16:18
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -12
On ikinji hekaýat

BÜRGÜT HÜJÜMI

1. Mäne söweşi

Soltan kelebiň ujuny ýitirensoň, wezirlerine geňeş saldy: seljuklylardan nädip dynmaly?! Olary nädip ýok etmeli?! Soltanyň bu sowalyna beýik hoja Ahmet-i-Abd-as-Samat bilen Bu-Nasr Mişkan: «Şalygyň goşuny Hyratda bir ýyl dynç alsyn, dynç alnan döwürde seljuklylary derbi-dagyn eder ýaly ýene goşun jemlemeli» diýip, jogap-maslahat berdiler. Olar soltana özleriniň pikirini ýeke-täk dogry pikir hökmünde ynandyrmagy başardylar.
Elli müňlük atly goşunyň bir ýyllap Hyratda bikär durmagy soltanatyň bähbidine bolmady. Goşuny saklamak üçin köp mukdardaky azyk ýerli ilatyň boýnuna düşdi. Bu welaýaty gedaý düşürdi. Açlyk nägilelik bolup aýaga galdy. Eden-etdilik bilini guşap, hökmürowanlyk etdi.
Bir man çöregiň bahasy bir dirhemden üç dirheme çenli ýokary göterildi. Puluň gymmaty bir dirhemden bir danka (altydan bir dirheme barabar) çenli pese düşdi.
Ýerli ilat topar-topar bolup Hyrat welaýatyndan başga parahat welaýatlara göçmäge – gaçmaga başlady. Köçelerde açlykdan ýaňa ölüp ýatan adamlar barha köpelýärdi.
Açlyk diňe bir Hyratda däl, Horasanda hem agalyk edip ugrady. 1040-njy ýylyň başynda bir man çöregiň bahasy on üç dirheme ýetdi.
Ekerançylyk ýerleriniň bahasy hem aşak düşdi. Iki ýyl mundan öň bir müň dirhem bahasy bolan bir žuftar ekerançylyk ýerini bir man bugdaýa hiç kim çalşanokdy. Güýç-güýç ýeteniňkidi. Bir döwüm tötek üçin adam öldürmek adaty zada öwrülip barýardy. Dehistanda bir dinara on man bugdaý ýa on bäş man arpa satyn alyp bolýardy.
Uly goşun bilen bir ýerde uzak durup bolmajak eken. Hy¬ratda hem durarlyk galmady.
Soltan Masut mejbury ýagdaýda Hyratdan çykyp, seljuk¬lylaryň üstüne ýörişe ugrady.

