16:34
Altynjan hatyn / 2-nji kitabyñ soñy -16
On altynjy hekaýat

TALAŇ SAÇAGY

Bu gün nowruz!
Bu gün täze ýyl!
Her ýyl hutuň1 girmegi bilen nowruz – täze gün, täze ýyl başlanýar.
Täze ýylyň başlanýan güni – şalykda, esasan hem, köşkde köp-köp täzelikleriň başlanjak, yglan ediljek güni!
Köşk emirleri, wezir-wekiller bu güne barmak büküp sanap garaşdylar. Çünki Togrul beg öz öýünde her ýylyň nowruz güni ähli ýakynlaryny, köşk emirlerini çagyryp, uly toý berýär: talaň saçagyny toýuny2 geçirýär.
Wagt geçse-de, döwür-döwran özgerse-de, Oguz handan başlangyç alan talaň saçagy toýy üýtgänokdy, özgerenokdy, ýöne ikinji müňýyllygyň başynda ynsan tebigatynda üýtgän, özgeren zatlar köp boldy.
Döwür görnetin üýtgeýär. Şu güne çenli adam adamyň guludy. Indi adam baýlygyň guluna öwrülýär. Adam adamdan tapýan wepasyny baýlykdan taparmykan?!

* * *

Bu gün täze ýyl!
Täze ýyl – maksadyňa, ömrüňe ser salynýan gün!
Altynjan geçen nowruzdan bäri durmuşynda bolan öz¬gerişlikleri birin-birin göz atuwyndan geçirdi.
Geçen nowruzdan bäri onuň durmuşynda nämeler boldy?!
Ol Zamahşara dolandy!
Zamahşara!
On ýyldan soň Zamahşar galasy ýene Abdylmälik ibn Bugrajygyň neberesiniňki, has takygy, Eprikogullary nebere¬siniňki boldy, ýöne indi ol ýerde ýaşara Abdylmäliklerden hiç kim ýok. Kim ýaşasyn?! Kabylmy? Ol Togrul begiň ýanyndaky ýaşaýşyny gowy görýär. Sadyllanyň öz dünýäsi bar. Ol Zamahşara barmak islänok. Şamälik kowlandan soň, Sadylla Nyşapurdan Jürjaniýa gitdi. Ol ýene öňki medresesinde mederrislik edýär.
Tüweleme, ol üç ogluň, iki gyzyň atasy boldy. Bir aý mundan owal ol ikinji hatyn edinmek isleýändigini aýtdy. «Oguzlar – ot, olary bir hatyn kanagatlandyrmaýar, olara iki hatyn gerek!» Altynjan muňa garşy çykmady,
Goý, şeýle bolsun!

