00:39
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -2
Ikinji hekaýat

GORKYNYŇ GÖZI KÖR

Gyş geçip, ýaz geldi. Ýazyň gelmegi bilen Nusaýa gelýän masyllar-da köpeldi.
Bu gezekki gelen bundar-masyllary Anuşirwan garşylady.
Galada Togrul beg bilen Çagry beg ýokdy. Olar Parawa – Musa begiň ýanyna gidipdiler.
Ybraýym beg dümewläp ýatyrdy.
Anuşirwan bundarlara ýagdaýy mälim etdi: Togrul begiň galada ýokdugyny, Parawa gidendigini, ol gelýänçä özüniň hiç iş edip bilmejekdigini aýtdy.
Arkasynda soltan Masut duran bundar – Nyşapur diwanynyň muhtasyby Kubat ibn Kuwal diňe öz bähbidi üçin Nusaýa gelipdi. Ol ýüz müň dinary jantaýyna urmakçydy. Eger şu maksady başa barmasa, onda ol seljuklylaryň ellerine, aýaklaryna gandal urup äkidip, gul bazarynda deger-degmez bahasyna satmakçydy. Garasaý, eýdip-de bolsa, beýdip-de bolsa baýamakçydy. Ol Horasanyň häkimi Abul-Fazl Surydan ygtyýarnamalydy.
Ybraýym beg ýarawlygy bolmasa-da daşaryk çykdy. Bundarlara:
– Bizde indi size tölär ýaly bir hepbe-de ýok – diýdi.
Kubat ibn Kuwaly Ybraýym begiň jogaby kanagatlandyrmady. Ybraýymyň aýagyna, eline gandal urdular, garşylyk görkezendigi, hapadan-hapa sögendigi üçinem tä özünden gidýänçä ýençdiler.
– Salgyt tölemeseňiz, onda biz sizi zamun hökmünde äkideris, ýygnan pullarymyzy bolsa beýtilmala geçireris – diýip, Kubat ibn Kuwal haýbat atdy.
Sahybyň sözi boş haýbat däl eken. Ol salgyt ýygnajak bolup, nusaýlylary gyran-jyran edip gördi, barybir, çolpusyna ilen oňly zat bolmady. Şonuň üçinem ol Seljuk begleriniň iň ýakyny hasaplan on iki adamynyň aýagyny gandallady. Olaryň arasynda Ybraýymdan başga Anuşirwan bilen Nasyr beg-de bardy. Masyl¬lar: «Şu on iki kişini zamun alsak, bulary halas etmek üçin sel¬juklylar derrew salgytlaryny tölärler» diýip pikir edipdiler.
Dogrudanam, seljuklylar bu on iki kişini halas etmek üçin barja-ýokjalaryny orta dökdüler.
Ýygnalan baýlyklar Kubat ibn Kuwala az göründi.
Altynjan Anuşirwany alyp galmak üçin Kubat ibn Kuwala göwher monjugyny, altyn bilezigini, gulakhalkasyny berdi:
– Merhemetli sahyp, siz meniň daýymy halas ediň!
Sahyp Altynjanyň beren zatlaryny alyp, onuň üstüne haýbat atdy:
– Güm bol! Häziriň özünde şu ýerden güm bolmasaň, seni-de gandallap, äkidip, gyrnak edip sataryn!
Altynjan aýagyna gandal urlan Ybraýym begiň ýanyna ylgap bardy:
– Näme edeli?
– Men Togrulyň yzyndan çapar ýolladym. Çagry bilen Tog¬rul bir çykalga tapaýmasa, men-ä nätjegimi bilemok. Soltanatyň garşysyna gitsek, onda bular ýowuzdan ýowuz betbagtlyk tapar.

* * *

Bolýan ahwalata, gözüň görýän zadyna ynanar ýaly däldi: gaznalylar namazşam aýagyna gandal urlan, biri-birine çatylan on iki seljuklyny alyp gitdiler.