* * *

Abywertden uzakda bolmadyk Mäne galasynyň ilaty soltan goşunyna urfis ýardamyny1 bermekden ýüz öwürdi, soltan goşunyna boýun sunmaýandygyny mälim etdi: derwezesini açmady. Galada görnükli allama Abu Sahyt Abylhaýyr (Mäne baba) ýaşaýardy. Ol soltan Masudyň Horasanyň halkyna edýän süteminden nägiledi. Ol özbaşdak Horasan döwletini gurmagyň tarapdarydy. Hut şu maksat bilen seljuklylara Murgabyň kenarynda öz döwletlerini döretmeklerine ak pata beripdi.
Mäne galasynyň gabawy kyrk güne çekdi. Kyrk gije-gündiziň dowamynda soltan Masudyň elli müňlük goşuny galany boýun egdirip bilmedi.
Kyrk gije-gündiziň dowamynda Mänäniň kyrk bir sany ussat ýaýçysy soltan goşunynyň müňläp gulamyny öldürdi.
Soltan ahyr galanyň ilatyny mugyra getirmegiň ýoluny tapdy: dagdan gelýän iki çeşmäniň ikisiniň hem öňüne böwet basdy. Şeýdip, galany suwsuz goýdy.
Galanyň adamlary teşnelik zerarly derwezelerini açmaga mejbur boldular.
Soltan özüniň köpsanly görnükli serkerdesini, müňläp gulamyny ýaý bilen atyp öldüren mäneli ýaýçylaryň kyrk biriniň sag elini gaýdyp ýaý atyp bilmez ýaly kesdirdi2.
Bu jeza berişlikden soň eline ýarag alyp soltana garşy çykjak horasanly bolmaz öýden soltan Masut ýalňyşandygyna bir menzil geçip-geçmänkä göz ýetirdi: mäneli ýaýçylaryň gününe düşmek isleýän ýaly, dumly-duşdan soltan goşunynyň üstüne atylýan keýmir oklar köpelip ugrady.
Ölümden gorkmaýan halky mugyra getirip bolmaýar. Seljuklylary ýaran edinen horasanly türkmenler hem ölümden-de, soltandan-da gorkmaýan güýje öwrüldiler. Soltan Masut bu ahwalaty duýdy, şonuň üçin hem Mäneden Nusaýa gitjek bolmady. Seljuklylaryň iň köp jemlenen ýeri bolan Merwe ýöriş etdi. Nusaý bilen Merwiň aralygy bäş günlük ýoldy3.
Mäne söweşi seljuk türkmenleri tarapyndan bürgüt hüjümi boldy. Seljuklar onda Oguz handan galan harby gurluşy täzeden dikeltdiler. Bu gurluş şertli-suratly göz öňüne getirmede ganatlaryny ýaýyp, öz awunyň üstüne eňip barýan bürgüdi ýatladýardy. Seljuklaryň baýdagynda iki kelleli bürgüt şekiliniň bolmagy-da özüňi gapdaldan görşüň şo hilinden alnandy.
Bürgüt, aslynda, harby aňlatma. Seljuklaryň öz harby güýç-kuwwatyny aňmasy. Harby güýjüň tugda şekile getirilmegi syýasy jähete geçip, täze döräp gelýän türkmen döwletiniň harby-syýasy göwredigini alamatlandyrýardy. Munuň özi türkmenleriň milli-syýasy barlygynyň ähli mazmunyny özünde jemleýän şekili boldy. Şu ýerdenem türkmen döwletiniň nähili esaslara daýanýandygy, haýsy gymmatlyklary ileri tutýandygy, nähili dolandyrylýandygy aýdyň görünýärdi. Birinjiden, döwlet, ilkinji nobatda, harby gurluşdy, döwlet gurluşy-da, ozaly bilen, harby-goşun gurluşydy. Bu hili gurluşda döwlet bilen goşun aýny bir barlyk hökmünde göz öňüne gelýär. Döwlet milletden kemala gelýär, goşun bolsa, öz gezeginde, döwletden kemala gelýär. Oguz han eýýamynda goşun bilen millet aýny bir zat bolsa, seljuk eýýamynda goşun bilen döwlet bir aýnylyk boldy. Şu hili görnüşe, aňlanylyşa laýykatlykda döwletiň ilkinji hem esasy wezipesi harby gurluşyk, harby ýaşaýyş bolup, aňyýet, medeniýet, ruhyýet wezipeleri hemem görnüşleri harby esaslardan gelip çykýardy. Harby kesgitlemäniň esasy bolmagy, şu ugurda milli türkmen düşünjelerine daýanylmagy döwlet gurluşynyň beýleki – aňyýet, ruhyýet, medeniýet meselelerinde şu döwletiň gurluşyna gatnaşýan eýranly, arap hem gaýry milletleriň öz taryhy tejribesini orta goýmagyna ýol açýardy. Şeýdibem, bitewilikde alanyňda, sap türkmen esaslary bolan, emma gaýry musulman halklarynyňam döwlet tejribesini özüne siňdiren täze musulman imperiýasy kemala gelip ugrady. Bürgüt şekilli döwletiň esasy awy bolsa möwriti öten azgynlyk, meslik hemem nalajedeýinlik boldy.

