05:41
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -6
Altynjy hekaýat

IKINJI BASGANÇAK

Altynjan melike – nedim. Özem bu wezipäni Togrul beg kätibiniň üsti bilen resmileşdirdi, halyfyň wezirleriniň haky bilen deň hak – müň dinar hak belledi. Şeýle hem oňa dabaraly ýagdaýda hatyn unwany berildi. Seljuk zenanlarynyň içinde bu ada ilkinji gezek Altynjan mynasyp boldy.
Ol her gün bir eşik geýýärdi, ýöne ýörişe gidende diňe adamsynyň nika gijesindäki beren eşigini geýýärdi, bu eşigi ähli eşiginden eziz görýärdi, ony ýassygynyň aşagynda ezizläp, nahan saklaýardy.
Togrul beg Altynjan üçin ýöriş hem söweş eşigini tikdirdi. Bu eşik ata münmek, ýöremek üçin gabyldy. Eşigiň bir artykmaçlygy bardy, ol artykmaçlyk erkek kişileriň egin-eşikleriniň biçüwinde zenanlaryň geýýän gymmatbaha atlaz matasyndan tikilenligidi.
Altynjan altyn guşagyndan Tümen daýysyndan galan altyn saply hanjaryny asardy. Beg hatynynyň ýörişlerde hanjarly, ýarag¬ly bolmagyny unasa-da, haremhanada hanjarly gezip ýörmegini unamandy. Şonuň üçin ol hatynyna şeýle diýdi:
– Öýde hanjar göterip ýörme. Batman neressäniň ogly baradaky howatyryňy aňyňdan aýyr. Men onuň bilen gowy düşünişdim. Ol indi seniň ýakynyňa gelmez. Onsoňam men ony Balhana 1 amid edip ugratdym.
Altynjan bu sözden soň – hanjaryny haremhanada goýup, ilkinji gezek daşaryk çykanda, öwrenişmänligindenmi-nämemi, göwnüne, garaşylman durka begiň janyna kast ediläýjek ýaly boldy durdy.
Dogry, begi goraglap ýörmegiň zerurlygam ýokdy, çünki ony dört ýüz adam goraýardy.
Beg ýörände üç hatar mufrat – haşam 2 öňden, üç hatar jandar sagdan-soldan, üç hatar şatyr hem yzdan ýöreýärdi.
Begi goraýan şatyrlar, jandarlar ynamdar, daýaw, türgen, batyr ýigitlerdi. Olar goraga alnanda wepaly hyzmat etjekdikleri barada Gurhandan ant içýärdiler.
Antyň bozulan ýerinde erkek kişiniň mertebesi gutarýardy.
Seljuk jemagatynda jandarlar, şatyrlar, haşamlar, mufratlar çagalykdan ýörite bilim-tälim berlip ýetişdirilmäge başlandy. Olar öz ata-eneleriniň kimlerdigini, özleriniň nirede dünýä inendiklerini bilmeýärdiler. Ýabgulyk agyr söweşlerde ata-eneleri wepat eden ümbülmez ýetim çagalary haşamlyk üçin ýörite ýygnaýardy. Olary durmuşdan üzňelikde ýaşadýardylar, terbiýeleýärdiler. Olaryň hossary-da, arkadagy-da – Togrul begdi.
Haşamlaryň yhlaslylygyny Altynjan mundan bir ýyl öň görüpdi. Şonda bir obanyň adamlary bilen Togrul beg gürleşip durka köpçüligiň içinden eleşan eşikli bir juwanmert kişi begiň aýagyna ýykylyp tagzym etmek üçin öňe çykdy, ýöne jandarlar onuň maksadyna ters düşündiler: ony begiň janyna kast etmekçi bolandyr öýtdüler. Haşamlaryň iki sanysy wagşyýana gygyryp, eleşan görgüliniň üstüne towusdy, çem gelen ýerinden hanjar urdy. Eleşanyň bedeninde hanjar sokulmadyk abat ýer galmady. Ony öldürmek üçin hanjaryň ýeke gezek jaýdar sokulmagy hem ýeterlik welin, haşamlaryň her biri ol eleşanyň endamyny eşigindenem bäş-on esse eleşan etdiler. Haşamlar wagşylaşypdylar: howandar-keramat hasaplap ýören begleriniň janyna kast ediljek bolunmagy olary gazap atyna atlandyrypdy.
Eleşanyň eleşan eşikleriniň arasyndan zogdurylyp gan akýardy.
Bu aýylganç görnüşiň şaýady bolan halaýygyň haýýady göçüpdi, olaryň içinde özünden gidenleri-de az däldi.
Şol görnüş Altynjanyň hem göz atuwyndan aýrylmaýardy.
Ol dogany Kabyla, çiltenlerine her gün hüşgär bolmagy sargaýardy.

* * *

Begiň goragynyň sahyby Peýkamdy. Ol Altynjany halamaýardy, oňa göwni-de ýetmeýärdi. Görer göze welin, ýalym-ýulumdy: her gezek duşuşanda «Gelin, manlykmydyr? Hudaýtagala seni Togrul üçin ýaradypdyr. Siz biri-biriňize mynasyp jübüt. Näme gerek-ýaragyň bolsa, çekinmän aýtgyn, seniň möhümiňi hökman bitireris» diýerdi.
