05:49
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -7
Ýedinji hekaýat

GYLYÇ ÝA KEPEN DÄBI

Soltan Masut Nusaýdaky masgaraçylykly ýeňlişden soň, gaçyp gider ýaly etmek üçin agyrdan-agyr salgyt salandygyna, seljuk begleriniň islegini kanagatlandyrmandygyna – düşleg bermändigine ökünmek ökündi, gulamlarynyň, wezir-wekilleriniň, serkerdeleriniň bu ýeňlişden soň ýüreklerinde seljuklylardan gorkynyň galandygyna göz ýetirdi. Gorky bilen ýeňiş gazanyp bolmaz, ýöne gorkyny nädip aýyrmaly?!
Gaznaly gulamlar bu söweşe juda uly umyt baglapdylar, çünki soltan darkaşa gatnaşan, darkaşda tapawutlanan her bir gulamy sahylyk bilen sylaglamak hakda ýörite perman beripdi. Şol perman esasynda goşunyň gapdaly bilen üç ýüz araba ýüküň – altynyň, her hili gymmatbaha baýlyklaryň alnyp barylýandygyny, şol arabalardaky baýlyklarda özleriniňem paýlarynyň bardygyny gulamlar bilip-görüp durdylar ahyryn. Şol baýlyklara eýe bolmak hyjuwy bilenem olar Nusaýda gaýduwsyz söweşipdiler, ýeňşem gazanypdylar, ýöne darkaşdan soň, ýaraglaryny beýlede goýup, ýaňy arzyly sylaglaryna gowşan pursatlary seljuk esgerleri üstlerine ýaz çabgasy bolup, ýok, ýok, has takygy, Ezraýyl bolup dökülipdi. Soltanyň gulamlary oljalaryny ýerde goýup, ýaraglaryny ele almaga-da ýetişip bilmediler. Gulamlaryň arasynda arzyly ýeňişden soň dynç almak maksady bilen ýaňy uka batanlary-da bardy. Olaryň şol ukulary baky uka öwrülipdi.
Üstüne Ezraýyl abanyp geliberse, adam görgüli nätsin?! Ol gaçmak bilen bolýar. Seljuk atlylaram gaznaly gulamlara gaçmagy ýeke-täk çykalga hökmünde zol-zol ýatladýardylar.
Gaznaly gulamlar baş-başa, jan-jana bolup gaçdylar. Seljuk atlylary bolsa, gaçyp barýan görgülileri ýeke-ýekeden pürrelediler!
Nusaý söweşindäki masgaraçylyk soltan Masudy endiretdi, gijelerine rahat uklap bilmedi.
Seljuklylar bilen bellisini bilmeli!
Uly goşun jemläp, olary düýt-müýt etmeli!
Haşar ýygnamaly!
Nusaýda gorkan soltan gulamlary seljuk esgerleri bilen ikinji gezek ýüzbe-ýüz söweşmäge gujur-gaýrat taparmykalar? Soltan üçin iň erbet ýeri, «Seljuk esgerleri ýeňilmezek. Çünki olaryň arkasynda Allatagala dur» diýen hopukdyryjy myş-myşlar jik-jiki ýaly ondan-oňa bökýärdi: dilden dile geçýärdi. Soltan bu «myş-myşyň» seljuk begleri tarapyndan ýörite ýaýradylýandygyny bil¬ýärdi, ýöne ol «myş-myşlaryň» nädip öňüni aljagyny bilmeýärdi.
Bu günem, ine, Çagry begdir Togrul begiň adyndan ýazylan haty soltana getirip gowşurdylar. Hatda seljuk begleriniň uruş islemeýändikleri, gaýtam, soltana wepalylyk bilen hyzmat etmekçidikleri nygtalýardy: «Eý, mülk we döwlet eýesi bolan Alla, Sen islän kişiňe mülk berýärsiň we islän kişiňden ony gaýtaryp alýarsyň. Sen islän kişiňi eziz, güýçli, islän kişiňi bolsa har-zelil edýärsiň. Ähli ýagşylyk ýalňyz seniň eliňdedir. Sen ähli zady başarýarsyň». 1
Togrul begiň gönderen hatyny okan soltan Masut seljuk beglerini haýbat bilen gorkuzyp bolmajakdygyna düşündi. Haty baş diwanynda maslahata goýdy. Onda seljuk begleriniň hatda soralyşy esasynda üç bege: Togrul bege, Çagry bege we Musa bege üç welaýatyň berlendigini ykrar etmek makul bilindi. Üç welaýaty seljuklara soltan Mahmyt ykta beripdi, ýöne ony ogly soltan Masut ykrar etmän ýördi. Bu gün üç bege üç welaýatyň berlendigini ykrar etmek ýeke-täk dogry çykalga hasaplandy. Şeýdip, ýamandan boýnuňy satyn almak islediler. Soltanyň külah menşurlaryny 2 Bu Nasr Mişkan taýýarlady. Şol külah menşurlar boýunça:
Nusaý welaýaty – Togrul bege;
Dehistan welaýaty – Çagry bege;
Farawa welaýaty – Musa bege berildi.3
Her welaýat boýunça aýratyn perman, şeýle hem her bege aýratyn beglik dony, tug taýýarlanyldy.
Soltanyň Sini atly wekili Nusaýa ýörite geldi. Togrul bege, Çag¬ry bege, Musa bege üç welaýatyň resmi taýdan berilýändigi hakdaky kulah menşurlaryny ýörite gowşurdy. Perman esasynda üç seljuk begi soltanlygyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem olara daýhan 4 unwany berildi.
Daýhan unwanyny alan begleriň özlerine berlen welaýatlarda doly ygtyýarly adamlardygy şalyk tarapyndan resmileşdirildi. Sini üç bege öz welaýatlarynda ýüze çykan meseleleri isleýişleriçe çözmäge doly ygtyýar berilýändigini gaýtalap-gaýtalap aýtdy.
Ol üç daýhana – bege soltanyň aýdan başga-da bir pikirini mälim etdi: soltan seljuklylara Jeýhunyň kenarlaryna göçüp barmaklaryny maslahat berýär; ol ýerlerde seljuklylara bu ýerlerdäkiden has amatly mümkinçilikleri, şertleri döredip berip biljek. Sini welaýat daýhanlarynyň her birine aýratynlykda birmeňzeş iki şahly lat, ýagny telpek, aýratyn eşik, bedew at, eýer, guşak, şeýle hem egin-eşik tikdirip geýmek üçin otuz görnüşli mata gowşurdy. Ýöne üç seljuk begi özlerine berlen egin-eşikleri, iki şahly laty, permany soltanyň wekiliniň gözüniň öňünde oda ýakdylar 5.
– Soltan Mahmytdan özüne mynasyp är nesil galmady. Ogly Masut nanýagy. Ol keýpi-sapadan – şöwhetden başga hiç bir zady bilmeýär. Goý, ol Gaznada keýpi-sapada ýaşabersin. Beýik babasynyň hatyrasy üçin biz ony öldürmeris, tagtdan-da düşürmeris, Gazna ýöriş hem etmeris. Ýöne indi Horasany ýadyndan çykarsyn. Çünki Horasan biziňki! – diýip, Togrul beg Sini wekile aýtdy.
Bu habary soltana doly aýtmaga Sininiň gaýraty çatmady, ýöne ol bolan wakalaryň gylyny gyşartman beýik hoja Ahmet-i-Abd-as-Samada ýetirdi.
Sininiň habary ýetirilmedik hem bolsa, soltan seljuk begleriniň edýän ähli işlerinden habarlydy, çünki Horasan sahyp beriddinden hem sahyp diwanyndan oňa günde-günaşa ýowuzdan-ýowuz habarlar gelip durdy. Ähli zada ygtyýary ýetýän soltanyň seljuk beg¬lerine ygtyýary ýetenokdy. Köşkde hem şolardan başga gürrüň ýokdy. Muňa onuň jany ýanýardy. Gijelerine ýatman, çykalga gözleýärdi, Hajy Mälige 6 öwrülen seljuk beglerini ýok edip biljek kişä soltanlygynyň gylla ýaryny bermäge razydy.