Zamun alnanlaryň yzyndan aýal-ebtatlar, oglanjyklar yzan-da-çuwan bolşup barýardylar, orlaşýardylar. Agy seslerinden ýaňa depe saçyň syh-syh bolýardy.
Gaznaly bundarlar aýallary, oglanjyklary öz yzlaryndan gal¬dyrjak bolup, olary gamçylap urýardylar.
Galadakylar hernäçe gamçylansalar-da, ep-esli aralyga çenli zamun alnanlaryň yzlaryndan gitdiler.
Dolanyp gelen adamlar Altynjanyň daşyna üýşdüler. Adam¬laryň bir topary Altynjandan delalat isleýärdi:
– Altynjan, olary halas et!
– Kömek et!
– Näme etmeli?
Kabylyň başda durmagyndaky birtopar adam zamun alnanlary darkaş gurap halas etmegi Altynjandan talap etdi:
– Masyllaryň yzyndan ýetip, olary öldüreli, öz adamlarymyzy halas edeli.
– Togrul begiň yzyndan çapar ugradaly!
Altynjan olaryň ählisine ýeke jogap berdi:
– Togrul begiň yzyndan çapar ýolladym, ol geler, bir çykalga tapar.
Bu jogap adamlary kanagatlandyrmady. Elbetde, bu pikir Altynjanyň özünem kanagatlandyranokdy. Galadakylaryň galabasy gaznalylaryň yzyndan gitmek, olary gylyçdan geçirmek, şeýdibem öz adamlaryny halas etmek pikirini ýeke-täk dogry çykalga hasap¬laýardy. Özem bu pikir wagt geçdigisaýyn möwç alýardy, pikiriň tarapdarlary-da köpelýärdi.
Altynjan uzak gijäni ýatman, Togrul bege garaşyp, zamun alnan adamlary halas etmek üçin her hili ýollary gözläp geçirdi.
Ömrüň manysy onuň üçin pitige münüpdi. «Bu gün Ybraýym beg bilen Anuşirwany zamun alyp giden gaznaly ertirki gün Togrul beg bilen Altynjanam alyp gider» diýen pikir onuň aňynda ezýet berýärdi.
Eh, Altynjan, beýle bus-busy ýaşaýyş saňa nämä gerek?!
Birnäçe serkerde Altynjanyň daşyna egele boldy:
– Melikäm, gol gowjap oturmak size gelşenok, Anuşirwany halas edeliň! – diýip, Bekdaş Rudbar janykdy.
– Gidenleriň yzyndan ýeteliň! – diýip, Ýyldyrym Sebze¬war Bek¬daşy goldady.
– Altynjan, Anuşirwanyň gul bazaryna salynmagyna ýol bermek – bize namysdyr – diýip, serkerde Hapban Endikäni hyrçyny dişledi.
– Bundarlary öldürsek, biziň başymyza ahyrzaman gopar, soltan Masut bizi uçdantutma gyrar – diýip, Ýusup Bazyrgany aýtdy. – Öldürmek – iň soňky çykalga. Başga bir çykalga gözlä­liň.
– Başga çykalga barmy? – diýip, Altynjan Ýusup Bazyrganydan sorady.
– Satyn almak ýoly bar... Maňa pul tapyp beriň. Men gidip olary boşadyp geleýin.
– Ýusup, men Anuşirwany azat etmek üçin Kubat ibn Kuwala göwher monjugymy, altyn bilezigimi, gülakhalkamy berdim, ýöne sahyp meniň bu zatlarymy alyp, soňundan meni kowup goýberdi. Sen muny gördüň ahyryn!
– Gördüm!
– Onda näme etmeli?
– Melikäm, bu meseläni siziň özüňizden başga çözüp biljek adam ýok. Siz näme diýseňiz, biz siziň bilen!