* * *

Altynjan bir ýylyň içinde köp darkaşa gatnaşdy. Özem samsam ýatagany bilen gönüden-göni darkaşa girdi. Gör, näçe ganymyň janyny jähenneme ýollady.
Megerem, Togrul patyşa talaň saçagy sebäpli hatynym Altynjan gynanar öýdýän bolarly, bir ýylyň içinde edilen işleri birki gezek sanap berdi. Görüp otursa, bir ýylyň içinde örän köp iş bitirilipdir!
Togrul beg gaty kän sebitleriň, welaýatlaryň, şäherleriň, kentleriň, galalaryň seljuk şalygyna tabyn bolandygyny, şeýle hem beýtilmalda näçe kurur dinaryň, dirhemiň bardygyny aýdýar welin, şükürler edýärsiň. Bu diňe Perwerdigär ýalkanda şeýle bolýar.
Beg: «Eger talaň saçagy toýuny etmedik bolsak, Allatagala bize beýle jomartlyk bilen eçilmezdi» diýip nygtaýar. Bu pikir Altynjana makul görünýär.
Adam pahyr hemişe öz paýyna düşeni az görýär, özgäniňki özüniňkiden has köpdür öýdüp pikir edýär. Tas her bir ynsana mah¬sus bolan bu gylyk edil özge adam häsiýetleri ýaly, häkimlige täsir edýän zatlaryň biri. Häkimlik diňe bir adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny däl, eýse olaryň häsiýetlerini hem çyl-para açýar. Islegler, niýetler, päller, hyýallar hem duýgular häkimlige gatnaşykda aýan bolýar, onuň ykbalyna oňat hem ýaramaz tarapdan täsir edip durýar. Gadymy oguzlar şu hakykata uly ähmiýet berip, adamlaryň içki niýetleriniň, boluşlarynyň jemgyýetiň ýaşaýşyna edýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin, talaň saçagy diýen dessury oýlap tapypdyrlar: ýylyň bel¬li bir gününde han öňünden yglan edip, öz öýüni adamlaryň ygtyýaryna berýär. Adamlar ol öýden öz alyp bilen zadyny alybermeli. Megerem, her gezekki talaň saçagyndan soň, adamlar-a öňküden rahat, han bolsa öňküden öz häkimligine has ynamly bol¬ýandyr. Sebäbi mähelläniň: «Maňa az ýetdi, maňa az ýetdi» diýip urýan ýüregi hanyň zadyndan özüne-de paý ýetensoň, ynjalýandyr. Allatagala patyşa berýär, patyşa-da adamlara berýär. Şeýdip, Allanyň bermedigini adamlar handan alýarlar. Ýürekleri ynjalyk tapýar, duýgulary köşeşýär.
Talaň saçagy oguzlarda halk bilen hanlygyň biri-birine düşü­nişýänliginiň, ynanyşýanlygynyň alamaty, dessury bolupdy. Togrul beg bu däbi doly berjaý edýärdi. Adamlaryň patyşadan öz paýyny alyp galmak islegi ýerine ýetenden soň, häkimligiň öňküdenem berkejekdigini ol oňat bilýärdi. Şonuň üçin her gezek talaň saçagyna ol öz patyşalygyny berkitmek işine taýýarlyk gören ýaly taýýarlanýardy. Altynjan bu işe Togruldanam işjeň, içgin hem gyzyklanma bile taýýarlanýardy. Ol hem Togrul ýaly adamlara ýagşylyk etmekden çäksiz lezzet alýardy. Zat berip, onuň deregine has uly zeruryýeti – ynamy alsaň, bu söwdada utdugyň bolmazmy?! Püçek berip, ýüpege eýe bolmak akyllylykdan ahbetin!

* * *

Daňdan Togrul beg Altynjana ýüzlendi:
– Altynjan, täze ýyl düşümli bolsun! Allatagala saglyk bersin, rowaçlyk bersin!
– Agzyňyzdan Hudaý eşitsin, begim! Alla uzak ýaş bersin!
– Seniň bu ýylky altyn-kümüş şaý-sepleriň öňki ýyllardakydan, eger ýalňyşmaýan bolsam, has köp boldy.
– Geçen ýyl iki sandykdy. Her sandykda hem iki batman3 şaý-sep bardy. Hudaýa şükür, bu ýyl diňe hedýe-engam berlen altyn-kümüş şaý-sepler alty sandygy doldurdy.
– Gynanýarsyňmy? – diýip, Togrul beg ýylgyrjaklady.
– Dogrymy aýtsam, gynanmanam duramok.
– Allatagala ýene, enşallasa, biriňi iki edip berer.
– Ylaýym, şeýle bolsun!
Her ýylyň nowruzynda edişleri ýaly, är-aýal öýlerindäki zatlary birin-birin gözden geçirmäge başlady. Özem jamehanadan başlady.

* * *

Günortandan tä ýarygijä çenli dowam etjek toý üçin taýýarlyk görülýärdi.
Gassaplar mal soýmaga ýarygije girişipdiler.
Ýüzden gowrak gassap ýetişibildiginden baga bakylan öküzleri, goýunlary soýup, hansalara tabşyrýardylar. Kakmaç­dyr çişlik bişirmäge, et gowurmaga, başga-da dürli-dürli etli tagamlary taýýarlamaga ökde adamlar bardy. Hansalar bilen emir çaşnigiriň ygtyýarynda müňe golaý adam işleýärdi. Olar soltanyň şu günki zyýapatyna geljek myhmanlaryň gowy iýip-içmegi üçin dürli tagamlary taýýarlamak bilen başagaýdy.
Bu günki zyýapata üç müňden gowrak myhman gelmelidi. Mundan-da başga şäheriň alty ýerinde sadaka bermek üçin taýýarlyk görülýärdi.
Bu gün tutuş Reý şäheri toý toýlaýardy.
Jarçylar köçeme-köçe aýlanyp, şu gün Togrul soltanyň talaň saçagy toýuny, ýagny rysgal toýuny berýändigini, bu toýa uzak ýerlerden myhmanlaryň gelendigini, hiç kimiň bu toýdan çetde galmaly däldigini jar çekýärdi.

