16:31
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -15
On bäşinji hekaýat

HER KIM ÖZ MAKSADYNA DAŇLAN

Alparslanyň harby tilsimleri öwrenjekdigi Togrul begi-de, Altynjany-da biynjalyk edip duranokdy. Çünki ol pälwansypat, daýaw, erjel jahyldy, harby tilsimleri öwrenmäge höwesekdi. Iň esasy zat, onuň döwrüň ylymlaryndan ýüküni mas ýetirmegidi. Pars hem ýunan dillerini öwrenmegidi: musulman halklarynyň arasynda bilim dili – arap, syýasy dil – pars, köçe dili – türkmen dilidi. Ýunan dili aşa sowatlylygy aňladýan begzadalyk dilidi.
Togrul beg alada-endişesi her çent köp-de bolsa, iki ýylyň dowamynda Alparslany ünsden düşürmedi: onuň bilen gylyçlaşyk türgenleşigini geçmäge, puta – ýaýdan hem hanjardan nyşana urmaga wagt tapdy.
Tas her gün garadere batyp türgenleşdiler.
Birder türgenleşik geçip, ýadap, dynç almak üçin oturanla¬rynda Altynjan hatyny çagyrmak Togrul bege edehäde öwrülipdi.
– Näme üçin Altynjan ýok?! Çagyryň-a ony.
Bu söz her gezek gaýtalanýandygy üçin, Togrul patyşa bilen Alparslan türgenleşige başlasa, hyzmatkärleriň biri Altynjan hatyny çagyrmak üçin ugrardy.
Alparslan lalalary Togrul soltany, Altynjany aýratyn hatyralaýardy. Olaryň göwnüni götermäge çalyşýardy. Togrul soltana «babam», «lalam», «walydym»1, Altynjan melikä «enem», «lalam», «walydam» diýip ýüzlenýärdi.
Alparslan Togrul beg bilen Altynjany hernäçe ezizlese-de, kakasy Çagry begi, ejesi Gyzbibini ýadyndan çykarmaýardy, kä gijeler ejesidir kakasy, doganlary Gurt (Kawurt), Süleýman, Ýakut düýşüne girýärdi, olar bilen basalaşyp oýnasy gelýärdi. Merwe bakan seredip, doganlary bilen basalaşyp oýnan günlerini ýatlaýardy. Onuň gündogara bakan seredip oturandygyny görüp, Altynjan melike ýanyna gelerdi:
– Öwez, sen näme üçin ýüzüňi aşak salyp otyrsyň? Nämäni gaý¬gy edýärsiň?
On dört-on bäş ýaşly Alparslan näme jogap berjegini bilmän çyk¬gynsyz güne galardy:
– Men hiç zady gaýgy edemok...
– Ýeri, ýene Merwi ýatlaýarsyňmy?
Alparslan boýun almaýardy. Ol alawuz gylygyň gowy däldigini bilýärdi, ýöne hakykaty aýtsa, lalasy halajak däldi. Şonuň üçinem ýalany saýlap alanyny ibaly görýärdi.
Togrul beg gylyçly türgenleşiklerden soň, Alparslan bilen bile naharlanýardy. Özem köplenç sazandalaryň pessaý sazyny diňläp naharlanýardylar.
Togrul soltan nahar başynda Alparslana ýüzlendi:
– Saňa näme bolýar? Nämäni oran edýärsiň?
Alparslan sowala açyk jogap berdi:
– Iki gije mundan öň düýş gördüm, lalam. Şol gören düýşüm teý ýadymdan çykanok.
– Pygamber ýorgudy bolsun, nähili düýş ol?
– Düýşümde walydym hassa ýatyr, ol maňa gyzyl ok2 berdi. Walydam bolsa ol oky elime almagymy islemedi.
– Walydyň bu mahal Balhda bolmaly. Ol Möwduddan3 ýeň¬läýdimikän? Näme üçin meni däl-de, seni kömege çagyrýarkan? Eger zerurlyk ýüze çyksa, maňa habar göndererdi, ýöne ondan hiç hili habar ýok...
Şunuň bilen gürrüň gutardy.

* * *

Gyzyl okuň – çakylygyň ugradylmagyna Reýde ähli kişiden beter Altynjan howlugýardy. Çünki iki dogan – Çagry beg bilen Togrul beg patyşalygy ýola goýup, güýç ýygnap Horezmine — Şamäligiň üstüne çozmagy ähtleşipdiler. Şol ýörişe taýýardygyny mälim edip, Çagry beg Togrul bege ýörişe çakylyk ibermelidi. Şamälikden ar almak diňe bir Altynjanyň däl, ähli seljuk begleriniň maksady ahyryn. «Zamahşar gijesiniň» awusy seljuk neberesiniň jigerlerinden çykarly däldi. Ol gijede diňe toý ýasa öwrülmedi, sekiz müň seljukly wepat boldy, gyryldy! Ol gijede, gör, näçe çaga, näçe naçar öldürildi.
Şamäligiň elinden Altynjanyň hossarlary – ata-enesi wepat etdi.
Şamäligiň elinden Altynjanyň dogany Habyl wepat etdi.
Şamäligiň elinden wepat eden adamlar kändi, juda kändi, ýatlasa, Altynjanyň jigeri gyýym-gyýym bolýardy.
Altynjan Şamälikden aryň alynmagyna gününi sanap ga¬raşýardy.
Merwden Altynjan hatynyň paltasyny daşa degdiren habar geldi: «Şamäligiň üstüne ýöriş edildi, ýöne ýöriş şowsuz gutardy4».

* * *

Togrul soltan Alparslanyň gören düýşüniň ýönekeý düýş däldigini aňyp, ony on müň atly goşun bilen Merwe ugratmagy makul bildi, Alparslana daňdan Merwe ugramalydygyny aýtdy.
Çagry beg: «Şu gün sagalaryn, ertir sagalaryn» diýen inçe tama bilen şindem nähoş ýatyrdy. «Çagry beg sarygetirme keseli bilen keselläpdi, şol dert ony gaty ynjydýardy»5. Ol Balha ugramak barada perman beripdi. Goşun taýýardy, ýöne ol ýola düşmek hakynda pikir hem etmeýän ýalydy.
Ol Alparslanyň gelenine begenmek begendi. On bäş ýaşly ogluny ýörişe taýýar bolup duran goşunyna baş edip, Balha sary ugratdy.