Altynjan ýanyna gelýänleriň ählisiniň häsiýetine belet. Şonuň üçin olaryň her biriniň aýtjak sözlerinem bilýär ol.
Kabyl – göçgünli, gany gyzgyn. Ol ertirki gününi gaýgyrmaýar.
Ýatmaz bilen Çyrlakda pikir ýok, olar näme buýrulsa şony ederler. Şonuň üçin hem olar geplemez.
Akgaýa pelsepeçi. Ol oýlanyşykly hereket etmegi ündär.
Altynjanyň pikir edişi ýaly boldy.
Ýatmaz bilen Çyrlak näme buýruk bolsa, özleriniň taý¬ýardygyny mälim etdiler.
Akgaýa Altynjana ýedi ölçäp bir kesmegi maslahat berdi.
Kabyl badyhowa gürledi:
– Uýam, gaznalylaryň eden-etdiliklerine men çydap bilemok. Men Ýyldyrym Sebzewar bilen gidip, bundarlary dogram-dogram etjek!
– Näme etmelidigini özüm aýdaryn!
– Aýt-da aýdýan bolsaň!

* * *

Uzynly gün Togrul bege garaşdylar, ol gelmedi. Ýene Altynjanyň ýanyna üýşüp geldiler. Bu mahal Altynjan özüniň kyrk adamy – çilteni bilen ýörişe ugrajak bolup durdy.
– Altynjan, sen kyrk atly bilen nirä barýarsyň? Eger halas etmek üçin gitmekçi bolýan bolsaň, onda bizem ýanyňa al. Olar size eýgertmez, çünki olar köplük – diýip, müňbaşy Ýyldyrym Sebzewar aýtdy.
– Togrul beg geler. Ol gelýänçä biz hiç iş edip bilmeris. Bize garaşmakdan başga alaç ýok.
– Siz nirä gitmekçi bolýarsyňyz?
– Meniň özüm hem anyk bir zat bilemok. Biz uzak eglenmän geleris.
Ýyldyrym Sebzewar elewredi:
– Altynjan hatyn, wagt ýitirmäli. Gaznalylaryň üstüne gideli, olary öldürip, öz adamlarymyzy halas edeli.
– Ýeri onsoň? Soltan Masudyň goşunynyň öňünde nädip durjak!
– Bize ýöwsellemek ýaraşýan däldir, Altynjan hatyn. Bu gün gaznalylar biziň bilen ylalaşyga gelmejekdiklerini, bizi ýok etmek isleýändiklerini açyk aýtdylar. Bize ölümimizi boýnumyza alyp, gaznalylaryň garşysyna çykmakdan, olary Horasandan kowup çykaryp, özbaşdaklyk gazanmakdan başga ýol ýok!
Adamlar ýerli-ýerden gygyryşdylar:
– Ýyldyrym müňbaşy hak aýdýar!
– Biz gaznalylary ýeňeris!
Ýyldyrym Sebzewar atlylara bakyp, «Meni diňläň» diýen terzde elini ýokary göterdi.
– Altynjan hatyn, maňa rugsat ber, men öz atlylarym bilen gaznalylaryň janlaryny jähenneme iberip, öz adamlarymyzy yzyna alyp geleýin.
– Altynjan hatyn, bize rugsat ber! – diýip, atlylar ýerli-ýerden gygyryşdylar.
Altynjan hatyn olara ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtman, kyrk atlysy bilen Abywerde bakan ýola düşdi.
Adamlar Altynjany geleňsizlikde aýypladylar. Aslynda Altynjan geleňsiz däldi. Onuň içinde harasat gopýardy. Anuşirwanyň keşbi onuň göz öňünden aýrylmaýardy. Ol tä daňdana çenli daýysy Tümen bege beren wadasyny ýatlady: «Oglum, Anuşirwan, men seni Altynjana tabşyrýaryn. Altynjan özünem gorar, senem gorar, seni gowy adam edip ýetişdirer» diýipdi.
