00:03
Altynjan hatyn / 2-nji kitap -1
IKINJI KITAP

HEMINZAMAN

Birinji hekaýat

ÜLKER DÜŞSE, GYŞ BOLAR

Her bir zadyň soňy bar: ähli perrendelere hem derrendelere1 soltanlyk eden bürgüdiň ahyryl-ahyr soňy geldi, çünki garrady – petekesiniň perleri agardy. Bürgüdiň petekesiniň perleriniň agarandygyny – garrandygyny gören perrendeler hem derrendeler ondan öňküleri ýaly elheder-gorky etmän, erkana ýaşap ugradylar.
Öň welin onuň al-asmanda sudurynyň çala görünmegi Ýerde uly howsala dörederdi. Janly-jandarlar haýdan-haý öz hinlerine, sürenlerine sümülmäge howlugardylar. Bürgüt ok deýin şuwlap barýan towşandyr torsuklaryň üstünden şaglap inip şeşper bolup urlardy, awuny alyp bilmedik gezegi ýokdy. Ýöne soňky günler ol diňe çem gelen perrende höwürtgelerindäki gyzyletene jüýjeler bilen oňňut etmeli bolýardy.
Bir gezek beýik dag gerşindäki öz höwürtgesinden nobatdaky aw gözlegine gitjek bolup durka, onuň ýanyna hüwi geldi. Özem ol hiç bir gorkusyz-ürküsiz geldi, köne hüwi tanşynyň ýanyna gelen deýin, gaty arkaýyn gürledi:
«Eý, bürgüt, sen garrap, halys awdan galdyň. Sen öňkiň ýaly awuňy alyp bilmäniňden soň, diňe höwürtgelerden jüýjeleri iýip gün görýärsiň. Meniň saňa nebsim agyrýar. Oýlanyp-oýlanyp, saňa kömek etmegi makul bildim. Men saňa öz awlan syçanlarymdan, mör-möjejiklerimden ölmezödülik bereýin, ýöne bir şert bilen...»
«O nähili şert?!»
«Şertim şeýle: men saňa öz awumdan aç ölmeziň ýaly berip duraryn, ýöne sen meniň höwürtgämdäki jüýjejiklerime gözüňi gyzdyrma!»
Bürgüt ýanynda hüwiniň gorkusyz-ürküsiz durmasyny, petekesini gaýşardyp gürlemesini özüne namys bildi. Ol özünden döwranyň geçendigine magat düşündi. Hüwä ýagşydan-ýamandan jogap bermedi. Ýeri, hüwiniň teklibini kabul etmelimi? Bürgüt birmahal garganyň aýdan pikirini ýatlady. Garga: «Öli arslan bolandan diri syçan bolanyň müň paý gowy» diýipdi, şonda.
Belki, bu pikir garga üçin dogrudyr. Bu dünýäde ýaşamak üçin her hili kysmatlara kaýyl geljekler kän ahyryn! Ýöne şeýle ýaşaýyş bürgüt kowumyna uslypmydyr?!
Bürgüt ähli guşlaryň şasy. Şaha bolsa ýalňyzlyk mahsus. Hut şonuň üçin bürgütler mydama ýeke-ýalňyzdyr. Şa bolup dünýä geldiň, eý, bürgüt, şa bolup hem bu dünýäden git! Bürgütkäň hüwi bolup ýaşamak, ýa garga, syçan bolup ýaşamak bürgüt kowumyna asla gelişmeýär. «Bürgüt bolup ýaşadyň, bürgüt bolup ölmegi-de başar» diýip, bürgüt öz-özüne pent etdi.
Bu pendini makul bilen bürgüt bar güýjüni jemläp asmana galdy. Ol tä ysgyndan gaçýança ýokary galdy. Soňam kert gaýanyň üstüne özüni goýberdi.
Bürgüt şuwlap aşak gaýtdy. Ýokardan gelip urlan bürgüt daşyň ýüzüni gyrmyzy gana boýady. Ana, şol gyrmyzy gan gyrmyzy lagla öwrülipdir. Lagyl daşlary bürgütleriň gyrmyzy ganyndan döreýärmiş.

* * *

426-njy (1034–1035) ýylyň gyşynyň ikinji rebi-us-sani (ýanwar) aýynyň on ýedisinden başlap, üç günläp gar ýagdy. Garyň galyňlygy dyzdan geçdi.