* * *

428-nji hijri ýylyň muharrem aýynda7 soltan Masudyň diwanyna seljuk beglerinden ilçiler geldi. Seljuk ilçileriniň biri öň samanly şalygynyň köşgünde işlän buharaly ulama Seýit Rawendidi, ikinjisi bolsa Togrul begiň nedimi emir Mübärekdi.
Iki ilçini ilki weziriň diwanyna eltdiler. Olary beýik hoja (wezir) Ahmet-i-Abl-as-Samat kabul etdi.
Seljuk ilçileriniň getiren hatynda Çagry beg bilen Togrul begiň serdarlygyndaky seljuk jemagatlarynyň Horasandaky akynlarda elleriniň ýokdugy, ol akynlary başga toparlaryň edýändikleri, özleriniň parahatçylykly, ylalaşykly, agzybir durmuşyň tarapdarydyklary, şeýle durmuş ugrunda göreşýändikleri, bu islegiň amala aşmagynda soltana ýakyn ýardamçy bolmak isleýändikleri, ýöne bu islegleriniň amaly üçin özlerinde hiç hili şertiň ýokdugy, ýagny soltanyň özlerine beren ykta ýerleriniň juda azlyk hem darlyk edýändigi, şonuň üçinem özlerine Merw, Sarahs welaýatlarynyň berilmeginiň zerurdygy, mundan-da başga, özleriniň ygtybarly ýardamçy-goragçy bolmaklary üçin käbir zatlaryň ýola goýulmalydygy: ilki bilen, soltanyň öz sahyp beridlerini, sahyp kazysyny, sahyp diwanyny Etege ugratmagynyň, olaryň ilatdan salgyt-mal bistegany ýygnap bermekleriniň möhümdigi, ýygnalan salgytlaryň hasabyna özleriniň Horasandaky topalaňçylary sebitden kowup çykarjakdyklary aýdylýardy8. Hatyň soňunda soltanyň hajyby Sübaşynyň Nyşapurda we Hyratda goşun jemleýändigi, eger şol goşun seljuklylaryň üstüne çoz¬mak maksady bilen jemlenýän bolsa, onda özleriniň mejbury ýagdaýda goranmaly boljakdyklary, ol goşuny kül-peýekun etjekdikleri, bu masgaraçylykly ýeňlişiň soltanlygyň abraýyny has-da pese düşürjekdigi, soltanlygyň düşjek wejera gününe özleriniň gynanjakdyklary, bu duýduryşyň boş duýduryş däldigi, diňe päk niýetli, dostana duýduryşdygy sypaýyçylykly ýaňzydylýardy.
– Kimmiş olar maňa akyl-duýduryş berer ýaly? – diýip, soltan Masut gazaplandy.
Seljuk beglerine geregi-de şoldy…