Altynjan bu gün daýysynyň ruhunyň öňünde beren wadasynda tapylyp bilmändigine ýanyp-bişýärdi.
Altynjan Togrul begi hatyralady, daňdana çenli garaşdy.
«Geler!» diýen inçe umyt bilen günortana çenli garaşdy.
Günortandan soň welin, Altynjanyň sabyr käsesi dökülip ugrady.
Ol ýola düşdi. Onda ikinji ýol ýokdy!
Altynjan gidip barýardy.
Garaňky düşdi.
Olar uzak gije ýörediler.
Gije birmahalky «Zamahşar gijesine» meňzeýärdi. Şol gyrgyn¬çylygyň bolan nika gijesinde-de Aý şeýle aýdyňdy.
Asyl Altynjanyň aýgyt edip ata atlanmagy-da şol «Zamahşar gijesi» bilen baglanyşyklydy.
Şamälik özüniň dört müň adamy bilen Togrul begiň on müň haşamyndan rüstem çykypdy: serhoş bolup ýatan seljuklylaryň üstüne duýdansyz çozan Şamälik adamlary gyrmak gyrypdy. Altynjan Şamäligiň şol sabahun tilsimini ulanmak isleýärdi. Öten agşam onuň aňynda şu pikir peýda bolupdy. Ol bu gije aňynda peýda bolan öten agşamky pikiri amal etmekçidi.
Ol daňdan süýji ukuda ýatan gaznalylary duýdansyzlykda baryp öldürmekçidi.
Iň esasy zat – maksadyňa ýetmek!
Iň esasy zat – zamun alnanlary halas etmek, Anuşirwany, Nasyr begi, Ybraýym begi halas etmek!
Altynjanyň maksady düýn, bu gün ýol ýöräp, ýadan, süýji uka giden gaznaly bundarlary güpbasdy edip öldürmekdi. Ol Alla sygyndy. Mejbury bolansoň edýän häzirki işinde özüni goramagyny, goldamagyny Biribardan dileg etdi.
Olar daňdanlar bundarlaryň düşlän ýerine bardylar.
Altynjan atdan düşüp, kyrk çilteni daşyna egele edip, olara düşündiriş geçdi:
– Gaznalylar bilen başa-baş söweşmeli däl. Olary gapdalda durup, dowla salyp, ýaý bilen atyp öldürmeli, öz adamlarymyzy halas etmeli.
Altynjanyň isläni o diýen başa barmady: olar Şamäligiň adamlary deýin düşlege duýdansyz ýakynlaşmagy başarmadylar. Gaznaly mirşepler sak eken, olar gije-de bolsa, özlerine bakan bir topar adamyň ýakynlaşyp gelýändigini aňdylar. Ähli bundarlary ukudan oýaryp, söweşe taýýarladylar, ýöne söweş olaryň isleýşi ýaly bolmady. Nireden atylýany belli bolmadyk keýmir oklar olaryň depesinden ajal bolup indi.
Beýle gaýtawula garaşmadyk gaznalylar basga düşdüler. Näme etjeklerini bilmän elewreşdiler. Gaçmak üçin atlaryna bakan ugran bäş-on kişiniň çawyp gelen oka pida bolanyny gören bundarlar ýer bagyrtlap ýatdylar. Eginlerinden ak mytgal köýneklerini çykaryp, galgadyp, aman soradylar, ýöne olaryň ýekesine-de aman berilmedi, ählisini uçdantutma gyrdylar.
Altynjan aýaklary gandally adamlaryň arasyndan mähriban Anuşirwanyny agtaryp tapdy, derrew onuň aýagyndan gandalyny aýyrdy.
– Daýy, dirimisiň?
– Altynjan atly enesi bolan gerçek, heý, diri bolmazmy? Saňa döneýin, ene! – diýip, Anuşirwan Altynjany gujaklady. – Yzymdan hökman geljegiňe, halas etjegiňe ynanýardym.
