05:35
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -5
Bäşinji hekaýat

DURMUŞY AKYL-PARASAT DÄL-DE, ÝAZGYT DOLANDYRÝAR

Togrul beg galagoply gijeler öz düşeginde däl-de, ýerde ýatardy. Aýratyn hem kimdir birinden habara garaşsa ýa-da ýagy döküler öýtse, ýeri özüne çawuş, jandar edinerdi: ýeri diňläp atgaýtarym¹ daşlykdaky çapuwdan näçe atyň gelýändigini anyklamagy başarýardy. Ol kä ýarygije garysyna galardy-da, haşymlara kimdir biriniň gelýändigini, ony göni öz ýanyna alyp barmalydygyny aýdyp, karargähine ugrardy.
Togrul beg turup gidensoň, Altynjan onuň ýatan ýerine baryp ýer diňläp görerdi. Başda uzakdaky at aýaklarynyň dükürdilerini eşitmek başartmadyk bolsa-da, birki ýylyň dowamynda diň salmaga ezberledi.
Bir gije Togrul beg ukudan oýanyp, hatynynyň ýer diňläp ýatandygyny gördi:
– Näme üçin ol ýerde ýatyrsyň? Sen ýaňyja-da meniň gapdalymda ýatyrdyň-a?
– Begim, doganyňyz Ybraýym beg gelýär, özem, näme üçindir, gaharly.
– Ýer diňlemegi haçan öwrenip ýörsüň? – diýip, Togrul beg geňirgendi. Altynjanyň gapdalyna gelip ýer diňledi. Uzak diňledi. Soňam garysyna galyp, hatynynyň ýüzüne seretdi, aýbogdaşyny gurap, esli salym oturdy. Egnine jüpbesini ýelbegeý atyp, daşaryk çykdy.

* * *

Altynjan daşary çykan adamsynyň yzyndan seretdi. Han-ha, Togrul beg nedimi Şirpenje Tapgaç bilen nämedir bir zat hakda gürleşip, karargähe bakan ugrady.
Olaryň yzyndan bakyp duran Altynjanyň içerik giresi gelmedi, göwnüne, içerde howa ýetmeýän ýalydy. Ol Ybraýymyň gelerine garaşdy.
Biraz salymdan soň Ybraýym Altynjanyň sözüni hakykata öwürmäge howlugýan deýin, atyny çapdyryp geldi...

* * *

Togrul beg daňdan Ybraýym bilen nirädir bir ýere ugramak üçin ata atlandy. Şol mahal emir Mübärek Muhammet Togrul begiň gulagyna çawuş çakdy.
Togrul beg geň galyp seretdi, görse, hakykatdan hem Altynjan haremiň daş işiginde çugutdyryp otyrdy.
Beg bir desse gül deýin bolup oturan hatynyna seredip, oňa nebsi agyrdy, ony göterip içeri saldy, düşekde ýatyrdy.
– Men seniň beýdip, daşişikde garaşyp kösenjegiňi bilmändirin – diýip, ol gelniniň ýüzünden sypady. – Men gelýänçäm düşekden galman ýat! Şazada rahatlyk gerek. – Beg Altynjanyň garnyny sypap, içki pikirini daşyna çykardy: – Ogul bolar!
– Menem şazada garaşýaryn, ýöne anygyny bir Alla bilýär.
– Ogul bolar, hökman ogul bolar. Men bu sözi çak edip däl, magat bilip aýdýaryn. Ene rehminde gyzjagaz düýrlenip ýatýar, oglanjyklar bolsa, Allatagalanyň eradasy bilen dik durýarlar. Gör, içiňdäki çagajyk uzyn bolup dur. Bu – ogul. Biz oglankak Dawut bilen kimiň gyzy, kimiň ogly boljakdygyny derrew kesgitlärdik. Haýsy hatynyň garny garpyz deýin tegelek-togalak bolsa, onda onuň gyz, eger garny wirek gawuny deýin insizden uzyn bolsa, onda onuň ogul dogurjakdygy diýip hasaplardyk. Çaklamalarymyzda ýeke gezegem ýalňyşmandyk.
Altynjan Togrul begiň bu sözüni geň galyp diňledi. Begendi:
– Agzyňyzdan Hudaý eşitsin, hernä! Adyna näme dakarys?
– Ady taýýar onuň: Seljuk!
– Adyna mynasyp ogul bolsun, hernä!
– Adyna mynasyp bolar. Sen oňa ýunan, arap, pars dillerini öw¬redersiň.
– Öwrederin, ýöne atabegem-ä gerek bolar.
– Atabeg taparyn, arkaýyn bolaý, özem gaty gowy atabeg taparyn.

* * *

Altynjan nirä gidilse, begiň ýany bilen gitmek isleýärdi, ýöne soňky günler şazadanyň rahatlygyny alada edip, beg ony uzak ýörişlere gidilende galada galdyrýardy.
Agzy bimaza günleri Altynjanyň yzgyty artypdy, hiç kime görnesi, hiç kim bilen gürleşesi gelmändi. Özem içerde uzak oturman daşaryk çykardy, gije-gündiz daşarda gezdi.
Her gün aw awlamak isledi. Togrul beg onuň ata köp münmezligini talap etdi. «Münme» diýlensoň-a onuň atdan düşesi gelmedi.
Togrul beg Altynjanyň ähli kejirliklerine kaýyl geldi. Bir günem Altynjan Togrul begiň iň gowy görýän şahyn elguşuna işdä bildirdi.
Beg şahyny öz eli bilen öldürip, arassalap, közde kakmaç edip bişirip berdi.
Şahyny iýensoň, Altynjan rahatlanypdy.
– Enem göwresinde Dawut galanda barsy, men galanymda bolsa bürgüdi işdä saýlapdyr – diýip, Togrul beg Altynjana gürrüň berdi.
– Nesip bolsa, biziň Seljugymyz bihal adam bolmaz. Ol atasyna mynasyp beg bolar. Külli Oguz ýurduna patyşalyk eder.