* * *

Bu mahal Togrul beg bilen Altynjan melike özleriniň iň ýakyn adamlaryny yzlaryna tirkäp, öz öýleri – otaglary, goş-golamlary bilen tanyşdyryp ýördi.
Altynjan hatynyň ýanynda soltanyň wezirleriniň hatynlary, şeýle hem Kabylyň, Anuşirwanyň hatynlary, akgyzlary bardy, ol olara özüniň jamer-jüpbelerini4, altyn şaý-sepleriniň nirelerde durandygyny birin-birin görkezýärdi.

* * *

Günortanky namazdan soň toý başlandy.
Giden açyk meýdan toýa gelen myhmanlardan ýaňa myg berýärdi.
Adamlar jem bolup, buýsançlaryny mälim edýärdiler:
– Togrul bege salamat bolsun!
– Togrul bege salawat bolsun!
– Togrul bege sahawat bolsun!
Myhmanlary öz gulluk derejeleri boýunça aýry-aýry düşeklerde oturdýardylar. Togrul beg üçin taýýarlanan sypanyň ýakynyndaky düşeklerde wezir-wekiller, ilçiler, sahyplar oturmalydy.
Saçaklaryň üsti her hili nazy-nygmatlardan doludy. Tog¬rul begiň gelip: «Nahara başlaberiň!» diýen sözüne garaşýan myhmanlaryň köpüsi hyrydar gözlerini saçakdan aýranokdylar.
Togrul beg köşgünden çykyp, uzakdan gelen myhmanlar bilen ýeke-ýekeden salamlaşyp, hal-ahwal soraşmaga başlady.
Myhmanlar, toýda hyzmat edip ýören hyzmatkärler, tertip-düzgüne gözegçilik edýän jandarlar birsyhly gygyrýardylar:
– Togrul bege salamat bolsun!
– Togrul bege salawat bolsun!
– Togrul bege sahawat bolsun!
Togrul beg hatar bolup duran adamlar bilen salamlaşyp, özüniň oturmagy üçin niýetlenilen ýere bardy.
Togrul begiň hatyny, nedimi, naýyby Altynjan melikäniň gelýändigi jar edildi.
Myhmanlar Altynjan melikäni hatyraladylar:
– Altynjan hatyna salamat bolsun!
– Altynjan hatyna salawat bolsun!
– Altynjan hatyna sahawat bolsun!
Altynjan melike lowurdap duran gyrmyzy zer eşikde yzyna kyrk akgyzyny düşürip, begiň garaşyp duran ýerine bardy.
Togrul beg hatynyny gülerýüz bilen garşylady, onuň oturmaly ýerini görkezdi.
Togrul begiň egin-eşigi juwar akdy.
Altynjan hatynyň eşigi goýy gyrmyzydy, aldy.
Togrul begiň ak, hatynynyň gyzyl eşikdeligi olara biçak gelişýärdi, olara seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Toýa gelen myhmanlar Togrul bege, Altynjan hatyna buýsanç bilen sered-ýärdiler.
Togrul beg hatyny bilen beýik sypada jaýlaşykly oturansoň, ýanyndakylara ýüzlendi:
– Başlabereliňmi?
– Siziň rugsadyňyza, nahara «bismilla» edip bermegiňize garaş¬ýarys – diýip, dumly-duşdan seslendiler.
– Byradarlar, toýa uzakdan-u-ýakyndan gelen myhmanlar! Hoş geldiňiz! Bu gün hijri-kamaryň hutuna ýetdik. Täze ýyl. Täze ýylda her kişi geçen nowruzdan bäri eden işlerini Allatagalanyň mizanyna goýmaly. «Geçen nowruzdan şu güne – şu nowruza çenli nähili sogap işleri etmäge ýetişdim?!» Ine, şu sowaly her kim, ilki bilen, özüne, soň çagalaryna, hatynyna, öz garamagyndaky adamlara bermeli. Biz geçen geňeşimizde wezir-wekiller bilen jemlenişip, döwletimiziň bitiren sogap işlerini gözden geçirdik. Byradarlar, geçen nowruzdan bäri bitiren sogap işlerimiz az bolmandyr. Men ol bitirilen işleri birin-birin sanap, tagamy garaşdyryp oturmaýyn. Şu günki saçagyň başynda ýat adam ýok. Ählisi seljuk döwletiniň rowaçlygy üçin bütin başarnygy bilen yhlasly işläp ýören byradarlar. Bu ýerde oturanlar şalygymyzyň bitiren uly-uly işlerine gönüden-göni gatnaşan, ýolbaşçylyk eden adamlar! Bu ýerde oturan adamlar geçen bir ýylyň dowamynda köp-köp sogaplary gazanan adamlar! Bu ýerde oturan adamlar seljukly döwletiniň rowaçlygy üçin gerek bolsa şirin janyndan geçmäge taýýar adamlar! Agzymyzyň birligi, bir sünni maksady ugrundaky işlerimiz Allatagalanyň dergähinde ýalkaw alýar. Biziň baş maksadymyz gäwürleri toba getirmek, olary musulman eýlemek, öz aralarymyzdaky ilata zulum edýän käbir kişileri bet pygyllaryndan saklamak, şeýdibem Allatagalanyň eçilen bäş günlük ömründe her bir raýatyň parahat, erkin, bol ýaşamagyny gazanmak. Ähli ýerlerde biziň bu tutumlarymyzy oňlaýarlar. Biziň bitiren işlerimizde şu oturanlaryň her biriniň belli bir paýy bar. Goý, öňümizdäki ýyl has pazylatly ýyl bolsun. Häzir umury sedaratyň sahyby Gurhan okasyn, soňundan nahara başlalyň.
Umury sedaratyň – döwletiň ýolbaşçylaryny taýýarlaýan hem olaryň işleýişlerine, kämillik derejelerine jogap berýän gullugyň sahyby Dodurga Merwezi tagamyň hormatyna Gurhan okady. Şondan soň Togrul begiň bissimillasy bilen nahara başlanyldy.
Toýuň beýemçileri üstaduddar Ärdeşir Magmarany bilen Anuşirwan ibn Tümendi. Olary beýemçiliginiň gowudygy, ähli kişiniň etmeli ownuk işlerine çenli öňünden anyklaşdyrylandygy görnüp durdy. Her kim öz etmeli işi bilen gümrady.
Ojar syhyna düzülen kakmaçlar, kebaplar şol durşuna saçaga äberilýärdi.
Hana, Togrul begiň öňüne eti böleklere bölünmän, bitewüliginde bişirilen bir goýun getirildi. Etiň ýekeje-de köýen ýeri ýokdy. Özem ol şeýlebir gyzaryp öwşün atýardy welin, seredip ýuwdunmazça däldi. Dok bolsaň, iýmän keýpine seredip oturmalydy.
Köşgüň sazandalary saz çalýardylar, pessaý sazda aýdym aý¬dylýardy.
Togrul begiň üstadudary, şerapdary5 bir ýerde duranokdylar, olar saçaklardaky ýeter-ýetmezçilige esewanlyk edýärdiler. Nirede şerap, nygmat, iýip-içer ýaly zatlar azalsa, hyzmatkärlerine dessine habar berip, şol ýere gerekli zady getirdýärdiler.
Iýip-içmek uzaga çekdi.
Aýdymçylar gowudan-gowy aýdym aýdýardylar.
Seljuk begleriniň saçak başynda köplenç, aýdýan ýörgünli aýdymy başlandy. Bu aýdymy köşgüň aýdymçysy Säherhyz Burgan aýdýardy:

– Kazgurt tagdan öňer taşny ýugarlatdy,
Salur Gazan ötrüw baryp garbap tutdy.
It bejene görüp any essi gitdi,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?

Oturan myhmanlar soňky setiri öz ýanlaryndan gaýtalap, gapdalynda oturana gözlerini tegeläp seretdiler. Myhmanlar beýle adamy görmändiklerini aýdyp, başlaryny ýaýkadylar, gygyryşdylar.
– Gazan kibi alp olmaz!
Aýdymçy aýdymyny dowam etdirdi:

– Bir gazanga kyrk bir atnyň etin saldy,
Ol gazanny sag elgi birle aldy.
Sag elgi birlen illerge üleştürdi,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?

