23:39
Altynjan hatyn / 1-nji kitabyñ soñy -14
On dördünji hekaýat

ŞOL GIJÄNI «ZAMAHŞAR GIJESI» DIÝIP ATLANDYRDYLAR

Şeýlebir adam kän, şeýlebir adam kän, Altynjan olaryň hiç birinem tananok. Asyl, oňa bu ýerde tanyş hiç kim, hiç zat ýok.
Nisar dessury bilen giren gerdegi-de oňa nätanyş. Ol birmeýdan butnaman durup, içerä göz aýlady. Giň gerdegiň içi ylla köşkdi. Ýere köz deýin gyzyl halylar düşelipdir. Olaryň üstünde altyn-kümüşlerden ýaňa aýak basara ýer ýok. Gerdegiň tärimleri şaý-sepler bilen bezelipdir.
Içeri giren ýeriňde ojak bar, onda ojar odun alawlaýar. Ojagyň iki gyrasyna gypjak sährasynyň 1 gaplaňlarynyň derisinden posdekler2 düşelipdir.
Çep böwürde, iki zirag çemesinde gat-gat düşek gyzyl mahmal bilen örtülipdir.
Ortada, iki zirag çemesi beýiklikde sypa, onuň üstünde bolsa öýüň içindäki öýe meňzäp duran telär bar. Sypanyň dört burçundan ýogyn agaçdan sütün galdyrylyp, olar daşy nagyşly agaçlar bilen birleşdirilipdir. Teläriň üstüne aňrysy görnüp duran ak atlaz atylypdyr. Gerdegiň içindäki gerdek – telär ertekilerdäki patyşalaryň şebistanyny ýatladýardy. Gerdegiň içindäki gerdekde – sypanyň üstünde ak-gara-gyzyl ýüpek sapaklar bilen jäheklenen iki sany ýassyk goýlupdyr. Diýmek, bu ýerde Altynjan bilen Togrul beg ýatmaly bolar. Sypa gerdegiň ep-esli ýerini tutup durdy.
Altynjany ojagyň çep tarapyndaky posdekde oturtdylar.
– Içerik hiç kim girmez, indi içki kürtekçäňi çykaraý – diýip, Musa begiň aýaly Peýkertuwak ýylgyrdy. – Urlup görmänden soň, Togrul beg gamçynyň awusynyň nähili agyrylydygyny bilenok. Ol urşy bilen içki kürtekçe dagy geýdirmedik bolsak, seni öldüräýjek eken, ol.
– Altynjan, sen bizden uýalma, içki kürtekçäňi çykar, gamçyň yzyna melhem çalaly. Bizem bir mahal edil seniň geçen ýoluňy geç­dik. Ýöne bize içki kürtekçe geýdirmediler. Şonuň üçin ýagyrnylarymyzda gamçynyň besse-besse yzy häzirem bar. Onsoň, saňa nebsimiz agyryp, sygryň eýlenen iki gat derisini kürtekçe edip geýdirdik – diýip, Gyzbibi Altynjana eşigini çykarmaga ýardam berdi.
– Wa-weýla, wa-daryg-a, beýtmeli däl ekeniňiz-dä.
– Şeýtmedik bolsak, sen bu mahal biz bilen häzirkiň ýaly arkaýyn gürleşip oturyp bilmezdiň. Ýa öli bolardyň ýa öliniň bäri ýany.
– Altynjan, sen özüň üçin taýýarlanan bu sypa bir seret – diýip, Peýkertuwak sypanyň gyrasyny sypady. – Beýle sypa dünýäde hiç bir patyşanyň hatynynda-da ýokdur. Bu diňe sende bar. Bizde-de ýok. Bilýärsiňmi, näme, Altynjan, Togrul bu sypa üçin gaty yhlas etdi. Ýigrimi düýe mahmaly gat-gat edip düşetdi şu ýere, şunuň üstünde ýatsaň, soň turasyň gelmez. Togrulyň özem ýatyp görenok entek bu düşekde. Yrym edip, seniň geleriňe garaşdy.
Altynjan göz astyndan eltilerini synlady: Peýkertuwak oral bolsa-da, hoşaýandalygyny saklapdyr, hereketlerinde näziklik bardy, eti-gany ýerindedi, uzyn boýludy, berdaşlydy, dilkeşdi, ak ýüzli zenanyň päk ahlaklylygy, uýaljaňlygy, hoşmanzarlygy edim-gylymyndan äşgär duýulýardy. Çep gözi çalaja gyzaryp durdy.
Gyzbibi maňyzly-meňzeşikli, gülerýüzli, orta boýly nurana hem janperwer hatyndy. Ol gyýa-gyýa bakyp, hoşnigähli gürleýärdi. Sesi janyňa ýarap, hoşuňa gelýärdi. Dili süýjüdi. Ol gürlände sözleri biri-biriniň yzyna şeýlebir sepleýärdi welin, onuň mylaýym sözlerini diňledigiňçe diňläsiň gelýärdi. Ullakan ala gözleri özüne imrindirýärdi. Köp zada diýeniniň bolýandygy duýulýardy. Hereketleri, agyp-dönmesi Peýkertuwagyňky ýaly ýaýal hem agras däl-de, dilirlidi hem ynamlydy. Özem edeni gelşip durdy. Başga biri bolanlygynda Altynjan piliň üstünde eşigini çykaryp ýalaňaçlanmazdy, ýöne Gyzbibide söz bilen düşündirip bolmaýan bir jady bardy. Altynjan Gyzbibiniň nazaryna nazary kaklyşanda jadylanan ýaly bolup, onuň ähli emrini gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetiripdi. Indi gerdekde oturyp, kejebede eden zatlaryna öz ýanyndan hopugýardy.
