläp aýlandy.
Eý-ho, giden göwde! Alyabatdakydan-a azrak!
Ýigrimi-otuz ýerde seljuklylaryň göwdeleri depe-depe bolup ýatyr.
Edil şonçarak depe gaznaly gulamlaryň göwdelerinden hem dö­rese gerek.
Soltan Masut göwde depelerini synlap durşuna kakasyny, onuň türkmenler hakda aýdan sözlerini ýatlady.
Soltan Mahmyt özüniň türkmendigine, özem gaýa türkmenlerindendigine, patyşa neberesindendigine buýsanardy. Türkmeniň gylyjynyň türkmene garşy göterilmeli däldigini zol-zol tekrarlardy. Geçmişde içki oňşuksyzlyklar zerarly türkmeniň türkmeni öldüren gezekleriniň köp bolandygyny aýdardy. Eger öz-özüni gyrmadyk bolsa, onda türkmenler hökman dünýäniň hökümdary bolardy. Soltan Mahmyt türkmenleriň eden ýowuzlyklaryna köplenç gözüni ýumardy, olara diňe ýagşylyk etmäge çalşardy.
Masudyň kakasy seljuklylaryň towakgalaryna hiç wagt ýok diýmeýärdi. Gör, ol seljuklylara näçe ýerleri ykta berdi, gör, näçe begi başbug göterdi. Soltanyň seljuklylar barada anyk pikiri bardy:
– Seljuklylar – kynyklar. Olar Oguz hanyň wesýeti boýunça gaýalaryň hyzmatynda durmaly, has takygy, serhetlerimizi gorap bermeli.
Hut Oguz hanyň wesýeti boýunça seljuklylar – kynyklar ga¬ýalaryň – gaznalylaryň serhetleriniň goragynda durdular.
– Biz seljuklylaryň – kynyklaryň agyzlaryny aşa ýetirdik, mally-mülkli etdik, indem olar patyşa bolmak isleýärler. Indem olar biziň tagtymyza göz gyzdyrýarlar. Bu adamçylykdanmy? – diýip, soltan Masut zol-zol özüne sowal berýärdi. – Ýok, ýok, bular adam däl, bulary gyrmaly! Diňe gyrmaly! Bular ynsapsyz! Wyždansyz!
Türkmen türkmeni gyrýar.
«Pähim-parasatly soltan duşmany bilen ýaraşar, onuň bilen dostlukly gatnaşyk saklar. Emelsiz soltan wepadar raýatyny özüne duşman ediner».
Soltan Masut tekepbirligi, gopbamlygy bilen öz raýatyndan duşman gazandy.
Duşman döremeýär, duşman gazanylýar.
Soltan Masut hem özüne ýowuz duşman gazandy. Özem ol duşman – ölümini boýun alan, gorky-ürkini bilmeýän duşman, ol degnasyna degile-degile ahyr on alty gary kepene çolanypdyr: «Gylyç ýa kepen» diýip, ata atlanypdyr.
Indi olarda ölmekden ýa ýeňmekden başga ýol ýok.
Indi olar bilen ylalaşyp bolmaýar.
Soltan Masut söweşiň bolup geçen ýerine aýlanyp, kepene çolanyp ýatan seljuklylaryň jesetlerini synladygyça hopukdy. Sebäbi kepene çolanyp ýatan jesetleriň ählisiniň gözleri açykdy. Ol gözlerde, gör, näçe gahar-gazap, gör, näçe arman bardy. Olaryň bolup ýatyşlary ýene aýaga galyp, söweşmäge başlaýjaga meňzeýärdi.
Soltan seljuklylaryň nähili söweşýändigini görüpdi, söweş pursady Togrul begi-de görüpdi, gaznaly gulamlary gazap bilen paýhynlaýşyny görüp, hopugypdy.
Soltan söweş gidip duran pursady üç-dört sany pidaýyny ýanyna çagyrdy:
– Bar işiňiz, hana, şol egni ak eşikli pählewan serkerdäni öldürmek bolsun. Haýsy biriňiz şol serkerdäni öldürseňiz, men size uly bir welaýaty ykta hem ýigrimi bäş müň dinar berjek.
Pidaýylar soltanyň sözünden soň, seljuk beginiň üstüne uly hyjuw bilen topuldylar, ýöne yktaly hemem ýigrimi bäş müň dinarly bolmak olaryň nesibelerinde ýok eken, olaryň maňlaýyna şol maksat üçin pida bolmak ýazylan eken.
