16:27
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -14
On dördünji hekaýat

TÖWEKGELIŇ ATY ÝYNDAM

Bezirgenler döwrüň iň baý adamlary hasaplanýar. Çünki olar töwekgelligi ýaran edinen adamlar. Olaryň her bir güni töwekgellik. Üstlerine haýsy depäniň aňyrsyndan alamanlaryň çozjagy belli däl, jany mydama üzüläýjek-üzüläýjek bolup duran gylyň üstünde. Ertirine ynamlary berk däl. Olar işsiz-ä oturyp bilenoklar, baýlygyň albaýy öýlerinde rahat oturdanok olary. Şeýle bolansoň, baýlyk gazanmagyň hatyrasyna gara başlaryny töwekgellige salyp, uzak-uzak şäherlere argyşa ugraýarlar. Töwekgeliň aty ýyndam.
Togrul beg Ajama patyşa bolansoň, ýaşy bir çene baranlar ýa janyny töwekgellige salmakdan gorkup bezirgençilik pişesini goýanlar täzeden ýola çykdylar. Sebäp Togrul begiň döwleti ähli bezirgenleri öz ganatynyň aşagyna jemläp, olara howandarlyk etmäge başlady. Ähli söwdagärler, bezirgenler iki ýyllyk salgytdan boşadylypdy. Köpleriň niýeti salgydyň ýatyrylan iki ýylynda lomaý gazanç etmekdi. Hana, haýsy ýola çyksaň, kerwenleriň yzy üzülenokdy. Hökümet garaňky gijelerde kerwenlere ýol ýöremegi gadagan edýärdi, ýogsam olar gijelerine-de ýatman ýol aşmakçydy.
Reý şäherinden Horasana gidýän ýoluň sag tarapyndaky Taberek dagyny etekläp oturan Taberek galasynyň derwezesiniň öňi – galada bary-ýogy ýeke derweze bar – çökerilen, ýüki düşürilen düýelerden doly. Bezirgenler, dellallar, alyjylar gaý-da-gaýmalak.
Bu ýerde Reý şäherinde satmak üçin haryt getiren bezir¬genleriň, söwdagärleriň kimlerdigi, harydyň mukdary hasaba alynýardy.
Şäherde lomaý söwda edýän söwdagärler bardy. Olar bezirgenlerden getiren harytlaryny ylalaşan bahalary boýunça lomaý alýardylar.
Taberek galasy durşuna kerwensaraýdy. Bu ýerde bezir¬genleriň dynç almaklary, söwda etmekleri üçin ähli şertler bardy, özem bu ýerde dünýäniň köp ýerlerinden bezirgenlere, söwdagärlere duşmak bolýardy. Ýöne gala girmek üçin muhtasybyň1 resminamasyny doldurmak köp wagtyňy alýardy. Seniň kimdigiň baradaky anyk maglumatlary alýançalar, getiren zatlaryňy gözden geçirýänçäler galanyň içine goýbermeýärdiler.
Galanyň derwezesiniň öňünde ýigrimi-otuz töweregi sakçy durdy. Olar gelenleri muhtasybyň razylygy bilen galanyň içine goýberýärdiler.

* * *

Günortanlar galanyň derwezesiniň öňüne gelip, giden örküç-örküç depe bolup duran düýeleri, ýükleri esli salym synlan iki atlyny sakçylar uly haýbat bilen atlaryndan düşürdiler.
Saklanan iki kişi ýaşlary durugşan är-aýaldy. Olar gawşfinjli Gökhun bin Harur bin Aksungar hem onuň hatyny Kalbynady. Olardan näme üçin bu ýerik gelendikleri soraldy:
– Biz iş gözläp, Reý şäherine barýarys, ýöne şähere barmazdan burun siziň galaňyzda ýürekselik edinäýsek diýdik.
Döşüni ýapyp duran sakgally, ýüzi repide deýin tegelek sakçy Gökhuna asla garaşmadyk sowalyny berdi.
– Siz atabeglik edip bilermisiňiz?
Gökhun sakçynyň sowalyna başdansowma jogap berdi:
– Edip bileris.
– Hatynyňyz öz dilinden – pars dilinden başga dil bilýärmi?
– Hatynymmy?.. Ýunan dilini bilýär.
– Iki dil bilýär eken, örän gowy.
– Diňe iki dil däl, arap dilinem bilýär. Oguz dilinem bilýär.
Sakçy bu sözleri eşidip çaga deýin begendi:
– Ýörüň, häzir muhtasybyň ýanyna baralyň.
