23:54
Altynjan hatyn / 1-nji kitaba düşündirişler -15
DÜŞÜNDIRIŞLER

Birinji hekaýat

1. Eprikogullary, (akhun, akgün, eftalit, afrigit, abdal) şalygy – Daşoguz topragynda 305 – 995-nji ýyllarda dowam eden şalyk. Köp taryhy kitaplarda bu şalyk «Afrigitogullary» diýip atlandyrylýar (F.Sümer). Reýhan Biruny özüniň «Eserul-Bakyýýe» atly eserinde bu nesilşalygyny Eprikogullary nesilşalygy diýip atlandyrýar we bu nesilşalygyň ýigrimi iki neberesiniň höküm sürendigini ýatlaýar. Afragit şalygy Samany şalygynyň tabynlygynda bolýar. Hunlar, gunlar – Oguz hanyň ogly Gün hanyň nebereleridir. Akhun – Günortaly hun diýmekdir.
2. Gawşfinj şäheri – «Horezmiň Jürjaniýa şäheri bilen arasynda ýigrimi farsah uzaklykda ýerleşýän bir şäher. Bu şäher meniň döwrümde abadan we gözel şäherleriň biridi. Men ony 1236-njy ýylda gördüm. Soňra bu ýurda mongol-tatarlar gelip girdiler. Soň bu şähere näme bolandygyny men bilmeýärin». Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi (Türkmen obalary).
3. Mamunlar – 995-nji ýylda Afrigit şalygyny ýykyp, öz şalygyny döredýärler. Olar şalygyň paýtagtyny Käs şäherinden Jürjaniýa (Köneürgenç) şäherine geçirýärler. Mamunlar şalygy 1017-nji ýyla çenli dowam edýär.
Samany döwleti iň soňky günlerini ýaşaýardy. Bu döwletiň ýerlerini üç emir öz aralarynda paýlaşdylar, ýöne olara Söbüktegin rahatlyk bermedi. Gaçyp Hazaraspa gelen Abu Aly Sim¬juryny Abu Aly Horezmşa ýesir aldy.
«Abu Aly Simjury ýesir alnanda onuň habary Gürgenjiň häkimi Abu Aly Mamuna baryp ýetdi we ol bu wakalar sebäpli gaty ynjalyksyzlanyp başlady. Ol esgerlerini jemledi we Horezmşanyň üstüne ýörişe gitdi. Käs şäherine ýetdi we ony gabap, şäheriň ilaty bilen söweşdi. Ony rehimsizlik bilen basyp alanyndan soňra, Abu Abdylla Horezmşany ýesir aldylar. Abu Alyny getirdip, onuň gandallaryny we tanaplaryny çözdüler hem-de ýanlaryna alyp, Gürgenje geldiler. Mamun Gürgenje gelende özüniň käbir ýaranlaryny bu ýere häkim belledi. Horezmşany getirdi we ony Abu Aly ibn Simjuryň öňünde öldürtdi». Ibn Esir. Kämil taryh. Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi. 1 jilt. A., 2005.
4. Käs şäheri – «Köneürgenjiň (Horezminiň) iň uly şäherleriniň biri. Ol Jeýhunyň gündogar kenarynda ýerleşýär. Köneürgenç bilen onuň arasy ýigrimi parsahdyr» «Mujem al-buldan» 4-nji jilt. 422 sah. Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi (Türkmen obalary).
5. Jürjaniýa – Köneürgenç.