Soltan söweş bolan meýdanda aýlanyp ýörşüne özüniň Tog¬rul begi öldürmek üçin ýörite ugradan pidaýylarynyň göwdelerini gördi, olaryň hem gözleri edil seljuklylaryňky deýin petreşip durdy…

* * *

Sarahsa gelen soltan goşuny ýadawdy. Bir ýyla ýeter diýlen azyk gory hem azalypdy.
Azyk gorunyň azalmagynyň günäkäri ýeke bir adamdy. Ol – goşunyň arizidi. Ariz baýamak maksady bilen goşunyň ähli zatlaryny deger-degmez bahasyndan satypdy. Adam bende umyda bil baglan ýerinde ýalňyşýar. Ariz hem seljuklylar bilen darkaş uzaga çekmez, olary şatyr-şutur ýeňeris, baýlyklary bize geçer, ana, şonda meniň satan zatlarym bilinmän galar diýip umyt baglady, ähli zat onuň pikiriniň tersine boldy, wagt ýel deýin kowsarlap, onuň eden etmişiniň üstüni açdy, şeýle bolansoň, ol aýbynyň açylmagyna garaşyp durman, seljuk begleriniň gullugyna gaçyp bardy.

* * *

Seljuk goşuny 1039-njy ýylyň iýul aýynyň 27-sinde Sarahsyň günortasyndaky Deh-i-Bazergakan diýen ýerde soltan goşunynyň üstüne hüjüme başlady.
Söweşe Çagry beg serdarlyk etdi. Ol öz adamlary bilen beýik bir depäniň üstünde durdy.
Söweş jylawdar goşunyň8 umumy hüjümi bilen başlandy.
Seljuk begleri bu söweşde ilkinji gezek iki kelleli bürgüdiň şekili çekilen öz gara reňkli baýdaklaryny söweşe çykardylar.9
Ikikelleli bürgüt şekilli gara baýdak geljegiň umydyndan hem beýikliginden habar berýärdi. Köpler gara reňk yslamyň ilkibaşky reňki diýip düşündirýärdiler. Emma seljuk türkmen¬leriniň taryhy galkynyşy bilen baglanyşyklylykda, bu pikir haky¬katyň diňe ýarydy. Her bir oýanyşyň hem galkynyşyň diňe bir täze reňki bolman, eýsem, bu düýpli hadysanyň gaty uzaklara gidýän taryhy esaslary hem bolýar. Özem ol esaslar köplenç tas unudylan, köpçülikleýin aňastyna giden gymmatlyklardan ybarat bolup çykýar. Seljuklylaryň baýdagynyň reňki, bir tarapdan, yslamyň reňkidi, çünki seljuk döwleti geljekde bütin yslamyň syýasy merkezi, onuň baýdagy külli yslamyň baýdagy bolmalydy. Emma, ýene bir tarapdan hem, gara reňk oguzlaryň baryp Oguz handanam öňki baýdagynyň reňkidi. Gara tug götereni üçin, Oguzyň kakasynyň ady-da Gara han bolupdy. Gara reňk Oguzda päkligiň, kesgitliligiň, arkadaglygyň – raýatlaryňy öz sal¬kyn kölegäňde ýaşatmagyň, kämilligiň alamaty bolan reňkidi. Gara ähli reňkleriň enesi, ähli reňkleriň jemi hasap edilýärdi. Ahyrsoňunda ähli reňkler gara dönýär. Oguzlaryň şeýle söýen hem aňk bolan älem giňişliginiň reňki-de garady ahyryn! Älemden beýik zat bolup bilermi?!
Ikikelleli bürgüt seljuk türkmen ruhunyň älemleriň girdabyny böwüsmäge taýyn bolanlygynyň suratydy. Onuň bir başy ak tarapa – Günüň dogan tarapyna, beýleki başy bolsa gara tarapa – Günüň bat¬ýan tarapyna bakyp dur. Bu bakyşda dünýäniň iki böleginem alaryn diýen ynam görünýär.
Gara ýüpekden edilen baýdak Çagry begiň arkasynda pasyrdaýardy. Ol söweşiň gyzan wagty eginleri jöwşenli iki müň atla baş bolup darkaşa girdi.
Togrul beg jylawdar goşunyň öňüne düşüp hüjüme girdi. Ol ölümini boýun alyp, wagşyýana gygyryp, elindäki gönderini, mizragyny10 üznüksiz işledýärdi, soltan gulamlaryny paýhynlaýardy.
Jylawdar goşun ýaňy söweşe gyzanda sagdan hem soldan ylgary goşun hüjüme girdi.