– Ogul, biz iş sorap gelmedik, naharlanmak üçin geldik.
– Ilki muhtasybyň ýanyna baryň.
– Bir döwüm tötek iýmek üçinem muhtasyba ýüz tutmalymy?
– Muhtasyba aýtman bir döwüm tötek iýilýän ýere-de men sizi eltip bilerin – diýip, sakçy hyjyl tartdy.
– Şeýt, goçgar, şeýt!
– Bolýar, elteýin, ol ýerde Alauddauläniň agtygy al Mälik ar-Rahym razdan tapman otyr.
– Bize tapawudy ýok.
– Eý, goja, tapawutly tarapy bar onuň. Size öňünden aýdaýyn. Meniň ol diýýän ýerimden – zyndandan bir salanlaryndan soň, aňsat-aňsat yzyna çykaranoklar.
– Şeýlemi asyl? Alla ýalkasyn, dili senaly goçgar, bize o ýagşylygyň gerek däl. Biz muhtasyp bilen düşünişeris. – Gökhun sakçynyň yzyna düşüp barşyna ýene sowal berdi: – Goçgar, mesele çözüşiň-ä nagt eken. Ýene bir zat soramakçy bolýaryn men. Sen bu ýerde köp wagt bäri işleýäňmi?
– Onuň size näme geregi bar?
– Üýtgeşik bir geregi-hä ýok, men bu ýere Alauddauläniň häkimlik eden döwrem, Gyzylyň häkimlik eden döwrem gelip gördüm, ýöne olar döwründe beýle köp täjiriň gelenini görmändim. Onsoňam öň naharlanmak üçin muhtasypdan rugsat almaly diýýän adam ýokdy.
– Eý, goja, düşün, öň beýle köp kerwen bir aýyň dowamynda gelýärdi. Indi bolsa, her gün on-on bäş kerwen gelýär. Bir adam resminama ýazyp ýetişip bilenok.
– Resminamalary, goý, üç-dört adam doldursyn.
– Haý, pählewan goja, göwräň uly bolsa-da, mäşirigiň köp zatlardan bihabar, şonda-da akyl berýärsiň. Men sizi, iň gowusy, zyndanymyza äkideýin. Şol ýerde oturanlar kileň akyl berilmegini küýsäp oturan kemakyl bendeler. Siz akylyňyzy şolara beriň.
– Şolara berjek akylymyň muhtasyba peýdasy degmez.
– Muhtasyp siziň akylyňyza mätäç däl.
Gökhun sakçynyň egninden çekdi:
– Eý, akyldan doýgun goçgar! Bir dem aýak çek!
– Akyl bermekçimi?
– Aý, ýok, maslahatam, akylam sende ýetik eken. Şonuň üçin, alsaň, men saňa akyl däl-de, ýigrimi dirhem bereýin. Soňam göni Reýe gideýin. Başdaky niýetimiz bu ýerde owkat edinmekdi. Biziň, näme üçindir, işdämiz bütinleý tutuldy, hiç zat iýesimiz gelenok indi. Muhtasypdan tötek iýmäge rugsat alyp, soňundan hiç zat iýmesek, gowy bolmaz. Görýärin welin, muhtasybyň aladasy ýetik, bir döwüm tötek üçin oňa elem bolman, iň gowusy, biz gidibereli.
– Ýok, ýok, siz bize elem däl, siz bize engam. Ýörüň, ýörüň! Siziň bilen muhtasybymyzyň möhüm gürrüňi bar.
– O nähili möhüm gürrüň?
– Ýanyna baranyňyzda özi aýdar.
– Alauddaule döwründe-hä beýle däldi…
– Adyny tutmaň onuň! Deýlemlilerden döwranyň geçdigi bolsun, ylaýym, ýörüň. Indi döwran seljukly türkmenleriňki.
– Özüň-ä bir pazylatly goçgar ekeniň, ýöne öz peýdaňy bilmeýän ekeniň. Men saňa päkize ýigrimi dirhem berjek bolup durun.
Sakçy är-aýaly muhtasybyň kabulhanasyna eltdi.