2. Hakykaty boýun almak juda kyn

Togrul beg soltan Mahmyt, onuň ogullary bilen içgin gyzyk¬lanýardy. Olar hakda bir ýa iki gezek eşideni bilen çäklenmeýärdi. Söbüktegin nesilşalygy bilen baglanyşykly söhbetleri, onuň «Pentnamasyny» gaýtalap-gaýtalap diňleýärdi. Soltan Masudyň Baýhaky atly debiriniň4 parasatly kişidigi hakda eşidensoň, onuň ýazgylaryny ele salmagyň ugruna çykdy.
Togrul beg Söbüktegin nesilşalygyndan Mahmyt soltandan özge hiç kimi görmese-de, ol ähli neberäni bäş barmagy ýaly, örän takyk bilýärdi. Aňynda olar bilen ýaşaýardy.
Megerem, Söbüktegin nesilşalygyny Togrul begden başga şeýle bir takyk bilýän, olar hakda şeýle içgin gyzyklanýan ikinji bir adam ýokdur?
Soltan Mahmyt özünden soň ogly Muhammediň soltan bolmagyny wesýet edipdi. Şeýle hem edildi: Muhammet Jüzjandan5 Gazna geldi. «Susak sapy» eline ýeten Muhammet soltanlyk möhletiniň bary-ýogy ýigrimi bäş gün boljagyny öňünden aňan ýaly, haýdan-haý tagtyň eşretini görmäge – aýşy-eşretde, şöwhetde bolmaga girişdi, ýöne köşkdäki wezir-wekiller oňa bahyllyk etdiler: soltanyň dogany Masuda nama gönderdiler. Özleriniň soltan tagtynda Masudy görmek isleýändiklerini nygtadylar. Masut il-günüň bähbidiniň hatyrasyna agyr hem asylly wezipäni öz gerdenine almak baradaky pikiri unady. Onuň emri bilen Muhammet tussag edildi. Görgülini Guruň Mendiş galasyna ugratdylar. Birden özüne garşy çykmagyndan heder eden Masut Muhammediň gözüne nil çekdirip, görejini mynjyradyp, kör etdi6.
Bagdat halyfy soltan Mahmyt Gaznaly bilen dil tapyp bilmänden soň onuň ogly Masuda umyt baglady: ony Merkezi Aziýanyň patyşasy diýip ykrar etdi, oňa «El Muntakym agda Allaha»7 diýen unwan bilen ýüzlendi, ony karamyta8 atlandyrdy.
Masut edil Muhammet ýaly köşk – atabeg terbiýesini alan sowatly-düşünjeli kişidi, türkmen dilinden başga dari, arap, pars dil¬lerini suwara bilýärdi. Edebiýaty gowy görýärdi. Ulamalar, şahyrlar bilen dürli mowzuklarda jedele girmekden lezzet alýardy.
Soltan Masut daýaw göwreli, dolmuş kişidi. Ýaşlygynda pälwanlar bilen göreş tutardy, daş götermek bäsleşiklerine gatnaşmagy gowy görerdi.
Ol rehimsizdi, sähel bir zat üçin hem öz wezir-wekillerini jezalandyrýardy. Başda göwni ýetip, taryplap ýören başarjaň, tejribeli serkerdesi Emir Ýusup bin Mahmydy, serkerde Aly Kazyby, serkerde Är Ýarygy, serkerde Gazyny, Hindiň goşunbaşysy Ahmet Niýaltegini ýok etdi. Özem olary wagşyýana jezalandyryp öldürtdi. Hyradyň emeldary Abu Talha Şibliniň derisini sypyrmagy emr etdi. Bu emriniň amal edilişinden lezzet aldy.
Ýaşaýşyň manysy lezzetde, ýöne bu lezzeti her kim bir zatda görýär, her kim bir zatda tapýar. Adamyň ähli okgunlylygy, yhlasy – durmuşdan almak isleýän lezzetini tapmakda, kanagatlandyrmakda. Lezzet adama ýaşaýyşda kanagat, gujur-gaýrat, ertirki güne hyjuw berýär. Soltan Masudyň gullugyndaky wezir-wekiller oňa hyzmat edip, onuň göwnüni awlap, özlerine ýaşaýyş eşretlerini, bolçulygyny döretmek isleýärdiler. Soltana hyzmat etmek, onuň göwnüni awlamak – gazanç etmek. Lezzetiňe, maksadyňa ýetirýän zat – soltanyň göwnüni awlamak. Onuň göwnüni awlap bilseň, ol tarhandökerlik bilen eçilýär. Şeýle bolansoň, soltanyň ýanynda ölüp-öçüp hyzmat edýän wezir-wekiller kändi.
Soltan Masut köşk dabaralaryna, şeraba aşa gyzygýardy. Onuň hemdemleri sekizden on iki satgine9 çenli şerap içenlerinde ysgyn-deramatdan gaçýardylar. Soltan Masut welin, ýigrimi ýedi satgin şerap içýärdi, şonda-da özüni ýitirmeýärdi, täret kylyp gelse, ýene sersagdy.
Ol şerapdan, neşeden keýpini kökläp, köşkdäki ähli emeldarlaryny nyzama durzardy. Olaryň öňünden eýläk-beýläk geçip, olara özüniň suhanwerlik ussatlygyny görkezerdi. Her hili mowzuklardan nutuklar sözlärdi.