* * *

Seljuk begleri soltanyň goşuny bilen entek-entekler açyk darkaşa girmezlik, diňe gaçyp söweşmek – türkmeniň gadymy ur-gaç harby tilsimini ulanmak, howsala salmak hakda öz aralarynda ylalaşypdylar.
Olaryň Horasanda abraýynyň hem däsiriniň artýandygyna jany ýanýan soltan Masut seljuklylary ýok etjekdigine açyk göz ýetirse, bir günem durjak däldi, gitjekdi, tüýdüm-tüýdüm etmekçidi, bu maksadyna ýetmegi üçin ol hiç bir zatdan hem gaýtjak däldi, ýöne onuň ýeňşe ynamy azdy, il arasynda soltanlyk üçin döş gerjek adamlaryň köp däldigini bilýärdi. Welaýatlaryň raýisleri, amidleri diňe öz bähbitleri bilen başagaýdylar. Duza gaçan hem duz boljak eken. Soltan keýpi-sapany, agyr-agyr meýlisleri gowy görensoň, welaýatlaryň dikmeleri-de onuň ýoluny tutýardylar, günde-günaşa meýlis gurýardylar, hanafy mezhebine daýanyp, serhoşlykdan aňsat-aňsat açylmaýardylar9. Ýarym ýalaňaç zenanlara rakys oýnadyp, aýdym aýtdyryp, göwünlerini hoşlaýardylar. Soltanyň permanlaryny ýerine ýetirmäge olarda wagt-da ýokdy, höwes-de.
Seljuklylar bilen söweşip ýeňiş gazanjagyna ynamy berk bolmandan soň, soltan ýeňiş gazanjak ýerine – Hindistana ýörişe ugrady.
Ol Hindistana gidensoň wezirler we döwlet işgärleri özara geňeşdiler: «Seljuklylara geleň etmezlik – Horasanda olaryň işleriniň rowaç almagyna, köp güýç toplamagyna, berkemegine mümkinçilik döretmek. Olar Horasana ýylsaýyn berk ornaşýarlar, güýçlenýärler. Birki ýyl towuklaryna tok diýilmese, olar has hem güýçlenerler, biziň üstümizden öz hökümdarlyklaryny gurarlar. Bu sähel üşügi bar adam üçin düşnükli. Olar tiz wagtdan Horasanyň ähli ýerini eýelärler, soň biziň aýaga galmagymyz peýdasyz bolar. Seljuklylar Horasany doly eýelänlerinden soň, Gazna ýöriş ederler. Şol wagt olary saklamaga biziň küşdümiz ejiz geler. Häzirkimiz ýaly işsiz oturmagymyzy, aýdym-saz, keýpi-sapa bilen wagtymyzy geçirmegimizi häzirlikçe bes edip, seljuk kellagyrysyny aradan gutarnykly aýyrmasak, ertirki gün bize masgaraçylykly ölüm garaşýar».
Wezir-wekiller pikirlerini Hindistandan uly ýeňiş, uly olja bilen dolanan soltana aýtdylar.
Wah, görgüli!
Hindistana gitse, seljuk kellagyrysy – meselesi öz-özünden çözüläýjek, öz-özünden aradan aýrylaýjak ýalydy, ýöne ol öz-özünden çözülmedi, soltanyň bagryny iýýän gurt boldy.

* * *

Seljuk jemagatlarynyň öňki eden weýrançylyklary az görlen deýin, soltana Gyzyl başbuguň, Ýagmyr başbuguň Reý şäherinde edýän talaňçylyklaryny habar berdiler.
Soltan Reýdäki bozgaklaryň soňuna çykmak üçin öz hajyby Subaşyny «Yrak oguzlary» diýlip tanalýan seljuk başbuglary Gyzylyň hem Ýagmyryň jemagatlarynyň üstüne ugratdy. Merdawij atly uly emirini hem hajybynyň ýanyna goşdy.
Subaşy Reýde garşydaş tapmady, ol ýerde seljuk jemagaty ýokdy. Sebäbi Gyzyl bilen Ýagmyr bir ýerde uzak durmaýardylar.