Muhtasybyň kabulhanasy derwezeden onçakly uzakda däl eken. Derwezäniň ýüz-ýüz ýigrimi zirag günbatarynda ýerleşen bir uzyn otagly jaýdy. Kabulhanada muhtasybyň dergähine girmek üçin on-on bäş bezirgen garaşyp otyrdy. Olaryň içinde peşlerini ýassyk edinip ýatanlaram, aýbogdaşyny gurap oturanlaram, özara gürleşip duranlaram bardy. Ýatanlardan gürleşýänler köpdi. Bezirgenler ikibir, üçbir bolup, öz dil¬lerinde gürleşýärdiler. Olaryň arasynda türkmençe, pars¬ça gürleşýänlerem, ýunança, darice, hindiçe gürleşýänlerem bardy. Gökhun goja hatyny bilen içeri girende bezirgenler olara bir göz aýladylar-da, ýene öz gürrüňlerine gümra boldular. Sakçy içerdäki sakçynyň gulagyna pyşyrdap, Gökhun goja hakda bir zatlar aýtdy-da, çykyp gitdi.
Gökhun goja türkmençe gürleşýän iki sany täjiriň ýanyna baryp saklandy. Täjirler oňa o diýen üns bermän, söhbetlerini dowam etdiler. Mapraç täjir soltan Masut döwründe Hyrat bilen Nyşapurda bir man bugdaýyň on iki dirheme ýetendigini, açlyk zerarly köp adamyň ölendigini ýatlaýardy. Beýleki hortap täjir Togrul patyşanyň Jibal, esasan hem, öz tabynlygyndaky ýerlerinde haraç salgydyny iki ýyllyk ýatyrandygy, şondan soň ilatyň ýaşaýşynyň ganymatlaşyp ugrandygy, häzirki günlerde bir dirheme ýedi man bugdaý satyn alyp bolýandygy, köp şähere aýlanandygy, baran ýerlerinde bazarlaryň nyrhy bilen tanşandygy barada aýtdy.
– Siz ýüpek mata getirdiňizmi? – diýip, hortap täjir Gökhuna ýüzlendi.
– Biz täjir däl, biz hiç zat getiremzok.
– Onda muhtasybyň ýanyna girmek nämä gerek?!
– Men näbileýin?! Men bu ýere öň Alauddaule döwründe gelipdim. Şonda hiç kim meni idenekledip muhtasybyň huzuryna getirmändi. Meniň niýetim galada bir döwüm tötek iýip, Reýe barmak. Görýän welin, täze patyşa adamlar işsiz oturmasyn diýip, her kime bir wezipe eçiläýipdir. Ine, indem olar işlilere, işlejeklere, bir ýere barjaklara ýol berenoklar.
Kabulhanada oturanlar nätanyş gojaga ynamsyzlyk-şübhe bilen seretdi, ýöne hiç kim ony goldap dillenmedi. Gökhun pikirini dowam etdirdi:
– Bezirgenler ýaly erkana halk ýok. Olar bu gün Reýde bolsa, ertirki gün Merwde ýa Kairde, ýa Gürjüstanda. Ýöne sizem gürlemäge gorkýan bolsaňyz, täze patyşa hakykatdanam gazap¬ly, rehimsiz bolmaly. Erkin bezirgen hele-müçük zatdan gorkmaýar.
– Haý, goja, biz seniň kimdigiňi tanamaýarys – diýip, map¬raç täjir garysyna galdy. – Seniň pikiriňe hä bermezligimiz Tog¬rul begden gorkýandygymyzy aňlatmaýar. Bu biziň Togrul bege goýýan hormatymyz.
– Täze patyşanyň bezirgenlere harwar-harwar dinar bermedigin-ä bilýärin men.
– Haý, goja, sen kejirlik edýärsiň. Hiç patyşa-da işleri küşat bolsun diýip bezirgenlere harwar-harwar dinar beren däldir. Patyşa işlemegiňe şert döretse, seni herki alamandan gorasa, şonuň özi harwar-harwar dinar berdigidir. Döwlet arkamyzda dursa, ilatyň arasynda söwda etmäge ejaza berse, harwar-harwar dinary, enşa, özümiz taparys. Togrul beg bolsa, ähli bezirgenleri iki ýyllyk paçdan boşatdy. Biz bary-ýogy gorag pajyny töleýäris. Gorag pajy hem öňki ýaly däl, ähli täjirler üçin deň2.
– Patyşa pajy ýatyrsa, goşunyny, köşgüni nämäniň hasabyna saklasyn?
– Eý, goja, o zatlaryň pikirini patyşanyň özi edýändir. Tog¬rul soltanyň öz tabynlygyndaky ýerleriň ilatyndan salgyt-paç almagy ýatyrandygy-ha hak. «Täze döwlete paç töledim» diýen adama gabat gelemzok biz-ä. Onsoň şeýle patyşadan nägile bolan kişi pälinden tapar, betbagt bolup, garagy gapylar.