* * *

Togrul bege Alparslanyň Balha salar bolup gidendigi, Möwdudy ýeňip, seljuk serhedini giňeldendigi, bu habary eşiden Çagry begiň keselinden açylandygy hakdaky habar bilen gyzyl ok getirdiler6.
Gyzyl ok alan Togrul soltan birleşen güýç bilen Balha, Horezmine ýöriş etmek üçin elli müňlük atly: jylawdar hem ylgary goşun bilen Merwe ugrady. Merwde esgerleriň sany ýüz müňe ýetmelidi.
Iki dogan Merwde duşuşdy.
Şol gün Gaznadan hoş habar gelip gowuşdy: üç ýyllap edilen talapdan soň, gaznalylar Gutulmyş ibn Ysraýyl Arslan ýabgu ibn Seljugy zyndandan boşatdylar. Mundan üç aý öň Resultegin ibn Ysraýylyň serkerdeligindäki Gutulmyşy alyp gaýtmak üçin ugradylan topar ahyr maksatlaryna ýetdiler, Gutulmyşyň Hindiguş daglaryndan aşyp Merw sary ugrandygyny, birigün Merwe geljekdigini habar berdiler.

«(Seljuklar) Soltan Masutdan Gutulmyşy zyndandan çykaryp, özlerine iberilmegini talap etdiler. Talaplary ýerine ýetirilenden soň soltan Masut bilen ýaraşdylar we öz aralaryndaky şertnamany berkitdiler. Şertnama görä, Sistan, Gazna we Hindistan ülkeleri soltan Masuda degişli bolmalydy, ol Horasandan we beýleki ýerlerden el çekmelidi. (Seljuklylar) tä soltan Sanjar (511 – 552 h.ý., 1118 – 1158 ý.) döwrüne çenli soltan Mahmydyň neberesiniň üstüne çozmadylar».
Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly.
Musameretul ahbar.
(Habarlaryň mejlisi)

Iki dogan Gutulmyşy derejeläp garşylamak maksady bilen, ýörişi bir hepde soňa goýdular.
Gutulmyşa mynasyp gelinlik tapyp goýdular. Has takygy, Ahmet Dehistanynyň gyzyna guda boldular.
Gutulmyş geldi.
Ýigrimi ýylyň aýraçylygyndan soň doganoglanlar didar¬laşdylar.
Toý toýladylar.
Uzak gije meýlis gurap, serden geçdiler.
Ertesi Gutulmyşy öýerdiler, oňa bir hepde dynç berýändik¬lerini aýtdylar.
Bir hepde dynç alyşdan soň, doganlar Gutulmyşy maslahata çagyrdylar, oňa ýagdaýy düşündirdiler, özleri bilen ilki Balha, soňam Jürjaniýa ýörişe gitmegi teklip etdiler.
Gutulmyş bu teklibe kes-kelläm garşy çykdy: özüniň ýigrimi ýylyň horlugyndan soň rahat ýaşamak, özem bolçulykda, hökmürowanlykda bigam ýaşamak isleýändigini mälim etdi:
– Maňa bir patyşalygy – ülkäni beriň. Men ol ýurtda hiç bir zadyň aladasyny etmän rahat ýaşaýyn. Men indi ýaş däl. Ömrümi ikinji gezek töwekgellige salmak islemeýärin.
Togrul beg-de, Çagry beg-de Gutulmyşdan beýle söze garaşmandylar. «Elbetde, Taňry ýagşy amal edijileriň azabyny zaýa etmeýär»7. Mundan beýlägem şeýle bolar, ýöne Gutulmyşyň jogaby bu iki dogan üçin garaşylmadyk jogapdy.
Näme etmeli?!
Balha, Horezmine ýörişi soňa goýmaly. Gutulmyş haýsy sebite häkim bolmak isleýän bolsa, şol ýere gidip, şol ýerini teshyr edip, onuň ygtyýaryna tabşyrmaly. Ikinji ýol ýok: sebäbi Tog¬rul begiň hem Çagry begiň hem ýigrimi ýyllap horluk çeken Gutulmyşyň garşysyna gidesleri gelenokdy. Her nähili ýagdaý bolanda-da, ony razy-hoşal etmeli. Ol dogry aýdýar: goý, galan ömrüni göwnühoşlukda geçirsin. Ol: «Men patyşa boljak. Sizem meniň wezirlerim bolarsyňyz» diýenog-a! «Men soltan boljak!» diýmäge-de haky bar onuň. Sebäp ol Arslan ýabgunyň ogly. Arslan ýabgu ähli seljuklylaryň patyşasydy, ýabgusydy. Ýabgu ölse, yzyny ogly dowam etdirmeli!
Iki dogan özara maslahatlaşdy. Şondan soň olar Gutulmyşyň ýanyna bardylar:
– Gutulmyş dogan, sen çar ýana ynamdar jahankeşdeleri gönder. Goý, olar iň gözel, iň baý ülkeleri, patyşalyklary görüp gelsinler. Onsoň haýsy ýerini diýseň, ilkinji nobatda, şol ýerini saňa petihläp bereýin. Seni razy edip, ana, şondan soň men Horezmine ýörişe gideýin.
Gutulmyş Togrul bege nagt jogap berdi:
– Dogan, onuň üçin hiç ýere adam, jahankeşde gön¬dermegiň derkarlygy ýok. Meniň göwnüm – eger maňa rowa bilseň! – Tabarystany – Ziýar patyşalygyny isleýär. Şol ülke meniň tabynlygymda bolsa, maňa bu dünýäde başga hiç zat gerek däl.
– Eh, byradar, heý, men saňa ol ýerleri rowa bilmerinmi? Ondan köp ýer isleseň hem musahhar kylyp bererin.
– Ýok, ýok, maňa şol ýerleri ýeterlik.
– Islemek seniň bilen, amaly biziň bilen.

* * *

Togrul beg Tabarystana – Ziýar patyşalygyna iki ýüz aňtawçy ýollady. Olaryň wezipesi Togrul begiň çyn howandardygyny, onuň goşunynyň çäksiz köpdügini, baran ýerinde nähili güýçli goşun bar bolsa-da hökman ýeňýändigini, garşylyk görkezilse Togrul begiň halamaýandygyny, gaty berk jezalandyrýandygyny, ýerli ilaty iki ýyllap salgytdan boşatjakdygyny, täze metjitleri gurjakdygyny, mazlumlara, ähli ilata çyn hossar çykjakdygyny wagyz etmekdi.
Wagyzçylaryň ýerli ilata düşündiriş geçmegiň hötdesinden nä derejede gelendiklerini bilmek kyn däldi: seljuk goşunynyň nähili garşylanýandygy aňtawçylaryň yhlaslarynyň görkezijisidi.

