05:28
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -3
Üçünji hekaýat

ÇYBYN ÇAKSA, PIL GORKAR

• Nusaý söweşi

Soltan Masuda seljuklylardan köp mukdarda salgyt, paç ýygnalandygyny, munuň garaşylan netijäni bermändigini, olaryň öňki seljuklylar däldigini – uly güýje öwrülendiklerini, Parawda, Nusaýda soltanatyň bundar toparlaryny öldürendiklerini habar berdiler.
Bu habary hyrçyny dişläp – gara gan edip diňlän soltan Masut özüniň seljuklylary Horasandan gaçyp gider ýaly etmek baradaky tilsiminiň başa barmandygyna biçak gaharlandy, öz bundarlaryny öldürendikleri üçin seljuklylary nädip jezalandyrmalydygy hakda ýörite geňeş geçirdi.
Geňeşe beýik hoja (wezir) Ahmet-i-Abd-as-Samat, resminamalar sahyby Bu Sahy Zuzani, hajyp Begdogdy, Bu Nasr Mişkan, Subaşy gatnaşdy. Geňeşde seljuklylaryň garşysyna uly goşun ibermek, olary derbi-dagyn etmek karar edildi. Soltan Masut goşuna ýolbaşçylyk etmegi iň ökde salarlaryň biri hajyp Begdogda tabşyrdy.
Begdogdynyň on bäş müňlük atly goşuny we köşgüň iki müň sany saýlama mufraty, jemi on ýedi müň atly goşun Meret aýynyň1 başynda Nyşapurdan Nusaýa – Togrul begiň üstüne ugrady.
Goşun bilen kethuda 2 hökmünde hoja Hüseýin Aly Mykaýyl gitdi. Onuň ygtyýarynda köp mukdarda altyn-kümüş, her hili egin-eşik, top-top mata bardy. Hojanyň wezipesi goşunda gahrymançylyk görkezen mufraty, gulamy soltanyň adyndan sahylyk bilen sylaglamakdy. Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl goşunyň arasynda bolup, gulamlara soltanyň bu ýörişe aýratyn ähmiýet berýändigini, söweşde tapawutlananlary sylaglamagy özüne tabşyrandygyny öwran-öwran nygtaýardy, mufratlaryň, gulamlaryň söweşe, ýeňşe bolan höweslerini artdyrmaga çalyşýardy.

* * *

Salar Begdogdynyň on ýedi müň gulamly goşun bilen gelýändigini, häzir haýsy ýerdedigini seljuk beglerine birsyhly habar berip durdular.
Togrul begde bary-ýogy üç müň atly bardy. Üç müň atly bilen on ýedi müň atlynyň garşysyna çykmak hatarlydy, howpludy. Durmuş olary çuň oýlanmaga, ýagdaýdan düýpli çykalgalary tapmaga mejbur edýärdi. Soltana hoşamaý sözlerden dolduryp nama gönderenlerinde seljuklylarda ýeke-täk bir maksat bardy. Ol hem bu ýakyn döwürde soltan bilenem, başga bir topar bilenem söweşe girmezlikdi.
Isleg isleg bolýar, islegiň paşmasa, başga çykalga tapmaly bolar¬syň-da!
Näme etmeli?
Gaçmag-a çykalga däl, çünki düýä müneniňden soň hataba bukulyp bolmaýar.
Diýmek, darkaş gurmaly.
Özem darkaşda ýeňmeli!
Ikinji ýol ýok!