Başynda tuwulganyň, egninde jöwşeniň, çarpaýanyň, aýak¬larynda dyzlygyň bardygyna seretmezden, söweşde Togrul begiň ýedi ýerinden gyltyz ýara düşüpdi. Iň erbet ýeri, şol ýaralardan ganyň köp akandygydy: darkaş gidip durka, ganyňy saklamagyň gamyny edip bolanok ahyryn! Şol sebäpli begiň başy aýlanyp ugrapdy. Barybir, ol dört sagada çeken söweşde ganym duşman bilen nädip söweşmelidigini öz esgerlerine görkezip, olary ýeňşe ruhlandyrdy.
Soltanyň bäş müň gulamyny öldüren seljuklylar soltanyň esasy goşuny gelmezinden burun demirgazyga – Horasan (Oguz, Garagum) çölüne jiriň-miriň siňdiler.
Bary-ýogy dört sagada çeken söweşde seljuklylaryň soltan goşunyna ýetiren zyýany abyrsyz uludy. Diňe bir wepat bolanlaryň däl, ýaradarlaryň hem sany köpdi.
Soltan goşunyny jemläp, diýlen ýere barsa, ol ýerde diňe öz gu¬lamlarynyň bäş müňden gowragy läş bolup ýatyrdy. Läşleriň içinde seljuklylaryň göwdeleri ýokdy. Olar wepat bolanlaryny alyp gidipdirler.
Soltan güýçli halyna biçäredigine örtendi.
Güýçli halyna özüni ejiz duýdy.
Ol odugyp iki ýana elewredi.
Seljuklylar howada gaýyp ýören ýalydylar.
– Hany, şolar! Hany! Görkeziň maňa! – diýip, soltan gygyrdy.
Seljuklylar, göräýmäge, hiç ýerde ýokdular, şol bir wagtyň özünde-de olar her bir depäniň aňyrsynda öňüňden çykyp, wagşylyga başlaýardylar.
Eger seljuk goşunynyň bir ýerde jemlenendigini eşitse, onda soltan şol ýere goşunyny sürüp baryp, maksadyna ýetjekdi. Alyabatda, Sarahsda nätdi? Göwdelerden depe döretdi, ýöne şol söweşlerden soň seljuklylar açyk darkaşa çykmadylar.
Ähli ýerde seljuk goşunyna derek toparjyklar bardy. Ol toparjyklar iki ýüz-üç ýüz atlydan kän däldi. Olar soltan goşunynyň üstüne gulanatdy çabgasy bolup inýärdi. Soltan goşuny ýaňy güýjüni jemläp, hüjüme sürnüp ugranda bolsa, ol toparjyklar gykuwlaşyp, jiriň-miriň bolýardy.
Seljuk begleri gykylyga aýratyn ähmiýet berýärdiler. Olarda ýörite gygyrýan sesi ýiti, şaňňy adamlar bardy. Olar käteler hüjüm etmän, görünmän, soltan goşunynyň dumly-duşundan «Ur, çap, öldür!» diýip, aýylganç-aýylganç gygyryşýardylar. Olar käte ýolbars bolup arlaýardylar, haýbat atýardylar.
Soltan Masut ýaşan ýaşyny hiç kimden gorkman ýaşady, ýöne seljuklylara sataşyp welin, rahatlygyny bütinleý ýitirdi, ýüreginde wehim-gorky döredi. Wah, Alynyň ala meýdanynda söweşmeli bolsa, şol söweşe soltanyň, ilki bilen, özi çykjakdy ýa öljekdi, ýa ýeňjekdi. Ýok, ol ýeňjekdi. Çünki gara güýç babatda, peýker-symmat babatda onuň bilen bäsleşip biljek ikinji bir begzada ýokdy. Ol muny açyk bilýärdi. Masut tagta çykmazyndan owal soltanlygyň iň daýaw pählewanlary bilen güýç synanyşardy, köplenç olardan üstün gelerdi.
Masut Togrul begi ele salsa, nädip jezalandyrjakdygynyň hem pikirini edipdi: ony bir aýlap, hatyn eşiginde Gaznanyň baş bazarynda görene göz edip masgaralamakçydy, soňundanam üstünden pil ýöretmekçidi, maslygyny bir aýlap, pilleriň sakla¬nylýan ýerine zyňmakçydy. «Goý, piller onuň maslygyny bir aýlap basgylasynlar! Ýok, ýok, goý, onuň maslygyny piller bir ýyllap basgylasynlar. Soňundan onuň süňküni talhan edip, meýe garyp içjek!» Soltan Masut bu pikirini her gün aňynda aýlaýardy. «Eger şu maksadyma ýetip bilmesem, onda men bu dünýäden gözümi açyp, armanly giderin» diýip, ol zol-zol gaýtalaýardy.