6. Zamahşar – Horezmin etrabynda ýerleşen bir oba. Häzirki Görogly (öňki Tagta) etrabynda gumuň içinde ýerleşýär. Häzir ol gala harabalyk bolup ýatyr. Bu gala häzirki döwürde Yzmykşir ady bilen meşhurdyr. Yzmykşir öwlüýäsine adamlar sygynýarlar, zyýarata barýarlar.Görnükli türkmen ulamasy Mahmyt Zamahşary (1075 – 1144 ý.) hem şu obada doglandyr. Bu ulamanyň mazary häzirki döwürde Türkmenistanyň keramatly ýerleriniň – öwlüýäleriniň biri hasaplanýar. Görnükli syýahatçy ibn Batuta 773-nji ýylda özüniň meşhur «Geografiýa» atly kitabynda Köneürgençde bolan günleri hakda ýazypdyr. Ol özüniň kitabynda Zamahşar galasy Jürjaniýadan (Köneürgençden) 4 mil uzaklykda ýerleşýär diýip ýazypdyr. Öz döwründe Köneürgenjiň ýakynynda ikinji Zamahşar obasy bolsa bolandyr. Ýöne häzirki döwre çenli saklanyp galan Zamahşar (Yzmykşir) galasy Köneürgençden 150, Daşoguzdan bolsa 30 kilometr uzak¬lykda ýerleşýär. 2007-nji ýylyň maý aýynda bu galada dog¬lan Gündogaryň meşhur alymy Mahmyt Zamahşarynyň mawzoleýi bina edildi. Romanyň baş gahrymany – Beýik seljuk türkmenleri soltanlygyny döreden Togrul begiň hatyny Altynjan hatyn hem şu galada doglandyr.
7. «Arsahuşmisen – uly şäher. Horezminiň ýokary tarapynda Jürjaniýa şäherinden üç menzil daşlykda ýerleşýän şäherdir. Bu şäher özüniň möçberi boýunça Nasybyn şäherine deňdir, ýöne ilaty onuňkydan köpdür, ol ondan has owadandyr». Ýakut Hamawy. Ýurtlaryň sözlügi. (Türkmen obasy).
8. Gapydan – emiriň hyzmatyndaky hyzmatkärleriň ýolbaşçysy. «Kapitan» sözüniň sözköki «gapydan» sözündendir.
9. Kirwe (farsah, agaç) – 6 kilometre barabar uzaklyk ölçegi.
10. Nişalla – wermişele meňzeş görnüşi bolan konditer nygmaty.
11. Çakrym – 1,07 kilometre deň uzynlyk ölçegi.
12. Muhtasyp – şäheriň tertip-düzgünine gözegçilik edýän emeldar.
13. Oglan – atly esger. Oglanlar – ýolbaşçynyň janyny ynanýan iň ýakyn adamlary bolupdyrlar.
14. Mahmyt Gaznaly (970 – 1030 ý.) – 999-njy ýylda Gaznada tagta geçýär we kuwwatly soltanlyk döredýär. Horasany, Horezmini, Tabarystany özüne tabyn edýär. Mahmyt Gaznaly soltan adyny göteren ilkinji türkmen patyşasydyr. Söbükteginiň Nasyr, Mahmyt, Ysmaýyl, Ýusup, Hasan, Hüseýin atly alty ogly we Hara atly bir gyzy bolupdyr. «Soltan Mahmyt Gaznaly diňe bir kuwwatly hökümdar bolman, eýsem ol öz döwrüniň iňňän sowatly adamlarynyň hem biri bolupdyr. Ol arap we pars dillerini suwara bilipdir. Muňa onuň arap dilinde ýazýan şahyrlaryň bu hökümdary wasp edip ýazan goşgularyny petir bezän ýaly edip düzetmegi-de şaýatlyk edýär. Galyberse-de soltanyň arap dilinde şerigatyň pudaklaýyn meselelerini beýan edýän «At-takir fil-furug» atly kitap ýazandygyny meşhur türk alymy Ysmaýyl Paşa Bagdady tassyklaýar». («Hidýet al-arifin, 2-nji jilt, sah. 401. Stambul, 1955 ý.).