Eltilerine seredip, Altynjan özüne giňlik bermäge, olaryň her bir sözüni ýatda saklamaga çalyşdy.
Peýkertuwak bilen Gyzbibi gaty arkaýyn hem ynamly hereket edýärdiler. Olar Altynjany uly çelekde ilki suwa, soňundan süýde düşürdiler. Altynjan süýde çümüp oturyp bolýandyram öýtmändi, süýt diňe içilýändir öýderdi. Ýöne seljuk gelinleri ullakan bir çelegi geçi süýdünden dolduryp, içine Altynjany saldylar. Soňundan ony ýene gyzgynja suwa düşürip, endamyna tübbet müşküni 3 çaldylar.
– Bu hökmanmy? – diýip, Altynjan Gyzbibä ýüzlendi.
– Hökman, jigerim, hökman. Bu enaýyja gumgumadaky 4 tübbet müşküni tapjak bolup, Togrul beg kösenmek kösendi. «Getirip berjek» diýip söz beren bezirgenler köp bolupdyr, ýöne olaryň beren sözleriniň yzy gelmändir. Eh, jigerim, bu erkekler üýtgeşik ýaradylypdyr. Men-ä bulara, teý, düşünip bilmeýärin.
– Nämesine düşünmeýärsiňiz?!
– Erkekler hatynlarynyň ýekeje ýylgyryşy üçin ähli baýlygyny orta dökerler. Ýurt aşyp ýa birnäçe ýyl yhlas edip, müşk gözläp, hatynyna bagyş ederler. Hatyn üçin döwletleri, köp-köp şäherleri, kentleri, obalary tozdurarlar, darkaş gurarlar, ençe adamlar pida bolar. Zenanlary depelerine täç ederler, wasp ederler. Seniň begenmegiň üçin uzak ýerlere ýörite gidip, kerwenläp mata getirerler ýa getirderler. Erkek zenana edýän yhlasyny özüne-de etmez, ýekeje dostuna-da etmez. Ata-enesine-de etmez. Hatyna gowy görünmek üçin Çyna gider, Käbä gider. Hatyna ýaranmak üçin ähli zatdan gaýtmaz. Patyşa ýaranjak bolmaz, ýöne hatyna patyşalaram ýaranmak üçin gara gündedir. Arman, şeýdip eziz¬leýän hatynynyň depesinden gamçy urmagy hiç zatça bilmeýär. Eýsem, şu geň dälmi? Emma depäňden gamçy urýan şol erkek seniň tabşyran işiňi wagtynda etmändigi üçin müňläp gulamy gylyçdan geçirer. Seniň göwnüňi awlamak üçin köp-köp adamy öldürer...

* * *

Daşarda «Gelin» sazy çalnyp, rakys oýnalýardy.
Toý mähellesi garaňky düşensoň her ýüz-iki ýüz ziragdan uly ot ýakyp, olaryň töweregine üýşüp, meýlislerini dowam etdirdiler.
Ýagly-ýagly goýun etlerinden kakmaç bişirilýärdi. Çar ýandan bişen hem köýen etleriň ysy hap berýärdi.
Zamahşarlylar bir hepdeläp toý üçin halwadyr nişalla taýýarlapdylar. Hyzmatkärler ullakan mejimelerde myhmanlara zamahşar halwalaryny, nyşallalaryny hödürleýärdiler.
Arabalarda şerapdyr çakyr, bozadyr rakiýa 5 getirýärdiler. Bu arabalaryň nireden gelýändigi belli däldi. Biljek bolýanam ýokdy.
Rakiýalar, bozalar derýa bolup akýardy.
Togrul beg hem bu gün pyrlanmak pyrlandy. Topar-topar bolup oduň başynda oturan seljuk begleriniň ýanlaryna baryp, olar bilen boza içdi, raks oýnady.
Seljuk begleri raks oýnanlarynda wagşyýana gygyrýardylar.
Wagt ýarygijä baran-da bolsa, toý dowam edýärdi. Sazandalar ýagşydan-ýagşy sazlary çalýardylar.
Aýdymçylar göçgünli aýdymlar aýdýardylar.
Ýekeje-de serhoş däl adam ýokdy. Ähli kişi serhoşdy.
Goşun serhoşdy.
Esgerleriň rakiýa içmegine Çagry bilen Baýgu Kelan rugsat beripdi, çünki üstlerine abanýan howp ýokdy.
Altynjan daşardaky aýdym-saza, serhoş esgerleriň gykylygyna diň salyp, şindem gerdekde çugutdyryp otyrdy. Eltileriniň degdim-gaçdym gürrüňleri-de onuň ünsüni çekip bilmeýärdi. Tümen daýysy göz atuwynda peýda bolup, asyl aýrylanokdy. Ol Altynjana nämedir bir zatlar diýýärdi.
Megerem, ol ogly Anuşirwan barada soraýandyr?
Oglunyň Zamahşarda ýeke galdyrylandygyny eýýäm duýaý¬dymyka? Ol ýeke däl ahyryn! Onuň ýanynda Abdylmälik han bar, Habyl bar, Kabyl bar! Onuň kem zady ýok. Ejesi Şaýürek-de ertir gala dolanyp barar.
Anuşirwana galada hiç kim ala göz bilen seredenok. Dog¬rusy, ol alçak, suhangöý, gaýduwsyz, mähirli ýigit bolup ýetişdi.