Seljuk begleri balyk ýaly sypjykdy. «Ine, şu gezeg-ä bulary ele saldym» diýeniňde olar eliňden sypyp, gürüm-jürüm bol¬ýardylar.
Olardan ýaňa gijelerine-de rahatlyk ýokdy, soltanyň dynç alyp ýatan goşunynyň üstüne sürnüp alagykylyk turuzýarlar. Ähli goşun turar. Anyklanyp görülse, seljuk esgerleriniň birki sanysy alagykylyk turzup geçip gidendir. Soň goşun dynç – gözüniň awusyny almak üçin ýene başyny çem gelen ýere goýar. At aýaklarynyň dükürdileri, seljuklylaryň başly-barat gykylyklary ýene eşidilip başlar. Garasaý, hiç kime uky, rahatlyk ýokdur. Tisgine-tisgine daňyňy atyrarsyň. Jahan ýagtylanda, görseň, üç-dört sany gulamyň kellesi çadyryň üstünde ýatandyr. Ýa birki kelle jyzanyň ujuna ildirilip goýlandyr. Bu wagşylygy göreniňde iniň tikenekleýär. Özem bu wagşylyk ýeke gezek däl, her gije diýen ýaly gaýtalanýar. Özem bu wagşylyk soltanyň çadyrynyň töwereginde edilýär.
Bir gije seljuk begleri hakyt soltan Masudyň iň gowy gör¬ýän, mydama münýän pilini ogurladylar.11 Ýeri, muňa näme diýip, näme aýdarsyň?! Soltanyň gazanyny hem göz güýdüşdirip düňderip gidýär olar. Seljuklylar sebäpli kadaly naharlanyp hem bilenok ol indi.
Seljuk esgerleri soltan goşunynyň ähli zadyna ýetişip bil¬diklerinden talaň salýardylar. Özem olar diňe bir gije däl, gündizem talap ýördüler, soltan goşunynyň üpjünçilik bölüminiň zatlaryna talaň salmagy hasam gowy görýärdiler. Ýaňy dynç almagy üçin goýlan atlary-da gözüňi güýdüşdirip alyp gaçýardylar. Soltan goşunynyň zatlary göýä seljuk goşunynyň ogurlamagy üçin şu ýerik getirlen ýalydy. Özem olar gaty arkaýynlyk bilen talaň edýärdiler. Talaň edýändiris, ogurlyk edýändiris diýen pikir olarda ýok bolsa gerek.
Seljuklylaryň talaňçylygy, has anygy, ogurlygy gije-gündiz dowam edýärdi. Olar söweşmegi ýatlaryndan çykaryp, öz zatlaryny başga bir ýere eltmäge howlugýan ýalydylar: özlerinde ýarag, egin-eşik ýetmeýän ýaly, soltan gulamlarynyň ýaraglaryny alýardylar, egin-eşiklerini sypyryp, gulamlary çuw-ýalaňaç düwdenekledip goýberýärdiler.
Dogrusy, seljuk goşunynyň pisat ogurlyklary soltanyň aňyna hiç syganokdy. Ol her hili söweşi görüpdi, her hili söweş hakda eşidipdi, ýöne seljuklylaryňky ýaly utançsyz, bihaýa söweşi hiç ýerde görmändem, eşitmändem. Beýle alan-aldy, giden-gitdi söweş öňem bolan däldir, indem bolmaz. «Bu towky! Hakyky towky! Bulara söweşiji diýip bolmaz! – diýip soltan odanýardy. – E-eý, bu seljuklylaryňky ýaly, heý, doýmaz-dolmazlyk bolarmy?! Olar özlerine gerek zadam, gerek däl zadam äkidip otyrlar-a Ynsap-iba ýok bularda»
Soltanyň bu örtenmelerini seljuk begleri günübirin eşid¬ýärdiler, onuň bolşuna, sözlerine hezil edip gülüşýärdiler. Soltanyň huguny çykarmak üçin her hili hokgalary oýlap tap¬ýardylar. Ökde-ökde hokgabazlary ýörite çagyryp getirýärdiler, olara köp mukdarda hak-heşdek töläp, gaznalylaryň garşysyna hokga tapdyrýardylar. Hokga tapmaga Kabyl hem ökdedi.