* * *

Togrul beg, göräýmäge, göwnaçyk serkerde, degişmegem, gülüşmegem gowy görýär, hiç zat ýok ýerinden gülki tapmagy, adamlary gyzyl-gyran güldürmegi başarýar, hoş sözli: hiç kime aňsat-aňsat agyr söz, degnasyna deger ýaly söz aýtmaýar. Dog¬rusy, ol diňe bir göwnaçyk däl, elaçyk hem. Göwnüniň ýeten adamyna ýanyndaky barja-ýokja dinarynam eçilýär goýberýär ol. Ýöne ol şeýle göwnaçyk, hoşamaý bolsa-da, ýylsaýyn bir ýagdaý äşgärleşýär: begiň diňe özi degişýär, diňe özi güldürýär, kynyk ýigitleri welin, onuň bilen aňsat-aňsat degişmeýärler, degişmekden saklanýarlar. Olaryň beg bilen degişmeýändikleriniň aňyrsynda onuň gaharlanmagyndan heder edilýänligi däl, ýok, onda hökümdarlyk symmatynyň, hökümdarlyk güýjüniň agdyklyk edýändigi ýatýar. Onuň ýüzünde özüne hormat goýdurýan nuranalyk bar. Onda hakyky hökümdarlyk symmaty bar. Hökümdar bilen diňe bagty ýatan kişi henek atyşyp biler. Hökümdary diňe alasamsyklar güldürjek bolýandyr. Beg nirä barsa, adamlar özleri bilmezden salykatlaşmak bilen bolýarlar. Nähilidir bir resmiligem döreýär. Onsoň adamlar özleri duýmazdan oňa ýaraýjak sözleri aýtmaga çalyşýarlar, oňa ýaranmak isleýärler.
Beýik Perwerdigär ähli kişini hökümdar saýlamaýar, hö­küm¬dar saýlan bendesine bolsa, aýratyn sypatlary, symmatlary eçilýär. Beýik Perwerdigär pire keramat; pygambere gudrat; hökümdara, serkerdebaşa bolsa gahrymançylyk görkezmek başarnygyny berýär. Allatagala Togrul bege gahrymançylyk, merdanalyk görkezmek başarnygyny beripdir, Farabynyň 2 «Hökümdar pygamber donuny geýen ylahy Eflatun bolmalydyr» diýmesine laýyk ol. Onuň boluşlary, edýän işleri köplere, köplenç, syrly görünýär.
Togrul begiň Eflatunyň arapça terjime edilen iki kitabyny 3 bäş sany ulama müň dinar töläp türkmençä terjime etdirmesine-de kynyk serkerdeleri tykyraşdylar. Ýüz dinara, gör, näçe ýatagan, näçe kösse ýasadyp boljak! Müň dinara müň gulam saklap boljak!
Togrul beg täze döräp gelýän türkmen şalygynyň janly alamatydy. Şonuň üçinem onuň diňe bir ýüreginiň, kalbynyň, akyl-paýhasynyň däl, eýsem bedeniniň üstündenem täze şalygyň dogluş dowamaty özüne ýol gurup geçip barýardy. Bu keremli dowamatyň öňe çykaran gerçegi ýöne bir üýtgeşik adam bolman, eýsem, juda üýtgeşik, ýöne bir beýik bolman, eýse juda beýik kişi bolmalydy. Beýiklik – sygymlylyk gabarasydyr. Allatagala ynsanyň beýiklik derejesini kesgitläninde, megerem, esasy ölçeg edip şol sygymlylygy alýandyr. Eger ol bir oba üçin beýik ynsany ýaratjak bolsa, onda bir obanyň ruhy gujuryny, akyl çuňlugyny öz birligine sygdyryp bilýän kişini ýarad¬ýar, ol bir millet üçin beýik beg gerek bolsa, onda bir adama şol milletiň gujur-gaýratyny jemläp berýär.
Ynsan özüne näçe sygdyryp bilýän bolsa, şonça-da beýikdir. Togrul diňe bir türkmeniň däl, eýsem tutuş yslam ymmatynyň gujury bilen gabz bolup biljek adamdy. Asmanyň beýikligi, hernäçe belentlik bolsa-da, olaryň baryny öz goýnuna sygdyryp bil¬ýänligindedir. Ummanyň beýikligi juda köp dür-göwheri, janly-jemendäni öz göwsüne sygdyryp bilýänligindendir. Gowuzlyk, boşluk ölümiň alamatydyr. Sähel zat bilen derrew dolmaklyk bolsa pesligiň, ejizligiň görkezijisidir. Sähel suw bilen dolýan hanadan beýik dere döremeýär. Sygymlylyk – beýiklikdir. Giňelip hem çuňalyp bilmeýän närseleriň dirilik mümkinçiligi çäklijedir.
Togrul begiň birbada hem ylma, hem danalyga, hem sö­weşjeňlige, hem beden saglygynyň berjaýyna ymtylmagy onuň özüne köp diriligi sygdyrmak hyjuwyndandy. Zenan giňelmese, täze ýaşaýşy – çagany berip bilmez. Asman çuňalmasa, täze pelekleri berip bilmez. Külli ýaşaýyş köne ymtylmadan, bir kiçijik nokadyň daşyna giňelmeginden hem içine çuňalmagyndan peýda edendir. Togrul beg täzeden döreýän türkmen dünýäsiniň ähli çuňluk hem giňlik gujuryny özüne sygdyran kişi. Onuň hyjuwlylygy hemem köpe topulmagy ol gujurlary daşa çykaryp, olar bilen bütin türkmen dünýäsini doldurmagyň ugrudy.
– Beýik Perwerdigär bize jahan şalygyny berendir. Agzybir bolsaňyz, ýedi yklym siziňki bolar, öňüňizde durup biljek güýç bolmaz. Agzyňyz alarsa welin, tumaýak galarsyňyz. Babaňyz Mykaýyl sagadatyňyz hem salawatyňyz üçin öz ömrüni size goýup gidendir. Siz babaňyzyň ýaşamadyk ýaşyny ýaşamalysyňyz, ýetmedik, telwas eden maksadyna ýetmelisiňiz – diýip, Seljuk beg birmahallar öwüt ederdi, Togrul beg atasy Seljuk begiň Alp Är Töňňe, Tonýukuk 4, Bilge han 5 Gün eždatlarymyz, şeýle hem iki jahangir dogan Atylla bilen Bleda 6, olaryň gözel gyz döwletlerini 7 dyza çökerişleri hakdaky gürrüňlerini aýratyn hatyralaýardy.