* * *

Bagdat halyfy 3 al-Kaýym Biýemryllah (1031–1071 ý.) kynyk beg¬lerine öz ilçisini iberdi, olara uly üstünlikler, rowaçlyklar dileg etdi. «Eger hamdu-sena, sagadatlyk, döwletlilik isleýän bolsaňyz, meniň wesýetlerimi hem talaplarymy berk berjaý etmelisiňiz» diýip. Halyf, ilkinji nobatda, halyfata hüşür-zekat, ondan hem daşgary her aýda köp mukdarda altyn-kümüş ugradyp durmak¬laryny talap edýärdi. Şeýle hem her bir ätmek isleýän ädimleri hakda halyfaty habardar saklamagy, halyfatyň görkezmelerinden çykmazlygy talap edýärdi, halyfatyň talaplarynyň amal edilmedik ýagdaýynda Hudaýtagalanyň seljuklylardan ýüz öwürjekdigini, häzirki ýeten derejelerini diňe halyfatyň ýalkawy hem ýardamy bilen amal tapandygyny tekrarlaýardy.
Seljuklylar halyfyň ilçisine, adamlaryna öz aralaryndan orun-ojak berdiler. Olara her bir işlerinde, her bir tutumlarynda geňeş saldylar.
Ilçiniň ýigrimiden gowrak ýardamçysy bardy. Ýardamçylaryň ählisi ýetişiksiz gündediler. Sebäbi her gün diýen ýaly Bagdada çapar gidýärdi. Çaparlaryň günde iki gezek – ir ertir biriniň, namazşamdan soň hem ýene biriniň ugraýan wagtlary-da bol¬ýardy. Aýda bir gezek Bagdada kerwen ugradylýardy. Onda kynyk begleriniň halypaga hem onuň ýakyn adamlaryna ýörite hedýe-engamlary gönderilýärdi.
Kynyk ýigitleri halypa, halypanyň ilçisine sygynýardylar, olaryň göwünlerinden turmaga çalyşýardylar, her bir işi, her bir ýörişi halypanyň ilçisiniň ak patasy bilen başlaýardylar.
Ilçiniň patasy bilen başlanan tutum, ýöriş, köplenç, oňuna bol¬ýardy.
Çagrydyr Togrul halyfyň ilçisine aýratyn sarpa goýýardylar. Çünki ilçi olaryň hoşuna gelýän sözleri aýdýardy, olar: «Siziň ikiňizem Allatagalanyň nazar salan bendeleri. Siziň arkaňyzda mömünler emini Kaýym halypanyň Allatagala mynajatlary birle beýik Allatagala dur. Nesip bolsa, Beýik Allatagalanyň şerefi birle siz bir kuwwatly döwletiň ýolbaşçysy bolarsyňyz. Biriňiz Basyl şalygyny basyp alyp, ol ýerde öz şalygyňyzy ýöretseňiz, ikinjiňiz Oguz ýurduna 4 soltan bolarsyňyz. Siz köp-köp kapyrlary musulman edip ýalkanarsyňyz» diýýärdi. Bu sözler iki dogana ganat berýärdi. Olar ilçiniň sözlerini diňlemekden ýadamaýardylar. Allatagalanyň özlerine biçak üýtgeşik ýazgyt berendigi üçin olar çäksiz hoşnutdylar. Bäş rekat namazyny yhlas bilen okaýardylar. Allatagala hoş geljek işleri köpräk bitirmäge çalyşýardylar.

* * *

Deň bolmadyk söweşde diňe harby tilsim bilen ýeňip bolýar.
Tilsim ulanmaly!
Seljuklylar ulanjak harby tilsimlerini ýedi ölçäp bir kesdiler. Anyk bir pikirde, anyk bir tilsimde durdular.
Ulanylmaly tilsim gaty aýdyňdy: üç müň esgeri iki topara bölmeli. Birinji topar Begdogdyny garşylamaly we onuň bilen darkaş gurmaly. Ikinji topar bolsa baýlyk bilen soltan gulamlarynyň gözlerini güýdüşdirmeli: arabalarda her hili gymmatbaha zatlary goýup, gaçan bolmaly. Goý, Begdogdy: «Seljuklylar baýlyklaryny çöle alyp barýan ekenler. Olar bar baýlyklaryny alyp gaçmaga ýetişmändirler, biz wagtynda olaryň üstünden gelipdiris» diýip, pikir etsin.
Soltanyň goşuny «ýeňiş» gazanyp Nyşapura ugrar, şonda iki topar birleşip, esasy söweşe başlamaly: Nyşapura barýança kä o tarapyndan, kä bu tarapyndan duýdansyz hüjüm ede-ede on ýedi müňlük goşunyň aňkasyny aşyryp, huguny çykaryp, soňuna çykmaly, olardaky ähli baýlygy almaly. Gaznalylar Nyşapura barýança bir hepde wagt gerek, şol bir hepdede seljuk begleri hem syrtlan bolmaly, hem gurt 5 bolmaly.
Seljuklylar, ine, şu tilsimi makul tapyp gaznalylaryň garşysyna çykdylar.