Sarahsyň eteginde hajyp Subaşy masgaraçylykly ýeňlenden soň, gaznaly emirler, aýratynam Horasanda ýaşaýan, işleýän emirler Horasanyň elden gitjekdigine, has dogrusy, gidendigine göz ýetirdiler. Özem doly göz ýetirdiler. Horasan seljuklylaryň depesinden Gün bolup dogdy.12
Seljuklylar gaznalylar üçin wagşy aždarha öwrüldi. Olarda sel¬juklylara garşy göreşmeli diýen pikir däl-de, tizden-tiz Horasandan gaçyp, başyňy halas etmeli diýen pikir bardy. Emirleri basga düşürýän zat nirä gaçmaly diýen sowaldy.
Nirä gaçmaly?
Nirä gaçsaňam, seljuklylar yzyňdan baraýjak, öldüräýjek ýaly bolup duýulýardy. Herhal, Gur ýoly bilen Hindiguş daglarynyň aňyr¬syndaky Gazna şäherine aşmak olar üçin ýeke-täk çykalga bolup galdy.

* * *

Horasanyň amydy Abul-Fazl Sury bilen Bu Säh Hamduny welaýatyň hazynasyny Nyşapurdan Gazna alyp gitmek barada soltandan görkezme aldylar. Olar şu maksat bilen diwanyň ähli hazynasyny, baýlyklary Nyşapuryň günorta derwezesinden alyp çykdylar.
Hazynaly kerweniň iň soňky düýesi Nyşapuryň Günorta derwezesinden ýaňy çykanda şäheriň Gündogar derwezesinde iki ýüz atlysy bilen Ybraýym Ynanç (ynal) peýda boldy.13 Ol şäher diwanyna ýörite ilçi ugratdy. Ilçi ynalyň sözlerini diwana ýetirdi:
– Biz ägirt uly goşun bilen Nyşapura gelýän Togrul begiň, Çagry begiň we Musa begiň ilçileri. Biz şäheriň ilatyna hiç hili garşylyk görkezmezligi maslahat berýäris. Eger garşylyk görkezseňiz, uçdantutma gyrjakdyrys. Biz – yslamyň din gylyjydyrys. Kim garamaýak musulmana sütem edýän bolsa, şol biziň duşmanymyzdyr. Biz şerigatyň, adalatyň howandarydyrys. Biziň maksadymyz diňe ýagşylykdyr, sogap gazanmakdyr.
Ybraýym ynalyň bu habaryndan soň şäheriň kethudalary kazy Seýidiň öýüne jemlendiler we maslahat etdiler.
Seljuk türkmenlerine garşylyk görkezmelimi ýa-da görkezmeli däl diýen sowala hiç kim anyk pikir aýdyp bilenokdy. Näme etmeli?
Nyşapurly adamlaryň Seýit kazynyň ýanyna üýşmekleriniň sebäbi, ol şäheriň parasatly adamlarynyň biridi.
Tekepbirlik şähere gaty gymmat düşjekdi. Onsoňam soltanyň garşysyna durmaga heder etmeýän seljuklylaryň Nyşapury ýer bilen ýegsan etjekdigi hemmä aýandy.
Seýit kazy bu mesele barada köpden bäri oýlanýardy. Ol seljuklylaryň şähere geljekdiklerini-de eşidýän habarlaryndan aňýardy. Şonuň üçin ol öz pikirini aýan eýledi:
– Ýadyňyzda bolsa, soltan Mahmyt Gaznaly Hindistana ýörişe gidende Ilek han Balha çozuş edipdi. Şonda şäheriň ilaty Ilek hanyň garşysyna çykdy, gorandy. Gazaply söweş boldy. Soltan Mahmyt Hindistandan dolanyp gelensoň, Balha bardy. Şonda öz görkezmesi bilen gurlan Bazari-Aşikanyň tozdurlandygyny-otlanandygyny görüp dergazap boldy, şäher ilatyny ýygnap, soltanlygyň raýatlaryny, şäherlerini, obalaryny goramagyň soltanatyň işidigini, parahat ilatyň soltanatdan bidin baş galdyrmaga, eline ýarag alyp söweşmäge hakynyň ýokdugyny, Balh şäheriniň otlanmagyna, haraba öwrülmegine diňe balhly ilatyň günäkärdigini, bu weýrançylygy üçin ilata jerime töletjekdigini aýdypdy hemem şäher emirini adamlaryň özbaşdaklyk etmegine, eline ýarag alyp Ilek han bilen söweşmegine ýol berendigi üçin jezalandyrypdy.14 Balhlylaryň birmahalky kysmaty bu gün biziň başymyzda. Nyşapuryň ilatynyň soltandan perman bolmasa, eline ýarag alyp goranmaga haky ýok. Ilaty goramak soltanatyň wezipesi. Şäherde weýrançylyk bolsa, onuň öwezini soltan Masut şäher ilatyndan talap eder...