15. Altyndaş – Soltan Mahmyt Gaznalynyň gapydany hem hajyby. 1017-nji ýylda soltan Mahmyt Gaznaly öň Samany şalygyna garaşly bolan Mamun şalygyny – Horezmini basyp alandan soň, Ürgençde (Köneürgençde) öz gapydany Altyndaşy dikme goýýar.
16. Zirag – uzynlyk ölçegi bolup gelende 0,65 metre, göwrüm ölçegi bolup gelende 0,42 kub metre deň bolan ölçeg birligi.
17. Hara bin Söbüktegin – soltan Mahmydyň uýasy, ilki Aly bin Mamun Horezmşanyň hatynydy, Aly wepat edensoň, ol şol döwrüň dessury boýunça Alynyň dogany Abul Apbas Mamunyň aýaly bolupdyr.
18. Naýyp – orunbasar.
19. Işigagasy (gapydan) – köşkde, galada sakçylaryň başlygy.
20. Han – On müň goşunyň serkerdesine han diýilýär. Goşunda on sany esasynda goşun döredilýär: onbaşy, ýüzbaşy, müňbaşy. On müň goşuna tümen diýilýär. Her tümene bir han serkerdelik edýär.
21. Ykta – patyşalyk tarapyndan berilýän mülk. Ykta yslamda degişli ýerleriň diňe ýyllyk salgydynyň ýa-da girdejisiniň ondan biriniň haýsydyr bir hyzmaty üçin, bir kişä berilmegidir. Ykta hyzmat we iş bilen baglylygy üçin bu ýeriň hüşüri we salgydy hazyna tarapyndan dolandyrylýardy ýa-da başga birine berlip bilinýärdi. Ykta, esasan, goşun serkerdelerine berilýär. Yktadar söweş ýok wagty öz yktasynda bolýar, ol ýerde daýhançylyk bilen meşgullanýar. Patyşadan söweşe gitmelidigi baradaky habar gelende yktadar öz yktasynda ýaşaýan oba adamlaryndan goşun düzüp, patyşanyň salgy beren ýerine ugraýar. Uruşda öz adamlaryna serkerdelik edýär. Iktadar öz tabynlygyndaky esgerleriň iýip-içjek azygyny özi üpjün edýär. Döwlet tarapyndan iktadarlara hiç zat berilmeýär. Yktadan gelen adamlaryň uruşda yhlasly söweşmekleri üçin, alnan oljalar esgerleriň arasynda paýlaşylýar. Şeýle bolansoň, adamlar urşa örän höwesek gatnaşypdyrlar.
Öňden gelýän berk düzgün boýunça alnan oljalaryň bäşden biri şanyňky hasaplanýar. Bäşden ýene biri döwletiňki hasap edilýär. Oljanyň galan bäşden üç bölegini esgerler öz serkerdeleri bilen paýlaşýarlar.
22. Heýtele – Syrderýa bilen Amyderýanyň araly. VII asyrda araplaryň gelmegi bilen bu ülke Mawennahr – iki derýa aralygy diýlip atlandyrylýar.
23. «Oguznama» kitaby. Aşgabat, 2002 ý.
24. «Pentnama» kitaby – Söbükteginiň öz ogly Mahmyda eden wesýeti. Bu kitap orta asyrda iň ýörgünli kitap bolupdyr.
25. Pars sözüniň bars sözkökündendigi hakda görnükli alym Myrat Ajynyň «Ýewropa, týurki, Welikaýa step» (...každyý wtoroý ýewropeýes imeýet týurkskiýe korni!..), Moskwa, AST neşirýaty, 2004; «Týurki i mir: sokrowennaýa istoriýa (Týurki nesli miru weru w Boga nebesnogo...), Moskwa, AST neşirýaty, 2004. Alym miladydan öňki 558-nji ýylda Ahemeni şalygyny döreden Kiriň (kir – gadymy türkmen dilinde «başlangyç» diýen manyny berýär) bars taýpasyndan bolandygy, onuň adamlaryna barslar (parslar) diýlendigi hakda ýazýar. Kir öz ýurduny Barsiýa (Persiýa) atlandyrypdyr.