Ol şeýle mähirli welin, nämäň bar bolsa oňa beresiň gelýär! Anuşirwan adamyň göwnüni awlamaga ökde. Onuň baş ýaragy – hoş sözi!
Tümen begem hoş sözlüdi. Ol Altynjanyň hoşuna geljek sözleri aýdýardy. Özem oňa mynasyp baha berýärdi.
Adamlara ähli döwürlerde iň ýetmeýän zat özlerine mynaşyp bahanyň, ünsüň berilmeýänligidir. Adamlar özlerine gowy baha berilmegine mydama teşne. Şol teşneligi gandyrýan kişiler iň gowy kişilerdir.
Altynjana ýetmeýän zat mynasyp sözdi, mynasyp bahady. Ol özüniň ýönekeý gyz däldigini ähli kişiniň, şol bir sanda Tog¬rul begiň hem bilmegini isleýärdi. Ýöne gapdalynda oturan şu üç hatyn: Gyzbibi, Peýkertuwak, Şaýürek hem onuň üýtgeşik gyzdygyny bilenoklar. Gaýtam ýaňy Peýkertuwak: «Gyz bilen gelniň tapawudy näme?» diýip soraýar. Soňam: «Gyz bilen gelniň tapawudy – ýeke gije. Nesip bolsa, senem ertir biz ýaly hatynlaryň biri bolarsyň» diýýär.
Ýok, ýok, Altynjan bu üç hatyn ýaly bolmaz, olardan görnetin parhly bolar.
Üç hatynyň degdim-gaçdym söhbedini daşardan çykan ses kesdi:
– Togrul bege nika gyýmaly.
– Ahyr ýatlaryna düşdi, nikany ilkagşam gyýmalydy – diýip, Altynjanyň daýzasy Şaýürek hüňürdedi.
– Wa-weýla, Şaýürek, ikimiziň aýdanymyzy etseler, erkek¬leriň erkekligi gaçyp galaýjak ýalydyr.
Köp wagt geçmänkä öýlenýän gerçegi gerdege getirdiler. Gülki-şowhun al-asmana göterilýärdi.
Içerde ojar ot belentden ýanýardy.
– Gelnejelerim! Meni öldürjek bolan Altyn gyzy saklap otyr¬syňyzmy? – diýip, Togrul «lah-lahlap» güldi. – Hakyt meni öldürjek boldy, şu Altyn gyz. Özem bu Altyn gyz: «Kim-de-kim Togrulyň kellesini getirip berse, men şol gerçege äre barjak» diýipdir. Bu Altyn gyzyň mahýasy – meniň kelläm. Beýik Perwerdigär-ä bu Altyn gyzy meniň üçin dünýä inderipdir, bu-da näme üçin dünýä inendigini bilmän, meniň kastymda gezip ýör. Bilýäňizmi näme, bu Altyn gyz dünýä inende soltan Mahmyt Gaznaly şu ýerdedi – Zamahşardady. Menem onuň ýanyndadym. Soltan howla giren badyna bu Altyn gyz jägil-jägil edip dünýä indi. Onsoň soltan bu gyza at dakdy, soňam «Beýik begiň hemrasy bolsun!» diýip, pata berdi. Soltanyň: «beýik beg» diýeni men ahyryn, men! Düşnüklimi?
Altynjan bu sözleri eşidip doňdy galdy. Sebäbi Togrul begiň aýdan bu habary onuň üçin biçak ýakymlydy.
Dünýä inen pursadynda soltan Mahmyt Gaznalynyň ýanynda Togrul begiň bolandygyna Altynjan begenmek begendi!
Nika gyýdylar.
Ähli dessur berjaý edildi.
* * *

Gerdekde çatynjalary galdyrdylar.
– Dyza çök! Aýagyma ýykyl! – diýip, Togrul azmly seslendi.
Altynjan begiň bu sözüne ör-gökden geldi. Dogrusy, begiň bu tekepbirligini biçak ýokuş gördi.
Buýruk ikinji gezek gaýtalandy.
Altynjan bege: «Akylyň ýerindemi?» diýen terzde seretdi.
Wah, Altynjan owadandan-owadan geýnipdi. Ol şol owadan eşikde Togrula görünmekçidi, ýöne Togrul oňa seretmedi.
Wah, oňa eltileri bolluk bilen tübbet müşküni çalypdylar. Altynjan Togrulyň tübbet müşküni ysgap, melul bolşuny görjekdi. Togrul müşküň ysynam almady, aljak-da bolmady!
Altynjan eltisi Gyzbibiniň erkek kişiler hakdaky aýdan söz¬lerini ýatlady. Birdenem onuň garaşmadyk ikinji ahwalaty gopdy: Togrul beg ony batly itip goýberdi.
Altynjan hatar duran sandyklara baryp uruldy. Ol tarsa ýerinden turdy, titir-titir edip, Togrula gazap bilen seretdi.
– Gylyç gerekmi ýa hanjar? – diýip, Togrul güldi. Bilinden asfury hanjaryny 6 alyp, Altynjanyň öňüne oklady.
Altynjanyň gany çüwdesine urupdy. Onuň garşysynda yhlas edip garaşan begi däl-de, Jendiň ýigrenji emiri Şamälik duran ýalydy. Altynjan bir hanjara, birem Togrul bege seretdi. Birdenem aşak çökdi. Sandyga degip möçügen böwrüni sypady.
– Tur ýeriňden!