Myhmanlar ýene başky hereketlerini gaýtaladylar: başlaryny ýaýkaşyp, gapdalynda oturanlara ýüzlendiler. Ähli kişi Gazan kibi äri öňde-soňda görmändigini tekrarlady:
– Gazan kibi alp olmaz!
Säherhyz Burgan barha joşup aýdýardy:

– Otuz-kyrk müň leşger birlen Gazan baryp,
It bijene illerini keldi gyryp.
Birnijesi gutuldylar köp ýalbaryp,
Alplar, begler, gören barmu Gazan kibi?

Toýa gelen üç müňden gowrak myhmanyň ählisi aýdyma goşulýardy. Diňe bir myhmanlar däl, wezir-wekiller hem goşulýardylar. Bu aýdyma Togrul beg bilen Altynjan hatyn-da goşuldy.
– Gazan kibi alp olmaz! – diýip, Togrul soltanyň goşulmagy bilen üç müňden gowrak myhman, müňden gowrak hyzmatçy sesiniň ýetdiginden zowlatdy.
Säherhyz Burganyň ýanyna Togrul begiň ynagy Ýusup Bazyrgany bardy. Ol aýdymy özüniň dowam etdirjekdigini mälim edip, myhmanlara birlaý seredip çykdy. Soňam aýdymy öz düzen setirleri boýunça dowam etdirdi:

– Alplar alpy Gazan begden pata algan,
Masut birle Şamälikni zut gaçyrgan,
Horasanda, Ajamda şalyk döretgen,
Alplar, begler, görgen barmu Togrul kibi?