Togrul beg garly günleri, gary biçak gowy görýärdi. Gar ýagsa, hökman meýdana çykýardy. Garyň üstünde aýakýalaň ýöremekden, ýüzin düşüp ýatmakdan, aw awlamakdan, gar ýagyp durka oduň başynda iň ýakyn adamlary bilen üýşüp oturmakdan, çişlik, kebap bişirip iýmekden lezzet alýardy. Arman, garly günler türkmen topragynda juda seýrek bolýar, kä ýyllar-a gar ýaganogam.
Üç günläp garyň ýagandygyna seretmezden Etegiň ýakyn-u-daş obalaryndan, Mawerannahrdan, Horezminden gelen adamlary ertirden agşama çenli kabul edenden, olar bilen baglanyşykly meseleleri çözenden soň, Togrul açyk meýdanda – Garagumuň amatly bir oýunda oturyp, kakmaç iýmek, göwün hoşlamak pikiri bilen dört-bäş işşegiň etini pudarladyp, öňünden ugratdy.
Günortanlar Altynjan bilen özlerine garaşylýan guýnak oýa ugra¬dylar.
Diňe dört tarap däl, oguzlaryň aýdyşy deýin, alty tarap hem ap-akdy, göýä Asman bilen Zemin aklyga bürenip, başga bir älem döretmekçi bolýan ýalydy.
Galyň gar atlaryň ýöremegini kynlaşdyrýardy.
Howa o diýen sowuk däldi, arassady, tämizdi. Bu eşrepi howa janyňa tenekar deýin ýakymly täsir edýärdi, ondan dem aldygyňça alasyň gelýärdi.
Togrul begiň-de, Altynjanyň-da atlary dor reňkdedi. Olaryň eginlerindäki eşikleri-de, esasan, al reňkdäki eşiklerdi.
Al reňk olaryň kynyk neslindendigini aňladýardy.
Altynjan durmuşa çykmazyndan burun Akgar atly ak reňkli at münüpdi. Ak reňk Oguz hanyň Owşar agtygynyň reňki eken. Ähli owşar neberesi ak reňkli at münýän eken, ak reňkli eşik geýýän eken.
Altynjanyň kakasy Abdylmälik han gara reňkli at münýärdi, onuň gullugyndaky adamlar hem gara reňkli at münýärdiler, esasan, gara reňkli eşik geýýärdiler. Abdylmälik han gyzynyň ak reňkli owşar atyny münmegine garşy bolman eken. Han özleriniň Gaýa hanyň neberesindendigini, olaryň gara reňkli at münmeklerini Oguz hanyň wesýet edendigini gyzyna aýtmandyr. Näme üçindir, bu hakda Altynjana Habyl bilen Kabylam, Sadylla-da, atabeg Omar-da aýtmandy.
Ol soltan Mahmyt Gaznalynyň Zamahşara gara atda, lowurdap duran gara eşikde gelendigi, şol pursat özüniň dünýä inendigi barada eşidipdi. Soltanyň yzyndaky atlylaryň hem gara atlydyk¬lary, gara eşiklidikleri hakda hem eşidipdi. Özem kän gezekler eşidipdi, ýöne herçent eşitse-de, olaryň näme üçin diňe gara at münendiklerine, näme üçin diňe gara eşik geýendiklerine pisint etmändi. Çünki, Altynjanyň kakasy-da, onuň atlylary-da gara reňkli eşik geýýärdiler. Şeýle bolansoň ol şeýle at münmek, şeýle reňkde eşik geýmek parzdyr, şeýle reňkli eşik geýmegi özleri isleýändirler öýdýärdi. Indi görüp otursa, Oguzyň her kowumy wesýet edilen dokuz reňk boýunça geýinýän eken.
Altynjan durmuşa çykansoň, öňki mümkinçilikleri daraldy: Akgary bilen hoşlaşdy, indi dor at münmeli, al reňkli eşik geýmeli boldy.
Dogrusy, ol soňky günler ähli zatda al reňki görýärdi. Hana, düşlegde kakmaç taýynlap oturan adamlaryň ýakýan otlaryndan hem al ýalyn dillerini Asmana uzadýar.
Ýaýbaň oýtakda düşleg edinen adamlaryň egin-eşikleri al reňklidi, ýöne gar olaryň-da üst-başyny ýetişibildiginden Altynjanyň gowy görýän ak reňkine öwürjek bolup çalyşýardy.
Togrul beg düşlege gelensoň, atyndan böküp düşdi, jylawy haşymlarynyň birine tabşyrdy. Soňam atyň üstünde uzaklara seredip oturan Altynjana elini uzatdy, onuň atdan düşmegine tekge berdi.