Alp Är Tonga öldümi?
Yssyz Ajun galdymy,
Özlük öjün aldymy,
Imdi ýürek ýyrtylar 8
– diýen mersiýeni Togrul beg oduň başynda jemlenilende köp¬lenç aýdardy.
Ol Beýik Perwerdigäriň özüni telwas edýän maksadyna ýetir¬jekdigine düýrmegi bilen ynanýardy. Bäş wagt namazyny yrman okaýardy. Ýanynda ulama adamlaryň bolmagyny iň uly hazyna hasaplaýardy. Olary diňleýärdi. Käbir ulamany bir hepdeläp, hiç ýerik çykman diňlärdi. «Hakyky dana adamy sabyr-takady bilen tanap bol¬ýar» diýen pikire uýýardy. Dogrusy, onuň islegi soltan Mahmyt Gaznaly deýin aşa sowatly soltan bolmakdy. Arman, bolmasa bolmajak eken: herçent yhlas edip, ulamalaryň söhbetlerini diňlemäge başlasa, teshyrlyk, harby tilsim oýlanmalary, aladalary aňynda rüstemlik ederdi: ulama-ha janygyp sözläp durandyr, begiň aňy bolsa haýsydyr bir galada teshyr eýläp ýörendir. Beg ukudan oýanan ýaly bolar, ýene ulamanyň söhbedini diňlemek üçin ünsüni jemlär, ýöne bu saparam uzak wagt geçmänkä aňy ýene bir zada gider. Togrul beg ulamalary soltan Mahmyt deýin diňläp, hatyralap bilmeýändigine gynanýardy. Soňam öz-özüni köşeşdirýärdi: «Jibal ýurduny teshyr edip bolanymdan soň, bir ýylymy ulamalara bagyş etjek».
Beýik Taňrynyň: «Men bu gün diniňizi size kämil edip berdim, men nygmatlarymy size rysgal etdim, men size dinlerden yslam dinini mynasyp tapdym» 9 diýen sözlerini öz ýanyndan köp gaýtalaýardy, özünde Farabynyň tekrarlaýan on iki sypatynyň 10 bolmagy üçin çalyşýardy.
Ýyllar Seljuk begiň diýenleriniň hakdygyny, Farabynyň nygtaýan zatlarynyň zerurlykdygyny aýan edip barýardy. Her bir tutumda Seljuk agtyklary beýik Perwerdigärden yganat – tekge-goldaw tap¬ýardylar.
Togrul beg Söbükteginiň «Pentnamasyny» 11, Utbynyň 12 terjimehal kitabyny gaýtalap-gaýtalap okady. Diňe bir Utbynyň ýazanlary bilen çäklenmän, soltan Mahmydyň gullugynda duran ulamalaryň söhbetlerini-de diňledi.
Mahmyt Gaznalynyň Jeýhunyň üstünden ýigrimi kurur 13 dinar harç edip guran köprüsini 14, urdu atly dil döretmegini 15 Muhammet Togrul beg aýratyn hormatlaýardy. Soltan Mahmyt – Farabynyň diýýän hakyky «pygamber doňuny geýen ylahy Eflatuny», özem ol beýik şahyr. Onuň ýazan gazallary diwany Unsurynyň gazallaryna gaýra dur diýdirýär.
Şahyrlary soltan Mahmyt ýaly arzylap biljek ikinji bir soltan hem bolmaz. Onuň köşgünde diňe şahyrlaryň sany ýüz elliden aňry bolupdy diýýärler. Gazna şäheri ulamalar, şahyrlar şäherine öwrülipdir. Soltan iň ýakyn hasaplan şahyry Unsuryny «Mälekil şugrasy» – «Şygyr mülküniň şasy» hasaplap, onuň agramyna barabar gyzyl beripdir. Şeýle bolansoň Unsurynyň saçagyndaky gap-gaçlar diňe altyndan hem kümüşden bolupdyr. Soltan Mahmyt Zibeni şahyra hem bir pil ýüki kümüş pul (1 kurur dirhem) baýrak beripdir. Iş başarýan adamyň gadyryny bilmek beýiklikden nyşan.
Togrul begiň tabşyrygy boýunça hajyp Abdyrahman Agajy 16 öz askudarlaryny, köplenç, Gazna ugradýar. Ol ýerden gelen şahyrlar, ulamalar Muhammet Togrul bege Zabulistan 17 şalygy, şasy, onuň neberesi, çaryýarlar oňşuksyzlygy 18, karmatlar 19, mezhepler, sopuçylyk hakda gürrüň berýärdiler. Beg, herhal, ýolda haýsy hem bolsa bir zat hakda gyzykly rowaýat, söhbet diňläp gitmegi, şeýdip ýol kesmegi kada öwrüpdi. Ýol kesmekde göwnüniň ýeten ulamasyna, şahyryna dinar gaýgyrmazdy.
Altynjanyň göwnüne, ýanynda özi bolmasa, Togrul beg çykgynsyz güne düşüp kösenäýjek ýalydy, adamsyna nebsi agyr¬ýardy, ony durmuşda ýeke hasaplaýardy.
Hakykatdan hem Togrul beg ýekedi, ýalňyzdy.
Ol juda ýalňyzdy.
Bürgütler, şirler mydama tenha-ýalňyzdyrlar.
Allatagala beýik edip ýaradan bendelerini-de tenha-ýal¬ňyzlykda saklaýar!
Göräýmäge, Togrul beg ýeke-ýalňyz däldi, onuň janyny ynanýan, ýegana nedimleri – razdanlary az däldi.
Togrul begiň Dodurga Merwezi, Seýit Rawendi, Ärdeşir Magmarany, emir Uhjury, Hapban Endikäni, Ýyldyrym Sebzewar diýen meslekdeşleri, serkerdeleri bardy. Olar sowatly kişilerdi, arap, pars dillerini kämil bilýärdiler. Togrul näme iş etmekçi bolsa, olar bilen maslahatlaşýardy.
Ejesiniň doganlary Peýkam bilen Bekdaş hem onuň iň ýakyn, ynamdar maslahatçylarydy.
Özünden on bir ýaş kiçi bolan Ybraýym ynal Togrulyň janyny ynanýan iň ýakyn adamydy, ony ýanyndan hiç mahal aýyrmaýardy.
Ybraýymyň bir üýtgeşik başarnygy bardy: ol juda ýatkeşdi. Bir gören adamyny, bir eşiden habaryny aňsat-aňsat ýadyndan çykarmaýardy.
Şeýle bolansoň, Togrul beg köplenç Ybraýymyň ýatkeş¬liginden peýdalanýardy.
Gylyçlaşmakda Ybraýym juda ökdedi. Söweş tilsimlerine-de ökdedi, gözsüz batyrdy. Aýylganç gygyryp giren söweşinde hökman ýeňiş gazanardy.
Togrul begiň janyny ynanýan adamlary kändi, dost-nedim hökmünde bile gezip ýören adamlary-da kändi. Ýöne şol kän kişileriň arasyndan dört kişi ýeganalygy bilen parhlanýardy.