– Siziň işiňize Ýusup Bazyrgany diýen emir ýolbaşçylyk edýärmiş diýýärler – diýip, Gökhun goja kabulhanadakylaryň ýüzlerine seredip çykdy.
– Eý, goja, dogry eşidipsiňiz.
– Ýusup Bazyrgany Togrul patyşanyň ynagymy ýa söwda diwanynyň sahybymy?
– Goja, şu zatlary bilip soraýarsyňmy ýa bilmän? – diýip, söweden kişi Gökhuna şübheli seretdi.
– Doly bilmänim üçin soraýaryn.
– Onda bil, Ýusup Bazyrganynyňky häzir oňuna. Ol begiň ynamynda. Şonuň üçinem ol häzir begiň hem ynagy, hem sahyby, hem weziri.
– Meniň bir bezirgen goňşym bar. Şol gürrüň berdi: «Ýusup Bazyrgana ýüküň ondan birini rişwet berýärin» diýip. Onça rişwet berilse, bezirgene hiç zadam galanok. Şonuň üçin meniň goňşym-a söwda etmesini goýdy.
– Goja, seniň goňşyň nalajedeýindir, ýogsam goýmazdy. Ýusup Bazyrgany hakyna kany, bizem kany. Barybir, biz razy.
– Men bolsam-a Ýusup Bazyrgana rişwet bermezdim.
– Siz bezirgen däl, ýogsam bu gürrüňi aýtmazdyňyz. Ýusup Bazyrganyga töleýän rişwedimizi biz başga döwlete barsak, paç diýip, salgyt diýip, ýolhaky diýip, kerwensaraý haky diýip, iki-üç esse artygy bilen töleýäris. Bize Togrul begiň tabynlygyndaky ýerlerde söwda etmek amatly, kän amatly. Ýusup Bazyrgana berilmeli ülüş biziň üçin gaty ujypsyz zat. Bermelije rişwediňi bereniňden soň bu ýerde ähli işiň çalt bitýär.
– Bezirgenler – syýasatçylar. Patyşalar öz syýasatlaryny bezirgenlere ynanmaly – diýip, söwedin kişi agzynyň daşyny taýly gezek süpürdi. – Bezirgenler şalygy güýçlendiribem, tozdurybam bilýärler. Şonuň üçin patyşa tagtynda rahat oturmak islese, halkyň özüni alkyşlanmagyny gazanmakçy bolsa, onda bezirgenlere ho¬şamaýlyk etmeli.
– Togrul beg siziň göwünleriňizi awlamagy başarypdyr.
– Eý, goja, dogry aýdýarsyň – diýip, söwedin Gökhuny goldady. – Togrul beg ederini bilýän parasatly soltan. Onuň şalygy, nesip bolsa, ýedi yklyma dolar.
– Köşkde rişwet alýan köpdür-le – diýip, Gökhun ýene kabulhanadakylara seredip çykdy.
– Köşkde rişwet alýan öňem bolupdyr, indem bolar, ýöne Togrul begiň köşgünde Tabgaçlar dardan asylansoň, ýagdaýyň gowulaşan¬dygy hak.
– Togrul beg adalaty dostlukdan ýokarda goýup, hak iş etdi – diýip, mapraç kişi howlukmaç dillendi. – Şirpenje Togrul begiň oglanlyk dosty eken. Olaryň içen suwlary aýry gitmeýän eken. Şeýle ýakyn, jana-jan dost bolsa-da, beg onuň günäsine göz ýummandyr, jezalandyrypdyr. Şondan soň köşkde tertip-düzgün gowulanypdyr. Sebäbi Togrul begiň ýüz görmejekdigine köşkdäkiler akyl ýetiripdirler.
– Siziň bilmeýän zadyňyz ýok. Edýän gürrüňiňizden çen tutsaň, bütin ömrüňizi köşkde geçiren adamlara meňzeýärsiňiz – diýip, Gökhun güldi.
– Eý, goja, dünýäniň ýarym gürrüňi, habary bezirgenlerdedir. Olar harytlaryny satýarlar, çuwal-çuwal gep-gybaty bolsa, harytlarynyň ýany bilen mura-mugt berýärler. Habarlary ýaýrad-ýanlar çaparlar, askudarlar däl, bezirgenler – diýip, ýaşy bir çene baran bezirgen gürrüňe goşuldy.
– «Togrul begiň bar maksady halkyň gowy ýaşamagy hemem söwdany ösdürmek» diýýärler – diýip, Gökhun mapraç kişä seretdi.