Seýit kazynyň bu sözlerini ýerli mülkdarlar, baýlar makulladylar. Netijede: «Seljuklylara garşy söweşmeli däl, Gaznadan goşun gel¬ýänçä kysmata kaýyl bolmaly, garaşmaly» diýen pikir makul bilindi.
Nyşapur kethudalarynyň gelen netijesini Ybraýym ynala habar berdiler. Ybraýym ynal bu habary haýal etmän Togrul bege ýetirjekdigini aýtdy.
Şondan soň munadylar (jarçylar) bazarlarda, köçelerde Togrul Seljuklynyň ymgyr uly goşun bilen Nyşapura ýetip gelýändigini, onuň şäheriň ilatyna howandar boljakdygyny, garşysyna çykmaly däldigini jar çekmäge başladylar
Şäher ilatynyň arasynda Togrul begiň ýeňilmezekdigi, onuň Allatarapyn serdarlygy, gudratly adamdygy barada gürrüňler ýaýradyl¬ýardy.
Nyşapurlylar soltan Masudy mugyra getiren, ýeňen serkerdäni görmek üçin köçä çykdylar, ýöne gelmeli diýlen wagt geçip giden-de bolsa, Togrul beg gelmeýärdi.
Şäherde welin, Togrul Seljuklynyň gelmegine garaşylýardy, onuň göwnüni awlamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýärdi. Hurremek bagy al-ýaşyl matalar bilen bezeldi. Bagy-Şadyýah köşgünde Togrul begiň dynç almagy, diwan ýöretmegi üçin ähli şertler döredildi. Soltanyň ýatyp-turjak otagy günde üç gezek syrylyp-süpürildi. Begiň hatynyny gowy görýändigi, onuň ýanynda kyrk çilteniniň bardygy hem göz öňünde tutuldy.
Şäheriň salar-buzgany15 ilata düşündiriş geçýärdi: Togrul begiň adyndan şäher ilatynyň ähli hukuklarynyň goraljakdygyny, hiç hili sütemiň bolmajakdygyny, şäheriň ýene öňküsi ýaly parahat durmuşynyň ýola düşjekdigini tekrarlaýardy. Hatyp Ysmaýyl Sabuni hemem salar-buzgan şäheriň Bagak mähellesindäki baş metjitde Togrul begiň adyna juma namazynda hutba okamaga howlugýardylar.
Nyşapur Horasanda Merwden soň ikinji uly hem merkezi şäher hasaplanýardy. Şäher Tahyrylar hanedanlygynyň paýtagty bolupdy. Bu hanedanlykdan soň Nyşapury Amr Leýs Saffary öz döwletine merkez edinipdi. Hijriniň 287-nji (milady hasaby boýunça 900-njy ýyl) ýylynda Samanylar Buharany paýtagt edinenem bolsalar, Nyşapury Horasanyň Günbatar sebitini dolandyrmak üçin peýdalanypdylar.
«Nyşapuryň ini-boýy bir farsahdy. Suwunyň köpüsi çeşmedendi, onda ýüň, pagta köp, on üç obany we dört hanlygy öz içine alýardy»16, şeýle hem şäher iki sany etrapdan, bir köne galadan, kyrk sekiz sany mähelleden ybaratdy. Şäheriň dört derwezesi, baş girelge derwezesi bardy. Jülähgäh diýlip atlandyrylýan ortaky mähellede üç ýüzden gowrak köçe bardy. Iň owadan binalary bilen meşhur bolan Foz, Bagabat mähellelerinde ulamalar, Bag-Razyýan, Nasrabat mähellerinde söwdagärleri ýaşaýardy, köçeleriň sany bäş ýüzden-de aňrydy. «Gündogaryň derwezesi» atlandyrylýan bu şähere gelýän adamlaryň, söwdagärleriň hetdi-de, hasaby-de ýokdy.
Nyşapuryň ilaty soltan Masut hem onuň Horasan boýunça amydy Abul-Fazl Sury tarapyndan ençe gezek talanypdy. Ilat ýene talanmakdan heder edýärdi.
Togrul beg nyşapurlylar üçin nätanyşdy, ertirki günleriniň nähili boljakdygy garamaýak halkyň esasy ünjüsidi. Adamlar Togrul beg hakda köpräk maglumat eşitmek isleýärdiler. Ybraýym bilen şäheriň kethudalary adamlary köşeşdirmek üçin Togrul begiň şäheriň emlägini gorap saklamaga, ilaty hormatlamaga, hak-heşdeklerini ýokarlandyrmaga, adamlaryň gowy ýaşamaklary üçin ähli mümkin bolan şertleri döretmäge kepil geçýändigini düşündirýärdiler.