Olaryň ilkinjisi Ýusup Bazyrganydy.
Ikinjisi, Mübärekdi.
Üçünjisi, Şirpenje Tabgaçdy.
Dördünjisi, Dürnazardy. Ol Ýagmyr başbuguň süýtdeş inisidi.
Ýusup Bazyrgany-da, Şirpenje Tabgaç-da, Mübärek-de begzada ogullarydy, olar Togrul bilen bir ýerde ösüp-ulalypdylar, çagalykdan bäri biri-birinden aýrylmaz razdandylar.
Togrul begiň başga-da iki sany çagalyk razdany bardy, olaryň biri Gutulmyşdy, ikinjisi Nasyrdy.
Gutulmyş – Arslan hanyň uly ogludy. Soltan Mahmyt Gaznaly Arslan hany ýüz otuz sany ýoldaşy (meslekdeş adamlary) bilen Hindistandaky Kelejar galasyna agöýli hökmünde ugradanda Gutulmyş hem olar bilen bile gidipdi, soňky gelip ýeten habarlara görä, ol kakasyny galadan alyp gaçypdyr, ýöne ýolda azaşyp ele düşüpdir. Şondan soň soltan Masut Arslan hany öldüripdir, Gutulmyşy bolsa zyndana atypdyr.
Togrul begiň ikinji dosty Nasyr Nusaý söweşinde wepat edipdi.
Şondan bäri Togrul beg her ýyl Nasyryň wepat eden güni matam tutýardy, Gurhan okadyp, sadaka berip, degsin edýärdi.
Togrul begiň razdanlary bilen gatnaşyklarynda bir aýra¬tynlyk bardy. Ol aýratynlyk – bu bäş kişiniň aralarynda Togrul begiň aýratyn hatyralanandygyndady, mydama olara baştutan bolanlygyndady.
Olar bütin ömürlerine Togrul begiň ýanynda, gullugynda boldular, sözünden çykmadylar, öz gezeginde, Togrul beg hem olaryň sözlerinden çykmady. Olar mydama, nirä gitse, bile gitdiler, bile naharlandylar.
Togrul begiň işleriniň rowaçlygynda dört kişiniň hyzmaty az bolmady. Soňky döwürler Togrul beg dört razdanyna-da ýüregini doly açmaýardy. Olar bilen degişýärdi, gülüşýärdi, ýöne onuň näme etmekçi bolýandygyny özünden başga hiç kim bilmeýärdi.
Togrul beg açylmak isleýärdi, şol bir wagtda-da içki örtenmelerini örtmek isleýärdi.
Ol içki pikirlerini birki gezek razdanlaryna – nedimlerine ynanypdy.
Üçünji kişi bilýän bolsa, oňa syr diýmek bolmaýan eken. Näme ýerde ýatsa-da, altyn bilen syr ýerde ýatmaýan eken. Onda-da paty¬şanyň, begiň syry!
Adam patyşa bolsa-da, ýürekdeş, syrdaş küýsär eken.
– Näme üçin sen erkek däl? – diýip, Togrul beg käteler degişmä salyp, Altynjana ýüzlenerdi, aslynda welin, onuň gara çynydy. – Allatagala sen babatda ýalňyşlyk goýberipdir. Ýogsam bir hatynda üç zadyň – akylyň, görküň hem baýlygyň jemlenmegi mümkin zat däl. Şu üç sypatly zenana öýlenmek isleseň, onda üç gezek öýlenmeli, üç hatyn saklamaly...
Ýaşy geçdigiçe adamyň söhbetdeşi azaljak eken. Ýaşlykda gürrüň-gürrüňden uşlyp tapyp, teý tükenmezdi, indi dört razdany bilenem söhbedi süýjäp gidiberenok. Seljuk beg hem ag¬tyklaryny daşyna üýşürip köp-köp pent ederdi:
«Bize Beýik Biribaryň hamdu-senasy birle Gündogar deňzinden Günbatar deňzi aralygyna hökümdarlyk etmek ýazgytdyr 20. Beýik Biribaryň bu ýazgydynyň amaly üçin – Oguz ýurduny öz şalygymyza öwürýänçäk bize dynç karamdyr. Durmuşy akyl-paýhas dolandyrýan däldir, ýazgyt dolandyrýandyr. Eger akyl-parasat dolandyrýan bolsa, akyldar ulamalar itiň art aýagyndan suw içip ýörmezdiler, patyşa bolardylar. Akyldara har ýaşamak ýazgyt edilendir. Pählewan, batyr, gaýduwsyz beg patyşa bolmaga mynasypdyr. Emma Allatagala ýazgyt etmese, ol Allanyň ýalkan beginiň gullugynda durup ömrüni geçirer. Allatagala bendesini betbagt etmek islese, üç zada – çakyra, meýlise, şöhwete melul eder».
Togrul beg atasynyň bu sözleriniň hakdygyny durmuşda gördi: ähli zat Allatagalanyň ýazgydyna bagly eken. Birmahal Togrul begiň göwnüne Arslan ýabgu bütin ömrüne ýabgulyk edäýjek ýalydy. Ol batyrdy, pählewandy, gaýduwsyzdy, akyllydy, ugurtapyjydy, süýji dil¬lidi. Onuň ömri armanly soňlanar diýseň, ynanar ýaly däldi.
Allanyň edýän öwrümlerini bendesi edip bilmez, asyl aňyna-da getirip bilmez!
Togrul beg soltan bolmak isleýärdi. Ýöne onuň öňünde Arslan ýabgu bardy. Ýusup bardy! Gutulmyş bardy!
Bu gün Allatagala ol gaýduwsyz seljuk gerçeklerini aradan aýyrdy-da, Togrul begi öňe çykardy.
Bu gün ol atasy Seljuk begiň, kakasy Mykaýyl begiň, agalary Arslan ýabgunyň, Ýusubyň asylly sypatlaryny özünde jemlemäge çalyşdy. Onuň etmeli işleri kän. Ol maksadyna ýetmek üçin Allatagaladan uzak ýaş, berk jan saglyk dileg edýärdi. Atasy Seljuk beg deýin ýüz ýedi ýaşamak miýesser edermikä? Seljuk begiň: «Uzak ýaşamagyň dört sany şerti bardyr. Şol dört şerti amal etseňiz, men siziň ýüz elli ýaşajagyňyza kepil geçip bilerin. Dört şertiň birinjisi, hepdede bir gün, iň gowusy, iki gün oraza tutmak; ikinji şert, aýda bir gezek içiňi arassalamak; üçünji şert, bahar hem güýz pasyllary ganyňy arassalamak-aldyrmak. Dördünji şert, göwnüňi gala tutmak. Şu dört şert amal edilse, adamyň ýanyna ne garrylyk geler, ne-de kesel» diýen sözlerini ýadyndan çykarmaýardy, nähili ýagdaý bolanda-da, dört şerti amal etmäge çalyşýardy, saglygynyň aladasyny edýärdi.