Herhal, suhanwerlikde nedimi Abu Nagyma aýratyn sarpa goýardy. Şonuň üçin soltan Abu Nagyma bir kurur dirhem baýrak berdi. Bir gije soltan Alawy şahyra bir kurur dirhem bagyşlady. Bir baýramçylykda soltan söýgüli şahyry Unsura müň dinar, beýleki ýüz elliden gowrak şahyryň her birine ýigrimi müň dirhem, aýdymçylaryň, sazandalaryň, masgarabazlaryň, rakysçy gyzlaryň hersine otuz müň dirhemden baýrak berdi. Ol täjir Mutyga bir gijede on alty müň dinar eçildi, şeýle hem soltanyň on alty müň dowaryny bakýan, elli müň dinar bergisi bolan öz iş dolandyryjysy Mank Aly Meýmuna hem ýigrimi müň dinar peşgeş berdi.
Köşkde soltanyň göwnüni awlap bilýän wezir-wekiller baýaýardy. Uly emeldarlaryň ählisiniň ekerançylyk ýerleri, baglary, mülkleri, süri-süri mallary, gulam-kenizleri bardy. Soltanyň kätibi Tahyryň Balh welaýatynyň Şarystan galasynda biçak owadan saraýy bardy. Bu saraý ýokary hilli bezegler bilen bezelendi. Tahyr 1032-nji ýylda Reýde özüniň wezirlik döwründe şerap içilýän otagynyň içini gül ýapraklary, tylla we kümüş teňňeler bilen düşedi. Özi gülden ýasalan täji başyna geýip otur¬ýardy, köplenç ýüpek gaply tylla hem kümüş şerap gaplaryny (jam, bulgur, şeňňil) biline daňyp, özüniň meslekdeşleri, hemdemleri bilen rakys oýnaýardy. Soltanyň nedimi Abu Bakr Hasyrynyň şeýlebir baýlygy bardy welin, Ahmet Meýmendi ondan şa üçin üç ýüz müň dinar tylla isledi10.
Hasanak weziriň alty ýüz sany şahsy gulamy, ummasyz köp mukdarda emlägi bardy. Bir gezek ol Nyşapurdan Balha soltan üçin engam-hedýe getirdi welin, ony bäş ýüz düýe çekýärdi. Meýmendiniň özüniň altyn-kümüş baýlygy otuz kurur dirhemden hem köpdi. Ol Kelejar zyndanyndan azat bolandan soň tä Balha çenli tagtyrowana münüp geldi. Şonda gulamlar ony çölde, düzde, dagda öz gerdenlerinde göterip getirdiler. Elbetde, ol pile münübem Balha rahat baryp bilýärdi, ýöne wezir özüniň hemem baýlygynyň güýjüni il-güne mazamlamak isläpdi. Tä Balha gelýänçä gullaryň gerdenindäki tagtyrowanda gaýşaryp oturypdy, owkatyny hem täretini tagtyrowanda oturyp edinipdi.
Horasanyň häkimi Abul-Fazl Sury bir gezek soltan Masut üçin bäş ýüz düýe hedýe-engam iberdi. Bu hedýe-engamlaryň dört kurur dirhem gymmaty bardy. Hedýe-engam gulamlardan, kenizlerden, gap-gaçlardan, müşklerden, kafurdan11, merweritden, mahfur düşeklerinden, halylardan, zerli lybaslardan, unnaplardan12, sary, ýaşyl, gyzyl haltalara salnan tyllalardan we kümüşlerden, içgilerden ybaratdy. Soltan Horasan dikmesiniň iberen hedýelerini görende ony taryplady: «Meniň Abul-Fazl Sury ýaly ýene iki-üç emirim bolsady, onda men älem-jahanyň hökümdary bolardym» diýip13. Soltan Suryny beýleki emirlere göz etmäge çalyşdy. Aslynda welin, Abul-Fazl Sury zalym hem ýowuz adamdy. Bu hedýeler Surynyň Horasan halkyndan zor bilen alan baýlyklarydy. Halk Surydan gan aglaýardy. Müňläp kişiniň ahy-pygany soltanyň şatlygyna öwrüldi.
Soltan sowgat almagy, sowgat bermegi gowy görýärdi, ýöne hernäçe tarhandöker hem bolsa, sähel baýlyk üçin alagykylyk edýärdi, bir piliniň ölendigi üçin Gaznanyň pilbanlarynyň boýnuna ýüz müň dirhem jerime salypdy. Gaznada döwlet pillerini saklamak üçin üç müň sany meýdança bardy.
Soltanyň köşgüniň şahyrlarbaşysy Unsury kümüşden tagan hemem çörek mejimesi, arassa altyndan gap-gaçlary ulanýardy14.
Masudyň çakyza tutgaýy15 bardy. Bu keseli onda çagalykda döräpdi, ýöne bu dert on ýyl bäri azar bermändi. Seljuklylar soltanyň bu derdini ýygy-ýygydan gaýtalanyp duran derde öwürdiler oturyberdiler. Belki, bu derdiniň gozgamasy seljuklylardan dälse däldir, ýöne Masudyň özem, onuň tebiplerem, wezir-wekillerem bu derdiň gozgamasyny Togrul begden gördüler.