26. Umury istihbarat sahyby – döwlet howpsuzlyk (razwedka) gullugynyň ýolbaşçysy.
27. Şebistan – ýatakhana.
28. Nedim – maslahatçy, dost, patyşanyň, hanyň janyny ynanýan hemşeri.
29. Begzada terbiýesi – aristokratik terbiýe. Gadymy döwürde ata-babalarymyz köşkleriň ýanynda ýörite atabeglik mekdebini açypdyrlar. Ol mekdepde patyşanyň, şol sanda ýurduň emirleriniň, barjamly, abraýly adamlaryň çagalary okadylypdyr we terbiýelenipdir. Begzada terbiýesini alan ýigit özüniň asylly häsiýeti, sowatlylygy, söweş tilsimlerine ussatlygy bilen adaty ýigitlerden düýpgöter tapawutlanypdyr. Atabeglik mekdeplerinde birnäçe daşary ýurt dilleri hem öwredilipdir.
30. Fykh – şerigat hukuklary baradaky ylym.
31. Şemşer – ýarag ady, hanjar.
32. Wa daryg-a; wa hasrat-a; weýl-waý; weýla; wa weýleta – gynanç aňlatmalary, «ah, wah» ümlükleri.
33. Weledan – oglan.
34. Akgyz – keniz, hyzmatkär gyz. Keniz bolup hyzmat etjek gyzlar saýlanyp-seçilip alynýar. Keniz bolmak üçin ilkinji talap owadanlyk, medeniýetlilik, edeplilik. Şeýle hem kenizler hyzmatda wagtlary ak eşik geýipdirler. Türkmeniň «Akgyz ýoldaşyň bolsun!» diýen dilegi şalaryň köşklerindäki akgyzlar – kenizler bilen baglanyşykly döräpdir. Akgyz owadan, asylly, edepli bolmaly. Diýmek, türkmenler ýaş ýigide arzuw edenlerinde «Akgyz ýoldaşyň bolsun!» diýip, owadan, asylly, edepli gyzyň ýanýoldaş bolmagyny dileg edipdirler.
35. Baba – kaka. Gadymy döwürde kaka sözüne derek baba, orta asyrlardan başlap ata sözleri ulanylypdyr.
36. Çilten – kyrk adam.
37. Ýatagan, şeşper – ýarag atlary. Ýatagan – gylyç. Bu gylyç soňky türkmen gylyçlary ýaly egri däl-de, göni. Ýatagan sünçmek-sokmak üçin amatly bolupdyr. Şeşper – alty gyraňly gürzi, tokmak. Bulardan başga türkmenlerde ýaraglaryň naýza, kargy, süňi görnüşleri-de bolupdyr. Ermeni awtory Aristagues türkmenleriň-oguzlaryň at üstünde bürgüt deýin gidýändiklerini, baryş ugurlaryna ýaraglaryny şeýlebir ezberlik bilen işledýändiklerini haýran galma bilen ýazýar.
38. Berbed – Berbed Merwezi (VII asyr) görnükli türkmen kompozitory we sazandasy.
39. Umury emeniteti şähri – şäher howpsuzlyk işleri.
40. Oguz hanyň wesýeti boýunça ähli kişi kanunyň öňünde deň hasaplanýar. Kim-de-kim öz wezipesinden peýdalanyp günäkäre hemaýat etse, onda şol kişini-de jezalandyrmaly. «Oguznama».
43. Jansyz, jandar, çawuş – janpena, goragçy. Häzirki dö­würdäki halkara sözi bolan «žandarm» sözüniň sözköki jandar sözündendir.