* * *

Ybraýym Anuşirwany gowy görýärdi. Söweşe bile giderdiler.
– Anuşirwana özüm lala boljak. Dogrusyny aýtsaň-a, onuň eýýäm ýüňi ýetipdir. Muňa lalalyk gerek däl. Özi lala bolup biljek gerçek bu. Altynjan, men saňa bir zat aýdaýyn. Ýene on-ýig¬rimi ýyl¬dan soň meniň häzirki aýtjak zadymy ýatlarsyň hemem: «Tüweleme, Ybraýym weli adam eken, şu boljak ahwalatlary öňünden gören eken» diýersiň. Men aýdaýyn: Anuşirwanyň parlak geljegi bar. Oňa uly-uly derejeler, uly-uly ýeňişler garaşýar. Nesip bolsa, Anuşirwanyň musulman dünýäsine, ýedi yklyma hökümi ýörär. Anuşirwan – musulman ymmatynyň Anuşirwan Adyly 21 bolar, enşa. Ine, men size welilik satýaryn. Ýene ýigrimi ýyldan Anuşirwan şeýlebir beýik adam bolar. Anuşirwan Adyldan hem beýik bolar. Onuň donunyň synyna el degren kişi özüni dünýädäki iň bagtly ynsan saýar. Muny size Ybraýym aýdýar. Muny size men – seljuklylaryň gylyjy aýdýar. Seljuk atam maňa: «Köşegim, sen meniň ähli neberämiň hak howandary bolarsyň. Sen meniň neberämiň gylyjy bolarsyň» diýipdi. Atam hak aýdan eken. Siz hem maňa: «Ybraýym – seljuklylaryň gylyjy bolar» diýip Seljuk beg hak aýdan eken» diýersiňiz.
Altynjan Anuşirwanyň Ybraýym bilen özara gatnaşygyny keseden synlardy. Onuň diňe bir Ynal bilen däl, beýleki seljuk begleri bilen gatnaşygyny-da synlardy. Şonda ol Anuşirwanyň aýratyn hatyralanýandygyny duýýardy.
Anuşirwan alçakdy, alçaklygy bilenen adamlaryň göwünlerini awlamagy başarardy.
Altynjan onuň bir häsiýetinden howatyrlanýardy: ol hem onuň adamlar bilen nahan, syrly gürrüňleri köp edýänligidi, oňa köp mukdarda hedýe-engamyň berilmegidi, näme üçin berilýändigini welin, beg takyk bilenokdy.
Anuşirwan günsaýyn baýaýardy. Ol dinarlarynyň köpüsini Altynjana getirip berýärdi. Altynjan onda gizlin pullaryň-da bardygyny aňýardy.
Adamlar Anuşirwana näme üçin lomaý-lomaý hedýe-engam berýärler?! Altynjan bu hakda köp gezek sorady, Anuşirwan ýeke gezegem anyk jogap bermedi.
Soňky günler Altynjan Anuşirwanyň syryny Ybraýym ynalyň üstünden anyklamaga çalyşdy: hedýe-engamlaryň näme üçin berilýändigini osmakladyp sorady, ýöne ynal her gezek anyk zat bilmeýändigini nygtady.
Ol Altynjanyň göwnünden turmak üçin köp alada edýärdi. «Melike, Togrul seniň gadyryňy bilenok. Seni depesinde göterse-de az oňa» diýip, janygýardy. Altynjan bu sözleri adamsynyň eşidäýmeginden howatyr edip oda-köze düşerdi: «Goý, goý, onuň ýaly mojuk söz aýtma!» diýip, ol elewräbererdi. «Näme, men nädogry aýdýarynmy? Men hakykaty aýdýaryn» diýip, Ybraýym sözüni delillendirmäge başlardy. Altynjan şeýle ýagdaýda onuň gürrüňini ahyryna çenli diňlemän, turup gaýdardy.
«Altynjan melike, Abdylmälik hanyň Haldan diýen ferraşy bar, ol kepderi bilen habar gatnatmaga gaty ökde diýýärler. Özüň bilýärsiň, seljuk begleriniň hersi bir ýerde. Dawut bege habar iberjek bolsaň, ýa Musa Ýabguwa habar ýetirjek bolsaň, käteler birnäçe günläp ýol sökmeli bolýar. Iň gowusy, Haldany çagyryp getireli. Goý, ol Togrul begiň berid waziretinde işlesin. Rugsat berseň, men şol kişiniň yzyndan adam ibereýin» diýip, Ybraýym beg bir gün Altynjana ýüzlendi.
Şol wagt Togrul beg peýda boldy.
– Näme mesele?
Ybraýym beg Haldan baradaky teklibini Togrul bege aýtdy, beg muňa garşy çykmady.
– Ol näme üçin seniň ýanyňa köp gelýär? – diýip, Togrul beg Altynjandan sorady.
Altynjan Togrul begiň bu sowaly ahyryl-ahyr berjekdigini bil¬ýärdi, ýöne näme jogap berjegini bilmeýärdi.
– Men ondan Anuşirwan hakda soradym.
– Altyn gyz, sen daýyňy alada etme. Ol, tüweleme, gül ýalak ýigit. Dowzaha düşse-de, hor boljak däl ol.
– Dowzaha düşmesin-dä hernä.
– Elbetde, dowzaha düşmesin. Tüweleme, sen oňa gowy terbiýe beripsiň. Özem aşa sowatly, ýatkeş ýigit ol!
– Ybraýym ynal hem Anuşirwan hakda kän gowy sözleri aýtdy.
Togrul beg Altynjanyň Ybraýymy ýatlamagyny halamady:
– Ybraýym gül ýaly adam, söweşmäge ezber. Daýaw, dört adam bolup daşyna aýlananlarynda ol garşydaşlarynyň dördüsinem öldürmegi başardy. Hakyt gözüm bilen gördüm. Ony duşmanyň bir çetinden goýberseň, ol duşmanlary palaç ýatyran ýaly edip, paýhynlap, derrew aňyrsyna çykýar. Ýöne şeýle edermen bolsa-da, gybat etmegi gowy görýär, köpräk gürleýär. Çem geleniň gybatyny hem ediberýär. Onda aýdylmaly däl diýen düşünje ýok. Onuň akyly elinde. Gaznaly soltany bilenok, ýogsam ol Ybraýyma gep berip, köp maglumatlary alyp biler. Ybraýymy işsiz oturtmaly däl. Işsiz bolsa iňirdisi, gepi-sözi köpeliberýär onuň.
Altynjan begiň bu sözlerine biçak geň galdy. Sebäbi beg Ybraýymy jandan-tenden ezizleýärdi. Ol hakda hiç wagt häzirki ýaly sözleri aýtmaýardy, ony mydama hoş sözler bilen mahabatlandyrýardy.
«Hudaýtagala maňa seni ýörite goldaw hökmünde eçilipdir, sen bolmadyk bolsaň, men juda kösenjek ekenim» diýip, Togrul begiň Ybraýyma aýdan sözüni Altynjan üç-dört gezek eşidipdi.
– Ybraýym ynaldan size ýamanlyk gelmez.
– Gelmez!..
Ybraýym bütin ömrüni Togrul beg bilen geçiripdi, mydama onuň ýanyndady, hyzmatyndady. Olaryň biri-birinden aýry zatlary ýokdy. Togrul özüniň her bir tutumyny Ybraýym bilen maslahatlaşýardy.
Altynjan adamsynyň özüni Ybraýymdan gabanýandygyny aňdy. Şonuň üçin hem Ybraýym ynaldan gaça durdy.
Ybraýym ynal welin, tekepbirlik bilen onuň ýanyna bardy. Şeýdibem Altynjany çykgynsyz agyr güne saldy.
Ybraýym soňky gezek Altynjanyň ýanyna gelip, Haldany getirdendigini, onuň işe başlandygyny, kepderileriniň aragatnaşyk üçin gaty peýdalydygyny nygtady. Ol ýaňy başlan sözüni aýdyp gutarmandy, sözüni aýdyp gutaransoň, Altynjan ondan özüniň ýanyna gaýdyp gelmezligi telmirmekçidi.
Altynjan adamsynyň haýbat bilen ýöräp gelýändigini gördi.
– Altynjan, ýör içerik!
Togrul beg aňsat-aňsat häzirkisi ýaly gaharlanmaýardy.
«Eý, Hudaý, onuň gaharyny getiren zat nämekä?» diýip, Altynjan içini gepledip, Togrul begiň yzyna düşdi.
Içeri girdiler.
Togrul beg gazap bilen Altynjana ýüzlendi:
– Düýn namazşam nirede bolduň?
Bu sowal Altynjan üçin garaşylmadyk sowal boldy. Ol düýnki bolan wakalary göz atuwyndan geçirmäge çalyşdy. «Beg haýsy zady bilmek isleýärkä?» diýip, ol içini gepletdi.
Ol düýn bäş-alty ýerde boldy, bäş-alty adam bilen duşuşdy.
Elbetde, Altynjan näme etmekçi bolsa, soltana aýdýardy, ýöne düýn soltanyň dergähinde adam köp bolansoň, ol: «Soňundan habardar ederin» diýen niýet bilen birki ýere bardy, birki kişi bilen gepleşdi, ýöne begiň halamajak ýekeje işi-de edilmedi.
– «Düýn nirede bolduň?» diýýärin men saňa? Sen meniň aýagymyň aşagyny gazyp ugradyňmy indi?
– Kimdir biri siziň ýüregiňizi nähak çişiripdir.
– Nähakmy?
– Nähak, begim, nähak. Heý-de, men siziň garşyňyza bir iş ederinmi? Men özgäniň-de nähak iş etmegine ýol bermerin.
Togrul beg ýyrtyjy ýolbars bolup, Altynjanyň üstüne topuldy.
Altynjan özünden gitdi, begiň soňky urgularyny duýmady.
Togrul beg şol gün Humrana gitdi. Üç aýlap hatynyndan habar almady, bu Altynjana çekýän yzasyndan hem agyr urgy boldy.
Ýogsam onuň çep eli burkupdy.
Onuň dertleri biri-birinden ýowuzdy, agyrdy.
Iň agyry, iň ejirlisi başgady.
Togrul begiň adyna Seljuk dakmak islän çagasy düşüpdi.
Altynjan çagajygyň agysyny aglady.
Her gün gözýaş dökdi.
Ten agyrysy bir ýyl töweregi azar berse-de, Altynjan özüne teskin bolýardy. Döwlen iki gapyrgasyny kesip aýyrsalaram razydy, esasy zat özüniň bigünädigine adamsynyň düşünmegidi. Kabyl bilen Anuşirwan şol agyr günler onuň ýanyndan aýrylman, göwünlik berdiler:
– Iň agyr zat – töhmet. Siz maňa töhmet atanyň kimdigini anyk¬lap beriň – diýip, Altynjan olara birnäçe gezek aýtdy.
Megerem, Kabyl bilen Anuşirwan Togrul begiň ýüregini çişireniň kimdigini bilýän bolmaly, olar her gezek giň bolmagy ündemek bilen çäklendiler. Olaryň bu sözlerine Altynjanyň hasam gahary gelýärdi:
– Siz näme üçin maňa giň bolmagy ündeýärsiňiz? Siz näme üçin maňa töhmet atan adamyň kimdigini anyklamakçy bolmaýarsyňyz?