***

Käbir galalar hiç hili garşylyk görkezmesizden derwezelerini açyp, seljuklylary duz-çörekli garşylady. Togrul beg bu sebitlerde özüne garşy çykyp biljek uly güýjüň ýokdugyna göz ýetirdi. Ol ilki Merdawij ibn Bessunyň häkimlik edýän Gürgen şäherine sary ugrady, şäheriň golaýynda özüniň gara ýüpekden edilen «bargähi soltanatyny»8 dikende ýerli ilat gala derwezesini giňden açyp, oňa boýun egýändiklerini aýtdy. Togrul beg dabara bilen şähere girdi. Ýaraşyk üçin şäheriň ilatynyň ýüz müň dinar tölemeklerini talap etdi. Togrul begiň bu talaby bir ýarym günüň dowamynda ýerine ýetirildi. Beg Jürjan (Gürgen) şäheriniň ilatyny ýygnap, şäheriň, tutuş Gürgen welaýatynyň Gutulmyş bege ykta berilýändigini yglan etdi9.
Togrul beg Gürgene (Jürjana) gelip, Ziýar patyşasy Bakalanjary dardan asyp jezalandyrmakçydy, çünki onuň eden etmişleri kändi, etmişleriniň biri parawly Parawbibiniň ölümine sebäpkärligidi.
Bakalanjar hiç ýerde ýokdy, onuň Elbrus dagynda, uçut bir gaýada gurlan galada gizlenýändigini habar berdiler.
Onuň yzyndan gitmek, tapmak, jezalandyrmak üçin bir aý wagt gerekdi. Togrul begde welin, wagt ýokdy. Ol Horezmine gitmelidi, Şamäligi tapmalydy hemem ony jezalandyrmalydy, Horezmini Seljuk şalygynyň tabynlygyna geçirmelidi. Şonuň üçin hem Togrul beg Bakalanjary tapmagy hemem jezalandyrmagy ýene bir gezege goýup, möhümden möhüm işleri etmegi makul bildi.

* * *

Togrul patyşa Gutulmyşyň islegini amal edip, günbatardaky ýagdaýdan kanagatlanma tapyp, Reýde naýyplygy etmegi baş wezir Ahmet Dehistana tabşyryp, Merwe, ol ýerden hem Horezmine ugramak üçin ikinji gezek azymat etdi.
Horezminde entegem Şamäligiň hökmürowanlygy ýöreýärdi. Öňki hökümdar Harun ibn Altyndaşyň ogly Ysmaýyl bilen hadymy Şükür bolsa, şindem Merwde Çagry begiň gullugyndadylar. Soltan Masut aldaw bilen öldürileninden10 soň, Şamälik Gazna tagtyna geçen Möwdud ibn Masut ibn Mahmydyň tabynlygyna giripdi.

* * *

Horezmine ýörişe gidilýändigini eşiden Anuşirwanyň hatyny Göwheraý ýaňy dünýä inen ogluny bagryna basyp, Altynjan hatynyň ýanyna geldi, sojap-sojap aglady.
– Näme boldy, Göwheraý?
– Merhemetli melikäm, eşidişime görä, Horezmine ýöriş edilýärmiş.
– Hawa, ertir ugraýarys.
– Merhemetli melikäm, Anuşirwan meni ýany bilen äkitmek isleýär.
– Äkitse, ata-eneňi görersiň-dä!
– Ýok, ýok, meniň olary göresim gelenok, merhemetli melikäm. Towakga edýärin, meni goýup gidiň, ýolda meniň çagam heläk bolar.
– Sen çagaň ýolda heläk bolmagyndan ätiýaç edip galmakçy bolýarmyň ýa Buruntaga barmak islemeýänligiň üçin?
– Buruntaga barmak islemeýänligim üçin.
– Onuň näme sebäbi bar?
– Babam maňa: «Men senden geçýärin, gözüme gaýdyp görünme» diýdi. Men hem babama: «Gaýdyp Buruntaga gelmerin» diýip äht etdim.
– Näme üçin? Ýa babaň Anuşirwana äre barmagyňy islemedimi?
Göwheraý näme jogap berjegini bilmeýän bolarly, aljyrady:
– Hawa, islemedi.
– Onuň özi başda seni Anuşirwana gelinlik berýändigini meniň babama aýdypdy ahyryn!
– Hawa, aýdypdy! Towakga edýärin, merhemetli melikäm, meniň hökümdarym bilen gürleşiň, goý, ol meniň köşkde galmagyma izin bersin.
– Ýöriş bir ýyla çeker. Bir ýyllap Anuşirwan küwensiz oňup bilmez-ä?
– Goý, ol ýene bir hatyn alaýsyn. Dürnazar sahybyň gyzy Dilbere öýlensin, ony ýany bilen äkitsin! Dilber biçak owadan gyz. Merhemetli Anuşirwan ony gowy görýär. Men gördüm: bir gezek Anuşirwan Dilberiň geçip barýandygyny görüp, atdan düşdi, tä öýüne girýänçä onuň yzyndan seretdi durdy.
– Ol seni ähli peri-peýkerlerden agla görýär.
– Towakga etseňiz, size «Ýok!» diýip bilmez!
Altynjan Göwheraýyň towakgasy boýunça Anuşirwan bilen ýörite gürleşdi, ýaş çaganyň uzak ýolda horlanjakdygyny tutaryk edundi.
Anuşirwan walydasynyň bu sözüni asyl diňlemek hem islemedi:
– Ömrümiň ahyryna – iň soňky demime çenli hatynym Göwheraý ýanymda bolar, bizi hiç bir güýç aýry salyp bilmez!
Anuşirwanyň bu sözünden soň, Altynjan sesini çykarmady, Göwheraý bolsa, aglamak aglady.
Göwheraýyň gözýaşy, agysy Anuşirwanyň pikirini üýtgedip bilmedi.
Dünýäniň ähli suwundan zenanlaryň döken bipeýan göz¬ýaşy köp bolsun gerek!
Eh, zenanlar, zenanlar!