* * *

Salar Begdogdy Nusaýa gazap donuny geýip, şöhrat atyna atlanyp geldi.
Nusaý galasynyň gündogarynda atlylaryny täzeden gözden geçirdi. Soňam gala ilçi ugratdy:
– Galadan ýeke-ýekeden çykyň! Ýaraglaryňyzy galanyň derwe¬zesiniň sol tarapyna taşlap, meniň ýanyma gelip, günäňizi boýun alyň, ýogsam ähliňizi uçdantutma gyraryn!
Ilçi gelip, galada dardan başaşak asylan bir gaznaly bunbaryndan başga hiç kimsäniň ýokdugyny habar berdi.
– Çaga-çugalaram, garry-gurtularam ýokmy?
– Yns-jyns ýok. – Ilçi şu sözi aýdyp gutaryp-gutarmanka goşunyň gündogar tarapyndan wagşyýana gykylyklar eşidildi:
– Seljuklylar!..
– Seljuklylar çozdy!
Başagaýlyk başlandy.
Gaznalylaryň ep-esli gulamy gaçdy, saý haşam goşun sö­weşe girdi.
Ir ertirden başlanan söweş günortana çenli dowam etdi.
Seljuklylardan köp adam pida boldy.
Galan iki ýüz-üç ýüz töweregi seljukly bolsa, Oguz çölüne sary gaçyp gitdi.
Salar gaçyp giden seljuklylaryň yzyndan kowgy ugratdy, sel¬juklylaryň ýekesinem diri galdyrman, uçdantutma gyrmagy berkden-berk tabşyrdy.
Kowup barýan soltan gulamlary köp mukdardaky baýlygyň üstünden bardylar.
Arabalara mas ýüklenen baýlyklar gaty kändi.
– Seljuklylar bu baýlyklary gizlemek isläpdirler, ýöne çöle äkidip ýetişmändirler. Biz wagtynda gelipdiris – diýip, salar çak urdy.
Bu pikiri salaryň ýanyndaky ähli kişi makullady.
Ähli baýlyklary jemlän gaznalylar ýeňiş sazyny çaldylar, soltan Masut Gaznala fethnama ýolladylar, soňam dabara bilen ýola düşdüler, ýöne uzak gitmän saklandylar.
Ilki bilen-ä, ýeňşiň gazanylandygy mynasybetli soltan Masudyň gymmatbaha sowgatlaryny, iň esasy-da, seljuklylardan olja alnan baýlyk¬lary goşunyň arasynda paýlaşmaly, soňam ýeňiş toýuny toýlamaly.
Soltan Masut Gaznaly: «Maňa hums paýy 6 gerek däl, ähli oljany gulamlaryň arasynda paýlaşyň» diýipdi.
Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl-da, salar Begdogdy-da açgözlükden, gysgançlykdan daşda durup, gulamlara eçilmek eçildiler: uzynly günüň dowamynda on ýedi müň gulama dabaraly ýagdaýda olja hem soltan sowgatlaryny paýladylar.
Her gulama dünýäniň baýlygy ýetdi.
Beýle baýlyk öň olara ýeke gezegem miýesser etmändi.
Hoja Hüseýin Aly Mykaýyl bilen salar Begdogdy oljalary, soltan sowgatlaryny paýlap bolanlaryndan soň nutuk sözlediler. Olar gulamlara soltan Masudyň adyndan çäksiz minnetdarlyk bildirdiler hemem bu gün soltanyň adyndan gulamlara toý berilýändigini aýtdylar.
Toý toýlandy.
Baýlykda jady bar. Ol adamy dälilik hetdine ýetirip bil¬ýär. «Gyzyl görse, Hydyr azar» diýilýär. Elbetde, on ýedi müň gulamyň içinde Hydyry ýok, olar gyzyly, baýlygy görüp azmak azdylar. Ine, soltanyň adamlaram ummasyz oljanyň, baýlygyň üstünde öz aralarynda oňuşman, ýakalaşyp, ýumruklaşyp, biri-birini öldürip, baýlygyny alyp ugradylar.

* * *

Begdogdynyň goşunynyň Nyşapurdan Nusaýa ugranyna iki hepde geçip-geçmänkä soltan Masuda salar Begdogdudan çapar geldi:
– Seljuklylar derbi-dagyn edildi! Siziň goşunyňyz görlüp-eşidil¬medik ýeňiş gazandy!
Bu hoş habara gününi sanap garaşan soltan begendi. Haýdan-haý wezir-wekillerini, atly-abraýly adamlary çagyryp, ýeňiş toýuny toýlady. Toýda soltan uly nutuk sözledi. Hajyp Begdogdynyň harby ussatlygyny wasp etdi. Şahyrlar onuň şanyna goşgy düzdüler.