– Dogry, dogry! – diýip, mapraç kişi Gökhuny makul¬lady. Togrul patyşanyň üç sany maksady barmyş. Birinjisi, gedaýçylygy ýok etmek, ikinjisi, her hili ýokanç keselleriň öňüni almak, üçünjisem, parahat ýaşamak. «Ýurtda şu üç meseläni amal etmesem, maňa meýlis haram» diýýärmiş. Özem ýumşak düşekde däl-de, hiç bir zat düşelmedik yzgarly ýerde hokgasyny ýassyk edinip ýatyberýärmiş. Özem hepdäniň iki gününde – agyz bekleýärmiş – diýip, kabulhananyň içindäki sakçy joşgunly gürledi.
– Ýok, Togrul patyşanyň baş maksady düýpden başga – diýip, söwedin täjir sakça garşy çykdy. Sakçy öýkeli gürledi:
– Nämesi başga onuň?
– Ol kapyr döwletleriň üstüne jihat edip, baran ýeriniň ilatyna musulmançylygy kabul etdirýär. Olara salgyt salýar, paç salýar. Şeýdip, patyşa goşunyny, köşgüni saklaýar, öz ilatyny bolsa salgytdan boşatdy.
– Deýlemli, büweýh, kaku hanedanlyklary musulmanlardy...
– Dogry, ýöne olaryň soltanlarynyň gäbi azmak azdy. Şerigata, kowahata gelişmeýän işleri edip ugradylar, Hudaýdan daş düşdüler. Öz raýatlaryna zulum etdiler. Onsoň Perwerdigär: «Yslama din gylyjy bol!» diýip, Togrul begi ýedi yklyma jahandar belledi.
– Eşidişime görä, täze patyşa hatynynyň sözünden çykma¬ýarmyş. Oguz hanlary hatynlarynyň hakylyna gulak gabardan ýerlerinde bagtlarynyň ýatandygy barada maňa ýaşlykda gürrüň beripdiler.
Gökhun begiň bu gürrüňine hortap täjir garşy çykdy:
– Wizantiýada Mihail bäşinjiden soň Konstantin ýedinjiniň gyzy Zoýa3 ýurtda melike (şa hatyn) diýlip yglan edildi. Men iki aý mundan öň Konstantinopolda boldum. Şonda melikäniň bazarlara aýlanyp ýörendigini hakyt gördüm. Ol täjirleri aýratyn gowy görýän eken. Olaryň rowaçlygy üçin birnäçe perman çykarypdyr: paç­lary azaldypdyr. Melike orta daýhanlaryň, ilatyň birnäçe salgydyny ýatyrypdyr. Wizantiýada melikäniň abraýy juda ýokary. Ähli halk melikä alkyş okaýar.
– Zoýanyň jany sag bolsa, Wizantiýa şalyk etmek gezegi bize – bezirgenlere-de ýetsin gerek – diýip, söwedin täjir hortap täjiriň ýüzüne kinaýatly ýylgyrdy.
– Bu näme diýdigiňiz bolýar?
– Munuň sebäbini Konstantinopola barybam bilmediňmi?
– Ýok, bilmedim.
– Onuň bilmez ýaly syry ýok. Zoýa görgülide är uzak duranok. Ol üç gezek äre çykdy, üç ärinem tagtda oturtdy. Barybir, ol ärleri dürli sebäplere görä uzak ýaşaman ölýär. Konstantin IX Monomaham uzak ýaşaman öler, şeýdip, Zoýanyň ärleri ölüberse, ahyr gezek bize-de ýeter-dä!
Söwedin täjiriň bu sözüne kabulhanada oturan täjirler hezil edip gülüşdiler.
– Täze patyşa ýörişe gidende yzynda hatyny Altynjany nedim belläp gidýärmiş. Men bu sözüň çyndygyny-ýalandygyny-ha anyk bilmeýärin – diýip, Gökhun bin Harur meniň bu sözüme näme jogap berip bilerkäňiz diýen terzde töweregine garan¬jaklady.
– Altynjan hatyn, eşidişime görä, ýöne-möne hatyn bolmaly däl. Begiň oňa ikinji gezek öýlenmeginde-de hikmet bar.