* * *

Subaşy Hyratda, Nyşapurda dynç alyp, Çagry begiň üstüne – Merwe ýöriş etdi. Üç günde Merwe ýetdi.
Subaşynyň goşuny ýadawdy.
Çagry beg olaryň ýadawlygyndan peýdalanjak bolmady, öňünden çykmady. Salyr Gazan usulyny ulandy: şäheri boşadyp, çöle çekildi.
Hajyp Çagry begiň yzyndan kowup ugrady.
Çagrynyň maksady-da hajybyň gulamlary bilen gaça söweş etmekdi. Onuň esgerleri Merwiň töwerek-daşyna beletdiler. Şonuň üçin olar hajybyň goşunynyň garaşmadyk ýerinden zompa çykyp, hüjüm edip, her gezek köp adamy öldürýärdiler, köp mukdarda olja edinýärdiler.

* * *

Seljuklylar üçin çomry ýaşaýşynda ýaşamak mümkin däldi. Sebäbi gaznaly gulamlar obama-oba aýlanyp ýördüler. Olarda rehim-şepagat ýokdy, iň soňky kesemen tötegiňe çenli eliňden gaňryp alýardylar, egniňdäki eşigiňe çenli «salgyt» diýip, «paç» diýip sypyrýardylar. Şeýle bolansoň seljuklylaryň öýüdir rozysy atyň üstündedi. Ýorgan-düşegi, iýip-içjek owkady atyň ganjygasyndady.
Parahat ýaşaýyş ýokdy.
Ýaşamak welin gerekdi.
Gürrüň on-on bäş adam hakda gidenokdy, ähli kynyk neberesi, jemagatlary hakda gidýärdi.
Gürrüň Horasandaky ähli türkmenler hakda gidýärdi.
Näme etmeli?
Nirä gitmeli?!
Elbetde, nirädir bir ýere gidip bolar. Nirä?! Ähli barjak ýerleriň gaznaly soltanlygyna tabyn, diýmek, sen nirä barsaňam, soltanyň rahat ýaşatmajakdygy görnüp dur.
Ýeke-täk bir ýol bar.
Ol ýol – Oguz hanyň gylyç ýa kepen ýoly!
Oguz han bu däbi pederlerine ýöne ýere ýol-resim edip galdyrmandyr. Bu resim maksadyňa gowşurýar.
Gylyç ýa kepen ýoly näme?
Ol dogan-garyndaşlaryň bilen hoşlaşmak, hatynlaryňa talak berip, ölümiňi boýun almak, mydama täretli bolmak, egin-eşikleriňi çykaryp on alty gary biýze çolanmak hemem eliňe gylyç alyp: «Ýa Alla!» diýip, duşmanyň üstüne topulmak, ýa ölmek ýa-da ýeňmek!
Gylyç ýa kepen ýoly şu!
Ilki bilen-ä, soňundan ýapmasy kyn düşjek gapyňy açmaly däl. Rast, gapa el uzatdyňmy, ony açmagy-da, ýapmagy-da başar. Oguz ýurduny eýelemek – ony soltan Masutdan almak üçin eliňe gylyç aldyňmy, orta ýolda böwrüňe diň salma! Ýa al, ýa öl! Türkmende: «Gaýtmyşym» diýen zat öňem bolan däldir, häzirem ýok, soňam bolmasa gerek! «Gaýtmyşym» edýän türkmen däldir!
Ölen şehit bolar, ölen ýerinde depin ederler. Depin etmek üçin ýuwmak hökman däl, çünki ol öňden täretli. Kepene çolanmak hökman däl, çünki egninde on alty gary biýzi – kepeni bar.
Oguz hanyň gylyç ýa kepen resimi – ýa ýeňmeli, ýa ölmeli diýildigi bolýar.
Bu pikir soňky döwür köp gaýtalanýardy.
Bu seljuk beglerine makul görnen ýeke-täk pikirdi.
Şu babatda geňeşmek üçin ähli seljuk begleri, ähli seljuk başbug¬lary Merwiň etegine geldi. Gelenleriň arasynda musulmanlaryň göz-guwanjy, görnükli akyldar Abu Seýit Abylhaýyr hem bardy.
Parawly Parawbibiniň maslahatyndan soň, Çagry beg bilen Tog¬rul beg Abu Seýidiň dergähine barypdylar.
Abu Seýit Parawbibiniň sözlerini gaýtalapdy:
– Men size ýedi ýyl bäri garaşyp otyryn.
Belli pir seljuk beglerini ganatlandyrdy: gaznalylara garşy baş göterse, seljuklylaryň hökman ýeňiş gazanjakdyklaryny, öz döwletlerini döretjekdiklerini, söweşlerde Allanyň ýaran boljakdygyny gaty ynandyryjylykly aýtdy.
Pir Togrul begiň hatyny Altynjany ýanyna çagyrdy, oňa aýra¬tyn pata berdi. Ýakut daşlaryndan edilen monjugy engam etdi. Ol:
– Monjugy dakyn! – diýdi.
Altynjan monjugy dakynandan soň, pir ýene aýat okady, ýagşy dilegler etdi. Soňundan oňa gyzgylt taýlesan engam etdi. Altynjan çoh-çoh minnetdarlyk bildirip, taýlesany egnine atdy.
Bu gün pir pata bermek üçin Merwe Mähneden ýörite gelipdi.