Altynjan hem öz gezeginde hoşamaýsyrardy:
«Hudaýa şükür, siziň barlygyňyzda biz örän arkaýyn. Bir zerurlyk ýüze çyksa, hemaýatyňyzy gaýgyrmajakdygyňyzy bilýärin. Siziň ýaly garyndaşlarynyň, siziň ýaly razdanlarynyň barlygy – Togrul begiň rowaçlygy!»
Altynjan içinden başga zat diýerdi. «Eý, garry ýigrenji, aýagyňy göre sokup otursyň. Pisiňi aşyryp, özüňi ýigrendirip ýörmän, galan ömrüňi agtyklaryň arasynda öýüňde geçirseň bolanokmy? Ölmek niýetiň ýokmy seniň?!»
Peýkam – ýaşynyň bir çene barandygyna seretmezden bady¬howa, sögünjeň kişidi.
Altynjan Togrul beg ilkinji gezek düşünişmek üçin Zamah¬şara baranda, Peýkam: «Gapyl, ganjyk!» diýip, Altynjana azgyrylypdy. Şondan bäri Altynjan Peýkamy ýigrenýärdi.
Togrul begiň öz goragyny Peýkama ynanmasy Altynjan üçin düşnüksizdi. «Ol Dürnazar ýa Bekdaş ýaly düşbi, duýgur däl ahyryn!» diýip, içini gepledýärdi. Daşyndan welin, bege hiç zat aýtmaýardy.
Käteler Togrul beg:
– Altyn gyz, sen maňa ýüregiňi doly açmaýarsyň. Munyň nädogry. Seniň menden ýaşyryn pikiriň bolmaly däl – diýýärdi. – Sen nämedir bir zada garaşýan ýaly.
Altynjan begiň duýgurlygyna haýranlar galardy. Hakykatdan hem ol begiň ýanynda doly açylmaýardy, näme üçindigini özi-de bilmeýärdi.

* * *

Namazşamyň öňüsyrasydy.
Goşun Tusuň 3 dört kerwe günbatar tarapyndady. Altynjan da¬şarda Kabyl bilen durdy.
Kabyl öwünýärdi. Şeýlebir göçgünli öwünýärdi welin, aýdýan zatlaryna häzir hakyt özem hezil edýärdi.
Altynjanyň ýanynda duran çiltenleriň serkerdesi Akgaýa bilen Çyrlak onuň diýýän zatlaryny diňläp duruşlaryna syrly ýylgyrýardylar. Kabyl ol ikisine ünsem berenokdy, onuň ünsi Altynjandady. Ol gürrüňi Altynjana berýärdi. Rast, ol ynanýarmy, Kabyl üçin ýeterlik şol! Altynjan hakykatdan hem Kabylyň başdan geçirmeleriniň hakdygyna ynanýardy, oňa guwanýardy.
Kabylyň gürrüňine görä, ol ýolbars ýalydy, öňünden çykany öldürip gidip barýardy. Ol ýalan sözlemeýärdi, hakykaty aýdýardy. Aýdylýan hakykat – bitirlen iş şöhratlydy, şeýle bolansoň, ol öwünme ýaly bolup eşidilýärdi.
Togrul beg Anuşirwan, Şirpenje Tabgaç, Abylkasym Buýany, serkerde Halaç daga nämedir bir zady janygyp düşündirýärdi.
Olaryň duran ýerlerinden ýigrimi-otuz ädim aňyrdan goşunyň hymalary başlanýardy. Esgerler öz aladalary bilen başagaýdylar. Olar begiň duran ýerine ýakynlaşmaýardylar.
Togrul beg dagy özara gürleşip hymalara bakan dähedem-dessemläp ugrady. Olar hymalara o diýen ýakynlaşman yzyna öwrüldiler. Serkerde Halaç sesini çykarman aýdylýan zatlary düýrmegi bilen diňleýärdi. Muhammet Togrul beg bolsa oňa nämedir bir zady janygyp düşündirýärdi. Serkerde begiň aýdýan sözlerini baş atyp öwran-öwran makullaýardy, mahal-mahal hem ýüzüne gonýan siňekleri elini galgadyp kowýardy.
Jandarlar serkerdäniň elini galgadyp siňek kowmasyny kimidir birini çagyrmak diýip düşündiler. Şundan peýdalandymy ýa bu zatlara üns bermezden maksat tutdumy-nämemi, hymalaryň arasyndan ýeňil geýnen ýigrimi bäş-otuz ýaşlaryndaky hortap, köseleç gulam aýakýalaň, baş açyk halda Togrul bege bakan ýylgyrjaklap gaty-gaty ýöräp ugrady. Gulam Altynjanyň inini jünbüşe saldy.
Altynjan Togrul bege bakan gönügen bu köseleç gulamyň ýüzi gülüp dursa-da, içinde tüweleý gopýandygyny onuň tebsiräp duran dodaklaryndan aňdy, onuň her bir ädimini, her bir hereketini mukytlyk bilen yzarlady, uly howpuň abanýandygyny on iki süňňi bilen syzyp, özi bilmezden begiň öňüne galkan bolmak üçin ylgamaga başlady.