Garyň dyzdan ýokardadygyna seretmezden, pyýadalap, gündogara bakan ugradylar, bir depe aşdylar.
Bu ýerde durup seretseň, alty tarapyň diňe aklykdy.
Bu oýtakda özlerinden başga hiç kimse ýokdy.
Bu ýeri başga bir pelek ýalydy.
Howada göçgünlilik, badyhowalyk bardy.
Altynjan Togrul begiň bu mahal näme isleýändigini magat bil¬ýärdi. Sebäbi ol bu pursat barada oňa düýnem, şu gün daňdanam aýdypdy. Begiň islegi – Altynjanyň-da islegidi.
Togrul beg üç-dört ädim öňden ýöräp, Altynjana ýol arçaýardy. Onuň keýpi kökdi, hatynyna beýik soltan Mahmyt Gaznaly bilen Jürjaniýa eden ýörişi, şol ýörişde bolan käbir wakalar, Zamahşara baryşlary, derwezeden girenlerinde täze dünýä inen çaganyň jägil¬disiniň eşidilişi, täze doglan çaga soltanyň «Altynjan» diýip at dakyşy, «Beýik bir begiň hemrasy bolmagyny» pata berşi, patyşalaryň dileg¬leriniň mydama amal bolýandygy, çünki, olaryň Allanyň ýerdäki wekilleridigi hakda göçgünli gürrüň berýärdi.
Bu gürrüňleri diňlemek Altynjan üçin öňem ýakymlydy, häzirem ýakymly. Ol Togrul begiň joşgunly gürrüňini ýylgyr¬jaklap, gözlerini süzüp, heziller edip diňleýärdi.
Togrul beg birden saklandy:
– Altyn gyz, başlalymy? – diýip, ol ýanýoldaşynyň ýüzüne ýylgyryp bakdy.
Altynjan töweregine garanjaklady, hiç bir zatda nazary eg¬lenmedi, ol göwünjeň dillendi:
– Sen näme diýseň, şol hem bolar!
Olar eginlerindäki possunlaryny çykardylar.
Altynjan ýene töweregine garanjaklady:
– Töweregiňe köp garanýarsyň-la? Kimdir biri bardyr öý¬d¬ýärsiňmi?
– Aý, ýok.
– Şu oýda ikimizden başga hiç kim ýok. Başlabereli!
Altynjan begiň pikirini oňlady:
– Bolýar...
Togrul beg ilki başyndaky peşini, soň aýagyndaky keçe ädigini çykardy. Gary penjeläp alyp ýüzüne sürtdi. Ol ilkinji gezek görýän deýin, esli salym Altynjany mähir bilen synlady. Ýaňagyndan, saç­laryndan sypady. Soňam oňa daşky eşiklerini çykarmaga kömekleşdi.
– Özüm çykararyn.
– Meniň kömegim zyýan etmez.
Togrul beg Altynjanyň çenberini gapdala zyňyp goýberdi:
– Soň taparmykam?
– Taparys.
Togrul beg hatynynyň gözlerinden nazaryny aýyrmaýardy.
Başlandy!
Beg başda howlukman hereket etdi.
Olar kem-kemden gyzyşdylar.
Garyň üsti torç edildi.
Olaryň bedenlerinden bug göterilip ugrady.
Togrul begiň Altynjana seretdigiçe seredesi, mährini gan¬dyrasy gelýärdi, ony biçak gowy görýärdi. Oňa: «Altyn gyz, sen eýýäm maksadyňa ýetdiň, sen meniň ýüregim» diýýärdi. Kyrk ýaşa ýetip, özüniň Altynjana kökerilmeginiň, imrinmeginiň sebäbine teý düşünip bilenokdy. Dogrusy, ol ýaşlykda Mahym atly gyza göwün beripdi. Mahym Gökdaş begiň gyzydy. Togrul beg Mahym bilen gar ýaganda açyk meýdana çykyp, baş açyk, aýak ýalaň ylgamak ylgardy. Olar ýaşlykda biri-birine biçak imrinipdiler.
Günleriň bir güni Mahymy afrasýaplylar bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açmak, berkitmek maksady bilen Kadyr hana berdiler. Çünki Kadyr han Gökdaşyň gyzyny hatyn edinmek isleýändigini açyk aýdypdy. Şondan soň alaç galmandy.