Masudyň çakyzasy tutan wagty giň dünýä iňňäniň gözi deýin daralýardy. Şol mahal oňa hiç kim hemaýat edip bilmeýärdi. Bu derdiň garaguş kakyn keseline sapýandygy hakdaky myş-myşlar Masudy hasam howsala salýardy. «Eý, Hudaý, men çakyza bilen garaguş kakyn derdiňi çekeýin, ýöne meni seljuk derdinden daş edeweri» diýip dileg edýärdi. Juma namazynda okalýan hutbalarda hem soltanyň çakyza tutgaýynyň dep bolmagy dileg edilýärdi, ýöne soňky günler ol dileg seljuklylaryň derbi-dagyn edilmegi hakdaky dileg bilen ornuny çalşypdy. Soltan Masudyň şagalaň-meýlisleri öwsele edinmeginiň bir sebäbi özüniň çakyza tutgaýynyň gozgamazlygy üçin kellesine «dynç bermegidi». Bu dert onda gahary gelende, lapykeç bolanda tapylýardy. Şeýle bolansoň onuň ýanynda ajy habarlary aýtmakdan eýmenýärdiler. Zerurlyk ýüze çykanda soltana şum habarlary aýdyp bilýän adamlar sanalgyjady.
Wezir-wekilleriň, köşk emeldarlarynyň baş maksady soltanyň göwnüni götermekdi, begendirmekdi.
Ýylda iki gezek – nowruz hem mehrjan baýramçylyklarynda ýurduň Horezm, Gürgen, Balh, Kerman, Bulujystan, Sistan, Horasan ýaly welaýatlaryndan soltan Masuda her hili gymmatbaha harytlar, altyn teňňeler hedýe-engam iberilýärdi. Masut bu hedýe-engamlara aýratyn ähmiýet berýärdi. Ol dabaralary, toýlary geçirmegi, özüniň sahylygy bilen barjamly adamlary aňk etmegi gowy görýärdi.
Soltan Masut Gürgen welaýatynyň häkimi Bakalanjaryň gyzyna öýlenende bir bukjalyk daragt getirtdi16. Tagtyň düşegi kümüşdi, miwesi ýakutdan, ýapraklary pöwrizeden hemem zümerretden bolan otuz agaja eýedi. Bu agaçlaryň daş-töwereginde ýigrimi sany bezelen kümüş, dürli göwherler nerkesdany17 goýlup, her birinde tylladan, kümüşden edilen bir sany sipergam18 bardy.
Soltan dört müň gulam saklaýardy. Olaryň tylladan edilen gurgurma guşaklary, gulakhalkalary, bileklerine, dyzlaryna daňynýan söweş garujyklary, dyzlyklary bardy. Gulamlaryň bir topary jöwher bilen bezelen guşak hem gylyç dakynýardy. Ýene bir topary bolsa kümüş guşaklydy, kümüş gulakhalkalydy, gürzülidi. Soltanyň saý atlarynyň hemmesiniň jöwhere hem altyna bezelen eýer-esbaplary bardy. Ol ýörişe çykanda ýany bilen segsen sany ätiýaçlyk saý at äkidýärdi. Onuň otuz atynyň jöwherden, elli atynyň bolsa tylladan eýer-esbaplary bardy.
Diňe bir garamaýak halk däl, hyzmatyndaky wezir-wekil¬ler hem soltandan nägilediler. Sebäp soltan olaryň pikirini diňlemeýärdi. 1032-nji ýylda Masut iki gezek wezirler mejlisiniň kararynyň tersine Hindistana goşun çekdi. Seresiti, Hansi galalaryny basyp aldy. Wezirler Ahmet Hasan Meýmendi, Hoja Abd-as-Samat, Bu-Nasr Mişkan dagy soltanyň eden-etdiliginden, jalaýlygyndan, äsgermezçiliginden has nägilediler. Ýöne seljuklylaryň özünden rüstemligi, hiç kimden göwün çotunyň çykmazlygy soltany bellibir derejede mugyra getiripdi. Öň wezirler mejlisiniň pikirini pitiwa almadyk Masut indi köplenç wezirler diwanynyň pikirine bil baglaýardy. Sarahsda geçiren wezirler diwanynyň mejlisinde wezirleriniň pikirini unap, şolaryň diýeni bilen boldy. Şolaryň pikiri bilen gyşy Hyratda, Nyşapurda geçirdi. Ýöne wezirleriň pikirem ýurdy halas edip bilmedi. «Men size ygtyýar berýärin. Näme diýseňiz, garşy çykamok. Seljuklylary ýok ediň-dä! Başaryp bilmeseňiz, onda maňa göni aýdyň, olary özüm ýok edeýin» diýip, Masut zol-zol wezirlerine igendi.
Wezirler diwanynyň pikirine gulak asyp ýurduň ýagdaýyny has hem aşak gaçyran, seljuklylaryň eden-etdiligine möwç beren Masut indi gaýdyp wezirler diwanynyň akylyna gulak gabartmajakdygyny, öz akyly bilen ýöriş edip, ýurdy tertibe saljakdygyny, seljuklylary derbi-dagyn etjekdigini aýdyp, hyjyl tartýardy. Ol bu ýörişiň ykbal çözüji ýöriş boljakdygyna berk ynanýardy.
Masut nämede aldansa-da, bu ynamynda aldanmandy...
Onuň Horasana gelmegi bu seljuk begleriniň maksadydy: «suwy bulandyryp, balygy suwuň ýüzüne çykardylar, indi balygy tutmalydy!»