* * *

Kabyl bir gün Anuşirwanyň, kyrk çilteniň onbegileriniň öňüne düşüp, Altynjanyň ýanyna geldi.
Düşekde mejalsyz ýatan Altynjan olaryň möhüm bir habar bilen gelendiklerini aňyp, garysyna galdy, üst-başyny tertibe saldy, ol gelenleriň näme habar bilen gelendiklerini aňýardy. Şeýle-de bolsa, ilki olary diňlemegi, soňundan öz gelen netijesini mälim etmegi makul bildi. Şonuň üçin-de näme habaryňyz bolsa aýdyberiň diýen terzde gaşynda duranlara seretdi.
– Altynjan, goşuňy ýygna! – diýip, Kabyl kesgin aýtdy.
– Näme üçin?
– Gideli.
– Nirä?
– Tapawudy ýok, bu ýerde-hä durarlyk galmady. Togrul saňa nähak sütem etdi, onuň üçin uzur hem soramady.
Anuşirwan Kabylyň sözüniň üstüni ýetirdi:
– Goý, uzur sorasyn!
– Ýok, ýok. Hatynyndan uzur soraýan äre men är diýmerin – diýip, Altynjan garşy çykdy. – Erkegiň maňlaýyna urmak, hatynyňka urulmak ýazylypdyr. «Ärim urdy» diýip gitmek aýyp bolar.
– Sen ýönekeý hatyn däl. Sen biziň ýüzümiziň tuwagy. Sen biziň mertebämiz. Begiň seni urmagy – bizi urmagy. Begiň seni urmagy – biziň mertebämizi masgaralamagy.
– Gideli, lalam – diýip, Anuşirwan seslendi.
– Men siziň pikiriňizi goldaýaryn, ýöne başga bir mesele bar.
– Ol nähili mesele? – diýip, Kabyl heşerlendi.
– Men ýeňlip gitmegi namys bilýärin. Ýeňilmegi halama¬ýaryn. Gitsek, diňe ýeňip gitmelidiris.
– Nädip?
– Nädip ýeňjekdigimi bilmeýärin, diňe ýeňjekdigimi bil¬ýärin. Urulmak – täzelik däl. Maňa ejir berýän zat ten awusy däl, ýok, begiň maňa müňkür bolmagy, ynanmazlyk etmegi maňa ejir berýär. Eger häzir gitsem, bu ejir meni uzak ýaşatmaz. Men bege özümiň päk, halal hatyndygymy subut etmeli, hökman subut etmeli.
– Düşnükli, sen gitmek islemeýärsiň. Urulsaňam, çydamak isleýärsiň.
– Kabyl, sen mydama gyşyk gürrüň edýärsiň. Näme etmelidigimizi men size Togrul beg gelen güni aýdaryn, ýöne siz maňa begiň ýüregini çişiren nejisiň kimdigini anyklap beriň!..