Mahym iki aýdan soň afrasýaplylarda ýogaldy. Nädip ýogaldy? Keselläp ýogaldymy ýa öldürildimi, seljuklylar bu barada hiç zat bilip bilmediler. Üç ýyldan soň Togrul beg Nur welaýatynyň walysy Isgender ibn Nurjanyň Altyn atly gyzyna öýlendi. Ähli zat gülala-güllükdi, ýöne bu uzaga çekmedi: sekiz aýlyk göwreli Altyn hatyn agyr derde uçrady, ony Ezraýylyň elinden alyp galjak bolup Togrul beg iki ýana çapdy, ýöne Ezraýyl göni gelse, lukman-da täsir edip biljek däl eken. Altyn hatyn Togrul bilen bir ýyl ýaşaşyp, göräýmäge, ýönekeý bir keselden – içki sanjydan ýogaldy.
Şondan soň Togrul begiň durmuşynda, diňe bir onuň durmuşynda däl, ähli seljuk neberesiniň durmuşynda galagoply durmuş başlandy. Alp Garanyň Ýusup ýabguny öldürmegi Togrul bege gaty agyr urgy boldy, ol üç günläp wujde-çillede oturdy. Şonda köp zatlar oňa oraşan göründi.
Şonda Altynjanyň öz täze durmuşyna täze bir güýç, täze bir hyjuw bolup girjekdigini-de gördi.
Ol Altynjanyň gözelligine, başarjaňlygyna, alçaklygyna ma¬ýyl¬dy, onuň ilkinji nika gijesindäki dogumly hereketleri Togrul begiň göz atuwynda köplenç janlanýardy, gaýtalanýardy.
Ol Altynjany eliniň aýasynda saklamak isleýärdi. Bu isleg onda toýdan öň hem bardy. Şu maksat bilen ol Altynjana köp mukdarda jamy-jambar alypdy, ýöne ol alan zatlarynyň barysy Şamälik emire olja boldy. Megerem, onuň Altynjana niýetläp alan zatlaryny bu gün Jentde Şamäligiň hatynlary göwünlerini şatlap geýip ýörendirler?!
Allatagala haýsydyr bir merdana kişini ýalkajak bolsa, ilki bilen oňa mynasyp hatyn berer eken. Togrul beg Çagry begde-de, Musa begde-de, mahlasy, ähli seljuk beglerinde özüniňki deýin başarnykly, özüniňki deýin ökde hatynyň ýokdugyny bil¬ýär. Muny ähli seljuk begleri Togrul begiň ýanlarynda boýunlaryna hem alýarlar.
Togrul beg Altynjana guwanýardy. Çünki ol onuň köp işlerini ýeňilleşdirýärdi. Kimedir birine arap ýa pars dilinde hat ýazmaly bolsa, adam agtaryp ýörmeli däldi. Altynjan bu işi sähel salymda oňarýardy. Arap, pars, ýunan dilleri boýunça terjuman gerekmi, baş üstüne, terjuman hem gözläp ýörmeli däl, Altynjan ol dillere edil türkmen dilinde gürleşýän ýaly erkin gürleşip otyr. Onsoň Togrul beg oňa neneň: «Altyn gyz, sen durşuň bilen hazyna» diýip aýtmasyn?!
«Zamahşar gijesinden» soň aman galan seljuklylar Merwiň üsti bilen Etege gelipdiler. Merwde soltan Masuda hat ýazylypdy 2. Şol haty hem pars dilinde Altynjan ýazypdy. Togrul begiň debiri hem nedimi ulama Seýit Rawendi Altynjanyň ýazan hatyna: «Aperin!» diýipdi. Seýit Rawendi özüne aşa göwni ýetýän, ýüz görüp gapyrga syrmaýan, hortap, ylymuran kişidi. Ol hiç kimiň göwni üçinem sypaýyçylyk etjek kişi däldi. Iňirdegendi, iňirdeýändigi, kemçiligiňi göni ýüzüňe aýdýandygy üçin ony köpler halanokdy, ýöne işini gül ýaly edýänligi, aşa sowatlydygy üçin onuň iňirdilerine göz ýumýardylar. Soňky döwürde ol nähili hat taýýarlasa, Altynjana görkezýärdi, onuň bilen maslahatlaşýardy.
Altynjan welin, soltan Masuda ýazan hatynyň gowy derejede ýazylandygyna ynanyp bilenokdy. Sebäbi ol hata şindem jogap gelenokdy.
Hata jogabyň gelmeýändiginiň sebäbi Altynjanyň pikir edişi ýaly däldi.
Soltan Masut seljuklylary ähmiýete mynasyp hasaplamandy. Ýogsam Merwde seljuklylardan hat alan Horasanyň emiri Abul-Fazl Sury közüň üstüne düşen deýin elewräberdi, haty haýdan-haý Gazna ýollady.