Köseleç gulam sag elini donunyň içine sokanda onda bet matlabyň bardygyna Altynjanda birjik-de şübhe galmady, ol çirkin gygyryp, bege bakan ok bolup atyldy.
Gulam Altynjanyň wagşyýana gygyryp, begiň öňüne galkan bolmak üçin gelýändigini görüp aljyrady: ät galmazlyk üçin howlukdy. Begiň on-on iki ädim ýakynyna gelende çala sägindi-de, bege bakan ak saply hanjary bat bilen atdy. Altynjan özüni begiň üstüne oklady.
Altynjanyň badyna Togrul beg ýykyldy.
Hanjar yzda duran Halaç serkerdäniň döşüne çümdi.
Atan hanjarynyň bege degmändigine jany ýanan gulam goltugyndan ikinji hanjaryny çykaryp, begiň üstüne topuldy.
Altynjan Togrul begiň bilindäki hanjary çakganlyk bilen sogrup aldy-da, gulama bakan wazyrdadyp atyp goýberdi.
Hanjar köseleç gulamyň boýnuna çümdi. Ol sähel säginip boýnuna çümen hanjary batly sogurdy, boýnundan akýan gany seçeläp, ylgawyny dowam etdirdi. Uzak ylgap bilmän, entirekläp ýykyldy.
Köseleç gulama biraz salymdan güýç geldi, hokurdap ýerinden galdy. Şol wagt Kabyl ýetişip gelip, köseleç gulamyň depesinden şeşperini inderip, kelleçanagyny paçak-paçak etdi.
Togrul beg garysyna galyp, Altynjanyň hanjar zyňyşyny, köseleç gulamyň üstüne ýaraly ýolbars ýaly bolup topulyşyny görüp, aňk boldy.
Şirpenje Tabgaç bilen Anuşirwan Togrul begiň ýerden turmagyna tekge berdi.
Sähel salymyň içinde bolup geçen ahwalata ynanar ýaly däldi. Hiç kim bu ahwalatyň täsirinden çykyp bilenokdy.
Ähli kişi doňan ýaly bolup sarsman durdy.
– Begim, size hiç zad-a bolan däldir? – diýip, Anuşirwan saňňyl-saňňyl etdi, begiň üst-başynyň tozanyny kakyşdyrdy, oňa Kabyl-da ýardam berdi.
– Ýok, maňa bolan zat ýok.
Özüni dürsän Togrul beg töweregine garanjaklady. Onuň nazary Altynjanda saklandy. Beg oňa näme diýjegini bilmeýän ýaly, birpaýyz dymdy, başyny aşak saldy. Soň ýene töweregine garanjaklady. Nazary ýene Altynjanda saklandy:
– Sen meniň askudarymy nädäýdiň?
Altynjan nämä garaşsa-da, begden bu söze garaşmandy. Ol bege geň galyp seretdi.
Kabyl öz uýasyny hasam geň galdyrdy:
– Altynjan ýalňyşdy, size kast ediljek bolunýandyr öýtdi, hökümdarym, ýöne siziň ýakynyňyza guş gelse, ganatyndan, ýagy gelse, kel¬lesinden mahrum bolar. Men size howp abanmagyna ýol bermerin. Siz meniň doganymyň günäsini geçiň, hökümdarym! Askudara men: «Beg ýanyna çagyrýança garaş!» diýip buýrupdym. Olam garaşdy. Askudar ýanyňyza gelmekçi bolanda Altynjan ony tanamady. Onuň Altynjany öldürmek üçin atan hanjary-da Halajyň bagtyny ýatyrdy.
Halajyň ölümi bege agyr degdi. Ol serkerdä ertirden bäri etmeli işle¬rini birin-birin düşündiripdi. Indi ol düşündirişleriň boş geçdigi bolýar.
Serkerde Halaç ýaly ýigitleri ýetişdirmek aňsatmy näme? Onuň ýaly edermen, ugurtapyjy serkerdeler seýrek dogulýar. Ýöne çawyp gelen hanjar garaşman durkaň ömür tanapyňy üzäýýär. Ol hanjary Allatagalanyň saňa sary haçan göňderjegi belli däl...
Herhal, bolup geçen bu ahwalat goşunyň arasynda serkerde Halajyň janyna kast edildi diýlip ýaýradylsa ýerlikli boljak. Goý, gulamlar Togrul begiň, onuň hatyny Altynjanyň janyna kast edip boljakdygy barada pikirem etmesinler!
– Halaç batyr, gaýduwsyz serkerdedi. Ol gäwürleriň, karmatlaryň, zyndyklaryň 4, şerigat ýoluny bozýanlaryň üstüne ýolbars-babyr bolup topulardy. Ýöne Halajyň öz duşmanlary bardy. Bekdaş bilen Dürnazar birki gezek oňa hüşgär bolmagy tabşyrypdyr, ýöne Halaç geleň etmändir. Ol duşmanlary barada bize habar bermedi. Olar bilen özi haklaşmakçy boldy. Bizi habardar etmänden soň, biz Halajyň ýagylarynyň näme etjegini bilmän, ät galdyk. Halajyň duşmany üç aýlap yzyndan galman, amatly pursada garaşyp gezipdir. Her bir serkerdäniň Togrul begden ýaşyryn zady bolmaly däldir. Her bir serkerde Togrul begiň ganatynyň aşagynda berk goragda bolmalydyr. Halaçly ýagdaý indi gaýtalanmaly däldir.