* * *

Nasyr beg birinji toparyň ýolbaşçysydy. Ol diýseň başarjaň, ugurtapyjy, mert, daýaw serkerdedi, gaznalylardan öçlüdi, çünki ol kakasy üçin ar algylydy.
Nasyr beg seljuklylaryň görnükli begi Muhsin bin Tagyň ogludy. 1006-njy ýylda soltan Mahmyt Gaznaly Sarahsyň ýolunda Muhsin bin Tagy 7 öldürende ogly Nasyr ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglandy. Nasyr şol günden bäri gaznalylar bilen garpyşmak, kakasynyň aryny almak maksady bilen ýaşaýardy.
Egindeşleriniň köpüsi onuň gözsüz batyrlygyndan heder edýärdiler. Çagry beg onuň birinji topara serkerdelik etmegine garşy-da çykypdy. Ol:
– Goý, Nasyr ikinji topara serkerdelik etsin – diýipdi.
Nasyr beg ylalaşmandy, dyzmaçlyk edipdi. Şonda, onuň göwnüne degmezlik maksady bilen birinji topara ýolbaşçylyk etmegine razy bolupdylar.
Nasyr begiň ygtyýarynda müň sany atly bardy. Onuň wezipesi gaç-kow söweş tilsimi boýunça hereket etmekdi: garaşylman durka gaznalylaryň arka tarapyndan gelip, darkaşyp, biraz dowul döredeninden soň gaçmakdy we gaznalylary çöl etekde öňünden taýýar edilip goýlan harwar-harwar baýlyklaryň üstünden eltmekdi.
Ençe ýyllap kakasynyň aryny almagy ýüreginde besläp ýören Nasyr beg dowul döredip gaçmagy ýadyndan çykardy. «Öldüriň! Baryny öldüriň!» diýip, ol duşman leşgeriniň barha jümmüşine girdi.
Netijede, özi-de öldi, ýanyndaky müň atlynyň ýedi ýüzden gowragynyň-da ölümine sebäp boldy. Galan atlylar gaçan bolup, öz öňlerinde goýlan wezipäni amal etdiler.
Nasyr begiň wepaty seljuklylara çökder agyr urgy boldy. Olary galanyň demirgazyk tarapyndaky mazarlykda depin etdiler. Sel¬juklylar diňe bir öz wepat bolanlaryny däl, eýsem gaznaly gulamlardan wepat bolan iki müň gulamyň jesedini-de jaýladylar.
Merhum jaýlamak däp-dessuryny amal edip, aýat-doga okanlaryndan soň, seljuk beglerine salar Begdogdynyň goşunynyň ýagdaýy hakda habar geldi.
– Gaznalylar başda ýeňiş toýuny toýladylar, indem oljalaryny paýlaşyp bilmän, biri-birini öldürýärler. Megerem, namazşama çenli olar biri-birini öldürip gutarsalar gerek.
Bu habary serinde aýlan Çagry beg Musa beg bilen Togrul bege ýüzlendi:
– Olaryň soňuna çykmagymyz üçin Hudaý bize gowy mümkinçilik döredip berýär: olary Nyşapura çenli kowalap, talap gitmek endişesinden halas edýär. Biz hut şu gün olaryň soňuna çykarys!