3. Seljuklylar yslamyň din gylyjy bolar

Togrul beg soltan Masudyň Sarahsa ýakyn gelendigini eşidip, geňeş çagyrdy.
– Daşrabatda19 soltan goşunyny garşy almaly. Şonuň üçin hem Daşrabadyň özündäki hemem töweregindäki ähli guýulary gömmeli. Goý, soltan goşuny, ilki bilen, suwsuzlykdan kösensin!
– Galadaky hemem galanyň töweregindäki ähli galla, arpa, bede gorlaryny guma äkitmeli. Goý, soltanyň goşuny, atlary açlykdan ölsün!
– Seljuk goşuny diňe soltanyň hasabyna iýip-içmeli: gijelerine soltan goşunynyň azyk üpjünçiligi bölümine duýdansyz çozuş edip, azyklaryny talamaly.
– Olaryň suwly meşiklerini deşmeli.
– Üç ýüz dowulçy soltan goşunynda gulluga durmaly.

* * *

Sarahsyň ilaty soltany şähere goýbermek, haraç tölemek islemedi20. Bu habary eşiden soltan gazabyna tutdy: ilaty gyrmak gyrdy. Şondan soň Sarahs – Merw ýoluna düşdi. Ýoluň ugrundaky Daňdanakan galasynda iňlär siňek ýokdy21.
Galanyň dym-dyrslygy, adamsyzlygy soltany iňkise goýdy: eşidişine görä, seljuklylar Nusaýda-da şeýle edipdiler: galany boşadyp, guma gaçypdylar. Şo gezek salar Begdogdy on ýedi müň atly gulamy bilen seljuklylaryň üç müň atlysyndan ýeňlip¬di. Eý, Hudaý, bu gezek nähili bolarka?!
Soltanyň howsalasyna täze howsala goşdular: oňa ähli guýularyň gömlendigini habar berdiler.
Baharyň soňky aýydy. Howa onçakly yssy bolmasa-da, suwsuz oňňut edip boljak däldi.
Goşun Daňdanakan galasynda düşledi. Nirelerde guýylaryň bardygyny anyklamak üçin çar tarapa topar-topar atly ugradyl¬dy, ýöne ugradylan atlylaryň galabasy yzyna dolanyp gelmedi, olar gürüm-jürüm boldy. Käbir topardan diňe birki atly dolanyp gelip, seljuklylaryň köpdügi barada dowul turuzdy.