* * *

Altynjan bir aýlap düşege baglandy, döwlen gapyrgalary aňsat bitäýmedi.
Ol kyrk günden soň, daşary çykyp ugrady. Barybir, ysgyn¬syzlykdan ýaňa ýörese başy aýlanýardy.
Ol ýatmakdan ýaňa bez bolupdy, daşary çykasy, bedewli sähra aýlanasy gelýärdi, şu maksat bilen ada ýöräp teblehana bardy.
Akgar (täze berlen at dor reňklidi, şeýle-de bolsa, Altynjan ony «Akgar» diýip atlandyrypdy) eýesini görüp hokrandy. Dogrudanam, Akgar Altynjany görüp begendi, birki gezek çarpaýa galyp kişňedi.
– Eý, ganjyk! Saklan!
Altynjan ýeňsesinden çykan bu nätanyş sese ör-gökden geldi. «Eý, Hudaý, bu näme boldugy? Kimkä maňa beýle ýüzlenmäge het edip bilýän?!»
Ses ikinji gezek ýaňlandy:
– Yzyňa öwrül, ganjyk! Men seni häzir öldürjek!
Altynjanyň yzyna öwrülesi, özüni öldürmek isleýän gan¬horyň ýüzüni göresi gelmedi, gozganman durdy.
– «Yzyňa öwrül!» diýýärin men saňa!
– Maksadyň öldürmek bolsa, nämä dursuň? Eli ýaragsyz hatyny ýeňsesinden gelip, namartlyk bilen öldürmäge ynsabyň çatýan bolsa, sen erkek däl!
– Men namart däldirin, men mertdirin. Hut şonuň üçin hem men saňa: «Yzyňa öwrül!» diýýärin.
– Eli ýaragsyz hatyny öldürmegi özüne mertebe bilýän namarda men erkek hem diýmeýärin. Beýle kişiniň ýüzüni görmegi ölümdenem agyr jeza hasaplaýaryn.
– Gepleme! Men seniň sözüňe mätäç däl! Kelemäňi öwür!
– Sen Togrul begiň hatynyny öldürmäge gorkaňokmy?
– Sen indi Togrul begiň hatyny däl! Bilmeýän bolsaň, bil, Tog¬rul beg senden ýüz öwürdi. Ol indi seni görmek hem islemeýär. Hut şonuň üçin ol köşge gelenok. Ol seniň bu ýerden gideriňe garaşýar.
– Seniň bu aýdýanlaryň pikirlenmegi başarmaýan gybat¬keşleriň gybaty. Bilmeýän bolsaň, sen-de bil, Togrul hatyndan gaçyp ýören är däl!
– Bä, sen entegem özüňi Togrul begiň hatyny hasaplap ýörsüň-ow?!
– Elbet! Men Togrul begiň hatyny! Özem ýeke-täk hatyny! Özem begiň ýüregi!
– Ýüregi bolýan bolsaň urmazdy, gapyrgalaryňy döwmezdi!
– Erkegiň urmasy – hatynyň mertebesidir.
– Gapyl, loly!
– Ine, bu sözüň üçin hasap bermeli, jezaňy çekmeli bolarsyň. Sen maňa «Loly» diýip töhmet atdyň. Sen meniň lolulyk eden ýerimi gördüňmi ýa bu hakda eşitdiňmi?
– Gapyl, loly! Kellemäňi öwür!
– «Loly» diýip töhmet atmadyk bolsaň, men seniň günäňi geçsemem geçerdim, ýöne indi men seniň günäňi geçip biljek däl. Kelemäňi seniň özüň öwür.
– Besdir, seniň bilen gepleşip oturjak däl men! Men senden arymy almakçy! Goý, soň meni öldürseler öldürsinler!
Kabylyň sesi eşidildi:
– Kuýaş, Kuýaş, saklan!
Anuşirwan gorkuly gygyrdy:
– Kuýaş, Kuýaş dogan, saklan!
Akgaýa gygyrdy:
– Kuýaş, edýäniň näme seniň?!
Ylgap gelýän adamlaryň aýak sesleri eşidildi.
– Ýa, Alla!
Bu Kuýaşyň iň soňky sözi boldy. Ol elindäki mizragyny öňüne tutup, Altynjana bakan batly ylgady. Onuň maksady ata seredip duran Altynjanyň içinden mizragyny parran geçirmekdi.
Altynjan «Zamahşar gijesi» Togrul begiň ýeňsesinde iki gözüniň bardygyna geň galypdy, ol şondan bäri geçen döwür içinde ýeňsesinde iki göz edinmegi başaran bolmaly, yzyna öwrülmän Kuýaşyň her bir hereketini gördi, ajal bolup gelýän mizragyň öňünden sowulmaga, bilindäki hanjaryny Kuýaşyň jugdanyndan urmaga ýetişdi.
Kabyl dagy gelende boljak iş bolupdy.
Kuýaş bir wagşyýana gygyryp, ýykyldy:
– Dag arman! Dag arman!..
Altynjan gözlerini petredip ýatan on ýedi – on sekiz ýaşlaryndaky jahyla seretdi. Ol bu jahylyň ýanyndan ýaňyja geçip gaýdypdy. Jahyl oňa ýylgyryp salam-da beripdi. Özem ol ýeke däldi, onuň ýanynda başga-da bir jahyl bardy. Hany, ol?!
Altynjan jahyllar bilen salamlaşan ýerine seretdi. Görse, Kuýaşyň ýanyndaky ikinji jahyl gaty-gaty ýöräp, Günbatara tarap gidip barýar.
– Saklaň şol oglany! Çyrlak, Ýatmaz, saklaň ony! – diýip, Altynjan oglana bakan elini uzatdy.
Kabyl dagy ýetip geldi.
Kuýaş eýýäm jan beripdi.
Hiç kimden ses çykmady:
– Kim bu? – diýip, Altynjan Kabyla ýatan jesedi görkezdi:
– Kuýaş!
– Janymy ýakma meniň! Adynyň Kuýaşdygyny eşitdim, ýöne munuň meni öldürjek bolandygynyň sebäbini bilmeýärin. Bu ýigit näme üçin meni öldürmekçi boldy? Onuň mende näme ary bar?
Altynjanyň bu sowalyna hiç kim jogap berip bilmedi. Belki, Kuýaşyň ýanyndaky ýigit bilýändir?!
Gaçyp barýan jahyly tutup, Altynjanyň huzuryna getirdiler.
Jahyl başyny dik tutup, gahar-gazap bilen bakyp durdy.
– Sen kim?! – diýip, Altynjan jahyla dikanlap bakdy.
– Sadyk Batman!
– Kuýaş näme üçin meni öldürjek boldy?
Sadyk Batman göwünli-göwünsiz jogap berdi:
– Özünden soraň!
– Sen näme üçin meniň bilen gaharly gürleşýärsiň? Menden göwnüň galan ýeri barmy?!
– Edeniňi edip, indem utanman: «Menden göwnüň galan ýeri barmy?!» diýip soraýarmyň?
– Üstümde Alla bar, men seni öň nirede görenimi ýadyma sylyp bilemok. Seniň göwnüňe-de degendirin öýdemok.
– Sen meniň babamy öldürdiň, babamy! Indem: «Seniň göwnüňe-de degendirin öýdemok» diýýärsiňmi?
– Babaň adyny aýt!
– Batman!
Altynjan uludan demini aldy:
– Düşnükli, düşnükli. Kuýaşyň babasynyň ady hem Tahyr bolmaly!
– Eýse näme!
– Diýmek, ikiňiz ar almakçy bolupsyňyz-da?!
– Näme, binamyslyk edip, başymyzy aşak salyp gezibermeli ekenikmi?!
– Men saňa, Sadyk, hakykaty düşündireýin – diýip, Altynjan janykdy.
– Maňa düşündiriş gerek däl... Bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly hiç zat ýok. Babamy Zamahşarda öldüreniň hakmy? Hak! Oguz han: «Myhman – ataňdan uly» diýipdir. Sen bolsa, ataňdan uly adamy – meniň mährinden ganmadyk babamy nähak öldürdiň.
– Diýmek, seniň maksadyň hem meni öldürmekmi?
– Men Togrul begiň hatyrasy üçin saňa hiç zat diýemok. Beg saňa talak berse, şol gün ýa arymy ýerine salaryn ýa-da Kuýaşyň gününe düşerin...
* * *