* * *

Zamahşar! Altynjan on ýyldan soň dünýä inen galasyna geldi. Ine, tanyş ýerler! Gör-ä nähili gowy! Altynjan begenjine uçaýjak--uçaýjak bolýardy. Ol Zamahşaryň derwezesiniň ýanynda atdan böküp düşüp, ýere üç mertebe togap etdi, derwezäni, galanyň diwaryny sypap-sypap ogşady. Altynjan üýtgese-de gala üýtgemändir. Ine, birmahalky aýakýalaňaç ylgan ýerleri, gijelerine düýşüne giren zowkuly ýerleri üýtgewsiz saklanypdyr.
– Men geldim, men geldim – diýip Altynjan möňňürip aglady, derbanlar bilen ýekän-ýekän salamlaşyp, hal-ahwal soraşyp çykdy, zamahşarlylara sahylyk bilen dinar paýlady.
Altynjanyň maksady Tümen daýysyndan galan tyllalary zamah¬şarlylara paýlamakdy, ýöne ol hazynanyň üstüni açmanda-da, ýeterlik tylla-teňňe tapyldy.
Seljuklylaryň ýüz müň atly goşun, üç manjanak bilen ýetip gel¬ýändigi hakda eşiden Şamälik hazynasyny alyp, gaçyp gitdi, özüni Dehistan sähralygyna atdy. Soň ol ýerden hem Tabasa göçdi11... Şamäligiň wezir-wekilleri-de zut gaçypdylar. Gyssagarada olar ähli hazynalaryny ýanlaryna almaga ýetişmediler. Jan – hazynadan şirin. Şamäligiň wezir-wekilleri, şeýle hem öz döwründe seljuklylara garşy çykan barjamly adamlar gaçdylar. Olardan galan hazynalaryň bellibir bölegini Togrul beg Altynjana berdi.
Hatyn hazynalary zamahşarlylara paýlamak paýlady. Razzak damulla Altynjanyň dinar paýlamasyna kömek etdi. Ähli hoja¬lyklara aýlanyp, iki ýüz dinardan paýlap çykdy.
Altynjan ýaşlykda bir oglanyň ýüzüne gylyç bilen şikes salypdy, ikinji biriniň bolsa üç sany gapyrgasyny döwüpdi. Üç gyzyň ikisiniň elini döwüpdi, üçünjisiniň ýüzüni persala edipdi. Altynjan, ilki bilen, ýaşlykda şikes ýetiren şol üç gyzy bilen iki oglanynyň öýlerine bardy.
Ol bu bäş şikesliniň bäşisem garyplykda, pukaralykda ýaşaýandyrlar öýdüpdi, ýöne beýle däl eken. Olaryň bäşisiniň ýaşaýşam oňuşmazça däl eken. Eli döwlen gyzlaryň biri durmuşa çykyp, birinji çagasy dünýä injek bolanda aradan çykypdyr. Ondan bir ogul galypdyr. Äri başga birine öýlenipdir.
Altynjan birmahal şikes salan kişilerine eçilmek eçildi.
Bäş kişi birmahal Altynjanyň biçak gaharyny getiripdi. Olar:
– Eprikogullary – Hudaýyň garganlary! – diýipdiler.
Altynjan Hudaýyň gargan gyzy bolmak islänokdy, bu hakda eşitmek hem islänokdy. Ol Eprikogullary neberesiniň pajygaly kysmaty hakda kän gezekler eşidipdi, atasynyň süteme döz gelip bilmän ölendiginem, kakasynyň ýedi ýaşda on ýedi ýaşly ejesine öýlenendigi hakda-da eşidipdi.
Zamahşarly oglanlar, gyzlar Altynjanyň «Eprikogullary – Hudaýyň garganlary» diýen sözi halamaýandygyny, bu sözi aýtsaň, öň seni nähili gowy görenem bolsa urýandygyny, maýyp edýändigini bilýärdiler, şonda-da käteler kejirlik bilen aýtmaly däl sözi oňa aýdýardylar, şondanam lezzet alýardylar, şondan soň olary urup Altynjan hem içini sowadýardy.
Abdylmälik han gyzyny gahar-gazaba mündüren sözüň nämedigini biljek bolup köp kişiden osmakladyp sorap görüpdi, Altynjanyň birden eşidäýmeginden ätiýaç edip, hana hiç kim hakykaty aýtmandy.
Bu gün urlanlar, şikes ýetenler jem bolup oňa:
– Altynjan, Eprikogullary – Hudaýyň halanlary! Hudaý sizi gaýtadan arşa – mertebä göterýär! – diýdiler.
Razzak damulla Altynjanyň gelendigine begenip, bir ýerde duranokdy, içki joşgunyny öwran-öwran gaýtalaýardy:
– Men: «Altynjan entek gaty beýik-beýik derejelere ýeter» diýipdim. Gördüňizmi, meniň aýdanym bolandyr! Men näme diýipdim? «Altynjan halkyň hak howandary bolar. Altynjan biziň göz-guwanjymyz bolar» diýmedimmi? Diýdim men! Hakyt diýdim! Men diýdim! Men Altynjanyň şeýle beýik derejelere ýetjigini bildim-ä men! Altynjana men öwüt berýärdim. Ol meniň öwütlerime eýerdi. Ýadyňyzdamy meniň öňünden aýdanlarym?!
Altynjan damullasyna eçildi.
Damulla zamahşarlylaryň öňünde agzyny giňden açdy, birmahalky mährap döwen Altynjan bolsa onuň agzyna dinar guýdy.
Damulla agzyna dinaryň köp guýulmagyny isledi, şu isleg bilenem agzyny has uludan açdy, tas äňi ýazypdy, barybir, Altynjan Zamahşardan tä gaýdýança äňiniň agyrysyndan ýaňa gepläp bilmedi, asyl agzyny açyp bilmedi. Görgüli bir aýlap, äňini sarap, hiç zat iýip bilmän gezdi. Görgüliniň ömründe beýle köp engama ýüzi düşmändi ahyry! Ol bir zada göz ýetirdi: dünýäde iň çökder jeza iýere zadyň känkä iýip bil¬mezlik eken. Aňryň-a eljuk diýýär, ýöne agzyň içi zer-zaw.
Wah, göze doýma ýok...
Zamahşarlylar Altynjan hatynyň gözüne şeýlebir mähriban gö­rünýärdiler. Melike olaryň ählisini depesine täç edinäýesi gel¬ýärdi. Ählisini bagryna basaýasy gelýärdi, öňünden çykan her bir hatyny gujaklaýardy, hal-ýagdaýyny soraýardy.