Myhmanlar biygtyýar ör turdular, biri-birlerine buýsançly bakyp, sesleriniň ýetdiginden gygyrdylar:
– Togrul kibi alp olmaz!
– Togrul kibi alp olmaz!
Ynak Ýusup Bazyrgany ýene dowam etdi.
Ol Seljuk begden terbiýet alan, Allatarapyn kalbyna pazylatlyk guýlan, Derwezata şalygyny döredip, ýedi yklyma patyşa bolan, goýun bilen gurdy bir ahyrdan suw içiren Togrul begden başga soltan barmy diýip soraýar.
Myhmanlar ýene jem bolup Togrul kibi başga şanyň ýokdugyny, bolup-da bilmejekdigini, Allatagalanyň Togrul begi külli musulmana bagtyýarlyk üçin gönderendigini tekrarlaýardylar.
Ýusup Bazyrganynyň göçgünli çykyşyndan soň rakys oýny başlandy.
Günüň ýaşyp gelýän çagy Togrul beg Altynjana ýüzlendi:
– Hatyn meniň, garaňky düşmezden burun myhmanlara izin bersek, niçik bolar?
Altynjan begiň sözüni unap baş atdy.
Soltan ör turdy:
– Byradarlar! Nowruza, täze güne ýüzümiz düşdi. Biribar bizi mydama öz ýalkawynda ýene kän-kän nowruzlara ýetirsin! Allatagala ryskymyzy boldan eçilsin. Men – Perwerdigäriň Ýerdäki wekili. Perwerdigäriň eçilen nygmatlaryny size paýlamak – meniň parzym. Elbet, Taňrynyň bereni doýumlyk, bendesiniňki – dadymlyk. Perwerdigär size doýumlygam, dadymlygam boldan eçilsin. Biziň her birimiz özümizi Perwerdigäriň ýalkaýandygyny oraşan duýýarys. – Togrul beg sözüne biraz dyngy berdi. – Eý, byradarlar, hany, aýdyň, Perwerdigär bir ýylyň içinde eçilen nygmatlaryny, baýlyklaryny bermänem – rysgal eçilmänem bilerdimi?
Seljuklylar bir demde jogap berdiler:
– Bilerdi!
– Rysgal eçilmedimi?
– Rysgal eçildi, Alla bizi ýalkady!
– Nahanlykda üstümize ýagy gönderip, ähli zadymyzy weýrana salyp bilerdimi?
– Bilerdi!
– Weýrana saldymy?
– Weýrana salmady, ýalkady!
– Öýümizdäki zatlarymyzy bir näkes ogra towsa göterdip bilerdimi?
– Bilerdi!
– Towsa götertdimi?
– Towsa götertmedi, ýalkady.
– Sil-harasat gelip, öýümiz ýumrulyp bilerdimi?
– Bilerdi!
– Sil-harasat geldimi?
– Ýok, Alla bizi ýalkady.
– Ýer goduklap, öýlerimizi hopduryp, başymyza betbagtlyk getirip bilerdimi?
– Bilerdi!
– Ýer godukladymy?
– Ýok, ýer goduklamady, Alla bizi ýalkady.
– Bir tötänlik bilen öýümiz ýanyp, sähel salymda ähli zadymyz küle öwrülip bilerdimi?
– Bilerdi!
– Ýangyn boldumy?
– Ýangyn bolmady, Alla bizi ýalkady!
– Meniň eziz raýatlarym. Ýurduň ähli günä-sogaby patyşanyň gerdenindedir. Şalykdaky raýatlaryň her bir etmişiniň hasabaty Magşar güni patyşadan soralýandyr. Ýurduň rysky – patyşadadyr. Ýurduň bereketi – patyşadadyr. Oguz han hak aýdypdyr: Hudaýtagala haýsy halky ýalkajak bolsa şoňa gowy patyşa berer. Rysky goşalap berer. Mallar gowy tohum berer. Ýerler gowy hasyl berer. Siziň özüňiz görýärsiňiz, men öz raýatlarymyň bolçulykda, parahatçylykda ýaşamaklary, tutumlarynyň rowaçlanmagy, yslam dünýäsiniň giňemegi üçin ýaşaýaryn. Özüm üçin däl, men siziň bagtyýarlygyňyz üçin ýaşaýaryn, byradarlar. Siz hursant bolsaňyz – bu meniň hursantlygymdyr. Men siziň has gowy ýaşamagyňyzy isleýärin, eziz byradarlar.
