16:15
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -11
On birinji hekaýat

ÖMRÜŇ IÇINDÄKI ÖMÜR

Ýedi gün ýol ýörelensoň, seljuklaryň çaga-çugalarynyň, aýal-ebtatlarynyň syrgyn bolup oturan ýerine ýetildi.
Altynjana syrgynyň ortarasyndan hyma taýýar edilen eken.
Altynjan bir hepde hymasyndan çykman ýatdy, ýanyna Gyzbibi bilen Peýkertuwakdan başga hiç kimsäni goýbermedi. Dogrusy, onuň hiç kim bilen gürleşesi-de gelenokdy. Hossarlarynyň, çiltenleriniň keşbi göz atuwynda janlanýardy, olar bilen gürleşýärdi, olardan ötünç soraýardy. Hünübirýan aglap ugraýardy, akgyzlar ony köşeşdirjek bolup gara güne galýardylar. Özüne göwünlik berilse, gahary gelýärdi:
– Maňa göwünlik bermäň! Ýok, ýok! Meni uruň! Uruň! Öldüriň! – diýip, ol akgyzlaryň hersini bir ýana zyňyşdyrýardy.
Togrul begiň: «Talak! Talak! Talak!» diýip aýdan pursady Altynjanyň göz öňünde her gün telim sapar gaýtalanýardy. Ol özüne talak berlendigi üçin däl-de, söweşmäge ejiz hasaplanandygy üçin ýanyp-bişip örtenýärdi:
– Bilýäňizmi, Togrul beg meni ejiz hasaplady! Hawa, Tog¬rul beg meni ejiz hasaplady! Nämemiş, men hatynmyşym, men erkeklerçe söweşip bilmeýärmişim! Hany, aýdyň, men ejizmi?
– Ýok, ýok, Altynjan, sen ejiz däl! Sen bäş-on erkege-de taý gelersiň! – diýip, akgyzlar titreşýärdiler.
– Şony näme üçin Togrul beg bilenok? Ä? Näme üçin Togrul beg bilenok! Men başa-baş söweşde Togrul begem ýeňerin. Men ondan ömrümde bir gezek – Zamahşarda birinji gezek duşuşan gezegim ýeňildim. Onuň hem sebäbi gözüne seretdim. Gözi bilen ol meni şonda jadylady! Ýogsam, men ony ýeňerdim. Wadaryg-a, oňarmandyryn, şol gezek men ony öldürmeli ekenim.
– Beýle diýmäň, melikäm!
– Diýjek, ýüregiň darka ýarylýanam bolsa diýjek! Eşitdiňmi?
– Eşitdim, melikäm, eşitdim – diýip, eýjejik akgyz titredi.
– Ýok, ýok, sen eşideňok!
Akgyz Altynjana ýaranmaga çalyşdy:
– Hawa, men eşidemok!
– Togrul beg nejis!
– Hawa, Togrul beg nejis!
– Ol özüne edilen ýagşylyklary bilenok.
– Hawa, Togrul beg özüne edilen ýagşylyklary bilenok...
Altynjan keniziniň ýüzüne geňirgenip seretdi:
– Sen näme üçin meniň aýdan sözlerimi, totuguş ýaly, gaýtalap otyrsyň?
– Siz dogry aýtdyňyz, melikäm, Togrul beg nejis, gadyrbilmez.
– Näme, näme? Neneň diliň barýar seniň? Ä? Neneň het etdiň sen?! Seniň hakyň barmy Togrul bege dil ýetirmäge?
Altynjan bir bökende akgyzyň depesine gondy, onuň çem gelen ýerine ýumruk saldy.
– Günämi geçiň, melikäm!
– Seniň bege dil ýetirmäge hakyň ýokdur, düşnüklimi?
– Düşnükli, melikäm, düşnükli!
Altynjan, özüne talak berlendigine gynanýardy, ýöne ýönekeý esger hökmünde gaznalylaryň garşysyna söweşmäge ygtyýar berilmeýändigine welin, has gynanmak gynanýardy. Bu onuň şeýle bir degnasyna degýärdi, özüni teý köşeşdirip bilenokdy!
– Näme, men indi ýönekeý seljuk esgeri hökmünde söweşip bilemokmy?
– Söweşip bilýärsiňiz, melikäm. Siz ýüz esgere-de taý ge¬lersiňiz.
– Näme, men seljuk beglerinden asgyn söweşýärinmi?
– Siz ähli seljuk beglerinden rüstem söweşýärsiňiz, melikäm.
Altynjan ýene kenizine alarylyp seretdi:
– Wa-weýla, men ýene ýalňyşdym öýdýärin, günämi ötüň melikäm.
– Nämede ýalňyşdyň?
Akgyz näme diýjegini bilmän aglap ugrady:
– Bes et agyňy!
Akgyz gözüniň ýaşyny ýeňine syldy:
– Bes etdim agymy!
– Gepleme diýýärin men saňa!
– Indi geplemerin.
– Jogap berme maňa.
– Men size jogap bermerin.
– Näme?
– Men ýene ýalňyşdymmy, melikäm?