* * *

Altynjan öýüne bardy.
Ine, şol tanyş howly! Giň howluda, göz-göz otaglarda hiç kim ýok. Megerem, Şamäligiň hökmürowanlygynyň uzak wagtlyk däldigini, Sadylla, Kabyl dagynyň öz öýlerine dolanyp geljekdiklerini aňan bolsalar gerek. Bu howluda ýaşamaga hiç kim het edip bilmändir, ýöne indegsiz howlyny talamak talapdyrlar: oturar ýaly ýekeje düşegem ýok. Hany, birmahalky depe-depe bolup duran halylar?!
Zamahşarlylar Altynjanyň bu sowalyny eşiden ýaly, haly getirip ugradylar:
– Altynjan, düşekleriňiz ogurlanaýmasyn, talaň salnaýmasyn diýip, ygtybarly ýerlerde gizläp goýduk. Biz siziň ähli zatlaryňyzy gözümiziň göreji deýin gorandyrys.
Altynjan olaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Ol ylgap ejesiniň otagyna bardy.
Hiç kim ýok!
Gülýüzliniň otagyna girdi.
Hiç kim ýok!
Soň ol kakasy Abdylmälik hanyň dynç alýan otagyna girdi.
Giň otag borram-boş!
– Altynjan, näme agtarýarsyň? – diýip, Kabyl sorady.
Altynjan näme jogap berjegini bilmän egnini ýygyrdy.
Aslynda, ol geçen günlerini agtarýardy. Ejesiniň şebis¬tanyndan ejesini, akgyzynyň otagyndan Gülýüzlini, kakasynyň salamlygyndan hem, elbetde, kakasyny agtarýardy. Onuň göwnüne bolmasa, işik açylyp, olaryň içinden «Altynjan, sag-aman geldiňmi?» diýip, mähribanlary çykaýjak ýalydylar.
Mähriban öýünde bu gün ne kakasy, ne ejesi, ne-de akgyzy bar.
Onuň mähriban öýünde atgan ýeke mähribany-da ýok!
Altynjan ejesiniň otagyna ýene bardy. Dälirän dek, gözlerini elek-çelek edip:
– Ene, ene! – diýip, pessaý seslendi.
Onuň sesi boş otagda: «Ene, ene!» diýip gaýtalandy.
On ýyl geçenden soň ol wagşylyk bilen öldürilen, ejesiniň, kakasynyň, dogany Habylyň, akgyzy Gülýüzliniň agysyny aglady. Bagyryp-bagyryp aglady...