Togrul begiň sözi bölündi, adamlar gygyrmaga başlady:
– Beýik Muhammet Togrul bege salamat bolsun!
– Beýik Muhammet Togrul bege salawat bolsun!
– Beýik Muhammet Togrul bege sahawat bolsun!
Seljuklylar bu üç alkyşyny üç mertebe gaýtaladylar.
Togrul patyşa sag elini ýokary göterdi. Seljuklylaryň arasyndaky gowur kiparlady. Patyşa sözüni dowam etdirdi:
– Meniň eziz byradarlarym! Perwerdigär maňa, meniň raýatlarym bolan size gülüp bakdy. Geçen ýyl Perwerdigär bizi ýalkady, her hili bela-beterlerden daş eýledi. Gazanjymyz duşmanlarymyza däl-de, özümize siňdi. Goý, täze ýylda-da rysklarymyz goşa-goşadan gelsin, özümize siňsin! Ýeneki ýyl¬larda-da şeýdip talaň saçagy toýlaryny geçirmek nesip etsin! Duşmanlardan goranmaga Allatagala bize ägirt uly güýç-kuwwat bersin! Täze ýylymyzy beýik Haktagala berekete, sahawata doldursyn. Rowaçlygyň, sahawatyň, salawatyň, bolçulygyň alamaty bolan talaň saçagyny geçirmäge Taňry berk jan saglyk, ömri-deraz bersin. Saçaklaryňyz doly, bereketli bolsun! Bu günki toý her biriňize rowaçlyk getirsin! Talaň saçagyndan alan her bir zadyňyz rysgal-döwletiňize joş bersin. Şa saçagyndan alan her bir zadyňyz her biriňiziň öýüňizi şa ryskyna, şa sahawatyna beslesin, müňlesin! – Togrul patyşa Altynjana seretdi. – Byradarlar, öýi öý edýän hatyndyr. Öý-ojak üçin iň köp alada, yhlas edýän hatyndyr. Guş bir ganat bilen uçup bilýän däldir. Guşuň uçmagy üçin iki ganatyň gerek bolşy ýaly, maşgalanyň maşgala, öýüň öý bolmagy üçinem ikinji ganat – hatyn gerekdir. Ýalňyz kişi bagt tapyp bilmez. Ýekelikde bagt ýokdur, bagt jübütlige barýandyr. Bagt jübüt ýaşalýan gapa barýandyr. Ýanýoldaşy gowy kişi uzak ýaşar. Talaň saçagy toýuny geçirmek diňe bir meniň däl, hatynym, nedimim Altynjan hatynyň hem pikiridir. Resime başlamaga ygtyýary Altynjan hatyn bersin!
Altynjan hatyn ör turdy. Adamlara bakyp, çala baş egip, tagzym etdi:
– Adamlar, her bir adamda üç sany mukaddeslik bol¬ýar. Olaryň birinjisi, Allatagaladyr. Ikinjisi, seni dünýä inderen ata-eneňdir, üçünjisi, ýurduň patyşasydyr. Adamyň nähili adamdygyny şu üç mukaddeslige goýýan hormat-gadyry bilen kesgitläp bolar. Şu üç mukaddeslige sygynan, gadyr-yzzat goýan kişi hiç wagt hiç zada hor-zar bolmaz. Muhammet Togrul beg – beýik patyşa, Allatagalanyň nazar salan, ýalkan patyşasy! Bu beýik patyşaga sygynan adam ýalkanar, döwlet tapar. Biziň mertebämiz (bagtymyz), ryskymyz patyşamyza goýýan sylagymyzdadyr.
Seljuklylar Altynjan hatynyň sözlerine goşuldylar:
– Beýik Muhammet Togrul bege salamat bolsun!
– Beýik Muhammet Togrul bege salawat bolsun!
– Beýik Muhammet Togrul bege sahawat bolsun!
Bu alkyş üç mertebe gaýtalandy.
Altynjan:
– Razy – diýdi.
Togrul beg:
– Razydyrys. Başlaberiň! – diýdi.
Är-aýal tirkeşip ýöräp ugrady.