– Hüjüm etmeli pursadymyz geldi. Hudaýtagala biziň işimizi ýeňilleşdirdi – diýip, Ybraýym galkyjaklady.
– Biz olary gyran-jyran ederis! – diýip, Togrul beg Ybraýymy goldady.
– Bu babatda Sowmagydan sorap göreliň!
Oturanlar Hasanyň bu pikirini makul bildiler, derrew bilgiji tapyp getirdiler, oňa gaznaly goşunynyň ýagdaýyny, öz maksatlaryny düşündirdiler.
Sowmagy Asmana seredip uzak oturdy. Oturanlar garaş¬makdan ýaňa, bez boldular. Sowmagy ahyryl-ahyr ýerinden turdy.
– Bu gün jahana Müşderi ýyldyzy gözegçilik edýär. Müşderi ýyldyzy – ýeňiş ýyldyzy. Merhemetli Çagry beg, merhemetli Togrul beg, siziň ikiňiz hem sahypkyranlar. Siziň ikiňizem bu ýyldyzyň aşagynda doglanlar…
– Sen bize anyk jogap ber, biz çozsak, ýeňerismi? – diýip, Çagry beg Sowmagynyň ýanyna bardy.
– Siziň ýyldyzlaryňyz...
– Dur, dur, maňa anyk jogap ber. Biz häzir gaznalylaryň üstüne çozuş etsek, ýeňerismi ýa ýeňlerismi? Gaznalylar bizden san taýdan bäş esseden-de köp.
– Ýyldyzlaryň berýän alamatlaryna görä, ýeňiş sahypkyra¬nyňky!
– Maňa, ine, şu sözüň lazym.
– Allatagalaga ýüz tutalyň, ondan ýeňiş diläliň! – diýip, Togrul beg ýanyndakylara ýüzlendi.
Bu pikiri ähli seljuklylar makul bildiler.
Togrul beg dagdan gelýän çaýyň kenarynda taýlesanyny öňüne namazlyk edinip, ikidyz oturdy. Seljuklylar Togrul begiň yzyndan hatara düzüldiler.
– Eý, Beýik Biribar! Size alkyşlar we hamd-senalar bolsun! Biz – Seljuk ibn Dukakyň neberesidiris. Bize ýaşamak mertebesini berendigiňiz üçin çäksiz hurgantdyrys. Gurhanda: «Eger minnetdarlyk bildirseňiz, men size eçilerin» diýen, «Derejeleri boýunça birlerini beýlekilerden belende göterdik» diýen parasatlaryňyzyň amalyny bize eçilen, rowa bilen takdyrlaryňyzda görýäris. Siz bize mydama göterip biljek ýüklerimizi ýüklediňiz 8. Eý, Perwerdigär! Biz size sadykatdyrys, ýüreklerimiz diňe: «Alla, Alla!» diýip urýandyr. Biz diňe siziň hoşuňyza geljek sogap işleri köp bitirmäge çalşyp ýaşaýarys. Bizi mundan beýlägem öz penaňda aman hem mertebede saklamagyňy soraýarys. Bize gaznaly soltan Masut köp-köp jebir-sütemler etdi. Ol siziň ajaýyp dünýäňizde rahat, hözirli dünýäňizde ýaşamaga mümkinçilik bermeýär, bize agyr salgytlar salýar. Biziň köp adamlarymyzy öldürdi. Biz ýeňşiň siziňkidigine magat düşünýäris we sizden häzirki başlamakçy bolýan darkaşymyzda ýeňşe ýar etmegiňizi uzur soraýarys!