* * *

Altynjan Göwheraýyň ýanyna bardy:
– Ýör, men seni Buruntaga – babaň-eneň ýanyna alyp gideýin. Olar entek agtyklarynyň bardygyny bilýänem däldirler. Tümen jany ýanyňa al!
– Ýok, ýok! Men gitmäýin, siz hem gitmäň!
– Ata-eneňden öýke etmek aýyp bolar, unut öýke-kinäňi!
– Men-ä haýran Göwheraýa! Babasynyň adyny tutsaň, elewräberýär. «Buruntaga hiç mahal barjak däl» diýip ant içdi. Antdan soň men ony äkitjek bolup durmaýyn. Ol meniňem gitmegimi islänok – diýip, Anuşirwan müýnli dillendi.
– Onda senem gitjek dälmi?
– «Git!» diýseň giderin.
– Men saňa hiç zat diýjek däl. Janahyr Geçdeki babamyň ýeg razdanydy, onuň halyndan habar almak meniň borjum.
Altynjan Kabyl bilen ýola düşdi. Janahyr halwaçynyň ýanyna bardy. Ol Janahyr halwaçynyň öýüniň otlanmasynda, näme üçindir, özüni günäkär duýýardy. Näme üçindigini welin bilmeýärdi. On ýylyň içinde Janahyr halwaçynyň bili bükülipdir, näsag ýatan eken.
Janahyr halwaçy Altynjanyň salama gelendigine çoh minnetdar boldy.
– Men size biçak guwanýaryn, Altynjan melike. Siziň uly derejelere ýetjekdigiňizi men sizi ilkinji gezek görenimde aňypdym. Biziň sebitimiziň uludan-kiçisi bu gün siziň adyňyzy senalaýar. Sebäp, siz olara hak howandar çykýarsyňyz. Ine, biziň obamyzdanam ýüzden gowrak adam siziň ýanyňyza delalat isläp gidip, köp-köp baýlyga eýe bolup dolandylar. Siz Zamahşar sebitinden diýip baranlaryň ählijesine eýe çykyp, olaryň işleriniň şow almagyna hemaýat edipsiňiz. Oglum Imanyň ölümi üçin siz özüňizi müýnli saýyp ýörmäň, Altynjan melike. Ýok, onuň ölmeginde siziň günäňiz ýok. Onuň ölmegine bir haramzadanyň zäheri sebäp boldy. Meniň duşmanym Imana çalynmaly dermanlyk ýaga awy garypdyr. Bizem muny bilmändiris...
Altynjan Iman hakda uzak gürrüň edilmegini islemedi:
– Enşa, ähli zat gowulyk bolar.
– Ýok, ýok, näme bolsa bolar, ýöne biziň öýümizde gowulyk bolmaz! Haýsydyr bir ýaman pygylly kişi biziň neberämize betdoga okapdyr. Şonuň üçin biziň neberämiziňki diňe gaýtgynyna. Bu pelekde adalat ýok. Hana, Keski Kelew! Gör, ol öz döwründe näçe kişä ýamanlyk etdi. Siz toý edeniňizde Şamäligiň öňüne düşüp gelen, sekiz müň bigünä bendäniň ölümine sebäp bolan hem Keski Kelew bolmaly. Seniň babaň ölümine-de şol sebäp boldy. Mundan bir hepde öň ol meniň ýanyma gelip gitdi. Afrasýap şalygynyň emiri eken, wezir eken ol. Baýamak baýapdyr. Keski tetelliler-ä baýaýar, bizem dişimiziň suwuny sorup otyrys. Ol maňa ýigrimi çelek çakyr getiripdir, getirensoň, men onuň çakyrlarynyň baryny hendege dökdüm. Men bilýän, onuň getiren çakyry – zäherli bolmaly. Ol meni öldürjek bolýar.
– Ol siziň dostuňyz ahyryn!
– Men onuň bilen hiç wagtam dost bolan däldirin. Ol Abdylmäligiň dostudy.
Altynjan durmuşa çykanda Keski Kelewiň getiren çelek-çelek şerabyny ýatlady. Ol çelekleri Abdylmälik han Janahyr halwaçynyň islegi boýunça ýere gömüpdi. Ol çelekler şindem gömülgi ýatan bolmaly.
– Gazanpar Takyň güni nähili?
Halwaçy uludan demini aldy:
– Meniňkiden başgalaryňky gowy.
– Ýogsa-da, Janahyr daýy, Anuşirwan dagy köpeldi. Göw¬heraýyň ýagdaýy, çagasynyň ýagdaýy gowy.
– Hany, olar?
– Nesip bolsa, şu gün ýa ertir gelerler.
– Ýok, ýok, gyzym gelmesin. Men gyzymdan geçýärin. Maňa onuň ýaly gyz gerek däl, gelse, diňe giýewim gelsin!
– Wa-weýla, näme boldy?
– Näme bolandygyny bilýänsiň, aýdandyr ol aýjyn.
– Ýok, Göwheraý aýdanok.
– Aýdandyr, aýdandyr.
– Nämäni?
Halwaçynyň birden ýüzi ýagtyldy:
– Nämedigi ýadymda ýok häzir meniň. Garrasaň, huş galmaz eken.
– Ogul agtygyňyz boldy. Adyna Tümen daýymyň adyny dakdyk.
– Kimiň?
– Tümen daýymyň adyny dakdyk: Tümen.
Janahyr halwaçy sesini çykarman, başyny aşak salyp esli salym durdy.
Altynjan hatyn gaýtjak bolanda Janahyr halwaçy kän-kän alkyşly sözler aýtdy:
– Altynjan melike, ömrüňiz uzak, işiňiz rowaç bolsun! Siziň gelendigiňizi, Şamäligi kowandygyňyzy eşidip çoh hursant bolduk. Men bütin ömrüme halwa ýasap satdym. Düýn siziň gelendigiňizi eşidip, size niýetläp ýörite halwa taýýarladym. Çoh süýji halwa bu, iýseňiz, hezil edinersiňiz. Biraz garaşyň, men häzir size şol halwaňyzy getirip bereýin. Özüňiz geldiňiz – gowy boldy. Ýogsam özüm baryp, elin gowşuraýyn diýip otyrdym.
Janahyr halwaça jan-gaýrat geldi, süňňi ýeňil gopdy, yh-çohlap duran goja ylgap diýen ýaly gitdi. Sähel salymdanam ak düwünçekde halwa getirdi.
– Towakga edýärin, Altynjan melike, iýiň, hökman iýiň! Agzyňyzda erär durar. Goý, giýewim Anuşirwan bilen Göwheraýam iýsin. Agtygyma-da dadyryň, hezil ederler.
– Taňryýalkasyn, halwaçy daýy!
– Çoh süýjüdir, çoh datlydyr. Bir iýseňiz, soňam iýesiňiz geler durar. Isleseňiz, men soňam ýasap bererin.
– Taňryýalkasyn! Anuşirwan daga-da bererin!
– Beriň, hökman beriň. Hökman dadyp görsünler.
– Siz meni rahatlandyrdyňyz, halwaçy daýy. Menden kine saklap ýörensiňiz öýtdüm.
– Ýok, men kine saklaýan adamlardan däl!
Altynjanyň aty tebil tapdy. Halwanyň ysy, megerem, ata hoş ýakan bolarly, ol halwaly düwünçege bakan boýnuny uzatdy, jylawdan berk çekilýändigine seretmezden zol-zol agzyny açyp, halwaly düwünçege bakan omzady.
Altynjan halwaly düwünçegi Kabyla berdi. Şondan soň ýola düşüldi.
Janahyr halwaçynyň keşbi Altynjanyň aňyndan ýolboýy aýryl¬mady. Näme üçindir, halwaçy Altynjana syrly göründi. Ýogsam arada üýtgeşik gürrüň-de bolmady.
Zamahşara gelenlerinde Altynjanyň münüp gelen bedewi ýene halwaly düwünçege boýnuny uzadyp, zol-zol hokrandy.
– Kabyl, meniň atyma bir tokga halwa ber – diýip, hatyn atdan düşdi.
At wagşyýana ses edip, halwany iýdi.
Halwanyň ýakymly ysy bardy. Bu ys hoşuňa gelýärdi, işdäňi açýardy.
Ata bir tokga halwa beren Kabyl özi hem iýmek üçin düwünçekden ikinji tokgany eline aldy.
Ol halwany ýaňy agzyna ýetiriberende Altynjanyň aty pasyr-pusur ýatdy.
Bu ahwalaty gören Altynjan Kabylyň eline kakdy:
– Saklan! Iýme!
– Näme boldy?!
– Halwa zäherli!
Halwadaky awy gaty güýçli bolmaly, at janawer aýagyny birki gezek hereketlendirip, hokranyp, derrew jan berdi.
Altynjan tas uly betbagtlyga elten halwaly düwünçegi Kabylyň elinden kakyp aldy-da, honda zyňdy.
– Eý, Hudaý, bu nähili ahwalat boldy? Teý akylyma syganok meniň. Teý ynanyp bilemok. Wa-weýla, men adam tanamaýan ekenim. Men halwaçyny bütin ömrüne perişde ýaly hasap-laýardym. «Hydyr diýenim hyrs çykdy» – diýip, Kabyl hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady.
– Menem tanamandyryn ony – diýip, Altynjan Kabylyň sözüni makullady.
Janahyr Geçdekini tutup getirmek üçin emir Dürnazar ýola düşdi.