Şäheriň ilatynyň ýedi günläp gözlerini ýolda goýan Togrul beg ahyryl-ahyr üç müň atly goşunyň öňüne düşüp geldi.
Begi garşylamaga ähli nyşapurlylara baş bolup, ymam Muwaffak an-Nyşapury çykdy.
Togrul beg şäher ilatyny haýrana goýdy. Ol özüniň gyr atynyň üstünde otyrdy. Ýaýy egnindedi. Üç sany ok guşagyna berkidilendi, begiň köp ýerini lowurdap duran sowut örtýärdi. Şeýle hem egninde mülkamdan17 edilen kaba18, başynda tawwaziden19 peş, aýagynda oraýany keçe ädigi bardy.
Nyşapurlylar Togrul begi görlüp-eşidilmedik dabara bilen garşy aldylar. Ol şäheriň Tahyr ibn al-Hüseýniň gurduran Bagy-Şadyýah köşgünde atdan düşdi. Onuň adyna juma güni metjitde hutba okaldy.
Togrul beg ymam Muwaffak an-Nyşapurynyň gatnaş¬ma¬gynda öz döwletini yglan etdi. Şol günüň ertesi şäher ilaty begiň dergähine ýygnandy, beg olary kabul etdi. Togrul beg Seýit kazynyň çagalary bilen gelenini görüp, ýerinden turup, gadyrly salamlaşdy hem oňa öz gapdalynda oturmaga orun berdi.
Duşuşyga ymam al-Kuşaýrynyň20 yzyndan çakylykçy ýolladylar, ýöne ol gelmedi.
Togrul beg soň onuň yzyndan ymam Muwaffak an-Ny¬şapuryny ýollady.
– Men Togruldan dokuz ýaş uly, goý, onuň özi ýanyma gelsin – diýip, al-Kuşaýry ýene tekepbirlik etdi. Şondan soň, Togrul beg nyşapurly ulamalaryň birnäçesi bilen medresä ugrady.
Togrul beg baranda ymam ýerinden gozganmady, onuň ýanynda ogullary – Abu Sagyt Abdylla, Abu Sagyt Abdylwahyt, Abu Mansur Abdyrahman, Abu Nasr Abdyrahym, Abilfath Ubeýdylla, Abylmuzaffar Abdylmunagtym we müritleri otyrdy. An-Kuşaýry Togrul bege oňa gapynyň sag tarapyndan oturmaga ýer görkezdi.
Duşuşyk dartgynly geçdi.
– Eý, Muhammet Togrul, men sen hakda eşitdim. Abylhaýyr Abu Seýidiň saňa döwletlilik patasyny berendigi hakda-da eşitdim. Seniň Nyşapura geljekdigiň hakda indi bir hepde bäri şäheriň köçelerinde jar çekip ýörler. Meniň eşidişime görä, sen hanafy mezhebine uýýan bolmaly. Şu günden başlap, sen meniň uýýan, wagyz edýän şafy21 mezhebine munadylar uýmalysyň. Soltan Mahmydy – goý, onuň ýatan ýerini Beýik Perwerdigär jennet etsin! – hem şafy mezhebine uýanlygy sebäpli öz döwründe uly derejelere ýetendir. Sen hem uly derejelere ýetmek isleseň, onda meniň diýenimden çykmaly dälsiň. Meniň her bir sözüm seniň üçin kanun bolmalydyr. Sen şu oturan meniň ogullarymyň, egindeşlerimiň, müridlerimiň öňünde maňa ýylgaý sygynjakdygyň, meniň sözümden çykmajakdygyň hakda söz ber, ýogsam Horasan halky seni kabul etmez...
Togrul beg ýerinden turdy.
– Eý, belent mertebeli al-Kuşaýry! Men siziň sözüňizi mukyt diňledim. Indem size şeýle jogap berýärin. Aramyzda hiç mahal düşünişmezlik bolmasyn. Siz biliň, Togrul ibn Mykaýyl ibn Seljuk diňe bir keramatly güýje ynanýar, ol keramatly güýç hem Beýik Perwerdigärdir. Men Beýik Perwerdigärden başga hiç kimsä sygynmaryn.
– Yzzat özüňe gerek.
– Dogry, ýöne ol yzzat, berilýän zat däl, ony gazanmaly.
– Bu näme diýdigiň bolýar? Horasan maňa sygynýar, meniň yzyma düşýär.
Togrul beg medreseden çykyp gaýtdy.