* * *

Togrul beg on alty müň atlysy bilen soltanyň elli müňlük goşunyny başa-baş söweşde ýeňip bilmejekdigine, diňe hile-al bilen ýeňip boljakdygyna akyl ýetiripdi. Şonuň üçin ol esasy ünsi soltan goşunynda dowul-gorky döretmäge, goşunyň huguny çykarmaga jemledi.
Gijelerine soltan goşunyna birjigem uky berilmeýärdi, ga¬raşmadyk ýerinden hüjüm edip, alabasgy döredýärdiler. Aýylganç-aýylganç gygyrýardylar. At aýaklarynyň dükürdisini edip bilýän, ýolbars ýaly arlap gygyrýan ýörite adamlar gündizlerine dynç alyp, gijelerine soltan goşunynyň kä ol ýerinden, kä bu ýerinden gykylyk-basgy döretmäge girişýärdiler.
Başga bir topar gijelerine soltan goşunynyň gulamlaryny öldürýärdi: olar gaznaly gulamlar deýin geýinýärdiler, duşman düşlegi¬ne barýardylar. Garaňkyda kimiň-kimdigini saýgarmak kyn düşýärdi. Her kim garşysyndaky garany duşman hasaplap hüjüm edýärdi. Şeýle ýagdaýda seljuklylara gaznalylaryň özlerem biri-birini gyryp, kömek berýärdiler. Iň esasy zat dowul döretmekdi.
Bir aýyň içinde soltan goşunynyň hakyt hugy çykaryldy.
Togrul soltan Masudy ele salmak isleýärdi, ýöne soltan öz ýüpek hymasyndan daşlaşmaýardy.
Togrul beg iki gije soltanyň ýatýan hymasyna barjak bolup synanyşdy. Iki synanyşygy-da şowsuz gutardy. Çünki soltanyň hymasynyň daşynda dokuz hatar gorag bardy. Birki hatar goragy ät galdyryp geçäýeniňde-de galan hatar goraglary geçmek mümkin däldi. Gijelerine wezirlerem soltanyň ýanyna aňsat-aňsat baryp bilenokdylar.
Soltan goşuny titreýärdi, çünki olar ençeme gün bäri uklamandylar. Olaryň bar aladalary seljuklylardan aman gutulmakdy.

* * *

Soltan goşunynyň ýagdaýynyň egbarlandygyna, gury sandyk¬laryna göz ýetiren Çagry beg bilen Togrul beg on alty müňlük atly goşuny söweşe salmak kararyna geldiler.
Baharyň soňky aýynyň ýigrimi ikisinde başlanan söweş seljuk begleriniň soltan goşunynyň ýagdaýy baradaky pikiriniň dog¬rudygyny äşgär etdi. Soltan öz bäş ýüzden gowrak gula¬mynyň on-on bäş sany seljuklydan gaçmasyna teý akyl ýetirip bilenokdy22.
Juma güni – maý aýynyň ýigrimi üçünde seljuklylar dört tarapdan hüjüme geçdiler. Olar «Gurt oýny» diýip atlandyrýan öz milli söweş usulyny ulandylar, soňra gollara bölünip söweşdiler. Bir gol belli bir wagt duşman bilen söweşýärdi, ýadarçalyk wagt geçenden soň goşun bir gyra çekilýärdi-de, öz ýerini täze gola berýärdi. Bu söweş usulynyň adyna «kurdus» diýlip at berilýärdi.
Diňe bir kurdus däl, seljuklylaryň ulanýan söweş usullary dürli-dürlüdi, esasan, ýagdaýa görä söweş usulyny ulanýardylar.
Gurt oýny, syrtlan oýny, urha-gaç urşy, sabahun – tenahun uruş usullary iň köp ulanylýan uruş usullarydy.
Çagry beg sabahun uruş tilsiminde söweşmegi gowy görýärdi. Bu usulda söweşmekde, ol hakykatdan hem taýsyz ussatdy.
Ybraýym ynal23 bilen Musa beg syrtlan oýny tilsimini gowy görýärler.
Arslan ýabgu söweşde gurt oýnunyň tarapdarydy. Bu usuldan aýratyn lezzet alardy. Resultegin beg söweşde köplenç kakasynyň gowy gören söweş tilsimini ileri tutýardy.
Togrul beg hem gurt oýnuny gowy görýärdi, ýöne onuň has lezzet tapýan, alýan söweş usuly tenahun usulydy.
Tenahun uruş usuly – duşmanyň goşuny bilen duşmany ýok etmekdi.
Söweş wagty gaznaly goşunyndan üç ýüz ýetmiş kişi seljuk¬lylara goşuldy. Hindi, arap, kürt esgerleri çar tarapa gaçyp başladylar.
Söweş meýdanynda oňly goşun galmanyndan soň, gaçmak gezegi soltana ýetdi: ol pilinden düşüp, atyna münüp düw gaçdy. Üç günde on sekiz aty çalşyp, yzyna garaman gaçdy.
Garagum çöli duşman bolup gelenleriň metdi-masgara bolup ýeňilýän pellehanasy!
Syrak atly bir padyman öz halkyny gyrmak, boýun egdirmek üçin gelen lek-lek goşunly ahemeni şasy Darini: «Men size öz halkymyň gizlenýän ýerini görkezeýin» diýip, Garagumuň jümmüşine aldap eltip, ahemenileriň goşunynyň suwsuzlykdan gyrylmagyna sebäp boldy24.
Garagum çöli – Hydyr atanyň synag mekany!
«Türkmenleriň hossary – enesi-de, atasy-da çöl».25
Ol türkmen halkyny duşman bolup gelenlerden goraýar.
Bu gün soltan Masut amana gelip, Garagum çölüniň içi bilen gaçyp barýar.
Garagum çöli nire, «balyk» nire!
Çölde «balygyň» uzak durup bilmejekdigi köre hasa!
Soltan Masut hem öz betbagtlygynyň üstüne öz aýagy bilen geldi.
Adyndan başga Masut (Bagt) galmady onda!
Soltan Masudyň söweşe gözegçilik eden depesi – bargähi, hymalary ähli zady bilen birmeýdan eýesiz galdy.
Ýeňiş depesi!
Ol depeden gaznalylaryň baýdagy aýrylyp, seljuklylaryň gara baýdagy dikildi.
Depä seljuk begleri geldi!
Söweşiň üçünji güni aýyň ýigrimi dördünde seljuklylar doly ýeňiş gazandy!
Ahyryl-ahyr söweş gutardy!
Ahyryl-ahyr maksada ýetildi!
Seljuk goşuny ýeňdi, indi olaryň garşysyna çykjak goşun-da, döwlet-de ýok. Garşysyna çykjak soltan, hana, garadere batyp, zut gaçyp barýar!
Seljuk begleri begenip, dikine gygyrýarlar:
– Ýedi yklym biziňki!
– Dünýä biziňki!
– Biz dünýäniň hökümdary!
Seljuk begleri, esgerleri sesleriniň ýetdiginden zowlatdylar. On alty müňlük goşun üç seljuk serkerdesiniň – Togrul begiň, Çagry begiň, Musa begiň atlaryny gaýtalap gygyrýardylar:
– Togrul beg!
– Çagry beg!
– Musa beg!
– Seljuklylar! Seljuklylar!
Soltan Masudyň ýüpek bargähinde tagt lowurdap durdy. Ol tagtda indi hiç wagt Masut oturmaz. Ol tagt indi Togrul begiň, hawa, hawa, Togrul begiň tagty bolar.
– Ýedi yklyma öz şalygymyz barada fethnama (ýeňişnama) göndereliň!
– Ilki bilen, soltan Masuda fethnama göndereliň, Gutulmyşy zyndandan boşatmagyny talap edeliň!