* * *

Togrul beg her gezekdäki ýaly, bu gezegem goşunyň öňüni çekdi. Söwer gyr atyny debsiläp, çirkin-çirkin gykylyklap, ýataganyny bulaýlap, gaznaly gulamlary parçalap ugrady. Onda asyl gorky-ürki ýokdy, başa-baş söweşe biçak rüstemdi. Özem onuň ýadamasy-ýaltanmasy ýokdy, ýadandygyny ol köplenç darkaşdan soň duýýardy. Söweş wagty göhi gelýärdi. Onuň batyrgaýlyk bilen wagşyýana söweşişini görüp, duşmanyň haýýaty göçýärdi, elden-aýakdan galyp, aňsatja pida bolýardylar. Togrul begiň göwresi-de uludy. Garşydaşy bu äpet uly göwreli kişi bilen oýnunyň deň gelmejekdigine oňa gözi kaklyşan dessine akyl ýetirýärdi.
Bu gezek söweşe ähli seljuk begleri girdi.
Jylawdar goşunyň salary Çagry begdi.
Sag ganatda Togrul beg, sol ganatda Musa beg ogullary Hasan hem Ýakut bilen durýardy.
Altynjan bilen Anuşirwan ýiglewük bölüme serkerdelik etdi.
Bu söweş Altynjan hatynyň gatnaşýan ilkinji uly söweşidi. Ol gazaply, rehimsiz söweşdi. Onuň söweşe gatnaşmagyna Tog¬rul beg başda razy bolmandy. Şonda ol özüniň ýöne-möne söweşiji däldigini bege ýatlatmaly bolupdy. Wah, Togrul beg Altynjanyň söweşmäge ussatdygyny bilmesine bilýärdi, ýöne ony söweşe salman, goramakçy bolýardy.
– Ýiglewük bölümde söweşersiň – diýip, beg göwünli-göwünsiz razylyk berdi.
Altynjan söweşde bölümiň bölümden tapawudy ýokdur öýdüpdi, görüp otursa, bar eken. Ýiglewük bölümiň ikinji ady ökje eken. Bu bölümiň esasy işi serkerdäni hemem tugy yzdan howpsuzlandyrmak eken. Mundan-da başga duşmanyň esgerleriniň söweşde ileri-gaýrany tanaman söweş meýdanyndan ökje ogurlap ugranda öňünden çykyp paýhynlamak eken.
Nusaý söweşinde hem ýiglewük bölümiň esgerleriniň işi ýeterlik boldy. Olar gaçyp gelýän gaznalylaryň öňünden çykyp, ýeke-ýekeden paýhynladylar. Bu söweşde Altynjanyň göhi geldi. Şeýle bir çalasynlyk bilen ýataganyny işletdi, gaty köp gaznalyny pürreledi.