* * *

Togrul beg weziri Abylkasym Buýany bilen Bekdaş Rudbara ýüzlendi:
– Daňdana çenli gözegçiligi gowşatmaň! Hiç hili dawa-jenjel bolmasyn!
Umury istihbarat sahyby Bekdaş ähli zadyň gülala-güllük boljakdygyny nygtady. Wezir Abylkasym Buýany:
– Rahat dynç alyň! Bu ýyl geçen ýyldaky säwlige ýol bermeris – diýip, sahybyň sözüni goldady.
Olaryň ýanlarynda diňe haşymlary bardy.
Geçen nowruzdaky talaň saçagynda iki emir zadyň üstünde dawalaşyp biri-birine tyg çekipdi. Şonda olaryň biri wepat etdi, beýlekisi agyr ýaralandy, ömürlik maýyp boldy. Biri-biri bilen ýakalaşan adamlar hem kändi, dawalaşan hatynlar-a hasam kändi. Diňe bir adamlar däl, nireden gelendigi belli bolmadyk ýigrimi-otuz it, şonçarak-da pişik daşişikde tä daňdana çenli alazenzele bolup garpyşypdy.
Uruş alan-aldy edilen baýlyklar üçin turupdy.
Baýlyk – kim öň alsa şonuňky.
Sähel salymlyk alan-aldylykda sylaşyk ýitýär.
Adam adamyň üstüne topulýar. Her kim aljak, özem köp aljak. Her kimiň diňe özüne gerek, özem ähli zat gerek. Adamyň ýaradylyşy şeýle. Hut şonuň üçin hem şalyk döredilýär. Şalygyň emeldarlary adamlaryň baýlyk üçin biri-birini öldürmezliklerini ýola goýmaly. Şalyk kada-kanun çykaryp, adamlary şol kada-kanunyň çäginde ýaşadýar. Şalyk – boýuntyryk.
Togrul beg her nowruzda şol boýuntyrygy bilgeşleýinden aýyrýar. Şeýdibem boýuntyryk – hökümet bolmasa, ýaşaýşyň nähili elhençlik boljakdygyny görene göz edýär.
Elbetde, her kime bir zady paýlap berseň, ýakalaşyk-da, uruş-da boljak däl. Ýöne Togrul beg Oguz handan şu güne gelen bu resime täzelik, özgerişlik girizmekden saklanýardy. Oguz han döwründe talaň saçagynda adamlar baýlyga, zada häzirki deýin açgöz topulmaz ekenler. Wagt geçdigisaýyn adamlar wagşylaşýan ýaly görünýär. Göräýmäge, döwür-döwran geçdigiçe adamlar durmuşa çuň düşünýän ýaly, ýöne tersine...
Togrul beg adamlaryň bolşuna seredýär.
Ertirki gün gürrüňini edere nämedir bir zatlar bolsun!
Goý, ýakalaşsynlar!
Tomaşa bolsun!
Altynjan hatyn başda talaň saçagyndaky tarhandökerlige, dog¬rusy, gynanmak gynanardy. Indi welin, bu resime öwrenişip gidipdir. Talaň saçagy bolmasa, bir ýylda şeýle köp işler bitirilmejek ýaly duýulýar.
Allatagala her günde her bendesiniň kalbyna ýetmiş gezek seredip görýärmiş. Ol içiňe ýetmiş gezek seretse, seniň näme pikir edýäniňem oraşan biler, Altynjanyň, Togrul begiň her bir işi ýürek bilen edýändiginem oraşan görer. Eýsem näme! Altynjan on ýyllap gursagynda göteren maksadyna ýetdi. Bu dünýäde maksadyna ýetip bilmän ýurduny täzeleýänler köp ahyryn! Ol welin, maksadyna ýetdi. Onda-da aňryýany bilen ýetdi.