Şol mahal soltan Masudyň aladasy başyndan agdykdy.
Ol, esasan, iki ýyl bäri soňa goýup ýören bir möhüm meselesini çözmek pikiri bilen başagaýdy. Ol mesele Tabarystan 3 bilen baglanyşyklydy.
Mundan iki ýyl öň Gazna soltanlygynyň tabynlygyndaky Tabarystan we Gürgen sebitlerinde hökümdarlyk edýän Ziýar şalygynyň şasy Manuçihr 4 ýogalypdy. Manuçihrini öz salary, ejesiniň dogany Bakalanjar birki sany köşk emeldary bilen dilleşip awy berip öldüripdi 5. Soňam şalygyň wezir-wekilleriniň adyndan soltan Masuda hat ýazypdylar, şalyga şa goýmak meselesini çözüp bermegini towakga edipdiler, eger ýurda Bakalanjar şalyk etse, onda ýurduň gülläp ösjekdigini, Gazna köp mukdarda salgyt-paç, hedýe-engam iberip biljekdiklerini nygtapdylar. Şonda soltan Ziýar şalygynyň merkezi şäherine – Gürgene ýakyn wagtda barjakdygyny, olaryň meselelerini ýerinde çözjekdigini wada beripdi. Ondan bärem iki ýyl geçipdi. Ýakynda soltan Masut Balhdaka onuň ýanyna Gürgenden uly wekilçilikli topar ýörite barypdy, Gürgendäki meseleler hakda aýdypdy, ol meseleleri çözüp bermegini soltandan ýene towakga edipdi. Soltan Ziýar şalygy baradaky meseleleri mundan beýläk yza çekmezligi makul tapdy, Gürgene tarap ýola düşdi, şalygyň tabynlygyndaky Saryýa, Amul, Gürgen, Astrabat şäherlerine paç salyp, köp mukdarda baýlyk gazanmak isledi. Oňa berlen maglumatlara görä şäherleriň hersinde «bäş ýüz müň sany hojalyk» ýaşaýardy. Şäher ilatynyň hersi bir dinardan paç tölände «bäş ýüz müň sany bäş ýüz müň» dinar boljakdy 6.
Soltan Masut agyr goşun bilen Gürgene bardy. Iki ýyllap garaşan ýerli ilat soltany gülerýüz, duz-çörek bilen garşy aldy. Soltanyň öňünde adamlar öz begençlerini bildirmek maksady bilen aýdym aýdyp, saz çaldylar, ýerli sungat ussatlary öz başarnyklaryny görkezdiler 7. Gürgen welaýatyna häkim bolmak isleýän Bakalanjar soltanyň öňünde pyrlampaç bolup aýlanýardy: ýaranmak üçin gaty yhlas edýärdi. Ol biçak görmegeý, biçak edaly gyzynyň bardygyny, ony soltana mynasyp hasap¬laýandygyny aýtdy. Soltan garşy çykyp durmady. Bakalanjaryň gyzy hakykatdanam soltanyň hoşuna geldi.
Soltanyň gürgenlilere giýew bolýandygynyň hormatyna uly toý tutuldy. Toýdan soň soltan Masut Balhda ýüregine düwen maksadyny amal etmegiň ugruna çykdy. Bu babatda öz başarjaňlygyny görkezdi: gysga wagtyň içinde özüne her bir ziýarlydan bir dinar ýygnap getirip berilmegini talap etdi.
Ine, şu ýerde-de ýagdaýlar bulaşdy. Salgytdan, paçdan, haraç­dan ýaňa öň beze-bez bolan adamlar alabasga düşdüler. Wah, bar bolsa ýerli ilat berjek, ýöne berere zatlary bolmasa nätsin?!
Entek ýüzlerinden şatlygyň alamatlary aýrylmaga ýetişmedik ilat birden pajyga ahwalatyna düşdi.
Soltanyň gulamlary paç ýygnamak maksady bilen öýme-öý girip, adamlaryň öý goşlaryny towsa göterdiler, paç töläp bilmedik kişileriň öýlerini otladylar, köp adamy öldürdiler. Garasaý, ilatyň elinde baryny almak üçin gaty yhlas etdiler.
Ziýar şalygynyň şäherleriniň ilaty, aýratyn hem Gürgen, Saryýa, Astrabat şäherleri gaznalylara tabyn bolmazyndan burun Apbasy halyfyna ýylda on müň dirhem töleýärdi 8, soltan Masut bolsa ol şäherleriň hersinden öňki tölegden on esse köp paç talap edýärdi.