Altynjan gozganmady.
«Beýle ganhor, beýle wagşy adam bilen ýaşap bolmaz. Men ýalňyşypdyryn. Bu adam meniň pikir eden adamym däl eken. Bu hakyky wagşy, hakyky ýyrtyjy eken. Meniň başky pikirim dog¬ry eken. Daýymy-da şu ganhor öldürendir. Men bu ýyrtyjynyň hatyny bolmaýyn. Ýok, ýok, bu ganhor bilen bile ýaşap bolmaz. Men gideýin, iň gowusy, ömrümi ýekelikde geçireýin, gaýdyp hiç wagt äre-de barmaýyn. Babamyň aýagyna ýykylaýyn. «Meni öýden kowma» diýeýin. Ol meni öýden kowmaz. Ýöne häzir nädeýin? Men nädip öýe aşyp bilerin?! Men häzir ylgap daşaryk çykaýyn. Şaýürek daýzamy tapaýyn. Ýok, oňa duşmaýyn. Ol meniň pikirimi oňlamaz. «Yzyňa dolan» diýer ol».
Altynjan ejesiniň, Şaýürek daýzasynyň, eltileriniň öwüt-nesihatlaryny ýatlady. Olar edil dilleşen ýaly, Togrul beg näme et diýse, kaýyl gelmegi, boýun sunmagy sargyt edipdiler. Altynjan ejesi dagynyň pendini tutmaga söz beripdi. Ýöne herki zadyň çeni-çaky bar. Altynjan çory däl, gyrnak däl! Ol begzada neberesinden! Togrul näme üçin Altynjany kemsitmeli? Näme, Altynjan adam dälmi? Näme üçin ol mertebesini depeletmeli? Nämäniň hatyrasy üçin çydamaly! «Men Oguz hanyň ylahy ogullarynyň neberesinden, bular – kynyklar – zemini ogullarynyň neberesinden. Men patyşa neberesinden, bular hyzmatkärler neberesinden! Men islesem, Togrulyň hatyny bolaryn, islemesem bolmaryn. Ýok, beýle wagşy alamanyň hatyny bolmaryn. Itendigi üçin hökman almytyny bermegim gerek. Dişinde et galdyrmaýyn. Men ärsiz galmaryn. Eý, Hudaý, özüňden medet! Şu alamany öldürmäge maňa gaýrat ber! Maňa öz mertebämi gorap ölmek takdyry ýazylypdyr...»
– Tur ýeriňden! Gürle! Näme, gorkýarsyňmy?
Altynjan öňünde ýatan hanjary garbap aldy-da, gazap bilen begiň üstüne topuldy.
Gerdegiň gapysy bat bilen açylyp, içerik deşlek aznawur kürsäp girdi: Togrul beg bilen Altynjanyň arasynda garalla boldy:
– Saklan!
Altynjan aznawuryň üstüne gygyrdy:
– Aýryl alnymdan! Mertebämi depeledip ýaşajaklardan däl men!
Şaýürek ýüregi ýarylan ýaly bolup içeri girdi:
– Saklan, gyzym, saklan, öldürseň, meni öldür – diýip, ol hünübir¬ýan aglap ugrady. Altynjany gujaklady. Elinden hanjary aljak boldy.
Altynjanyň eli daş ýalydy. Hanjary almaga Şaýüregiň güýji ýetmedi:
– Akylyňa aýlan, Altynjan!
– Ganhorlar! Ýigrenjiler!
Togrul beg Altynjanyň haýkyrmasyna ýylgyrjaklady, sesini çykarman uzak wagtlap gelnini synlady, daýysy Peýkama hem Şaýürege daşary çykmagy öndedi. Şaýürek bilen Peýkam gorka-gorka daşary çykdy. Daşişikde Gyzbibi bilen Peýkertuwagam titreşip durdy.
Togrul beg hiç zat bolmadyk ýaly, gaty arkaýyndy:
– Talagyňy bererin!
– Ber talagymy! Seniň ýaly wagşy nekgende bilen ýaşaşa¬nymdan, ölenim müň paý gowudyr.
– Men ýene-de üç sany hatyn alaryn. Sen olaryň eline suw akydarsyň.
Altynjan döşüni gaýşardyp duran Togrula gözlerini höwlendirip seretdi: ol näme üçin Altynjanyň gaharyny getirýär? Näme üçin onuň degnasyna degýär?
– Akytmaryn! Seniň bilen ýeke günem ýaşamaryn!
– Ýaşarsyň. Men seniň mahýaňy töledim.
– Beren zatlaryňy ertir iki esse edip yzyna alarsyň. Mahýaň çüýresin seniň.
– Beren zatlarymy dokuz esse edip yzyna gaýtarmaly bolar¬syňyz.
– Dokuz esse awynyň sapyny alarsyň.
– Sen meniň gyrnagymsyň.
– Mertebämiň kemsidilýän ýerinde ýaşanymdan – gyrnak bolanymdan ölenim gowudyr.
– Seni aýada saklamalymy?
– Ýok, ýürekde!
– Baý-bo, göwnüň degirmeniň 7 ýedi gatyndanam ýokarda-how seniň. Sen ýürekde bolsaň, erkekde näme galýar? Erkek – kelle ýüregiň – seniň emriňi ýerine ýetirmelimi? Seniň islegiň äriňe hemra bolmak däl-de, hökümdar bolmak! Erkini beren erkekden erkek bolmaz.
– Siz özüňize başga hatyn gözläň. Gyrnak boljak hatyn gözläň.