Ol ölse mezhebinden dänjekmi?! Ata-baba däp-dessura wepaly türkmeniň hatda dinini üýtgetse-de, däbini üýtgetmändigi oýlandyrýan zat. Bu aýratynlyk milletiň mazmunynda üýtgemeýän ululyklary üýtgeýän ululyklardan has rüstem gelýändiginiň nyşany. Milletiň uzak ýaşyny şeýle iki hili ululygyň özara gatnaşygynyň mynasybeti kesgitleýär. Türkmenler yslamyň ala-böle hanyfy mezhebini-de şol gatnaşygyň hökmürowanlygy sebäpli kabul edipdiler. Çünki bu mezhep olaryň yslamdan öňki urp-adatlaryny aman alyp galmaga rugsat berýärdi.
Heminzamanyň geçmişe öwrülip, gaýyba gitmezligi üçin, ony häzirkiligine galdyrýan durnukly ýaşaýyş serişdelerini tapmak hemem amala aşyrmak gerek. Türkmeniň urp-adaty, däp-dessury şeýle serişdelerdendir. Olar milli ýaşaýyş derejesindäki bakylyk dilidir. Olar milletiň özenini emele getirýär. Bu özen durnukly bolanda, halkyň durmuşyndaky täzelikler, daşyndan näçe üýtgeşik hem düýpli görünse-de, bu özeniň daşky reňki bolup galýarlar. Daşky reňk edil eliň kiri ýaly bolýar-da. Ol sähel suw degdigi, ýuwulýar gidýär. Emma ýuwlup gitmände-de, ol özen babatda hemişe hemem diňe ikinji ähmiýetlidir. Ol reňk milletiň nämedigi hem nähilidigi barada suwytly zat aňladybam, düşündiribem bilmeýär. Daşky reňkiň millet üçin täze taryhy şertlerde ömrüni dowam etdirmek üçin daşky dünýä bilen tas gutulgysyz bir barlyşykdygyna düşünmeli. Ýöne bu daşkynlyk içki özene näçe bap bolsa, şonça-da uzak saklanýar.

* * *

Nyşapuryň Bagy-Şadyýah köşgi seljuk begleriniň hoşuna geldi. Köşgi Leýs Saffarynyň weýran edendigi barada köp gürrüň edýärdiler. Herhal, samanylar bu köşgi öz döwürlerinde täzeden dikeldipdirler. Köşkdäki soltan Masudyň tagtyny hem täjini gören seljuklylar onuň owadanlygyna aňk boldular.
«Soltan Masudyň tylla täji we tagty üç ýylda millionlarça dirhem sarp edilip ýasalypdy. Tagtyň hemem täjiň ikisem sap tylladan bolup, gymmatbahaly göwherler, ýakutlar, dürler bilen bezelipdi, zerlenen zynjyr bilen asylyp, petige birleşip durdy. Tagtda dürli şekiller, ösümlik şahalary ýaly suratlar bolup, hemmesinde däne şekilli göwherler asylypdy. Tagtyň dört tarapynda bürünçden edilen dört sany adamyň şekilinde heýkel sütüni bardy. Ol heýkel sütünleri ellerini we aýak¬laryny ýazyp, zerli tagtyň ýokarsyndaky zerli täji onuň agramy patyşanyň depesine düşmez ýaly ýaýyp saklap durdy. Soltanyň başgaby hem-de kellesi bu uly täjiň aşagynda ýerleşýärdi».22
Tagt bilen täç Togrul begiň hem hoşuna geldi.
Seljuk döwleti yglan edildi. Togrul beg patyşa saýlanyldy.
Şalygyň diwany döredildi.
Togrul begi dabaraly ýagdaýda tagtda oturtdylar hemem ony «Esoltanul-muazzam»23 diýip atlandyrdylar.
Şäherde iň mertebelenýän, Horasan dikmesi Abul-Fazl Surydan köp zulum gören Bu-l Kasym Togrul begiň gullugynda durmaga höwes bildirdi. Diňe ol däl, gaznaly şalygynda hyzmat eden sowatly, barjamly kişileriň ençemesi hem Togrul bege hyzmata durmaga höwes bildirdi. Gaznaly şalygyndaky gulluk edýän gulamlaram topar-topar bolup gaçyp gelip, Togrul begiň goşunynda gulluga durýardylar.
Bu habar soltan Masuda ýetdi.
Sabyr käsesi dolan soltan elli müň atly goşuny, üç ýüz pili bilen seljuk türkmenleriniň üstüne: «Ýa – men, ýa – sen» diýen kesgitli maksat bilen ýola düşdi.
Seljuklylar arzyly maksatlaryna ýetdiler: «balyk suwuň ýüzüne çykaryldy».





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]