* * *

Geňeşe Çagry beg kethudalyk etdi:
– Doganlar, gaznalylardan ýaňa bize gün ýok. Biz adam ýaly ýaşamak isleýäris, ýöne olar bizi bilgeşleýinden agyr güne salýarlar, agyr salgyt salýarlar. Olaryň bize salýan salgydyny Balh welaýaty üç ýylda berýär. Gaznalylaryň maksady düşnükli, bizi gyrmak, ýok etmek! Biz kysmata kaýyl bolup, başlarymyzy çapgy agajyna goýmalymy?..
Çagry begiň sözüni böldüler, seljuklylar ýerli-ýerden gy¬gyryş¬dylar:
– Gylyç ýa kepen!
– Gylyç ýa kepen!
Togrul beg ýerinden turdy:
– Gylyç ýa kepen!
Musa beg ýerinden turdy:
– Gylyç!
Ähli seljukly Musa begiň sözüni gaýtalady.
– Gylyç!
– Gylyç!
– Gylyç!
Geňeş uzaga çekmedi. Gaznalylaryň eden-etdiliginden ýaňa janlary ýanyp duran seljuklylar ölümlerini boýun alypdylar, garpyşmak, ar almak isleýärdiler. Sebäbi bu ýere ýygnananlaryň arasynda gaznalylardan zulum görmedigi ýokdy. Olaryň biriniň atasy, beýlekisiniň agasy, ýene biriniň inisi, başga biriniň ogly gaznalylaryň pidasy bolupdy.
Gaznalylar Muhsin Taky öldürdiler.
Ysraýyl Arslan hany öldürdiler. Onuň ýanyndaky ýüz elli ýoldaşyny öldürdiler.
Zamahşarda sekiz müňe golaý seljukly öldürildi!
Barat Alçak öldürildi!
Güneş öldürildi!
Sibir öldürildi!
Nasyr öldürildi!
Nusaýyň eteginde gor, nijema seljuklyny öldürdiler.
Seljugyň gül ýaly ýigitleriniň bir müňe golaýy Sarahs ýolunda gaznalylaryň elinden wepat boldy...
Seljuklylar gaznalylardan kän-kän sütem gördüler.
Seljuklylar sebäpli Altynjanyň hossarlary Abdylmälik han bilen Hajar hatyn wagşylyk bilen öldürildi.
Altynjanyň dogany Habyl dardan asyp öldürildi!
Zamahşaryň ilatynyň tas ýarysy öldürildi.
Abdylmälik hanyň öýündäki hyzmatkärler uçdantutma gyryldy.
Altynjanyň akgyzy Gülýüzli, daýzasy Şaýürek öldürildi...