Ilat öýden-öwzardan geçip, çem gelen tarapa gaçmak gaç­dy. Şäherler boşap galdy. Çolpusyna suwytly zat düşmedik soltan gazap atyna mündi. Ziýar şalygynyň her şäherinden «bäş ýüz müň sany bäş ýüz müň» dirhem ýygnap boljakdygyny habar beren salgyt diwanynyň hemem habar beriş umurysynyň-gullugynyň sahyplaryny, işgärlerini – ýüze golaý adamy huzuryna getirtdi. Olary galp maglumat berip, soltany betnam ýagdaýa salan¬dyklary üçin ýeke-ýekeden piliň aýagynyň aşagyna oklap öldürtdi 9. Barybir, soltanyň olardan ýaňa içi sowamady.
Soltan Gürgenden Nyşapura lapykeç dolanyp gelende oňa seljuk¬lylar hakda ýatlatdylar.
– Eger seljuklylary gyssagly kowmasak, onda Horasan biziň elimizden gider – diýip, beýik hoja (wezir) Ahmet-i-Abd-as-Samat sandyrady.
Soltan:
– Olary kowmak gaty aňsat, siz, näme, olary nädip kowmalydygyny bileňzokmy? – diýip, ajy ýylgyrdy.
Wezir-wekiller biri-biriniň ýüzüne soragly bakdylar, soňun¬dan adamlary ýaşaýan ýerlerinden nädip aňsatlyk bilen kowup bol¬ýandygyny bilmeýändiklerini boýunlaryna aldylar.
Soltanyň sözi gysga boldy:
– Adamlaryň öýlerini taşlap gaçyşlaryny men Tabarystanda hakyt gözüm bilen görüp geldim. Seljuklylar diýýänleriňizi tabarystanlylaryň gününe salmaly: olary agyr salgyt, agyr paç tölemäge borçly etmeli. Ana, şonda siziň seljuklylar diýýänleriňiz zut gaçar.
Bu pikir mejlisdäkileriň ählisine makul göründi. Soltanyň bu inçe syýasatyny, pähim-parasadyny öwmek öwdüler.
Şondan soň bundar 10 toparlary seljuklylaryň üstüne aç gurt bolup okduryldylar.
Tahyrlylardan 11 bäri her ýylda Paraw elli bäş müň, Nusaý sekiz ýüz togsan müň, Abywert ýedi ýüz elli müň dirhem paçdyr salgyt töleýärdi 12. Tölegiň bu möçberi saffarylar, samanylar döwürlerinde-de üýtgemändi. Dogrusy, bu möçberi gaznalylar hem saklapdylar, ýöne seljuklylar gelensoň salgydyň möçberini tas on esse möçberinde artdyrdylar.
Tölenmeli salgytlaryň görnüşleri kändi. Diňe sadakat 13 boýunça Nusaýda ýerleşen seljuklylaryň tölemeli dirhemi öňki ähli salgyt töleg¬lerinden artykdy. Horezminden getirilen ähli dowarlary, ýyl¬kylary dirheme öwrüp bereniňde-de doly hasaplaşyp boljak däldi.
Bundarlar gaty ýowuzdylar, haýasyzdylar, ahlaksyzdylar. Olar aýdan möçberindäki salgytlar tölenmese, öýleri tozdurýardylar, ähli goş-golamlary alýardylar.
Özem bu gün bir topar bundary kanagatlandyryp yzyna ugratsaň, ertesi bundarlaryň başga bir topary gelýärdi. Sebäbi salgytlaryň görnüşleri ondan hem köpdi. Salgytlaryň esasylary haraç bilen hüşür14 hasaplanýardy. Ýöne rusum-i-marai, awariz, kisam, alaf, taufir, hukuky maragy, töleg, jizýe, ähli zimmet, abre 15 tölegleri biçak agyrdy. Salgytlaryň tölenişine gözegçilik edýärin diýip, «men diwany yşrafy memleketdendirin» 16 diýip, «men diwany-amaldandyryn» 17 diýip, «men hukuk wa rusumi diwanidandyryn» 18 diýip topar-topar bolup gelýärdiler. Nal baha 19 diýibem salgyt almaga gelýärdiler. Hiç zady geň görer ýaly däldi. Olara bundarlardanam köp gerekdi. Olaryň öňünde soltan Masut-da durup bilmez.
Bu gün hem bundarlar gelipdi. Olar tizden-tiz Togrul begiň öz huzurlaryna gelmeklerini talap edýärdiler.