Togrul begiň bu sözleri esgerleriň arasynda öwran-öwran sözme-söz gaýtalandy.
Altynjan begiň sözünden soň göwünli-göwünsiz haremine girdi. Haremde onuň ýüregi agzyndan çykyp barýardy: özüniň ýalňyşandygyna teý ynanyp bilenokdy.
Altynjan begiň diýen sözlerini içine sygdyryp bilmän, gaharyna titir-titir edýärdi, öwran-öwran hyrçyny dişleýärdi.
Altynjanyň bolşy özüni öldürjege meňzeýärdi.
Ol hanjaryny emaý bilen sypady, töweregine garanjaklady.
Onuň göwnüne ähli zatlaryň manysy gaçypdy.
Hana, sandyk-sandyk eşikler!
Hana, gymmatbaha şaý-sepler!
Olaryň bary indi Altynjana gerek däl. Ol öň egin-eşiklerine buýsanardy, gymmatbaha şaý-seplerine-de buýsanardy. Nika gijesinde Togrul begiň beren erkek eşigine-de buýsanardy. Indi ol zatlaryň gyzygy gaçdy.
Altynjan şu güne çenli ömründen razydy, ýöne indi ömrüň nämesinden razy boljak?
«Men ölsem, Kabyl bilen Anuşirwan Muhammet Togrul begi terk ederlermikä?! Belki, galarlar, bege gulluk ederler? Anuşirwan-a eder. Sebäp ol köşgi, soltanaty janyndan eziz görýär. Ýöne olary beg sak¬lamaz, kowup goýberer. Ýa beg olary: «Meniň merhum hatynymyň doganlary» diýip hatyralarmyka? Hatynyny hatyralamadyk är onuň dogan-garyndaşynyny-da hatyralamaz. Meniň çiltenlerimiň güni nähili bolarka? Olaryň güni kyn-a bolar...»
Togrul gadyr bilenok!
Altynjan bolmasa, ol nähili ýaşar?
Ony öldürerler.
Altynjan bolmasa, ony uzak ýaşatmazlar: Sadyk tetelliler ýeke däldirler.
Haremiň daşarsynda kimdir biriniň ardynjyramasy eşidildi.
Begmikä?
Daşardaky ardynjyran kişi Togrul begiň gelýändigini habar berýän bolaýmasyn?! Ýok, begiň gelýändigi üç gezek ýuwaşja ardynjyramak bilen habar berilýär.
Daşardaky kişi iki gezek ardynjyrady.
Iki gezek ardynjyramak – bu Altynjanyň daşaryk çykmaly¬dygy¬nyň alamaty. Altynjan çykmalydygyny bilse-de, gurt bolup ýatyrdy.
Altynjan oňa üns bermedi, ýatan ýerinden gozganmadam.
Daşardaky kişi zol-zol ardynjyrady.
Barybir, Altynjan daşaryk çykmady.
Gapy açyldy.
Altynjan göwünli-göwünsiz gapa seretdi.
– Altynjan!
Altynjan Kabyly gözleri bilen dalady:
– Nä ýüzüňe geldiň?
– Ýüzüme näme bolupdyr meniň?
– Utançsyz!..
– Sen hakykatdan hem ýalňyşdyň, Altynjan. Sen hiç bir zadyň aňrysyna seretjek bolmaýarsyň. Sen mydama gyssanmaç. Batman bilen Tahyr neresseleri-de nähak öldüripdiň. Bu gün bolsa askudary nähak öldürdiň.
– Gözüme görünme!
– Saňa beglerbegi garaşýar!
– Näme?
– Togrul beg seni puta 5 çagyrýar!
Daşişikden Togrul begiň sesi eşidildi.
– Altynjan, bärik gel!
Altynjan ep-esli salymdan soň daşaryk çykdy.
Togrul beg putadan iki-üç arşyn çemesi ara daşlykda durdy. Ol duran ýerinden puta bilen aralygy ädimläp ölçemäge başla¬dy. On-on bäş ädim ädip saklandy.
– Altynjan, hälki hanjar atyşyň şindem göz atuwymdan aýrylanok. Şol ussatlygyňy ýene görkez maňa.
– Hökümdarym, ýaşkak işimiz puta oýnamakdy. Nyşana atmakda Zamahşarda meniň öňüme geçip bilýän ýokdy. Altynjan hem menden köp zat öwrenipdi şonda – diýip, Kabyl göçgünli gürledi.
Ol ýene köp zatlary aýtjakdy welin, Anuşirwan gürleme diýen terzde onuň böwrüne hürsekledi. Soňam howlukmaç gürledi:
– Nyşana urmakda, begim, size taý geljek ýok. Men siziň ussatlyklaryňyzy darkaşlarda görüp ýörün ahyryn.