* * *

Janahyr halwaçyny derýadan aňry geçjek bolup durka tutup, Altynjanyň ýanyna getirdiler.
Janahyr Geçdeki hälki sypaýy halwaçy däldi: gözünde wagşylyk, ýigrenç bardy.
– Eý, halwaçy, bu näme etdigiň seniň?!
– Bagty çüwen ganjyk diýerler saňa!
– Meniň bagtymyň çüwmeginden size zyýan gelenog-a?! Gaýtam, peýda gelýär!
– Bagty çüwen, kellesi şemally ganjyk! Näme üçin sen menden, meniň neberämden, meniň ogullarymdan mertebeli bolmaly?! Näme üçin?! Öýümde seniň ýaly urkaçydan dördüsi bar. Näme üçin olar seniň ýaly mertebeli däl? Näme üçin Abdylmälik sebite han boldy? Tümenjik näme üçin meniň üstüme gygyrdy?! Ä? Näme üçin? Sebäp onuň bagty çüwdi. Ol menden baý boldy. Näme etsem, jezasy bolmaz öýtdi. Eden etmişi üçin jezasyny alandyr ol menden.
– Äh-ä, daýymy öldüren, gör, kim eken?!
– Näme, onuň eden etmişi jezasyz galmalydymy?
– Siz oňa töhmet atypsyňyz.
– Sebäbini bileňokmy?
– Bilemok.
– Ol mençe akylly däldi. Men arap dilini bilýärin. Men sogd dilini bilýärin. Tümeniň welin, bilýän dili ýokdy. Hudaý näme üçin sizi gowy görýär? Näme üçin? Näme üçin siz mertebeli hem baý ýaşamaly? Men bütin ömrüme işledim. Bütin ömrüme! Gazanan zadym bolmady! Sen welin, adamlara haltalap dinar paýlaýarsyň. Ýigrenýärin men seni! Ýigrenýärin!
– Eprikogullary neberesiniň başyna düşen kysmaty – betbagtlygy az gördüňizmi?
– Az, az! Wa-weýla, hasrat-a, Alla näme üçin Bugrajygy aman goýdy?!
– Ol size ýamanlyk etdimi?
– Ýamanlyk etdi!
– Näme?
– Onuň ýamanlygy neberesiniň işleriniň küşatlygy!
– Başga?!
– Näme, şuny az görýärsiňmi?
– Biz size hiç wagt azar bermedik ahyryn!
– Menden bagtly ýaşadyňyz. Işleriňiz mydama şow tapdy.
Dürnazar Altynjan melikä ýüzlendi:
– Altynjan, sen näme üçin munuň bilen gürleşip dursuň?
– Dur, dur, men düşünmek isleýärin.
– Ähli zat düşnükli. Tümen begi öldürende: «Men – Tog¬rul!» diýip gygyranam şu halwaçy bolmaly.
– Men gygyrdym! Men! Öldür öldürýän bolsaň! Wah, men armanly ölmeli boldum. Armanym galdy, armanym! Anuşirwan bilen şu urkaçyny öldüren bolsadym, onda bu dünýäde armanym galmazdy.
– Indi gyzyň Göwheraýy näme üçin ýigrenendigiň, ondan geçenligiň düşnükli: sen gyzyňa Anuşirwany öldürtmek isläpsiň. Göwheraýam seniň bu islegiňe garşy çykan bolmaly – diýip, Kabyl Janahyr Geçdekiniň alkymyna dykylyp bardy.
– Eýsem näme! Siz ýaly nejisler bilen guda bolmak isländir öýtdüňmi?
– Biz näme üçin nejis?!
– Nejis siz, nejis! Siz gyzymy azdyrdyňyz. Ol öň meniň sözümden çykanokdy. Başda ol maňa söz beripdi. Soň sözünden dändi, heleýligini etdi. Wah, ol Altynjan bilen ärsumagyny öldüren bolsady!..
– Öldüriň! – diýip, Kabyl haşymlaryna buýurdy.
– Ýok, ýok, saklanyň! Muny öldürmäň!
– Näme, näme? Altynjan, saňa näme boldy?
– Maňa bolan zat ýok.
– Onda näme üçin: «Öldürmäň» diýýärsiň?
– Muny biz öldürmäli. Muny halkyň näleti öldürsin. Bu öz-özüni öldürer. Sen munuň gepläp duranyna bakma! Bu eýýäm öli.
– O nähili öli?!
– Munuň ruhy bireýýämler ölüpdir. Teniniň ölmegine-de azajyk wagt galypdyr.
– Men-ä saňa düşünýän däldirin, Altynjan.
– Sen meniň aýdanymy et, Kabyl! Halwaçyny goýber. Goý, gitsin. Öz etini özi iýibem öler bu.
– Sen munda ynsap-iman bardyr öýdýärsiňmi?
– Kabyl, meni diňle! Halwaçyny goýber! Goý, gitsin! Galada gan dönülmesin!
Altynjan Janahyr halwaçynyň bolşuna gaty haýran galdy hem ömründe, megerem, ilkinji gezek ynsan ýüreginiň aýrylmaz kiri bolan göriplik barada çyndan hem çuňdan pikir etdi.
Eýse nä, adamyň ýaramaz häsiýeti bolan göripligiň ýaşaýyş, rysgal, dereje ugrundaky göreşde tas tebigy esaslary bar. Durmuş adamlaryň biri-birinden kem galmazlyk üçin edýän talaplaryna esaslanýar. Günüň aşagyndaky orun üçin alnyp barylýan göreş adamdaky basdaşlyk duýgusyndan uç alyp gaýdýar. Megerem, basdaşlyk diňe ynsana däl, eýse külli janly-jandara mahsusdyr. Her kim ýaşajak, her kimiň hut özi Günüň edil öňünde orun edinmek isleýär. Islegleriň şeýle umumylygy, her kime-de degişliligi, deňligi Alla tarapyn berilýän rysgalyň hem mal, wezipe, dereje, mertebe paýynyň deň däldigi bilen çapraz gelýär. Şeýdibem basdaşlyk – tebigy göreş, ýaryş duýgusy göriplige ýaz¬ýar. Onsoň yzda galan, kem galan ynsanlar özleriniň şeýle ýagdaýyny – kysmatyny adalatsyzlyk hasaplap, öňe çykanlara ýaramazlyklar edýärler. Bu juda ýaramaz netijelere, uly erbetliklere alyp barýar.
Adamlaryň biri-birine edýän ýamanlyklarynyň bary görip¬likden. Durmuş – paý, paýlaşylýan närse. Paýlaşyk bar ýerinde basdaşlyk hem göriplik gutulgysyz zat. Özgä göriplik etmeýän adamdan hiç mahal erbetlik çykmaz. Göripden bolsa gowulyga garaşma. Adam arasyny dil däl, gara ýürekler bozýar. Durmuş dowam etse, ýaryş bolar, ýaryş bar ýerinde basdaşlyk bolar, basdaşlygam göriplige geçmän bilmez. Eý, Alla, bu erbetlik gowulyk ýaly hemişelik diýmek bolýar!

* * *

Halwaçy yzyna garaý-garaý gitdi.
Göwheraý gözüne ýaş aýlap, Anuşirwan bilen Altynjanyň duran ýerine geldi:
– Men ähli zady eşitdim. Bu zatlardan soň men ýaşamak islämok. Maňa iň soňky hemaýatyňyzy ediň! – diýip, Göwheraý goltugyndan çykaran hanjaryny Anuşirwana uzatdy.
Howlynyň içinde adam kändi, olaryň galabasy mufratlardy, serkerdelerdi, hyzmatkärlerdi. Olaryň ählisiniň nazary Anuşirwan bilen Göwheraýdady.
Göwheraý gujagynda saklap duran ogluny eda bilen ýerde goýdy, soňam kybla bakyp, kelemesini öwürdi.
Anuşirwan Asmana seredip biraz salym durdy, birdenem aýylganç gygyryp, hatynynyň towakgasyny bitirdi.
Ýerde ýatan çagajyk aýylganç bir zadyň bolandygyny aňan dek aglamaga başlady.
Altynjan çagajygy ýerden göterip elewredi:
– Çagajyga – Tümen daýyma el degirme!
– Ýok, ýok, lalam! Siz maňa bu gezek garşy çykmaň! Men siziň pendiňizi tutman, uly ýalňyşlyk goýberdim. Indi şol ýalňyşlygy düzedeýin. Şol ýalňyşlyk bilen baglanyşykly arada hiç bir zat galmasyn!..