Adamlar begenip biri-birini gujaklaýardylar, biri-birini gutlaýardylar.
– Ýaşasyn Togrul beg!
– Ýaşasyn Ybraýym beg!
– Ýaşasyn Altynjan!
Ysgynsyzlykdan, keselden ýaňa hazzar aýak üstünde duran Yb¬raýym beg minnetdarlyk bildirmek üçin Altynjanyň ýanyna geldi:
– Altynjan, gel, bir zady öňünden gepleşeli: bu eden işiň hakda eşitse, Togrul saňa ýowuz jeza berer. Onuň saňa jeza bermezligi üçin men Çagry beg bilen Togrul bege: «Bundarlary men öldürdim, adamlary men halas etdim» diýjekdirin. Sen Togrula: «Men öýden çykman oturdym» diý. Gepleşdikmi, Altynjan?!
Altynjan syrly ýylgyrdy:
– Gepleşdik.
Ybraýym beg ýagdaýynyň agyrdygyna seretmezden ýolbaşçylygy öz üstüne aldy: aýgytly hereket etdi: birnäçe adama bundarlaryň öten agşamky pudarlap goýan etlerinden owkat edinmek üçin çişlik taýýarlamagy buýurdy. Başga bir topar adama bolsa gaznaly bundarlaryň, gulamlaryň jesetlerini depin etmegi tabşyrdy. Depin edilmedik diňe bir adamyň jesedidi, ol hem sahyp Kubat ibn Kuwaldy.
Onuň maslygyny Nyşapura ugratmagy makul bildiler. Janlary ýanan adamlar sahybyň jesediniň wejera edilen görnüşde Abul-Fazl Sura ugradylmagyny teklip edýärdi, Altynjan sahybyň jesediniň nähili görnüşde iberilendigi bilen anyk gyzyklanmady. Onuň diňe bir bilýän zady bardy, ol hem sahybyň jesediniň Nyşapura ugradylmagy üçin ýedi sany atyň gerek bolanlygydy.
Seljuklylaryň bu ýerde naharlanmak üçin duraslary gelenokdy, her kim Nusaýa tizden-tiz dolanmak isleýärdi.
Nusaýda olary sust garşyladylar.
Garşy alanlaryň arasynda Togrul beg-de, Musa beg-de, Çagry beg-de, Gurt beg-de, Hasan beg-de, Ýakut beg-de bardy. Olaryň ýüzlerinden gar ýagýardy.
Altynjan göz astyndan Togrul begiň her bir hereketini synlaýardy.
Olar Ybraýym begiň üstüne gygyrmak gygyrdylar.
Altynjan olaryň ýanyna dähedem-dessem ýöräp bardy:
– Ybraýym Ynançda günä ýok, baryna men günäkär.
Seljuk begleri Altynjandan bu söze garaşmadyk bolarly, çünki bu söze olar gaty geňirgendiler. Togrul beg ilkinji gezek hatynyna gazap bilen seretdi.
Musa beg töwellaçylyk etdi,
– Boljak iş boldy! Puşeýmandan diňe zelel bar.
Musa beg karargähe tarap ýöräp ugrady.
Seljuk begleri onuň yzyna düşdi.
Iň soňunda Anuşirwan bilen Ybraýym beg gitdi.
Altynjan ýeke galdy. Ol gidenleriň yzyndan birki ädim ätdi-de sak¬landy. Soňam haremine göwünli-göwünsiz gadam urdy. Onuň nazary üýşüp duran kyrk ýigidinde, olaryň arasyndaky Ýyldyrym Sebzewar-da saklandy. Olar Altynjana sessiz duýgudaşlyk bildirip durdular.
Musa begiň yzyna düşüp karargähe barýan seljuk begleri durup, Altynjana geň galyp seretdiler.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 37 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]