– Sen maňa ikinji hatyn almagymy ündeýärsiňmi? – diýip, Tog¬rul beg kinaýatly ýylgyrdy. – Daşarda näme üçin urandygymy bilýärsiňmi? Bilmeýän bolsaň, bilip goý, ol gamçylary dogan-garyndaşlarym Zamahşara gudaçylyga baranda olara her hili hokgalary görkezeniň üçin urdum! Düşnüklimi, gyrnak?
Altynjan Togrulyň ýylgyrjaklamasyna teý akyl ýetirip bilmedi. «Ol näme üçin meni gürletjek bolýar?! Ol näme üçin meniň degnama degýär, näme üçin gaharymy getirýär?»
Altynjan Togrulyň nähilidir bir piriminiň bardygyny çaklady.
Togrul beg oduň ýagtysyna Altynjany synlady:
– Adam gahary gelende doly açylýar, ýüregindäkini, hakykaty doly aýdýar. Sen häzir gaharyňa ýüregiňi açdyň. Men hakdaky ýaramaz pikiriňi entegem aňyňdan aýyrmansyň-a sen?! Men saňa ilki duşanymda – Zamahşar sährasynda näme diýdim? Saňa ýene gaýtalap aýdýaryn: men hakdaky ýaramaz pikiriňi aňyňdan aýyr. Eger men seniň pikir edişiň ýaly ganhor, ýaramaz adam bolan bolsam, onda daşardaky adamlar maňa sygynyp şu ýere gelmezdiler. Adamlaryň goýýan hormatyndan meniň nähili adamdygymy anyklajak bol! Iberen hedýe-engamlarymdan, şu günki tutýan toýumdan meniň seni näderejede hatyralaýandygymy aňmadyňmy? – Togrul beg Altynjanyň saçyndan penjeläp tutdy: – Seniň bir talabyň bar bolsa, meniň bäş sany talabym bar, şolary hergiz unutmagyn! Birinji: hiç wagt edenime däl diýme! Ikinji: hiç wagt akyl beriji bolma! Üçünji: hiç wagt bir aýdanymy ikinji gezek gaýtalatma! Dördünji: … Bäşinji: hiç wagt hiç zat sorama. Şu bäş talabymy bozsaň, günäňi geçmerin, şol dem öldürerin. Düşündiňmi?
Togrul begiň bu sözleri Altynjana güýçli täsir etdi. Özüni oňaýsyz duýdy. «Näme üçin gaharyňy getirip azmaýyş etmek äp-däbi hakda maňa öňünden aýtmadylar?!»
Gahar adamyň kalbynyň jümmüşinde ýatan duýgulary ýüze çykarýar. Parahat halatda ol aňsat-aňsat ýokary galmaýar.
Türkmende «Gahar – kapyr» diýilýäni ýöne ýere däl. Adam gaharlanan çagty, çuňlukda ýatan ýaramaz duýgular ýokary galýar, özüne erk edip bilmeýän adam olaryň diýenine gidip, etmejek hereketlerini edýär, aýtmajak sözlerini aýdýar. Şonuň üçinem bilgeşleýinden gaharyňy getirip synaga salmak iň ygtybarly, mydama hakykaty doly ýüze çykarýan usul hasap¬lanypdyr. Gaharyna erk edip bilýän adam erkli adam – erkek adam hasaplapdyrlar.
Adam akyly bilen däl, duýgusy bilen ýaşaýar, diýmek, onuň, sebäp dörände, gaharlanmagy tebigy zat. Wezipe gahar gelende, kalbyň çuňlugyndan ýokaryk – dile hemem hereketlere geljek ýaramaz duýgulardan halas bolmak. Gahary getirip synama dessury şony maksat edinýär. Aňyrda – çuňlukda nälaýyk, nä­dogry, gelşiksiz, ýaramaz netijelere getirjek duýgular, pikirler ýok bolanyndan soň, gaharyň zyýany diňe gök gümmürdisiniň zyýany bilen deň bolup galýar.
Togrul beg adamlary tanamagy, adamlaryň erkini öz eline almagy başarýardy. Patyşa hökmürowanlygy adamlardan ýokary galmak üçin iň zerur zat. Olardan ýokary galman, olaryň depesinden seretmän, patyşa bolup bilmersiň. Ýokary galmasaň, nämäniň-nämedigini, kimiň-kimdigini görüp bilmersiň. Onda sen köpüň biri bolarsyň. Köpüň birinden patyşa çykmaz. Patyşalyk – beýiklikdir, saýlantgylykdyr. Bu – men-menlik däl, bu patyşalyk etmegiň gürrüňsiz hem kanuny şertidir. Togrul bege-de ýassykdaşynyň kimdigini doly bilmek juda zerurdy. Wah, ol ýassykdaşyna beýle ýowuz daramak – azmaýyş salmak islänokdy, ýöne Tümen beg bilen baglanyşykly wakalar, özüne berlen her hili maglumatlar şu azmaýşy geçirmäge ony mejbur edipdi. Ol öz aslyna sapak bermegi başarmasa, özgeleri nädip öz erkine boýun edip bilsin?
Togrul beg maksadyna ýetipdi: Altynjan babatda bilmek islän zadyny bilipdi. Ol ýanýoldaşy, hemrasy boljak gyzyň hereketlerine, gaharlanmasyna buýsandy. Onuň päkligi, batyrlygy, okgunlylygy begi biçak begendirdi. Indi nähak göwnüne deglen – bilgeşleýin gaharlandyrylan Altynjany köşeşdirmelidi.