* * *

Soltan gulamlary nämä garaşsalar-da öz üstlerine çozulmagyna garaşmandylar. Olar bu mahal ýazylyp-ýaýrap ýeňiş toýuny toýlaýardylar ahyryn!
Hana, birtopar gyr atly bolsa, toý toýlap, aýdym aýdyp, çişlik iýip oturan gulamlaryň kellelerini eginlerinden pyzlandyryp düşürip ýör!
– Bu nädogry. Häzir hiç bir gaznalynyň ynjalygyny bozmaly däl, azar bermäň! – diýip, dünýäden bihabar, badyhowa gulamlar nägilelik bildirdiler.
Mes gaznalylaryň nägileligine ähmiýet beren bolmady.
Görlüp oturylsa, ýagdaý erbet eken, nägile bolanyň bilen üýtgejek zat ýok eken!
Gözleriniň görýän zatlaryna ýeke gaznalynyň hem eger-eger ynanasy gelmedi, ýöne islemeýän zatlaryna ynanmaly boldular.
On ýedi müň gulam basga düşdi.
Näme etjeklerini bilmän iki ýana elewräp ugradylar.
Baýlyk süýji, olja has süýji. Baýlykdan-da, oljadan-da jan süýji, janlarynyň didiwana münendigini aňan gaznalylar oljadan-beýlekiden ellebizar geçip, ýeriň pesi bilen zyk gaçdylar.
Seljuk ýigitleri aýak ýalaň, baş açyk gaçyp barýan soltan gulamlarynyň yzyndan ýetip gyrmak gyrdylar.
Begdogdy başarjaň, ugurtapyjy serkerdedi, ýöne onuň bir asgyn tarapy bardy. Ol hem edil Subaşy atly egindeşi ýaly, şerap içip mes bolmagy gowy görýänligidi, däli-diwana bolýanlygydy. Şerap-meý içenden soň ol hakyt başga Begdogda öwrülýärdi. Onuň gözüne owadan hüýr-melekler görünýärdi 9. Onsoň şol hüýr-melekler bilen kowalaşmaga, hemsöhbet bolmaga başlaýardy.
Uly ýeňiş gazanan Begdogdy Nusaýda içdi meýi, içdi meýi. Gyzyl däli, muhammar boldy. Onsoň: «Hana, bir owadan peri bar!» diýip, öz gulamlarynyň yzyndan kowalap, olary tutup, bagryna oýkap, hyjuwyny gandyrmaga başlady. Gulam görgüliler oňa ýok diýip bilenokdylar.
Seljuklylary görende Begdogdy walalaýlap gygyrdy:
– Görüň-ä, görüň-ä, owadan periler geldi. Ählisini maňa getirip beriň! Olaryň ählijesi meniňki!
Salaryň çawuşlary ony alyp gaçjak bolýardylar, Begdogdy welin, çawuşlary depip-dişläp, olaryň elinden sypjak, «üýşüp gelen perileriň» – seljuklylaryň öňünden gujak açyp çykjak bolup dyzaýardy.
Herhal, çawuşlar salaryň ähli sütemine, patanaklamasyna, çem gelen ýerlerine urmasyna garamazdan ony gyrgynçylygyň içinden alyp çykmagy başardylar.
Kethuda hoja Hüseýin Aly Mykaýyl welin, ýesir düşdi. Kethudanyň wezipesi söweşde ýeňiş gazananlara heýde-baýrak gowşur¬makdy. Bir tarapdan seredeniňde, hoja wezipesini ýerine ýetirdi: ýeňşi seljuk begleri gazandy. Şonuň üçin soltanyň sahylygy seljuk beglerine nesip etdi.
Begdogdy şol günüň ertesi özüne geldi. Bolan wakalar hakda eşidip ynanmady. Birki günläp tükge düşüp ýatdy. Soňam Gazna sary ýola düşdi. Gaznada şindem toý-baýram dowam edýärdi.
– Ýeňildik! On ýedi müň atly goşunymyz gyryldy. Ähli zatlarymyzy seljuklylar olja aldylar. Sanalgyja adam bilen men hazzar gaçyp gutuldym.
Soltan gözüniň görýän zadyna, gulagynyň eşidýän sözlerine hiç ynanyp bilmedi, ynanasy hem gelmedi.
Ol görýän zatlaryna müňkür gelip, gözlerini ýumdy. Berk ýumdy. Onuň bolşy indi gözlerini açsa, hälki eşiden habarlary owalbaşky eşiden şatlykly habarlaryna öwrüläýjek ýalydy.
Haýp, öwrülmedi!
Nusaýyň etegindäki bolan zatlara salar Begdogdynyň özem şindem teý ynanyp bilenokdy. Ol gazanan ýeňşine biçak ynanypdy, begenipdi, biçak ruhlanypdy. Ýeňlen atlylardan özge atly bu jelegaýda başga bardyr öýdüp, ol eger-eger pikirem etmändi. Onuň gyran seljugy juda kändi ahyryn! Oňa: «Ähli sel¬jukly gyryldy, tohumlyk galmady» diýdiler ahyryn! Ýedi ýüz maslygy hut onuň özi ýeke-ýeke sanady ahyryn!
Begdogdynyň ömri söweş meýdanlarynda geçdi. Şol söweş¬lerde ýeňen gezeklerem az bolmandy, ýeňlen gezeklerem. Şol söweşlerde her hili tilsimler ulanylypdy, ýöne beýle ahwalata ol ýeke gezegem gabat gelmändi, eşitmändi hem!..