* * *

Togrul beg Horezmini öz tabynlygyna geçirip, Çagry beg bilen Merwe dolandy. Iki dogan bir aýlap meýlisde boldy.
Çagry beg Alparslanyň üç ýylda lalalykda bolup, kämil çykandygy üçin Togrul bege minnetdarlyk bildirdi.
Togrul beg Merwde diňe bir dynç almady, ol ýerden söwda ýollaryny gowulandyrmak, olary peýdaly bolar ýaly etmek üçin nämeleriň zerurdygy hakda Çagry beg bilen pikir alyşdy. Birnäçe anyk netijä geldiler: nirelerde rabat, kerwensaraý gurmalydygynyň geňeşini etdiler. Bu ugurdan üç ýüzden gowrak adamyny wezipä bellediler.
Merwden günorta gidýän ýoluň ugrunda – Balhda, Murgabyň kenary boýunça Faz Mehbiabatda, Karineýnde (häzirki Ymambabada); Merwiň töwereklerindäki Ashabatda, Oguz handa; Kasr-Ahnafda, Merwerrudda; Merwden Jürjaniýa gidilýän ýoluň ugrunda – Hurmuz, Farra (häzirki Kişmandepe şäherçesi) şäherinde, Saýfina sährasynda; Jeýhun derýasynyň Amuldan soňky akym ugrundaky şäherlerde – Wizada, Mardusda, Asbasda, Saýfinada, Tahyriýada, Jigerbentde, Darganda, Sadywarda, Hazaraspda; Jürjaniýadan Ýewropa gidilýän ýoluň ugrunda – Kätde, Jürjaniýada, Zenjanda (Bab-at-Türkmen), Habapda, Üstýurtda, Çinkde, Embuda; Merwden Dehistana barýan ýoluň ugrunda – Mehnede, Abuwertde, Nusaýda, Şähristanda, Dehistanda; Merw – Nyşapur ýolunyň ugrunda – Sarahsda, Uşturmaganda, Tilsitanedide, Daňdanakanda, Genigirdde; şeýle hem Merwden bir menzillik uzaklykdaky Diwan, Tahmalaj, Mansaf, Ahsa, Osman, Akyr şäherçeleridir kentlerinde, galalarynda täze kerwensaraýlary, kabaleleri – söwda merkezlerini gurmak karar edildi. Bu gurluşyklara sahyplyk etmek degişli häkimlere tabşyryldy.
Şalygyň umury sedaratynyň sahyplygyna bellenen Dodurga Merweziniň asly Merwdendi. Merwde onuň mülki, ümürsin baglyga çümüp oturan köşgi bardy. Togrul beg Merwde bolan günlerini Dodurga Merweziniň kaşaň köşgünde geçirdi.
Dodurga Merwezi – sowatly, ylymly adamdy, agrasdy, dymmady, kanunçyldy. Kanunçyllygy üçinem ony käbir wezir-wekiller halap baranokdy. Ol söhbetdeşliklere-de goşuljak bolmazdy, toý-meýlisde, söhbetdeşliklerde hiç kime goşulman başyny aşak salar oturardy.
Onuň ümi alyşýan ýeke bir adamy bardy, ol Togrul begdi. Ol bege düýrmegi bilen berlendi, edýän işine, Togrul bege wepalydy, köşkde iň owadan ýazýan hatdat hasaplanýardy.
Dodurga Merwezi begzada neberesindendi, hatyny hem begzada neberesindendi. Olaryň iki ogly bilen dört gyzy bardy.
Altynjan olarda bolan günleri sahybyň hatyny, gyzlary bilen ýakyndan tanyşdy. Ol bir gün sahybyň üçünji gyzy Gülaýymyň elinden şapba tutdy:
– Gülaýym, meniň saňa synym oturdy, sen meniň oglumyň gelni bolarsyň.
Derrew Anuşirwany tapyp getirdiler.
– Oglum, men saňa gelinlik tapdym.
Anuşirwanyň aňyndan Göwheraý aýrylanokdy, öýlenmek hakda entek pikir hem etmändi. Özüne galsa, Dürnazar sahybyň Dilber diýen gyzyna öýlenmekçidi, ýöne käbesine: «Ýok!» diýip garşy çykyp biljek däldi, ol näme etse, näme diýse ylalaşjakdygy gaty çynydy.
Anuşirwan özüne zor salyp gürledi:
– Käbäm, gaty owadan gyz saýlapsyňyz.
– Saňa ýaradymy?
– Ýarady, käbäm, ýarady.
Altynjan Togrul beg bilen Dodurga Merwezä Gülaýym üçin söz aýtdy.

* * *

Toý uludan tutuldy. Ol ýedi gije-gündizläp dowam etdi.
Altynjan eden işinden razydy.
Ol Allatagalanyň özüne eçilen ýazgydyndan hem çäksiz razydy. Merwden Reýe gaýdylanda Zamahşarda bolan wakalary ýolboýy hakydasynda aýlady. Zamahşarlylara nepiniň degendigine, hemaýat edendigine, ata-enesine degsin edip sadaka berendigine öz ýanyndan buýsandy.
Altynjan bimahal teblehananyň demirgazyk tarapyndaky sütüniň aşagyna gömen gamçysyny-da tapyp aldy, ony bege görkezdi. Togrul beg gamçyny gören dessine tanady:
– Şonda sen bu gamçyny menden näme üçin aldyň? Urmak üçinmi?
Altynjan utançly baş atdy:
– Başky pikirim ar almakdy, ýöne gözleriňize gözlerim düşende süňňüm lagşady gitdi.
Är-aýal gülüşdi.
Olar geçen günleri ýatlap, «Niredesiň Reý?» diýip ýola düşdüler.
Altynjan hatyn bedew atyny Togrul begiň sol tarapyndan sürüp barýardy.
Indi onuň durmuşynda täzeçe ýaşaýyş başlandy.
Ýa Hudaý, özüňden medet!





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 28 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]