Askudar Altynjana Togrul begden bir bukja getirip berdi. Onuň içinde iki sany ýowşan baldagy bar eken. Altynjan ýowşanlary öwran-öwran ysgady, ysgadygyça agysy tutdy. Ol aglamak aglady.
Iki günden soň Togrul beg geldi.
Ähli emeldarlar daşary çykyp, begi dabaraly garşylady.
Altynjan daşaryk çykmady, ýöne gabsadan jyklap, Tog¬rul begiň gelşini, atdan düşüşini, adamlar bilen hal-ahwal soraşyşyny – her bir hereketini ünsli synlady, begiň aram-aram hareme bakan seretmesinden onuň özüni agtarýandygyny aňdy.
Beg adamlaryň öňüne düşüp karargähine bakan ugrady, ýöne uzak gitmän, haremine bakan gönükdi.
– Gelýär! – diýip, Altynjan pyşyrdady, näme etjegini bilmän doňan ýaly bolup durdy.
Işik şarka açyldy:
– Altyn gyz, halyň niçik?
Altynjan sesini çykarmady, duran ýerinden gozganjak hem bolmady.
Togrul beg içişikde durup, ahmyrly sözledi:
– Muhammet alaýhyssalamyň hatyny Aýşa-da töhmet atypdyrlar22, saňa töhmet atylandygyny-da men soň bildim, haýp, giç bildim. Soň arkaýynçylykda gürleşeris, men seniň halyňdan habar almak üçin geldim. Kesek diňe miweli agaja atylýandyr. Näme üçin dymýarsyň? Nämedir bir zatlar aýt ahyryn.
Altynjan şindem doňan ýaly boldy durdy.
Togrul beg uludan demini aldy, Altynjana seredip, birmeýdan durdy, goltugyndan bir düwünçek çykaryp, ojakbaşynyň üstünde goýdy-da, çykdy gitdi.
Altynjan özüni aşak goýberdi, sojap-sojap aglamaga başlady, agladygyça aglasy geldi.
Garaňky düşdi.
Wagt ýarygije boldy.
Ýöne Togrul beg gelmedi.
Daňdanlar uka gitdi.
Ol özüne seredilýändigini duýup, ukudan oýandy, gözüni ada açyp, töweregine garanjaklady, diňşirgendi, üstüne ýorgan ýapylandygyny duýdy. Görse, başujunda Togrul beg aýbogdaşyny gurap, seredip otyr.
Adamsynyň seredip oturandygyny gören Altynjan birbada aljyrady, damagy hykga doldy.
Togrul beg Altynjanyň ýüzüni emaý bilen sypady, gözünden paýrap dökülýän gözýaşy üznüksiz syldy.
Bu mahal Altynjanyň kemligi tutupdy, agladygyça aglasy gelýärdi.
Togrul beg onuň elinden çekip gujagyna aldy, şeýlebir yhlas bilen gujaklady:
– Sen nika gijämiz meniň ýüregim bolmak isleýändigiňi aýdypdyň. Şonda men muny asla mümkin zat däl diýip hasap edipdim. Görüp otursam, mümkin eken. Indi, hakykatdan hem sen – meniň ýüregim. Indi sen meniň üçin öňki Altynjan däl, düýpgöter başga Altynjan. Men orta ýaşan adam, sen welin, entek ýaş. Ýaş hem bolsaň, maňa uly sapak berdiň. Indi hiç kim töhmet atyp meni ynandyryp bilmez, çünki ýüregi aldap bolmaýar.
Altynjan mundan artyk hiç zat aýtma diýen terzde Togrul begiň agzyna elini ýetirdi.
Sebäbi ol bolup geçen ahwalaty öz maňlaýyndaky ýazgyt hasap¬laýardy, Gurhandaky: «Alla ynsana diňe güýjüniň ýetjek möçberinde ýük ýüklär» diýen pähimine ynanýardy, Allanyň maňlaýyna ýazan ýazgydyny merdemsilik bilen çekmek isleýärdi, çekýärdi hem. Çünki ýaşaýyş dowamatynyň baş manysy Allatagalanyň dünýäni ýaratmakda, öňünden biçen tutumynyň amala aşmagydyr. Öňden biçilip goýlan ol tutuma ýazgyt diýil¬ýär. Ýazgyt şeýle alanyňda, adatdan daşary bir zadam, adam akylyna sygmajak bir zadam däldir. Ýazgyt – bu Wagt hem Giňişlik arasyndaky üzülmez baglanyşyklardyr, bar bolany. Düýn şu güni, şu gün ertiri, ertir birigüni… şertlendirip, kesgitläp gidip otyr. Arman, bu şertlendirmäniň ähli jikme-jiklikleri akylymyza sygmansoň, olary bölmek mümkin däl bolansoň, bize ýazgyt öz çykaran gorkuly hokgamyz ýa-da haýran galdyryjy geň-taňlyk bolup görünýär. Wagt bitewüdir, öňünden kesgitlenendir, çünki diňe öňden kesgitlenen zat bitewi bolup biler, ýazgyt bolsa şol bitewüligiň biziň paýymyza düşenje bölegidir.
Adamy ýazgyda ynanmak ýa-da ynanmazlyk däl-de, ýaşaýyş hyjuwy ýaşadýar. Bu hyjuwyň çeşmesi bolsa Alladandyr. Bu hyjuw ýazgydyň hökmürowanlygyny göz öňünde tutulyp, sarp edilse, munuň özi akyl-parasatlylykdyr. Töwekgellik – ine, iň ýokary parasat. Töwekgellik özge barça närseden geçip, diňe Hudaýa bil baglamakdyr. Togrul begiň Altynjany urup, göwresindäki çagasyny düşürmegi ýazgytdy, sebäbi bu hereketiň ujy gaty aňyrlardan gaýdýardy. Bir hereket beýlekiniň esasynda döreýär, şeýdip, dowamat höküm sürýär.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 46 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]