Yzyny üzmän gelýän salgytçylaryň-bundarlaryň-masyllaryň öňlerinde durmak seljuklylara görgüdi.
Togrul beg howanyň häzirki amatsyzlygynda bundarlar öýlerinden çykmaz, gelmez öýdüpdi. Ine, şu niýet bilenem sähra dynç almaga çykypdy. Begiň niýeti bu gün dünýäni, iň esasy-da, masyllary unudyp dynç almakdy.
Oýtakda ojar ody uludan ýakylypdy.
Bu mahal Togrul beg hatyny bilen düşlegden bir depe aňyrda hylwaty «söweş» geçirýärdi.
Olar ýaňy gyzyşyp ugrapdy, biri-birinden nazarlaryny aýyrman hereket edýärdiler.
– Ýadadyňmy? – diýip, gara dere batan Togrul beg dillendi.
– Ýok, ýok – diýip, Altynjan jogap berdi.
Olar biri-birine gazaply daraşýardylar, göýäki biri-birinde köýüp ýatan ary bar ýalydy. Togrul begiň ýatagany Altynjanyň eline gyltyz degen-de bolsa ganadypdy. Onuň gyrmyzy gany garyň üstüne seçelenýärdi.
– Senden gan akýar.
– Goý, aksyn.
– Eliňi saraly!
– Bir gezek Togrul beg şeýle diýdi: «Garşydaşyňa sähel rehimdarlyk etmek – öz janyňdan dynmak».
– Hakyt şeýle diýdimi ol?
– Käte şeýle pikirleri aýdaýmak edähedi bar onuň.
Ýataganlardan uçgun syçraýardy, olaryň şarkyldy sesleri uzaklara ýaňlanýardy.
Birden:
– Togrul beg, Togrul beg! – diýen ses eşidildi.
– Ýene masyllar gelendir – diýip, Togrul beg uludan demini aldy. – Mundan-a mydar bolmaz.
– Pilmahmydyň 20 dogmasy seljuklylaryň öz garşysyna çykmagyny, elinden Horasany almagyny isleýär öýdýän.
– Bizi mejbur edýär.
– Bu Allatagalanyň islegi bolsun gerek – diýip, Altynjan yzly-yzyna hüjüm etdi.
– Togrul beg, Togrul beg! – diýip, ýakyna gelen çapar är-aýalyň gylyçlaşmalaryny goýaryna garaşdy, ýöne är-aýalyň bolşy hiç zat eşitmeýän ýalydy. Çapar zol-zol gygyrmakdan heder edip, Togrul begiň habar almagyna garaşdy.
– Men Horasan hökümdarlygyny döretmek isleýärin, ýöne gaýalar barka kynyklaryň oňa haky ýok.
– Döwür-döwran üýtgäp-özgerip dur...
– Näme üýtgese-de, Oguz hanyň wesýeti üýtgänok. Biz Oguz hanyň ikinji hatynyndan dörän nebere, hyzmat etmeli nebere. Kynyklaryň işi gaýa neberesiniň – patyşanyň serhetlerini gorap bermek. Wah, biz serhet gorajak welin, Masut bizi rahat ýaşadanok...
– Bize bilgeşleýin sütem edilýär!
– Dogry, bize bilgeşleýin sütem edýärler. Ol bizi bir hepbesiz 21 galdyryp, aýagyna ýykylmagymyzy isleýär.
– Togrul beg, Togrul beg! – diýip, çapar ýene gygyrdy.
– Altynjan, türgenleşigimizi bu günlükçe goýbolsun edeli. Gel, men eliňi sarap bereýin.
Çapar howlukmaç gürledi:
– Togrul beg, meni dergähiňize Ybraýym beg ugratdy. Nyşapurdan masyllar geldi. Size garaşýarlar.
– Men häzir bararyn, sen yzyňa gaýdyber.

* * *

Täze durmuş başlandy
Mundan üç aý owal Sowmagy 22 Çagry beg bilen Togrul bege: «Siz häzir gaflatda ýaşaýarsyňyz. Ýakyn wagtlarda Jeýhun derýasynyň boýunda sizi şeýlebir siltärler welin, ana, şondan soň siziň täze ömrüňiz başlanar» diýipdi. Sowmagynyň bu sözüne şonda Çagry-da, Togrul-da o diýen ähmiýet bermändi. Ýöne iki dogan Sowmagynyň diýen «silterlemesiniň» beýle wagşyýana boljakdygyny akyllaryna sygdyryp-da bilmeýärdiler.