* * *

Düşlegde bolan kyrkynjy güni ýarygije Altynjan düýş gördi. Gören düýşünden gorkup hasanaklap ýerinden turdy, daş çykdy, soňam aýakýalaň, başaçyk ümdüzine gitdi.
Iki sany keniz ony saklajak boldy, ýöne ol saklanarly däldi. Saklajak bolanlara gahary geldi, hersiniň döşünden batly itdi.
Gürüm-jürüm boldy.
Gün günorta bolýança onuň özüniň gelerine garaşdylar. Hernäçe garaşylsa-da, Altynjan gelmedi.
Öýlän onuň gözlegine çykdylar.
Topar-topar bolup gözlege gidenler garaňky düşensoň, «Tapmadyk» diýip, başlaryny aşak salyp geldiler.
Şol gün Altynjany tapmadylar.
Şol günüň ertesem tapmadylar.
Üçünji gün namazşamlar düşlege hoş habar ýaýrady.
– Altynjan tapyldy!
Ol düşlegden juda bir uzakda bolmadyk guýtakda özüni bilmän ýatyr eken. Ony düýä ýükläp getirdiler.
Agzyna suw damdyrdylar.
Altynjan ýene üç gün özüni bilmän ýatdy.
Alty günüň açlygyndan soň, göräýmäge, onda ysgyn-deramat bolmaly däl ýaly, ýöne ol syçrap ýerinden turdy. Asyl hiç zat bolmadyk ýaly, şadyýan ol! Altynjan akgyzlarynyň ählisini-de «Gülýüzli» diýip atlandyrýardy, munuň sebäbini düşündirjek bolup duranokdy. Ýüzi gülüp dur:
– Gülýüzlim, biler bolsaň, içim eljuk1 diýýär. Owkat getiriň maňa! Käbe şerbetini2 taýýarlaň! Boluň, boluň! Wagt ýok, biziň etmeli işlerimiz köp.
Altynjanyň bu sözüne akgyzlar, çorular çikgerilişip, biri-biriniň ýüzüne soragly seretdiler.
– Içiňizde janyňyz ýokmy, näme, mölterilişip dursuňyz! Janlyrak boluň! Men ähli zatdan burun suwa düşeýin.
– Gyzgyn suw taýýar, melikäm!
Altynjan suwa düşdi. Onuň bolşy öňki boluşlaryna asla meňzemeýärdi. Ol öňki Altynjan däldi, düýpden başga melikedi. Ony häzirki ahwalatda öň hiç kimse görmändi.
Gyzbibi bilen Peýkertuwagy çagyryp getirdiler. Altynjan olar bilen saçak başyna geçdi.
– Ganymatlaşýarsyňmy, Altynjan? – diýip, Peýkertuwak şüb¬heli sorady.
Altynjan hiç zat bolmadyk ýaly, gaty arkaýyn jogap berdi:
– Meniň ýagdaýym gowy.
Peýkertuwak bu jogap bilen kanagatlanmady:
– Saňa näme boldy? Hiç kime aýtman çykyp gidiberipsiň-le?
Altynjan başdansowma jogap berdi:
– Men düýş gördüm...
– Uky – Hudaýyň dili, düýş – sözi…
Altynjan Gyzbibiniň bu sözüne geň galdy:
– Gyzbibi, dogrudanam, uky Hudaýyň dilimi?
– Şeýle! Allatagala ýetmiş iki dil döredip, bendeleriniň arasynda paýlapdyr. Soň ýetmiş üçünji dili bendeleri bilen gürleşmek üçin ýaradypdyr. Allatagala bendeleri bilen diňe ýetmiş üçünji dilde – ukuda gürleşýär.
– Men düýşümde Tümen daýymy gördüm. Ol maňa Hudaýyň sözüni aýtdy. «Alla adama diňe güýjüniň ýetjek möçberinde ýük ýüklär»3 diýdi…
Altynjan, näme üçindir, sözüni soňlaman goýdy.
Düýşde yşarat köp. Habarly, manyly, derekli düýşe türkmen «oraşan düýş» diýýär. «Oraşan» röwşen-ýagty sözünden bolmaly. Diýmek, geljegi-boljagy ýagtyldyp, aýdyň, aýan edip görkezýän düýş bolýar-da. Düýşe geljegi geçmişiň üsti bilen yşarat edip görkezmek mahsus. Şu güne degişli düýş, köplenç, ýalan bolup çykýar.
Düýş öz dünýäsiniň täsinligi bilen haýran galdyrýar. Düýş, göräýmäge, şu dünýäniň bolan ýa boljak günlerine degişli ýaly. Emma düýşde başga dünýäniň howasy hemem ruhy bar. Adamlar düýş görmäge ukypsyz bolsadylar, onda olar o dünýäniň bardygyny gümanam edip bilmezdiler. Düýşüň giňişligi giňişlikden aňyrda, düýşüň wagty wagtdan aňyrda.
Düýşdäki hereketler edil agramsyzlyk halatynyň täsinligini ýatladýar. Munda hiç bir zadyň agyrlygy ýok, garyňky ýaly aklyk, tämizlik, terlik hem serginlik bar, demirgazyk gijesiniň garaňkylygy, nämälimligi hemem alyslygy bar, älem giňişlikleriniň biserhetligi, ýürek gopduryjy elýetmezligi, bigäne şemallaryň ýürege gorky salyjy owazlary bar.
Altynjan düýşlerinde çagalygyna gaýdyp barardy. Şeýdip, ol çagalygyň ýitirilen dünýäsini başga dünýä bolan düýşlerinde yzyna gaýdyp alardy. Diňe hyýalda hem düýşde wagt yzyna akyp bilýär. Ýöne hyýal – bu bary-ýogy pikir, düýş bolsa pikiriň janly surata geç­megi. Diňe düýşi görüp, ýagny synlap, tomaşa edip bolýar. Şonuň üçinem ol ýaşaýyş diýen ada mynasyp närse.
Altynjan düýşlerinden maza hem many alýardy. Huşunyň ýetmedik, huşunyň natuwan galan pursatlarynda ol özüne geregi düýşlerinden tapýardy. Perişdeleriň dünýäsine meňzeýän düýşlerden perişdeleriň yşaratlary hemem sözleri gelýärdi. Olar Altynjan üçin gujur, ynam, hereket çeşmesidi. Zemini Asman dolandyrýar diýen gep ýene çyn bolup çykdy. Eýse nä, Zeminiň özi serhetsiz Asmanyň goýnunda aýlanyp dur ahyryn. Huş bary-ýogy düýşüň birje pursatjygy ahyryn.