Häzir Altynjana ýakynlaşyp boljak däldi. Ol ýaraly ýolbarsdy. Gaharyna nämedir bir soňundan düzedip bolmajak ýowuzlyk edäýmegi mümkindi. Şonuň üçin onuň biraz köşeşmegi üçin oňa puryja bermelidi. Goý, oýlansyn. Togrul begiň özüne ýamanlygynyň ýokdugyna düşünsin.
Togrul beg egnindäki eşiklerini howlukman çykardy. Oduň başyna baryp, elini oda çoýdy. Soňam sypanyň üstüne özüni taşlady.
Altynjan oduň ýagtysyna mesaňa görünýän ýalaňaç Togrula ýeke gezek seretdi, soň eger-eger seretmedi. Ýalaňaçka Togrul bütinleý başga adamdy.
Sypanyň üstünde serlip ýatan Togrul ýuwaşja pyşyrdady.
– Eşikleriňi çykaryp, meniň çep tarapymdan gel. Gorkma, men seniň pikir edişiň ýaly murdumhor däl.
Altynjan Togrul begiň bu sözüne boýun sunmady, oturan ýerinden gozganmady, beg hem ony howlukdyrmady.
Wagt geçip durdy. Altynjan uzak oturdy.
– Eşikleriňi çykar!
– Ýok! Ýok!
Togrul elinden çekdi, Altynjan garşylyk görkezdi.
Göräýmäge, sypanyň üsti giň ýalydy, ýöne giň däl eken, olar basalaşyp, sypanyň kä bu gyrasyna, kä-de o gyrasyna çykdylar.
Altynjanyň eşikleri berk atlazdandy, ýüpekdendi, şeýle-de bolsa, olar bölek-bölek bolup, her bölegi gerdegiň bir ýerine düşdi. Onuň eşikleriniň bir bölegi-hä hakyt ojakdaky oduň üstüne düşdi, içerini ysa dolduryp ýandy.
Togrul beg arlady, hakyt ýolbars bolup arlady.
Gerdegiň içi alagaraňkydy. Ojakda ýanýan ot pessaýdy. Şeýle bolansoň, olaryň bedenleri lowurdap görünýärdi.
Wagt diýseň çalt geçýärdi. Çünki gowy pursatlar hümmetsiz bol¬ýar.
Bu mahal Togrul beg ýaşlyk hyjuwyna dolanyp gelipdi, ja¬mug 8 hyrujy öwç alypdy: köňli küşatdy, göçgünlidi, endam-janyndan bug göterilýärdi, ýadamaýardy, ýadajaga-da meň¬zemeýärdi.
Altynjan ýolbars penjesine düşen jeren deýin, ikiýana urunýardy, waweýla eýleýärdi. Özem onuň waweýlasy kem-kemden köpelýärdi, kem-kemden batlanýardy.
Waweýlalar gerdegiň içini doldurdy. Soňy bilen bu ses daşarda-da ýaňlanyp, batlanyp ugrady. Togrul beg Altynjanyň waweýla eýlemezligi üçin onuň agzyny eli bilen ýapdy.
Ah-ohlar, waýlar töweregi gaplap aldy.
Altynjanyň gygyrmasyna Togrul begiň gahary gelýärdi, onuň agzyny berkden-berk ýapýardy, ýöne sesler birjik-de ýatmaýardy, kemelmeýärdi.
Beg birden haýykdy: sesleriň Altynjandan däl-de, daşardan eşidilýändigine düşündi, towsup sypadan düşdi-de, daşara diň saldy.
Ahyr kadaly dem alan Altynjan titir-titir etdi, demini dürsemäge çalyşdy.
Daşardan:
– Ýagy döküldi!.. – diýen ses eşidildi.
Nämäniň-nämedigine akyl ýetiren Togrul beg howul-hara geýinmäge durdy.
Gaýra tarapdan iki sany ujy otly ok şuwlap geldi.
Sähel salymdan hem gerdegiň gaýra tarapy gyzyl ýalyn bolup ýanmaga başlady.
– Ýagy!.. – diýip, Altynjan elewredi.
– Men barkam hiç zatdan gorkmagyn – diýip, Togrul beg bir bökende Altynjanyň ýanyna geldi, onuň iki egninden tutup, pert-pert aýtdy. – Özümi goramagy başarmasam hem seni goraryn. Düşnüklimi?
– Düşnükli! – Altynjan geýere eşik tapman elewredi:
– Ýesir düşenimden-ä ölenim gowudyr, öldüriň meni!
– Sen-ä gorkak ekeniň!
Bu söze Altynjanyň girre gahary geldi. Ol ýalaňaçdygyny unudyp, laňňa ýerinden galdy.
– Ýok, men gorky diýen zady bilmeýärin, ýöne men ýesir düş¬mek islemeýärin. «Mertebämiň kemsidilýän ýerinde ýaşanymdan – gyrnak bolanymdan ölenimi gowy görýärin» diýdim-ä.
Togrul beg:
– Meniň eşiklerimden geý! – diýip, oňa ýabaly agaçdan bogma bilen köýnek äberdi.
Altynjan erkek eşigini birinji gezek geýenog-a! Erkek ki¬şileriň eşigini geýmek aňsat. Onsoňam lezzetli.
Erkek kişiniň eşiginde bolmak – azat bolmak!
Erkek kişiniň eşigini geýip ýaşamak – dünýäde zowalsyz ýaşamak! Mert ýaşamak!