Gökhun hortap täjiriň şu sözi aýdaryna garaşyp duran ýaly, söze başlady:
– Togrul beg Ýusup ýabgunyň wepatyndan soň beýik bir seňňeriň üstüne çykyp, üç gije-gündiz Allatagala mynajat okapdyr. Şonda oňa bagzy erenler beýik bir şadöwlet gurmagyna jahandarlyk patasyny beripdirler. Erenler oňa kyrk ýaşa çenli öýlenmezligi wesýet edipdirler, kyrk ýaşda bolsa bir ýanýoldaş iberjekdiklerini aýdypdyrlar. Togrul beg hem kyrk ýaşa ýet¬ýänçä öýlenmändir. Seljuk jemagaty gyşyny Dargan, Hezarasp sebitlerinde, ýazlagyny Nur ýaýlasynda geçirýän döwürleri Horezmşanyň gyz agtygy: «Kim-de-kim maňa Togrul begiň kellesini getirip berse, men şol merdana ýigide äre çykjak» diýip habar ýaýradypdyr. Ana, şonda özüne göwni ýetýän üç sany goçgar Togrul begiň gaşyna barypdyr. Togrul beg ol üç goçgaryň biriniň hem raýyny ýykmandyr. «Eger küşdüňiz-muşduňyz meniňkiden rüstem gelse, meniň kellämi alyp gidiberiň. Biziň ýekme-ýek söweşimize hiç kim päsgel bermez. Siz ýeke geldiňiz, men hem siziň garşyňyza ýeke çykaryn» diýip, beg üç ýigit bilen başa-baş söweşipdir. Ol üç ýigidiň ikisi-hä amanadyny tabşyrypdyr, üçünjisem ýeňlendigini boýun alypdyr, soňundan onuň bilen dogan okaşypdyr. – Gökhun maňlaýyna omrakaý sümren peşini biraz ýokary galdyrdy. – Togrul beg erenleriň: «Kyrk ýaşda seni bir zenana gowşurarys» diýen zenanynyň Altynjandygyny, onuň hem öz kastyna çykandygyny şol wagt nireden bilsin?!
Gökhunyň aýdýan zatlary kabulhanadakylaryň ählisini gyzyk¬landyrdy. Täjirler onuň daşyna egele bolup, aýdýan sözlerini diňlemäge durdular.
Muhtasybyň oturan otagynyň gapysy açylyp, iki sany daýaw täjir ýylgyrjaklap çykdy. Olar kabulhanadan çykyp ötägitmän, edilýän gürrüňi diňlemek üçin aýak çekdiler. Hiç kim ýanyna barmandan soň, muhtasyp hem oturan otagyndan çykdy.
– Altynjan hatyn näme üçin Togrul begiň kellesini getirip berene durmuşa çykjak diýdikä? – diýip, mapraç täjir gy¬zyklandy.
– Onuň sebäbi bar.
– Siz bileňzokmy onuň sebäbini?
– Bilýärin. Altynjan hatynyň özem kiçeňräk goşun jemläp, Tog¬rul begiň kastyna çykypdyr, ýöne şol wagt Togrul beg Nur etrabyna giden eken. Meniň, menden owal babam Harur Aksungaryň häkimlik eden Gawşfinj şäherine öň Akhun (afrigit) nesilşalygyndan bolan Bug-rajyk Abdal häkim eken, ýöne Mamunlar tagta geçensoň, Bug¬rajyk Abdalyň ykbaly küle çökdi. Sebäbi onuň diňe gögeleje ogly bilen özüni diri galdyryp, beýleki ähli kowum-hyşdyny öldürdiler, häkimligini elinden aldylar, Bugrajyk Abdaly mülküne – Zamahşar galasyna kowdular. Agyr kysmaty, ölüm-ýitimi ýüregi göterip bilmän, ol öldi, galada ogly Abdylmälik galdy. Şonda Bugrajyk Abdalyň köne dosty Tahyr Afrasýap Zamahşara gelip, ýaş Abdylmälige hossar çykdy, oňa özüniň on ýedi ýaşly gyzyny äre berdi. Olardan üç ogul bilen Altynjan dünýä indi. Altynjan – Togrul begiň hatyny şol!
– Altynjanyň Togrul begde näme kasty bolduka?! – diýip, mapraç täjir başky sowalyny gaýtalady.