* * *

Seljuklylaryň aýaga galmaly, mundan buýanky ýaşaýşynyň kepili üçin göreşmeli müddeti geldi.
Murgabyň kenaryna haýsy maksat bilen jemlenilişendigini bu ýerdäkileriň ählisi bilýärdi. Olaryň aňynda ýeke-täk bir pikir bardy: ol hem ähli kişiler bilen jem bolup, kasam etmek – gylyç ýa kepen resimine girmek, pir Abu Seýidiň rowaçlyk patasyny almak.
Abu Seýidiň rowaçlyk patasyny berjekdigi seljuklylaryň ynamlaryna ynam goşýardy.
Seljuklylar Merwden iki mil daşlykda, Murgabyň kenarynda jemlenişipdiler.
Alabahar paslydy, çeti-çerkezleriň aşaklarynda gyrtyçdyr ýuwa ýaňy ýeriň ýüzüne düşek bolup ugrapdy.
Bu ýere gelen adamlar köpdi, olaryň aňrysyna-bärisine göz ýeter ýaly däldi.
Adamlaryň hersi bir iş bilen başagaýdy. Olar topar-topar bolup ornaşypdylar. Kim atyna iým berýärdi, kim ot ýakmak bilen gümrady, telpeklerini, peşlerini ýassyk edinip ýatanlaram, üýşüşip naharlanýanlaram köpdi.
On-on bäş sany adam bolsa, toparyň içinde aýlanyp, gelenleri hasaba alyp ýördi.
Garaňky düşmegi bilen uludan ýakylýan otlaryň sany artdy.
Adamlar oduň daşyndan aýlanyp, Perwerdigäre mynajat aýdýar¬dylar:
– Ýa Hu, medet ber!
– Ýa Hu, ýeňiş ber!
– Ýa Hu, enaýat eýle!
Bu mynajatlar birsydyrgyn gaýtalandy.
Dolan Aý dogansoň ortada ýanýan ody has-da ulaltdylar.
Üç müňden gowrak kişi ellerini Aýa uzadyp, başky mynajatlaryny gaýtalady:
– Ýa Hu, medet ber!
– Ýa Hu, ýeňiş ber!
– Ýa Hu, enaýat eýle!
Bu gije sähetli gijedi.
Bu gije mynajatlaryň, islegleriň wysala gowuşýan gijesidi.
Gün – Hudaý!
Aý – Hudaýyň jübüti!
Aý – hökümdarlyk.
Aý – goşun, güýç.
Dolan Aý – hökümdarlyga, rowaçlyga ýol açýar, ugrukdyrýar.
Müneçjim Sowmagynyň aýtmagyna görä, şu günki dilegiň wysal tapmagy bilen seljuklylaryň uly mertebä ýetmegi ähtimaldy.
Seljuklylar oduň daşyndan aýlanyp, bir oda, birem Aýa ellerini uzadyp mynajat edýärdiler, özlerine medet, mertebe, soltan Masutdan rüstem gelmekde kuwwat bermegini dileýärdiler.
Elleri golçaly sakylar, şerapdarlar bolsa seljuklylaryň arasyna aýlanyp, olaryň jamlaryna meý guýup berýärdiler.
Wagt geçip durdy.
Wagt daňdana sandy.
Uklajak bolýan ýokdy.
Birden hereket togtady.
Üç beg – Çagry beg, Musa beg, Togrul beg öňe saýlandy. Olar batly ses bilen gygyrmaga başladylar:
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
Ähli kynyk ýigitleri üç seljuk beginiň sözüni gygyryp gaýtalady:
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
– Ýa Hu, gylyç ýa kepen!
Üç seljuk begi ýene batly gygyrdy:
– Ýa Hu, Gaýa neberesinden rüstem gelmäge medet ber!
– Ýa Hu, Gaýa neberesinden rüstem gelmäge medet ber!
– Ýa Hu, gylyç!
– Ýa Hu, Horasana hökümdarlyk etmäge medet ber!
Kynyk ýigitleri üç seljuk beginiň aýdan sözlerini üç mertebe gaýtaladylar.
Togrul beg, Çagry beg, Musa beg egnindäki eşiklerini çykaryp, lowlap ýanyp duran oda taşlady. Çuw-ýalaňaç bolan seljuk begleri Murgap derýasyna bakan gönükdiler.
Maksat – tämizlenmekdi, täretli bolmakdy.
Suw buz ýaly sowukdy, ýöne «Suw sowuk eken» diýýän ýokdy.
Üç seljuk begi derýada tämizlenip kenara çykdy.
Olaryň her birine on alty gary biýz mata berildi. Olar biýz mata – öz kepenliklerine dolanyp, oduň başyna bardylar.
Oduň başynda belent mertebeli Abu Seýit Abylhaýyr bardy. Ol ýanyna gelip duran üç seljuk begini ýeke-ýekeden gujaklady. Olara hoşamaý sözlerini gysganmady. Şondan soň tämizlenmek gezegi esgerlere ýetdi. Esgerler nyzama düzülip, ýeke-ýekeden Murgap derýasyna girip ugradylar.