Ilkinji nika gijesi Altynjan çagalygyndan bäri ýüreginde besläp ýören küýsegine ýetdi: erkek kişiniň eşigini geýmäge izin aldy!
– Meniň üstüme çozmaga, rahatlygymy, toýumy bozmaga het eden kimkä?! – diýip, Togrul beg ýataganyny eline aldy.
– Jendiň emirinden başga hiç kim däldir!
– Şamälik Jendilimi? Jendiliniň jendini 9 ýakaryn men!
Daşardan her hili sesler eşidilýärdi:
– Çozdular!
– Öldürýärler!
– Turuň, ýagy döküldi!
Ahy-pygan, ýataganlaryň sesleri artyp ugrady.
– Hany, meniň asfury hanjarym?
Altynjan hanjary ätiýaçdan posdegiň aşagynda goýupdy, ony goýan ýerinden tapdy, ýöne bege bermäge ýetişmedi.
– Başyňa peş geý, meniň donumy-da geý! – Togrul beg ýataganyny alyp çykyp gitdi.
Iş işden geçipdi. Serhoş bolup uka giden esgerleri Şamä­ligiň gulamlary wagşylyk bilen paýhynlap ýördi.
Togrul beg gazap bilen gygyrdy:
– Oýanyň, byradarlar! Oýanyň! Şamälik üstümize çozdy. Şa¬mäligiň adamlaryny paýhynlaň! Gyryň! Biz köplük! Biz ýeňeris!
Gerdegiň ýalny barha ulalýardy.
Altynjan haýsy zadyny alyp, haýsy zadyny galdyrjagyny bilenokdy. Eýýäm bu ýerde durmak howpludy. Dymyljyk tüsseden ýaňa dem alar ýaly däldi.
Togrul beg Şamäligiň gulamlarynyň iki-üçüsini ýataganyn¬dan geçirdi, ýöne onuň bilen gulamlar azalar ýaly däldi. Biriniň ýerine bäş-altysy gelýärdi. Gelýänleriň ählisiniň ümzügi hem gerdege tarapdy.
Altynjan bir eli ýataganly, bir eli asfury hanjarly towsup daşaryk çykdy.
Togrul begiň garşysynda dört gulam peýda boldy. Olar gaty okgunlydylar. Ýeňiş gazanjakdyklary görnüp durdy. Sebäbi seljuk ýigitleri serhoşlukdan hem ukudan henizem oňly açylyp bilenokdylar. Şamäligiň gulamlary hem şu ýagdaýdan peýdalanyp, aldygyna paýhynlyk edýärdiler.
– Byradarlar, üstümize ýagy döküldi. Goranyň!
– Seljuklylar, turuň! Üstümize Şamälik çozdy. Öldüriň olary!
– Turuň!
– Byradarlar, oýanyň!
– Barat Alçagy öldürdiler, Barat Alçagy öldürdiler! Sibir begi öldürdiler! – diýip, kimdir biri waweýla eýleýärdi.
– Sesini kesiň! Sesini kesiň! – diýip, Togrul beg dowulça bakan ylgady.
Dowulçy biçak gorkupdy, höre-köşe bilen ony köşeşdirip boljak däldi. Şonuň üçin ony sem etmegiň ygtybarly ýoluny tapdylar, sem etdiler.
Altynjan bu pursat boş durmaly däldigini bilýärdi, ýöne ol Togrul begiň Şamäligiň gulamlaryny paýhynlaýşyny görüp, aňkaryldy galdy. Aňkarylmazça däldi. Togrul begiň göwresi garşydaşlarynyňkydan görnetin uludy. Ýatagan işledişi-de görnetin tapawutlydy. Keseden seredeniňde Togrul begiň üstüne topulýanlar emelsiz, özem ýumruk ýalak oglanlardy. Togrul beg olary gypynç etmesizden, özüne aşa bir agram salmasyzdan keýpine paýhynlap duran ýalydy. Özem onuň ýatagan işledişine seretdigiňçe seredesiň gelýärdi. Beýle ussat darkaşy Altynjan hakykatdan hem öň görmändi.
Häzirki görnüş boýunça Togrul beg möjekdi, jentlilerem tilkilerdi. Arman, tilkiler köplükdi. Durmuşda, gör, nämeler bolanok! Ýolbarslary garynjalar ýeňýärler, öldürýärler ahyryn! Jentlileriň yzy üzülenokdy, Togrul beg öldürip ýetişse, olaram ölmäge gelip ýetişýärdiler.
Hana, bir gulam Togrul begiň arka tarapyndan barmakçy bol¬ýar. Togrul beg ýeňseden gelýän gulamy ýa görenok, ýa onuň özüne ýakyn gelerine garaşýar.
Altynjan ýüregi ýarylan ýaly bolup, ýatagandyr hanjary bi¬len gulama bakan ylgady, sekiz-on ädim aralykdan gulamy ny¬şanlap, hanjaryny bat bilen atdy.
Togrul beg nämäniň-nämedigine düşünmedi.
– Näme etdiň ony? Men onuň ýakynyma gelerine garaşyp durun-a.
– Gören dälsiň öýtdüm.
– Allatagala maňa dört göz beripdir: ýeňsämde-de iki gözüm bar meniň!
Togrul beg Şamäligiň gulamlarynyň edip ýören gyrgynçylygyny hyrçyny dişläp synlady. Soňam ahmyrly pyşyrdady:
– Altyndaş dogmasy bižlik etdi!..
Altynjan Togrul begiň özüni erkin duýmasyny, şeýle galagoply pursatda mesawy gürlemesini geň gördi. Juda geň gördi.