Gökhun göwünjeň jogap berdi:
– Kimdir biri Tahyr Afrasýabyň Tümen diýen ogluny öldürdi. «Tümeni Togrul öldüripdir» diýen myş-myş ýaýrady. Ýöne, özüňiz bilýärsiňiz, Ýusup pygamberden bäri möjegiň agzy iýse-de gan, iýmese-de4. Altynjan daýysynyň agysyny aglady, öýünden çykmady. Soňam ar almagy – Togrul begi öldürmegi maksat edindi. Ana, şonda ol özüne aşyk bolan ýigitlere bakyp, kim-de-kim Togrul begiň kel¬lesini getirip berse, şol gerçege äre barjakdygyny mälim etdi. Gerçekler bu habara begenmek begendiler, Togrulyň kellesini getirmek üçin gitdiler, ýöne olaryň hiç birisi hem Togrul begiň kellesini getirip bilmedi. Togrul beg öz kellesiniň söwdasyny edýän arjanak zenany görmek isledi, şu isleg bilen göni Zamahşar galasyna bardy. Altynjana gözi düşen Togrul beg bada-bat oňa aşyk boldy. Ol Altynjana garap: «Eý, altyn gyz, – Togrul beg şonda Altynjanyň adyny bilmeýän eken – Sen meniň kellämi idegläpsiň. «Kim-de-kim Togrul begiň kel¬lesini getirse, men şol merdana gerçege äre barjak» diýipsiň. Ynha, men ýumşuňy bitirdim – Togrul begiň kellesini elin getirdim. Indi sen sözüňde durup, meniň hatynym bol!» diýdi. Togrul bege öň owadandan-owadan gyzlary hödürläpdirler. Ol welin, ýeke gyzyň ýüzüne-de garamandyr, ýöne Altynjandan welin, asla gözüni aýryp bilmän, äpet göwresini saňňyldadyp durmuş. Beg şol duşuşykdan soň, Zamahşara sawçy ýollapdyr. Ýöne toba ýaşy5 dolýança – iki ýyldan gowrak wagtlap öýlenmändir – diýip, Gökhun beg töweregindäkilere seretdi. – «Zamahşar gijesi» hakda eşitdiňizmi?
– Ýok, ýok, bilmeýäris, aýdyber – diýip, bezirgenler Gökhun begiň gyzykly wakany gürrüň berjegini aňyp, söhbediniň soňuny diňlemäge howlukdylar. Ýöne gürrüňçilikde käbir kişi özüni görkez¬mek, özüniň ony-muny bilýändigini aýdyp öwünmek isleýär. Şol maksat bilenem gürrüňe goşulýar. Gökhun begiň mylaýymlyk bilen gür bermesi hortap bezirgeniň hoşuna gelip, ol öz bilýän zadyny göçgünli gürrüň bermäge başlady:
– Men Togrul beg bilen bäş-alty gezek duşuşdym. Ol Altynjan hatyna talak berende şeýle diýdi: «Ýa men ölerin ýa-da soltan Masudy ýeňip, Horasana hökümdar bolaryn. Şu maksadyma ýetýänçäm men saňa nämynasyp. Şu günden başlap, men gylyç ýa kepen däbine girip, soltan Masudyň garşysyna çykjak. Ölsem, idde möhletiň6 gutararyna garaşyp-örtenip ýörmän, meniň ölendigimi eşideniňden soň äre bar, ýöne Allatagala menlik bolup, soltan Masudy ýeňsem, onda men saňa täzeden öýlenerin. Ikinji toýumyz «Zamahşar gijesindäki» ýaly bolmaz. Reý şäherinde ýedi yklymda entek görlüp-eşidilmedik toý tutaryn».
Hortap bezirgeni uzak gürlemäge goýman, onuň al-petinden aldylar:
– Eý, sen nä gürleýärsiň? Seniň bu aýdýan zatlaryňy ähli kişem bilýär. Sen, nä, bu gojanyň sözüni kesýärsiň? – Häliden bäri ýekedyz oturyp Gökhun begi diňlän söwedin täjir ellerini hereketlendirip gaharlandy. Söwedin täjiriň sözüni oňlap, hortap täjire ýerli-ýerden igendiler.
– Gohlaşmaň, gohlaşmaň! – diýip, muhtasyp haýbatly seslendi. Gökhun begiň alkymyna dykylyp bardy – Saýybym, siz näme maksat bilen nireden geldiňiz?
– Men bady-şütür şemaly bilen at alan şäherden geldim. Maksadymyz işe, gulluga durmak. Şu niýet bilen Reýe barýarys. Bu ýerde garbak-gurbak edinmekçi bolduk.
– Näme käriňiz bar?
– Goçgar, meniň bir döwüm tötek iýmegim üçin şu zatlary bilmegiň hökmanmy? Men bu ýere Alauddaule döwri hem gelipdim. Şonda bir döwüm tötek iýmek üçin hiç zat soramaýardylar. Ýa garbak-gurbak edinmek üçinem Ýusup Bazyrgana rişwet bermelimi?
– Siz kim?