– Dogry, darkaşlarda görüp ýörüs.
Açyk meýdanda dikilen agaçdan nyşana urmak – puta üçin palawkädi asylypdyr.
Bir haşym begiň duran ýerine kiçeňräk sandyk getirdi. Sandygyň içi durşuna hanjardy.
Beg wezir-wekilleri Abylkasym Buýany, Ahmet Dehistany, Ýusup Bazyrgany, Dürnazar, Peýkam, Bekdaş, Şirpenje Tabgaç, Magmarany, Mübärek, Ýyldyrym Sebzewar dagy bilen durdy.
Emir Uhjury, Kabyl hem Anuşirwan dagy bolsa, bir ýerde durman iki ýana gaýmalaýardy. Olar begiň hoşuna gelmäge çalyşýardylar.
Togrul beg Altynjan gelensoň haşymyň saklap duran sandygyndan her eline bir hanjary aldy-da, olary ýeke-ýekeden puta – palawkädä atdy.
Iki hanjar palawkädä biri-birine ýanaşyk çümdi.
– Aperin! Aperin! – diýip, Anuşirwan ibn Tümen gygyrdy.
Togrul beg ýylgyrjaklap Altynjana ýüzlendi:
– Ýaňy aňk etdiň, başarnygyňy, hany, ýene görkez, Altynjan!
Altynjana begiň bolşy – sözleri gaty düşnüksizdi. Togrul beg hakykaty bilýär. Bilmeýän bolsa: «Hälki hanjar atyşyň şindem göz atuwymdan aýrylanok», «Ýaňy aňk etdiň, başarnygyňy, hany, ýene görkez» diýmez?! Rast, ökdelik görkezilip, aňk edilen bolsa, şol wagt minnetdarlyk bildiräýmeli eken-dä! Begiň bu sözleri Altynjana belli bir derejede teselli beren-de bolsa, ony doly kanagatlandyrmady, rahatlandyrmady. Ol özüniň aşa ökdeligini Togrul begiň gözüne bazyrdadyp basmak isledi: şu isleg bilen ýuwaşja ýöräp, elinde içi hanjarly sandyk saklap duran haşymyň ýanyna bardy, hanjarlary ýeke-ýekeden saldarlap gördi.
Altynjanyň aňynda bu mahal diňe bir pikir hökümdarlyk edýärdi. Ol hem Togrul bege göz görkezmek pikiridi, tyg zyňmakda özüniň begden ökdedigini aýan etmek isleýärdi, elbetde, hökümdardan ökdedigiňi görkezjek bolmagyň öz betbagtlygyňa bakan ädim ätmekdigi hakda Hajar hatyn, gör, näçe gezekler oňa janygyp-janygyp aýdypdy. Barybir, bu mahal özüniň ýöne-möne hatyn däldigini, hut öz ärinden ökdedigini her edip-hesip edip görene göz etmek hyjuwy öwç alyp, öz erkine goýanokdy. «Eger ökdeligim meniň etmişim bol¬ýan bolsa, goý, meni soňundan öldüräýsin, ýöne özümiň ökdedigimi subut etmäge pursat döredeni üçin, men ondan minnetdar bolmaly. Men häzir maksadyma ýeterin. Özümiň ondan ökdedigimi subut ederin. Soň ölerin. Herhal, men maksadyma ýetip ölerin. Maksadyňa ýetip ölmek – bu Allatagalanyň ýalkawy. «Isle kynçylykdyr çykgynsyz ýagdaýa düş, isle-de hazynaly bol, höküm sür, barybir, bu bäşgünlük dünýäden gidersiň» 6 Eý, Biribar, iň soňky gezek ärimden rüstemdigimi aýan etmäge pursat ber!»
Altynjan masgara bolmazlygy, goldamagyny, göz görkezmegine goldaw bermegini Perwerdigärden pyşyrdap dileg etdi.
– Altynjan, pyşyrdap kim bilen gürleşýärsiň? – diýip, Togrul beg Altynjana gep gatdy.
Ol pyşyrdamasyny goýdy.
Daýysy Tümen beg göz atuwynda janlandy. Eline ýatagan alan ilkinji günlerinde Altynjana Tümen beg ýörite pent edipdi: «Eliňe ýatagan alyp, söweşmäge başlanyňda aňyňdan ähli pikiriňi-zikiriňi zyňyp taşlamaly, bar ünsüňi söweşe bermeli. Garşydaşyň her bir hereketini, näme etjek bolýandygyny gözüň bilen däl, ýüregiň bilen görmegi başarmaly. Ine, şuny oňarsaň, ýeňiş ýylgaý seniňki bolar!» Bu pikiri Altynjana ömründe köp kişiler aýdypdy, Togrul beg hem aýdypdy.
Altynjan juda bir kösenmezden aňyndaky pikirleri aýryp taşlamagy başarýardy. Ol ýene aňyndaky pikirlerden saplanmak üçin gözlerini çalaja süzdi. «Altynjan, sen bege göz görkezmeli!» diýip, ol içinden bäş-alty gezek gaýtalady. Hanjarly eline seretdi.