* * *

Togrul beg bilen Altynjan Anuşirwanyň öýüne bardy. Olar talaň saçagyndan çykyp bu ýere gelmek babatda öňünden gürleşipdiler, öýde gerekli taýýarlyk görlüpdi.
Öýde hyzmatkärler bardy. Anuşirwan bilen hatyny Gülaýym begiň öýünde talaň saçagyna galypdy.
Togrul beg Altynjana seretdi-de, bilindäki syrma ýataganyna el ýetirdi. Altynjan soltanyň maksadyna düşündi: ýataganyny eline aldy.
Gylyçlaşyk başlandy.
Olar gazap bilen gylyçlaşýardylar. Öýdäki hyzmatkärler näme etjeklerini bilmän öwelip, seredip durdylar.
– Sag bykynyň goragsyz dur, ony meniň üçin goragsyz gal¬dyrdyňmy? – diýip, beg gylyçlaşyp durşuna hatynyna habar gatdy.
– Göräýmäge, begim, goragsyz ýalydyr. Aslynda bolsa, Tog¬rul begiň hatyny Altynjanda goragsyz zat ýokdur.
– Ony häzir görkezäýerin.
– Begim, ýok zady görkezip bolmaýar.
– «Ýok zady görkezip bolmaýar» diýýärsiňmi? Ynan, go¬ragyň ýok.
– Men bütin ömrüm goragly.
– Mugyra gelen ýeriň bolmadymy?
– Ýeňlen ýerim boldy, bir gezek bir pählewan gerçekden ýeňildim.
– Kimkä ol sizi ýeňen gerçek?
– Oňa Muhammet Togrul beg Seljukly diýýärler.
– Şeýlemidir asyl?!
– Hut şeýledir, begim.
Ýataganlardan ot çykýardy. Aýagy nämedir bir zada ilteşen beg hazzar ýykylman saklandy. Altynjan hüjüm etjek bolman, begiň aýagyna ilteşen zady aýyrdy, soňam hüjüme garaşdy.
– Sen näme üçin pursatdan peýdalanmadyň?
– Begiň hatynyna onuň ýaly pursatdan peýdalanmak uslypmydyr?!
– Siz begiň hatynymysyňyz?
– Ýeke-tägidirin, begim!
– Aperin, aperin!
– Goragsyz sag bykyn diýeniňiz şu ýerimi? – diýip, Altynjan bir towsanda ýataganyny begiň sag bykynyna çala dürtdi. Beg ýataganyň öňünden sowulyp ýetişdi, iki-üç ädim gapdala çekildi:
– Niýetiň-ä erbet däl.
– Begiň hatynynyň erbet zady bolmaz.
– Şeýlemidir?
– Şeýledir.
Gazaply darkaş ýitileşdi. Iki tarap hem bar güýji bilen gylyçlaşýardy.

(Ikinji kitabyň soňy).





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 22 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]