* * *

Bu ýeňiş Togrul beg bilen Çagry begiň ilkinji uly ýeňşidi.
Bu tilsim iki doganyň ilkinji harby tilsimidi.
Ele salnan oljalar uly bir oýtakda ýaýylyp ýatyrdy. Olary bir-iki günde tükelläbem tükeder ýaly däldi. Soltan Masudyň söweşde ýeňiş gazananlara bermek üçin niýetläp ugradan halta-halta altyn dinarlary, gymmatbaha harytlary göreniň akylyny haýran edýärdi.
Bu baýlyklary görüp halyfyň ilçisi Nejah-as-Fazlyň tüýsi hakyt üýtgedi:
– Bir zada-da el degirmäň! Bir zada-da el degirmäň! Bu baýlyk¬lar merhemetli halypanyň Perwerdigärden eden dilegleri bilen amal tapdy. Bu baýlyklar Perwerdigäriňki. «Ýeňiş diňe Allanyňkydyr».10 Ilki bilen, bu baýlyklary Bagdada ugratmaly. Goý, bu baýlyklaryň näçesiniň size, aýratyn hem Musa bege, Tog¬rul bege, Çagry bege degişli hums paýyny, esgerleriň paýlaryny kesgitläp bersin. Bu baýlyk¬lardan her bir esgere ýetjekdigine men yşanýaryn. Ýöne sabyrly boluň. «Alla sabyr edýänler bilen mydama biledir». 11 Allatagalanyň ýalkawy bolmasa, on ýedi saý haşamy üç müň esgeriň ýeňmejekdigi köre hasadyr, ýöne Allatagala islese, mümkin däl zatlary-da mümkin edýändir – diýip, pikirini çalt aýtmasa, bar baýlyk alnyp gidiläýjek ýaly, gözlerini petredip, agzyndan köpük syçradyp, çalt-çalt gürledi.
–Çaşyp ýatan ähli baýlyklary arabalara derhal ýükläň. Ýekejesinem aljak bolaýmaň.
Nejah-as-Fazlyň bu hokgasyna ähli esgerler ör-gökden geldi.
– Eý, munuň nämeler samraýandygyny gulagy beri eşidýärmikä? Munuň-a baýlyk görerligi ýok eken. Geplemäge ýaltanyp ýören bedibagtyň sarnaýşyna bir serediň-ä!
– Ybraýym, Nejas-as-Fazl dogry aýdýar. Allatagalanyň ýalkawy bolmadyk bolsa, üç müň esger on ýedi müň gulamy beýle aňsat ýeňmezdi. «Ýeňiş diňe Allanyňkydyr». Goý, halypanyň näme edesi gelse, şony etsin – diýip, Togrul beg Ybraýymy köşeşdirmäge çalyşdy.
– Ýekeje zadam gozgaman, ähli emlägi şu gün Bagdada ugratmaly – diýip, Nejas-as-Fazl ariziň 12 üstüne gygyrdy, onuň elindäki zatlary kakyp aldy.
– Meniň oglanlarym – saýlama atlylarym halypanyň ilçisini dört-bäş günlük «ogurlap» guma äkidäýsinler? Oňa çenli oljalary paýlaşyp, ýerbe-ýer edip ýetişeris? – diýip, Ybraýym Togrul bege ýüzlendi.
– Allatagala-ha saňa jahan şalygyny uzadýar, senem müň araba baýlygyň gürrüňini edýärsiň! – diýip, Togrul beg Ybraýymy oňlamady.
Hasan beg beglere ýüzlendi:
– Bu söweşde dört-bäş Rüstem Zallyk güýçli bir söweşijini görüp aňkarylyp galypdyryn. Aňkarylyp durkam tas kellämi pyzlandyrypdylar...
Hasan beg gürrüňiň haýsy söweşiji hakda gidýändigini soramak¬laryna garaşyp, sözüne dyngy berdi. Togrul beg gürrüňiň kim hakda gidýändigini bada-bat aňyp ýylgyrjaklady.
– O Rüstem Zalyň kimdigini näme üçin aýtmaýarsyň? – diýip, Çagry beg gyzyklandy.
– Kim bolar öýdýärsiňiz, Altynjan melike ol. Eý, Hudaý, garşydaş bolup öňünden çykar ýaly däl onuň. Togrul, öňünden çykan bolsaň, seniňem kelläňi pyzlandyryp goýbererdi ol. Eý, ol säginmän, öňünden çykany ýeke kakuwynda tükgerdip göni gidip barýar. Boýnuma alaýyn, men sag ganatda söweşen-de bolsam, Altynjan melikeçe gaznalyny pürrelemändigimi bilýärin. Ýiglewük bölümi öň darkaşlarda oňly iş etmezdi, ýöne şu gezeg-ä bu bölüm ylgary bölümdenem, sag ganatdanam köp iş bitirdi.
– Togrul bege mynasyp hatyn! – diýip, Musa beg buýsançly aýtdy. – Goý, ýeňişlerimiz köp bolsun!
– Hany Altynjan?! – diýip, Togrul beg töweregine garan¬jaklady.
Altynjan bu mahal Anuşirwanyň ýanyndady. Lukmanlar ýaş ýigidiň üç ýerinden düşen ýeňil ýara em edýärdiler.
– Oglum, juda agyrýarmy? – diýip, Altynjan odanýardy.
– Käbäm, maňa hiç döwem çalmaz, nesip bolsa, ömri-deraz ýaşarys – diýip, Anuşirwan ýylgyrjaklady.
– Agzyňdan Hudaý eşitsin.
– Altyn gyz!..
Bu sese Altynjan tisginip gitdi:
– Men bärde – diýip, ol syçrap ýerinden galdy.
– Sag-amanmyň?!
– Sag, begim, sag!
– Görünmediň, ýüregim ýaryldy.
– Men sizi synlap, görüp otyryn.
– Anuşirwan, sen nähili?
– Birki sany gyltyz ýara düşdi, gorkuly zat ýok – diýip, Anuşirwan merdemsi jogap berdi.
– Hany, ýörüň onda, bitiren işlerimizi ýene bir gezek gözden geçireliň. Biz bu gün gaty uly iş bitirdik. Çybyn bolup, pili çakdyk, gorkuzdyk: soltanyň ýüregine gorky-wehim saldyk. Ine, biziň ikinji uly ýeňşimiz şu!
– Şirler-babyrlar diňe garynjalardan ýeňilýärler, gaçýarlar. Nesip bolsa gaznalylary bu ýerden hemişelik gaçyp gider ýaly ederis.
– Şeýle bolsun hernä, Anuşirwan jan – diýip, Togrul beg hoşter seretdi.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 42 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]