Togrul beg sowukganlydy: Şamälik çozmadyk ýalydy. On¬da, keýeden seredeniňde, häzir içki nägilelik-de onçakly ýokdy. «Altyndaş dogmasy bižlik etdi!» diýlen sözde Altynjan hiç hili galagop-gondalaw duýmady, hut häzirki darkaş imisalalyk bilen gutaraýjak ýalydy. Üstüne topulýan gulamlary öldüren¬de hem zähreteleklik, irniklik duýulmaýardy.
Togrul begiň bu sowukganlylygy Altynjanyň akylyna hiç syganokdy.
Beg bilen güýji deň geljek ýagy ýokdy. Barybir, Altynjan howatyrlanýardy.
Ol bege buýsandy.
Hana, ýene iki pählewan bar. Olar hem edil Togrul beg deýin söweşýär. Olaryň birine Ybraýym, ikinjisine Nasyr diýýärler.
Ybraýym beg üç-dört sany haşymy bilen Togrul begi penalaýar, Nasyr dünýäni unudyp, jentlileri öldürýär.
Çagry beg göründi, ol Togrul begiň ýanyna bardy:
– Togrul, biz ät galdyk, bu ýerden gideli.
Ybraýym söweşip ýörşüne öz adamlaryna görkezmeler ber¬ýärdi. Çagalary, aýallary alyp guma çekilmeli adamlary howluk¬dyrýardy.
Adamyň ömründe ýeke gezek gaýtalanýan arzyly, mukaddes pursatlary bolýar. Adam arzyly, mukaddes pursatlaryndan lezzet alýar. Altynjan bu güne – durmuş toýuna, gör, nähili yhlasly garaşypdy. Indi, görüp otursa, ol bagtynyň ýatmasyna garaşan eken. Altynjan Şamälik emir bilen tötänlikde duşuşan pursadyny onuň diýen sözlerini ýatlady. Altynjan emiriň haýbatyny boş haýbat hasaplapdy, Şamälik başky sözünde tapyldy: toý aşyna awy gatdy.
«Eý, Hudaý, bu gün meniň bagtym ýataýarmyka?» diýip, Altynjan Şamäligiň gulamlarynyň edýän gabahat işlerini hyrçyny dişläp synlady. Şeýle aýylganç gyrgynçylyk 10 hiç bir ýerde-de bolan däldir.
Her bir zadyň çykalgasy bolmaly. Çykalgasyz hiç bir zat bolmaly däl.
Alagaraňkyda adam adamy tananok. Bu alagaraňkylykdan näme üçin diňe Şamäligiň gulamlary peýdalanmaly?
Altynjan şu güne çenli ýalandan gylyçlaşypdy. Bu gije ol hakyky söweşe girdi. Şeýle garpyşyk gaty köpden bäri göwün telwasydy ahyryn onuň!
Ol hakykaty aýdypdy: onda hem edil Togrul begiňki deýin ölerin diýen gorky ýokdy, ölüm hakda pikir hem ýokdy. Onda diňe bir pikir bardy. Ol hem Şamäligiň adamlaryny gyrmakdy, ýeňmekdi! Şamäligi öldürmeli! Sebäbi ol Altynjanyň ilkinji mukaddes gijesini weýrana saldy.

* * *

Muhammet Togrul beg töweregine garanjaklady, galawut eýläp. Altynjany agtardy. Onuň adyny tutup gygyrmagy bolsa gelşiksiz gördi. Ol ýanyndaky Ybraýyma ýüzlendi.
– Eşider bolsaň, men ýüregimi ýitirdim.
– Näme?
– Men gelnimi ýitirdim. Ol ýaňyja-da şu ýerdedi.
– Ol ýitenok.
– Nirede ol?
– Han-ha, Şamäligiň gulamlaryny paýhynlap ýör ol. Yşan, men onuň söweşişini birpaýyz synladym welin, haýranlar galdym, edil bugdaý oran ýaly edip barýar ol. Öňünden duşman bolup çykar ýaly däl onuň...

Seljuklylaryň göçüşini Jendiň häkimi Şamälik öz hemişeki duşmançylygy üçin peýdalanmak isledi. Ol uly bir goşun alyp, Horezme geldi we daň bilen bularyň üstüni basdy (1034-nji ýyl). Seljuklylar gapyl galyp, agyr ýitgi çekdiler. Taryhy çeşmeler bu basgyda 7-8 müň seljuklynyň öldürilendigini, köp adamyň ýesir alnandygyny görkezýär.
Faruk Sümer, «Oguzlar – türkmenler».

Rukneddin Abu Talyp Togrul ibn Mykaýyl ibn Seljuk – batyr, sabyrly we jomart adamdy, Allanyň edenine kaýyldy, juma namazlaryny sypdyrmazdy, duşenbe we çarşenbe günleri oraza tutardy, göwni galkyberjek bolsa, ony özüniň ýagşy hulky bilen basardy. Ol al-wazary (Samarkandyň bir obasynda dokalýan) matasyndan eşik geýerdi, onuň üstünden ak örtük geýnerdi. Sogabyna seredende onuň günäleri miweli bag ýalydy. Ol adamlary jezalandyrmagy halamazdy, gan dökmezdi, haramdan datmazdy. Ol örän çydamly we çyn gepli adamdy, sadaka bermäge sahydy.
Al-Hüseýni, Zubdat at-tawaryh /Taryhyň gaýmagy/.

(Birinji kitabyň soňy).





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 62 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]