Ol ynam bilen nyşana atmaga girişdi.
Birinji gezek atdy.
Ikinji gezek atdy.
Perwerdigär Altynjany her gezek goldady: onuň zyňan sekiz hanjary islän ýerinden çümdi. Olaryň biri Togrul begiň atan iki hanjarynyň arasyna çümdi, galany bolsa şol iki hanjaryň daşyna halkalaýyn aýlandy.
– Aperin! Aperin! Nähili takyklyk! – diýip, Abylkasym Buýany dillendi, bir nyşana, birem bege seretdi. Onuň bu sözüni duranlaryň köpüsi goldady, Altynjanyň halamaýan Peýkamy-da goldady, ýöne Kabyl bilen Anuşirwan seslerini çykarmady.
– Anuşirwan, Kabyl, siz hiç zat aýtmak isläňzokmy? – diýip, Altynjan çikjerip sorady.
– Melike, çoh takyk urduňyz! Aperin size! – diýip, ähli kişiden aýry duran emir Hapban Endikäni ýalym-ýulum etdi.
– Men Kabyl bilen Anuşirwanyň pikirini bilmek isleýärin.
– Gowy, gowy! – diýip, Kabyl zoraýakdan aýtdy.
– Anuşirwan, sen näme diýjek?!
– Gowy! – diýip, Anuşirwan ysgynsyzja seslendi.
Togrul beg sesini çykarmady: şondan soň Altynjan ýene haremine dolandy, içerik giren ýerinde aşak çökdi, bir çugdam bolup, başyny aşak salyp oturdy. Togrul beg içerik girende, aňk-taňk bolan dek gözlerini petredip ýerinden galdy.
– Altynjan, men bu gün atam Seljuk begiň asfury hanjaryny saňa hedýe berýärin.
Altynjan Togrul begiň uzadan asfury ýakutdan saply hanjaryny ör-gökden gelip aldy.
Beg hanjary näme üçin berýär?
Bu Seljuk begden galan miras ahyryn!
Seljuk beg ölmeziniň öň ýany hanjary ähli neberesini ýygnap dabaraly ýagdaýda Togrul bege beripdi:
«Bu hanjar maňa daýymyl-wagt rowaçlyk getirdi, daýymyl-wagt ýeňiş getirdi. Men saňa uly umyt baglaýaryn. Pederlerimizden galan şu mukaddes asfury hanjary saňa gowşurýaryn. Goý, bu hanjar saňa daýymyl-wagt ýeňiş getirsin!» diýip, Seljuk beg Togrul bege rowaçlyk patasyny beripdi. Şondan bäri Togrul beg asfury hanjary ýanyndan aýranokdy.
Bu gün şol mukaddes hasaplanýan hanjaryň Altynjana gow¬şu¬rylmagy – bu Togrul begiň aşa uly ynamynyň, aşa uly mertebe¬siniň alamaty! Muňa kim düşünmese-de Altynjan düşünýärdi.
Altynjan näme etjegini bilmän esli salym dymdy.
– Jöwşenimi 7 çykarmaga ýardam berjekmi?!
Begiň eşiklerini geýindirýän, tikýän, haýsy gün haýsy eşik geýse, gowy boljagyny maslahat berýän ýörite hünärmenleri bardy. Altynjan olary halamazdy, dogrusy, olary begden gabanardy. Olaryň begiň geýinmegine ýardam bermegine döz gelse-de, çykarynmagyna welin, hiç döz gelip bilmezdi. Togrul begi ýalaňaç halda özünden başga ýeke kesiň hem görmegini islemeýärdi.
Togrul beg geýinmäge gaty uly üns berýärdi. Jamedaryň8 sahyp¬lygynda otuz-kyrk adam onuň diňe geýim-gejimi, geýnip ile çykmagy bilen meşguldy. Ol içki eşikde hiç kime görünmezlige çalyşýardy. Sähel salymlyk daşaryk çykyp gelmek üçin hem ol hökman howlukman geýnerdi.

* * *

Togrul begiň Seljuk begden galan asfury ýakutdan saply hanjary – döwletliligiň, mertebäniň hem-de hökümdarlygyň alamatydy. Bu alamatyň Altynjan melikä bagyş edilmegi döwletiň geljekki ykbalynyň şonuň bilen bilelikde çözüljekdigini aňladýardy. Bu aňlatmanyň hatda Togrul beg üçin aňasty bir närse bolan bolmagy-da ähtimaldy. Belki-de beýle däldir, beg özüniň näme edýändigini gaty oňat bilip, hereket edendir. Haýsy biri bolanda-da, wakanyň düýpli alamaty – manysy hem ähmiýeti göze görnüp durdy. Ýaşaýyş dowamaty iki ugur boýunça bolup geçýärdi – ýaşaýşyň ýüzündäki adatylyk hem-de onuň düýbündäki, teýindäki, çuňlugyndaky alamatylyk. Adaty ýaşaýyş gutaryp, adamyň hem halkyň durmuşynda aýratyn döwür başlananda, iki hili närse köpel¬ýär: bir-ä, durmuşyň duýulyşy, kabul edilişi täsin howalylyga eýe bolýar, birem alamaty zatlar ýygjamlaşýar. Birinjisi ýaşaýyş hyjuwynyň Asman giňligine tarap, ikinjisi bolsa onuň Zemin çuňlugyna baka joş urmasydyr. Şeýle pursatlar adam ömründe, şeýle döwürler halkyň taryhynda seýrek bolýar. Munuň özi ýaşaýyş ummanynyň girdabyndaky akymlaryň ugrunyň we tizliginiň ummany ýüzleýligindäki akymlaryň ugry hem tizligi bilen gabat gelmegidir. Bu gabatlaşykdan ýaşaýyş many, dünýä maza tapynýar. Togrul begiň hatyny babatdaky bu göze gözel görünýän hereketi diňe bary-ýogy gözellik däl. Ol türkmeniň geljekki beýik ykbalynyň çuňlugyndan gelýän tejelli.