Aýylganç Zamahşar gyrgynçylygyndan gaçyp, seljuklylar Rabat-Nysanda düşläpdiler. Ol ýerde kimiň bardygy, kimiň-nämäniň ýoklugy tükellendi. Hasan beg aşa sypaýy müneçjim Sowmagynyň üstüne gygyrdy:
– Şeýle gyrgynçylygyň boljagyny öňünden bilen bolsaň, näme üçin düşnükli edip aýtmadyň?
– Iki gezek gaýtaladym.
– Ondan gaýtaladym bolmaz. Aýdanyňda gaty düşnükli edip aýtmaly.
– Men silterleme bolar diýdim-ä!
– Muňa silterleme diýilmeýär. Muňa gyrgynçylyk diýilýär, gyrgynçylyk! – diýip, aňsat-aňsat gaharlanmaýan Hasan beg sesini gataltdy.
Hasan begiň janykmasyny synlan Togrul beg Sowmagynyň soňky sözlerini aňynda aýlady. Onuň sözleri göwnüne makul geldi. Ol sözlere ýürekden ynanmak isledi. Ýöne onuň ertirki güni gaty garaňkydy. Çünki düýn köp mukdarda baýlygy, on müň esgeri bolan Togrul bu gün bary-ýogy ýedi ýüz sany atly bilen galdy.
Ýeri, indi nirä gitmeli?!
Seljuklylaryň üçünji gezek maňlaýlary daşa degdi.
Üç gezek!
Birinji gezek seljuklylar Ýaňykentde Aly patyşa bilen oňuşmady.
Patyşanyň hatynynyň tekepbirligi zerarly Seljuk beg öz ýaranlary bilen Ýaňykentden Jende göçüp gaýtdy.
Bu masgaraçylyk ýaňy unudylyp ugralanda seljuklylaryň depesinden ikinji masgaraçylyk indi: Garahan türkmenleriniň patyşasy Alytegin seljuklylaryň garşysyna aýaga galdy. Ol meseläni nagt goýdy: «Mawarannahrda ýa siz hökümdarlyk edersiňiz ýa-da biz. Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz». Ol şu pikiriniň subutnamasy hökmünde seljuklylaryň ýabgusy Ýusuby öldürdi.
Seljuklylar ikinji gezegem ýeňlişi boýun aldylar, gaçmak bilen boldular.
Olar Garahanlylar hökümdarlygynyň tabynlygyndaky ýerleri – Mawerannahry terk edip, Horezmine geldiler. Bu ýeri gaznaly soltanlygynyň tabynlygynda. Bu soltanlygyň öňünde seljuklylaryň bitiren, bitirýän hyzmaty az däl. Seljuk jemagatlary Balkanda gaznaly soltanlygyny wagyz edýärler, beren wadalaryna wepaly bolup, salgytlaryny-paçlaryny wagtly-wagtynda töläp ýörler. Şonuň üçinem olar Altyndaşyň çakylygyny göwünjeň kabul etdiler. Emma olara bu ýerde-de rahatlyk bolmady. Jendiň emiri Şamälik ejesine beren sözünde tapyl¬dy, seljuklylary aýylganç gyrdy. Gör, näçe baýlyk Şamälige olja galdy.
Süri-süri mallar!
Süri-süri ýylkylar!
Bary Şamäligiň tabynlygyna geçdi.
Seljuk begleriniň belli bir bölegi diňe gara başlaryny halas etmäge ýetişdi. Olaryň ýanlary bilen alan zatlary ýok!
Bu üçünji ýeňliş!
Masgaraçylykly ýeňliş!
«Üçden soň puç» diýilýär!
Indi näme etmeli?!
Nämeden başlamaly?!
Kime bil baglamaly?!
«Wah, soltan Mahmyt diri bolan bolsady, onda ol hökman bize eýe çykardy. Şamälikden arymyzy-da alyp bererdi, ýöne Masutdan degirmen (asman) ýakyn. Ondan diňe bize däl, hiç kime-de howandar bolmaz» diýip, Togrul beg örtenmek örtenýärdi.
Herhal, soltan Masuda ýüz tutmakdan başga seljuklylarda alaç ýokdy.
Seljuk begleri özara geňeş etdiler. Geňeşde soltan Masut Gaznala gulluga durmak, Şamälikden ar almak makul bilindi.
Belki, Mawerannahra dolanmaga, Afrasýap şalygyny ýok etmäge mümkinçilik dörär?!
Allatagala seljuk beglerine başga kysmat taýýarlap goýan eken...





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 70 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]