Dünýä geçirijidir, ebedi däldir, Jemşidiň döwletinden beýik döwlet ýokdy.
Belent asman ony aýak astyna taşlady, jahana başga serdary getirdi.
A. Firdöwsi. «Şanama».
504 sah. 19-20 setirler.

– Bagdat halypasy Kaýym Bemryllaha fethnama göndereliň. Goý, ol bizi ykrar etsin hemem bize ykrarlyk baýdagy bilen teşribini (halat) ibersin!
– Basyl kaýsaryna, Müsür mukawkysyna, Hebeş nejaşisine, arap raýislerine, Garahan ilhanyna ýeňişnama göndereliň!
– Jürjaniýa fethnama göndereliň!
– Bu depäniň üstünde öz şalygymyzy berkarar edeliň – gurultaý26 geçireliň. Goý, ähli ýerlerden türkmen wekilleri gelsinler. Ähli şäherlere häkimleri özümiz belläris.
Jahan seljuk begleriniňki boldy!
Gurultaýyň öňüsyrasy Togrul begi, Çagry begi, beýgu Kelany zeýtun ýagyna ýuwdular.
Ýedi günläp zeýtun ýapragyny tüsseletdiler, daşlaryndan zümerret daşlaryny aýladylar. Şeýdip, seljuk beglerini göz degmeginden goradylar.
Şondan soň seljuk begleri gojalaryň, pirleriň pata bermegi birle eginlerindäki kepenlerini aýryp, patyşalyk egin-eşigini geýdiler.
Gylyç ýa kepen däbi bilen maksada ýetilendigi mynasybetli toý tutuldy.
Ähli seljuk esgerleri kepenlerini otlap, eşik geýdiler.
Seljuk beglerine aýry-aýrylykda täze egin-eşikler geýdirilip, billerine altyn guşaklar dakyldy.
Gurultaýda il kethudalarynyň oňlamagy bilen patyşa, beg göterilen kişilere sadykatlyk bilen boýun sunjakdyklaryna ähli seljuk kethudalary, begleri, esgerleri Gurhandan, desterhandan wepadarlyk kasamyny içdiler.

* * *

Şol gün çöle seljuk begleriniň maşgalalarynyň yzyndan çapar ugradyldy.
Seljuk begleri öz maşgalalaryna gowuşdylar.
Talak berlen hatynlara täzeden nika gyýyldy, täzeden toý toýlandy.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 27 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]