* * *

Togrul beg uzynly gün adam kabul edýärdi. Onuň ýanyna gelýän adamlaryň yzy üzülmeýärdi: iş salyşýan adamlarynyň sany, hökümdarlyk edýän ýerleriniň çägi günsaýyn artyp gidip otyrdy.
Ol her gije ähli kişiden soň ýatardy.
Ýatanda-da uzak ýatmazdy. Bir görseň, ýaňy uka giden ýalydyr, ýöne biraz salymdan soň mirşepleriň arasynda aýlanyp, olara gözeg¬çilik edip ýörendir ýa-da niredendir bir ýerden gelen çapar bilen gürleşip durandyr. Togrul beg çaparlary – gije-gündiziň haýsy wagty gelse-de, parhy ýok: «Bimahal geldiň» diýmän, kabul edýärdi, habaryny alýardy.
Beg gije uklap bilmedik bolsa-da, daňdan ähli kişiden öň aýak üstündedi. Hyzmatkärler, diňe hyzmatkärler däl, Altynjan hem köplenç begden ir oýanmaga çalyşýardylar, ýöne olar, barybir, begden ir turmagy başarmaýardylar.
Onuň uzynly gün, köplenç uzynly gije aýak üstündedigine, dynç almaýandygyna Altynjanyň nebsi agyrýardy, ýöne beg näçe köp işlese-de, gijelerine oňly uklamasa-da, özünde ýadawlyk duýmazdy.
Az uky bilen oňňut etmegi başarýan Togrul begiň käteler aýy ukusyna gidäýmesem bardy. Onuň aýy ukusy birki hepdeläp, käteler kyrk günläp dowam ederdi.
Dynç alýan günleri ol hareminden eger-eger çykmazdy. Nähili möhüm iş ýüze çyksa-da, geleň etmezdi. Altynjandan özge ýeke kişi bilenem gürleşmezdi. Altynjanyňam başgalar bilen gürleşmegini islemezdi.
Beg dynç almalaryny iki görnüşe bölýärdi: uly uky hem kiçi uky.
Onuň uly ukusy kyrk güne çekse, kiçi ukusy bir hepde töweregi dowam ederdi.
Begiň uklamasy-da, oýanmasy-da ýeňildi. Islän pursady uklamagy, islän pursady oýanmagy başarýardy.
Altynjan beg uly uka gidende ýatmakdan ýaňa ýadardy.
Togrul begde üýtgeşik bir başarnyk bardy: ol edil Mäne baba deýin, adamlaryň näme pikir edýändigini duýýardy, takyk bilýärdi.
Altynjan ýatmakdan ýaňa ýadandygy hakda oýlandy welin, Tog¬rul beg bürgüt bolup onuň üstüne gerildi…

* * *

Olaryň ümleri, jynlary alyşýardy. Biri-birine sözsüz düşü¬nişýär¬diler. Özem bile bolanlarynda wagtlary bedew ata atlanan dek gaty çalt geçýärdi.
Beg käteler açylýardy. Ol:
– Zenanlar – pelegiň tagamy, manysy. Zenanlar – pelegiň gyzygy. Eger sen bolmasaň, kyrk günläp ýatybam bolmaz. Ýanyňda hatynyň bolsa, islendik işiň rowaç tapýar. Sen meniň rowaçlygym – diýip, Altynjanyň uzyn şamar saçlaryny öz boýnuna dolardy.
Bu begiň lezzet alýan zadydy.
Altynjan bolsa begiň murtundan ýolmagy gowy görýärdi.
Ýolmak hem ýoldurmak iki tarapa-da lezzetlidi.
Göräýmäge, murtdan ýolmakda güler ýaly hiç zat ýokdy.
Ýöne är-aýal üçin beýle däldi.
Olar gözlerini ýaşardyp gülşerdiler.
– Ýol, ýol! – diýip, beg buýrar.
– Ýok, ýok, gerek däl. Birden, öňki ýaly, burnuňyz ganaýmasyn.
– Ganamaz, ýoluber.
– Ýekejesinimi?
– Ýok, ikisini ýol!
– Aý, gerek däl!
– Men saňa buýurýaryn! Ýol!
– Agyrar!
– Goý, agyrsyn!
– Agyrmasyn!
– Barybir ýol!..

* * *

Togrul beg Altynjana seredip uzak oturdy.