Olar derýa girip tämizlenýärdiler.
Suwdan çykanlarynda bolsa, olara on alty gary biýz – kepen berilýärdi.
Her esgeriň suwa düşüp tämizlenmegi, on alty gary biýz mata dolanmagy bilen jahan mazaly ýagtyldy.
Abu Seýit Abylhaýyryň ýaşynyň segsene ser urandygy – garrandygy duýulýardy: eli hasalydy. Boýy biraz hökgeren, uzyn ak sakgally, inçesagt gojanyň elinden tutup, öz bedewine mündürdiler.
Allama ýüzüni kybla – Käbä tutup durdy. Onuň atyny jylawdarlar saklaýardy.
Akyldaryň öňünde üç seljuk begi – Musa ýabgu, Çagry beg, Tog¬rul beg ikidyz bolup oturdy. Her bir seljuk beginiň bir elinde ýaý, beýleki elinde bolsa gylyç bardy.
Her bir hereket üç sany nagaranyň sazlaşykly kakylmagy bilen dabaralandyrylýardy. Akyldaryň ata münmegi, Käbä bakyp durmasy, onuň öňüne ak pata almak üçin üç seljuk beginiň ýeke-ýekeden gelip, ikidyz oturmagy, olaryň ellerine gylyç bilen ýaý berilmegi nagaranyň düňňürdileriniň astynda geçdi. Nagaralaryň kakylmagy gylyç ýa kepen resiminiň geçirilişine dabaralylyk, resmilik, mukaddeslik berýärdi.
Akyldar Abu Seýit seljuk beglerine rowaçlyk patasyny 10 berdi, soň atdan düşdi, her seljuk begini täzeden gujaklady.
Seljuk begleri görnükli akyldaryň öňünde tagzym etdiler, öz minnetdarlygyny bildirdiler, ellerini Asmana serip gygyrdylar:
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
Abu Seýit Abylhaýyryň patasyndan soň, dünýä göýä ýalkym, tejelli çaýlan ýaly boldy, diňe bir üç seljuk beginde däl, üç müňden gowrak esgerde-de güýç-gaýrat goşalandy.
Patadan soň, diňe bir üç seljuk beginde – Musa begde, Çagry begde, Togrul begde däl, üç müňden gowrak esgerde gaznaly goşunyny ýeňjekdiklerine ynam goşalandy.
Abu Seýit geljegi öňünden oraşan görýän pir ahbetin!
Abu Seýidiň patasyndan soň, heý, işiň rowaç almazmy?!
Onuň her bir aýdan sözi amal alýar!
Ol aýtsa – Hak aýdýar!
Esgerler biri-birine buýsançly bakdylar.
Olar üç seljuk beginiň sözüni üç mertebe gaýtaladylar:
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
– Ýa Hu, medet!
Togrul beg ýanyna getirilen atyna böküp mündi, ýataganyny bulaýlap, daş-töweregindäkilere ýüzlendi:
– Byradarlar!
Birpaýyz dym-dyrslyk boldy.
Bu dym-dyrslyk ýöne bir dym-dyrslyk däl eken, ol esgerleriň batly gygyrmak üçin howany uludan demlerine soran pursady eken:
– Gylyç!
– Gylyç!
– Gylyç!
Bu seljuk begleriniň Aý hem Gün hezretlerine bakyp eden kasamlarydy.
Kasamdan soň, Togrul beg gysgaça nutuk sözledi:
– Byradarlar! Bize sütem edildi. Biz öz mertebämizi, namysymyzy goramak üçin ata çykdyk. Zulumhor mat bolar, biz maksadymyza ýeteris. Gaznalylary Horasandan kowup çykaryp, özümiziň döwletimizi dörederis. «Mümkin, siziň halamaýan zadyňyz siziň bähbidiňizdir»11. Biziň döwletimiz dünýäde iň adyl döwlet bolar. Biziň döwletimizde gurt bilen goýun bir güzerden suw içer. Biziň döwletimiz garyp-gasarlara howandar çykýan, olary goraýan, adam şekilli ýaşamagy üçin aladalanýan döwlet bolar. Biziň döwletimizde hökümdaryň gapysy halk üçin gije-gündiz açyk bolar. Biziň döwletimizde adamlar bolçulykda ýaşarlar, parahat ýaşarlar. Alkyş alyp, sogap gazanarys. Bu gün külli musulmanyň göz-guwanjy, allama Abu Seýit gelip, bize rowaçlyk patasyny berdi. Biz allamamyzyň ýüzüni ýere salmarys. «Şübhesiz Alla tarapynda bolanlar üstün bolarlar» 12, biz üstün bolarys.