– Meniň adym Gökhun ibn Harur ibn Aksungar. Aslym ho¬rez¬minli. Şamälikden öň – Altyndaş döwründe Gawşfinj şäheriniň häkimidim. Soň ykbal şemaly meni Badhyza7 taşlady. Başga näme aýdaýyn?
– Saýybym, siz maňa nähak gaharlanýarsyňyz. Bir döwüm tötek iýmegiňiz üçin biz sizden hiç zat soramarys, Ýusup Bazyrgana-da rişwet bermeli däl. Sakçylar sizi meniň tabşyrygym bilen ýanyma getirdiler. Alauddaule döwri hem men şu ýerde işleýärdim. Hernä, şol döwrüň – deýlemlilerden döwranyň geçdigi bolsun. Ol döwür nan atlydy, biz pyýadadyk. Togrul soltanyň ömri deraz bolsun. Agzymyz aşa ýetip ugrady. Ol her bir musulmany, her bir gelen täjiri myhmana goýulýan gadyr-hormat bilen garşylamagy, doganlarça gürleşmegi bizden talap edýär. Onsoňam Taberek galamyz indi kabalä8 öwrüldi. Ynha, görüň, birgiden kerwen galada söwda edýär. Alauddaule döwründe bir aýda gelýän kerwen bu gün bir günde gelýär. Patyşamyz täjirleri salgytdan boşatdy, paçdan boşatdy. Gorag pajyny bolsa, ähli täjirler üçin deň etdi. Her bezirgen hakda alada etmek biziň borjumyz. Ine, şu bezirgenlerden sorap görüň, içinde bizdenem, patyşadanam nägilesi ýokdur. Sebäp, bar aladamyz raýatlarymyz. Sizi nähak sak-lapdyrlar. Häzir sizi çaýhana elterler. Size hyzmat ederler, arkaýyn boluň. – Muhtasyp içişikde duran sakça buýurdy: – Bar, bulary çaýhana eltip gaýt. Çaýpuruşa aýt, gowy hyzmat etsinler. – Muhtasyp Gökhunyň ýakynyna gelip, müýnli gürledi. – Siz biziň günämizi ötüň. Men öz adamlaryma: «Atabeglik eder ýaly är-aýal görseňiz, meniň ýanyma alyp geliň» diýipdim. Sakçylar sizi bu ýerik meniň şol sözüm üçin getiripdirler. Ýogsam nahar iýjek adamy içeri goýbermän duramzok biz. Allatagala maňa ogul bermedi, diňe bir akyllyja gyz berdi. Ýaňy bäş ýaşyny doldurdy. Men gyzyma atabeg tutup, birki dili öwretmek isleýärin. Togrul begiň hatyny ýetmiş iki dil bilýärmiş. Saklablaryň9 hem ähli dilini bilýärmiş. Dünýäniň haýsy ýerinden ilçi gelse, olaryň öz dillerinde gürleşip otyrmyş, ol.
– Ynamyň üçin taňryýalkasyn… – Gökhun syrly dymdy.
– Siz razymy?
– Ilki bilen, çagaňyzy göreli. Onuň bilen gürleşip görenimizden soň, biz bu sowalyňyza jogap berip bileris. Özümiz atabeglik etmesegem, gowy atabeg tapyp berip bileris.
Muhtasybyň begenýändigi ýylgyrjaklap iki tarapyna ba¬kyşyndan açyk duýulýardy.
– Men näçe diýseňiz, hakyňyzy tölärin. Siz menden nägile bolmarsyňyz. Men size ýatak jaýyny bererin, mugt iýdirip-içirerin.
– Teşneligimizi gandyrsak, owkat edinsek...
– Duruň, duruň! – diýip, muhtasyp Gökhunuň sözüni böldi. – Siz häzir göni meniň öýüme baryň. Ol ýerde siziň teşneligiňizem gandyrarlar, owkadam bererler. Ýusup! – Muhtasyp gapynyň agzynda duran sakça ýüzlendi: – Bu gojany hatyny bilen meniň öýüme elt. «Altynjanyň atabegleri» diýip aýt. Gowy iýdirip-içiriň. Bular uzak ýoldan gelipdirler. Dynçlaryny alsynlar. Sowal berip, ýüreklerine düşäýmäň. Şeýle diýibem öýdäkilere aýt.
Muhtasybyň öýi uzakda däl eken.
Är-aýal giň otagda ýazylyp-ýaýrap naharlandylar. Bäş ýaşlyja Altynjan bolsa Kalbyna bilen tiz öwrenişdi.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 34 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]