– Nämä üçin seredýärsiňiz, begim?
– Eý, Altynjan! Allatagala saňa erkek kişiniň edermenligini, pähimini, hatynlaryň owadanlygyny, näzikligini beripdir. Soltan Mahmyt Ýusup atly bir aşa görmegeý oglany ýanynda saklapdyr, oňa seredip, kalbyna giňlik, röwşenlik tapypdyr, oňa seredip mylaýymlaşypdyr, gaharly bolsa köşeşipdir, oňa seredip tutan tutumy ýylgaý oňuna bolupdyr, ýeňiş gazanypdyr. Soltan Mahmydyň, biler bolsaň, şol aşa görmegeý Ýusup atly jahyly meniň üçin, Altyn gyz, sen! Seniň mübärek jemalyňy görüp saba bilen başlan tutumymyň şow tapmadyk ýekeje saparam ýok. Sen meniň asfury hanjarym! Meniň ýeňişlerimiň tumary – sen! – Togrul beg hatynyny birmeýdan synlap oturansoň, hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady: – Ýaşamak – söweşmek. Bu söweşde seniňki has kyn...
– Ýok, maňa kyn zat ýok.
– Häzir sen hakykaty aýtmaýarsyň. Sen meni biynjalyk et¬mezlige çalyşýarsyň.
– Siziň näme diýmekçi bolýandygyňyza düşünmeýärin.
– Sen meniň hatynym hökmünde köp zatlara özüňiň hukuk¬lydygyňy, özüňiň naçar hatyn däldigiňi, beýik şahsdygyňy subut etdiň. Boýun alasymyň gelmeýän zatlarymy sen bile ýaşan bäş ýylymyzyň içinde ýüzüme basyp, boýun aldyrdyň. Sen şu gün meniň dünýäme diňe bir hatynym hökmünde däl, eýsem, nedimim, iň ýakyn maslahatçym hökmünde girdiň, özüňi ykrar etdirdiň. Sen meniň ýüregim! Indi öňüňde ikinji basgançak – iň kyn basgançak dur: sen indi özüňi meniň köşgümde – salamlygymda ykrar etdirmeli.
– «Ikinji basgançak» diýdiňizmi?
– Hawa, indi seniň öňüňde ikinji basgançak dur. Gö­räýmäge, begiň hatynynda hiç hili alada bolmajak ýaly, ýöne bu beýle däl. Köşkdäkileriň biri saňa göriplik eder, ikinjisi, bahyllyk, üçünjisi, günüňi bulamakdan lezzet gözlär. Wezir-wekilleriň aýallaram saňa ýaranjaňlyk edýän, seni gowy görýän ýalydyr, ýöne olaryň aňlaryndaky pikirler ötlem-ötlemdir. Sen indi wezir-wekillere, olaryň hatynlaryna özüňiň mynasyp ýerde oturandygyňy, her bir zady görýändigiňi, ýamanlyk edilen ýagdaýda ýagşylyga garaşmaly däldigini subut etmeli. Boş gürrüňler bilen ýüregimi çişirip, çagajygymyzyň ölümine sebäp boluşlary ýadymdan çykanok meniň, çykaram öýdemok.
Altynjan biygtyýar dillendi:
– Kimdi şol?
Togrul beg birsellem dymdy:
– Geçeniň geçdigi bolsun, köne saman sowurmaly.
– Men onuň kimdigini aňýaryn.
– Kim?
– Ýyldyrym Sebzewar bolmaly ol!
– Ýok, ýok, ol däl! Sebzewar meniň şatlygym, gülkim. Ol degişýär, ýöne gybat etmeýär. Men oňa bäş barmagym ýaly belet.
– Şol, şol! Onuň bar maksady meniň şowsuzlygym. Onuň dilini kesmeli, dilini!
– Altyn gyz, sen maňa yşan, nähak töhmet erbet zat! Dogry aýdýarsyň, Ýyldyrym Sebzewar biraz köpräk gepleýär, ýöne ol saňa, maňa juda wepadar. Men ony kän gezekler synagdan geçirdim. Sen giň bol! Geçeni geçdi bil! Biziň günümiz gowy. Mundan beýlägem gowy bolar. Men öz maksadymy saňa gürrüň berdim ahyryn! Nesip bolsa, göwnümizdäki ýaly bolar, Reýde 9 ýaşarys. «Adamlara peýdaly zat bolsa, onuň dünýäde galjakdygy» 10, ýöne ýere aýdylmandyr. Biziň bitiren işlerimiz baky galar. Men saňa uly umyt baglaýaryn, Altyn gyz!
– Men düýrmegim bilen rowaçlyk isleýärin.
– Men bilýärin, Altyn gyz. Men seni indi bu gün tanamaly däl-ä! Ýöne käbir zatlarda ahmyrym bar.
– Ahmyr geljege güýç berýär.
– Şol güýç özümize garşy bolmasyn!
Iki göreç biri-birini ezizledi, olar biri-birine sözsüz dü­şündiler.
Ýürekler bir bolanda söz gerek däl eken. Söz ýürekler biri-birinden daşlaşandan soň dörän bolmaly.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 45 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]