* * *

Günüň dogup gelýän çagynda Abu Seýit Abylhaýyryň pata bermegi bilen seljuklylaryň durmuşynda täze döwür başlandy.
Şondan soň seljuk begleriniň durmuşynda düýpli özgerişlikler bolup geçip ugrady.
Olar anyk karara geldiler: oglan-uşaklaryň, haremhananyň gaznalylara ýesir düşmezligi üçin öňünden aladasyny etmeli – olary söweş boljak ýerden uzak mekana äkitmeli, iň ygtybarlysy, Oguz çölünde gizlenmeli!
Altynjan bu tutumy aňlaýardy, ýöne ol özüniň, hareminiň Oguz çölüne ugradylmagyndan ätiýaç edýärdi. Muhammet Tog¬rul beg geňeşleriň birinden soň, Altynjanyň eşitmekden gorkup ýören sözüni aýtdy:
– Altynjan, soltanyň goşuny biziňkiden dört-bäş esse artyk. Bu deň bolmadyk söweşleriň birinde meniň şehit bolmagym mümkin. Süňňüm bir zatlary syzýar meniň... Gylyç ýa kepen resimi boýunça men saňa talak bermeli. Sebäbi entek biziň çagamyz ýok. Meniňem saňa talak beresim gelenok, ýanymda bolmagyňy isleýärin, ýöne maksat jandan ileri. Herhal, men saňa talak bermeli bolaryn.
– Meni öldüriň, ýöne öz ýanyňyzdan aýyrmaň, begim. Men siziň diri ýeriňizde diri, öli ýeriňizde öli bolmak isleýärin. Maňa başga ýaşaýyş gerek däl.
– Altynjan, maňa dogry düşün, men seni hatyndygyň üçin guma ugratmakçy bolamok, ýok, men seni şirin janymdan hem eziz görýändigim üçin goramakçy – ugratmakçy bol¬ýaryn. Düşünýärsiňmi? Meniň bu dünýäde senden başga ýüregime ýakynym ýok. Seniň ornuňy tutup biljek hatyn-da ýok. Düşünýärsiňmi? Sen meniň ýeke-tägim, ýüregim! Sen meniň üçin ähli zat! Sen meniň şu dünýämiň manysy! Saňa bir zat bolsa, – Hudaý saklasyn! – men çekip-çydap bilmerin. Saňa derek söweşjekler tapylar, ýöne seniň ornuňy tutup biljek hatyn, adam bu dünýäde tapylmaz! Geregem däl! Seni goramak meniň borjum! Sen guma git! Ol ýerde ýaşajyk gyzlardan özüňe kyrk sany keniz taýýarla! Atabeg mekdebimizde ýaşlara sapak ber!
Altynjan başky sözlerini gaýtalady:
– Meni öldüriň, ýöne meni öz ýanyňyzdan aýyrmaň!
Muhammet Togrul beg dymdy, diýmek, ol hatynynyň galmagyna razy boldy.
Altynjanyň Togrul begden aýratyn bir howatyr edýän zady bardy. Ol hem begiň söweşe çykanda başyna tuwulga 13, egnine çaraýnadyr 14 sowut geýmeýänligidi: «Gara başym gerek bolsa, Perwerdigär hernäçe gorasam hem aparar, ýogsam hem özi gorar» diýip, ol Altynjanyň özelenmelerine jogap berýärdi. Togrul beg Taňrynyň her bir han göteren kişisine bäş peşgeşi berýändigine 15 ynanýardy. Şu ynam hem oňa güýç berýärdi.
– Allatagala bil baglasaňyzam baglaň welin, özüňizdenem biraz alada bolsun. Ähli keşigiňizi Allatagala çekdirjek bolýarsyňyz. Daşdan seretseň, «Bu kişä jan gerek däl bolarly» diýen pikir döreýär. Şeýle pikir Allatagalada-da döräýmesin.
– Dul galmakdan gorkýarsyňmy?
– Gorkýaryn.
Hasan beg Altynjanyň sözlerini goldady.
– Melike dogry aýdýar...
– Baş söweşe girenimde geýerin, häzirki maksat – göç – diýip, Togrul beg jogap berdi.
Göç üç günläp dowam etdi. Altynjan seljuk begleriniň haremhanasynyň, oglan-uşaklarynyň Oguz çölüne çekilmegine ýardam berdi.
Özi Togrul begiň ýanynda galdy.

* * *

Seljuk türkmenleriniň Oguz hanyň gylyç ýa kepen däbine eýermekleri milletiň alaçsyzlygynyň, ýagny ejizliginiň däl-de, güýjüniň, içki ýaşaýyş mümkinçilikleriniň herekete girip başlandygynyň alamatydy. Diňe ruhy hem beden taýdan güýçli halk üçin ömür bilen ölüm deňleşip biler. Erkinlik diňe bir ýaşaýşa, dirilige bolan ymtylma däldir. Erkinlik ölüme gorkusyz garap bilmekdir. Ruhy taýdan iň azat adamlar ölüme dözümli, ölümden rüstem bolup bilýär. Seljuklylaryň bolşundaky çykgynsyzlyk diňe daşky, aldawçy alamatdy. Gylyç ýa kepen däbi milletiň juda güýçlüliginiň ýüze çykmasydy. Ölümden gorkýan adamlar güýçli hasaplanyp bilinmez. Beýik maksatlaryň, uly tutumlaryň öňünde ölüm hiç zat bolup galýar. Ynanç ölümi gorkusyz, howpsuz bir närsä öwürýär, ýogsa diňe ynsan däl, ähli janly-jemende üçinem ölümden gorkuly, ölümden uly betbagtlyk ýok ahyryn. Bu – tebigatyň, ýaşaýşyň adatylygynyň kanuny. Bu ýowuz kanundan diňe beýik ruhy maksatly adamlar ýokary galyp bilýär. Şonda halkyň ikinji bir göteriji ruhy şahsy bitewilikde kemala gelýär. Onsoň milletiň öňünde hiç bir zat durup bilmeýär. Şonda öňündäki päsgelçilik derýasy kiçijik ýaba öwrülýär. Bu güýç-kuwwat asmandan gelýär. Asman güýjüniň öňünde zemin böwedi joşup gelýän siliň ýolundaky kesege çalym edýär...

(dowamy bar)...





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 47 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]