* * *

Şol günden soň Altynjan Togrul bege nälet okamasyny goýdy. Asyl, onda boş wagt hem bolmady. Ol uzynly gününi iş bilen geçirdi. Üç müňden gowrak ýetim galan dürli ýaşdaky oglanjyklaryň arasyndan özüne çilten saýlady.
Anuşirwana gelinlik saýlamagy-da unutmady ol. Çünki bu ýerde Seljuk begleriniň ýetişen, owadandan-owadan gyzlary bardy. Gyzlaryň haýsy birisi üçin söz aýtsa-da, Altynjan özüne «Ýok» diýilmejekdigini anyk bilýärdi.
Ine, Hatyja, Çagry begiň gyzy. Ol biçak owadan, edaly, asyl¬ly, eli çeper.
Ýusup Bazyrganynyň Güljemile atly gyzyny-da görmäge göz, wasp etmäge söz gerek. Ýöne düşlegde Ýusup Bazyrganynyň maşgalasyny «Gelmişek» diýip biraz çetleşdirýärler. Aslynda welin, Ýusup Bazyrgany Seljuk begiň daýysy. Ýusubyň kakasy Ýyldyz söwdagär eken, ol Bazyrgan şäherine göçip gidipdir, Ýusup dünýä inensoň, Ýyldyz aradan çykypdyr. Eklenjisini ýitiren maşgala seljuklylaryň jemagatyna dolanyp gelipdi, Ýusubyň şondan soňky ýaşlygy Togruldyr Çagry dagy bilen bile geçipdi.
Dürnazaryň Dilber atly gyzy özüniň yhlasy bilen özge gyzlardan parhlanýardy. Ol Altynjany şeýlebir ezizleýärdi, uzynly gün hyzmatynda durýardy.
Altynjan bu üç gyzyň haýsysyna Anuşirwan üçin söz aýtjagyny bilmän kösenýärdi.
Wagt Dilberiň peýdasyna işledi, Altynjan ähli gyzlaryň içinden Dilberi saýlady, onuň bilen ysnyşdy. Bir günem pikirini beýan eýledi:
– Dilber jan, nesip bolsa, sen meniň gelnim bolarsyň. Meniň halanymy Anuşirwanym hem halar. Ol seniň jemalyňy görse, derrew saňa aşyk bolar.
Altynjanyň bu sözi düşlege ýaýrady. Şondan soň, Hatyja Altynjan melikeden, näme üçindir, gaça durdy.
Düşlegdäki ähli kişi Horasandan hoş habara garaşyp ýaşaýardy. Düşlege çapar gelse, ähli kişi onuň daşyna üýşerdi.
Gumdaky jemagata Musa ýabgu ýolbaşçylyk edýärdi.
Bir ýyl geçensoň ol öz ornuny Altynjana doly tabşyrdy.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 39 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]