Ikinji hekaýat

1. Afrasýaplylar – Garahan türkmenleri. Bu nesilşalygy Mawerannahrda 840 – 1212-nji ýyllar aralygynda dowam etdi. Afrasýap şäheri – Samarkant şäheriniň demirgazyk tarapynda ýerleşýär.
2. Şamälik – Jent şäheriniň emiri. Jent şäheri – häzirki Perowsk şäheri. Seljuklylaryň şäheri. Ýöne bu şäheri seljuklylardan Şamälik basyp alýar. Şamälik 1041-nji ýylda Köneürgenç şalygyny Altyndaşdan basyp alýar. Köneürgenç şasy Ysmaýyl Handin ibn Altyndaş gaçyp, Togrul begiň ýanyna barýar we ömrüni seljuk şalygynda geçirýär.
3. Rüstem Zal – Gündogaryň görnükli halk gahrymany. Rüstem Zalyň we Rudabanyň ogly Siýawuş ençe Gündogar halk rowaýatlarynyň we ertekileriniň söýgüli gahrymany. Soltan Mahmyt Gaznaly Firdöwsiniň «Şanama» eseriniň baş gahrymany hakda: «Rüstem Zal ýaly batyr, pälwan gahrymanlar meniň esgerlerimiň arasynda kän» diýende şahyr biçak gaharlanypdyr. «Beýle gahryman hiç ýerde ýokdur. Bu gahrymany diňe men döretdim» diýip, şahyr soltany nadanlykda, çeper esere düşünmezlikde aýyplapdyr. Aslynda, soltan ýüregini aýdypdyr: hakykatdan hem soltan Mahmyt Gaznalynyň goşunynda pälwan, batyr adamlar juda kän eken. Soltan ol pälwanlaryna guwanypdyr. Güýç synanyşmak, göreş tutmak boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirip durupdyr. Ussatlara mahsus bir kemçilik bar: olar eserlerine at daksaň halamaýarlar. Soltan Mahmyt Gaznalynyň sözleri bilen aýtsam, adamy öwseň, ol «Gör, men nähili gowy!» diýip guwanýar, eger «Seniň şeýle-şeýle kemçiligiň bar» diýseň, onda adam: «Gör, bu adam nähili ýaramaz!» diýip, seni ýigrenip ugraýar.
4. Oba, kent – biz obadyr kent sözüni manydaş sözler hasap¬laýarys. Aslynda, bu sözleriň arasynda belli bir derejede tapawut bar. Kent – daşyna daşdan diwar aýlanan obadyr. Daşyna palçykdan diwar aýlanýan berkitmelere bolsa gala diýilýär.
5. Horezm köli – Aral kölüniň orta asyrda atlandyrylyşy.
6. Lala – terbiýeçi, atabeg, atalyk.
7. Mirşikär – awçylaryň ýolbaşçysy.
8. Perrende bazary – guş bazary.
9. Şahyn – ak reňkli laçyn.
10. Kelete (kelate) etmek – harap, weýran etmek.
11. Mertebe – bagt manysynda.
12. Tarih-i-Beýhaki. Abu-i-Fazlýa Beýhaki. Çagry begiň, Tog¬rul begiň, Musa begiň her birine bir etrap – Şaruhan, Rabat Maşe, Gauhor etraplarynyň berlendigi hakda (1033 – 1034 ý.) Fahr Razi hem ýazypdyr.
13. Akyn – gadymy türkmen çapawulçylygynyň atlandyrylyşy.
14. Muhammar – şerap içip mes bolan.

Üçünji hеkaýat

1. Çiltеn – 1. Kуrk tеn, kуrk adаm; 2. Sоpularyň kуrk adаmdan уbarat “nujаba” ýа-da “аbdal” diýilýän wе keramatly hasaрlanýan tоpary.

1. Dаmulla – mugаllym.
2. Нindistana ilki boluр yslаm dinini eltеn soltаn Мahmyt Gaznаlydyr. Рäkistan 1947-nji ýуlda özbаşdak уslam döwlеti bоldy.

Bäşinji hekaýat

1. Elite hüllepüş – elite – saýlanan, iň gowy; hüllepüş – owadan geýim.
2. Zünnar – guşak; otparaz ruhanylarynyň guşagy.
3. Haluf ýüpegi – Haluf şäherinde dokalan ýüpek mata.
4. Dilbent (dülbendi) – boýna, başa daňylýan insizräk mata.
5. Halhal – aýal-gyzlaryň bezeg üçin aýaklaryna dakýan, kümüşden edilen, nagyşly ýasy halka. Bu bezeg Horasana, türkmenlere araplardan gelipdir.
6. Boriýa – ýekenden dokalan düşek.
7. Soltan Mahmyt Gaznaly 1027-nji ýylda urdu dilini döred¬ýär. Soltanyň goşunynda köp halkyň wekilleri söweşipdirler. Şonuň üçin hem soltan Mahmyt bu dili döretmek bilen esger¬leriň arasyndaky dil kynçylyklaryny, düşünişmezliklerini çözmegi maksat edinipdir. Urdu dili häzirki döwürde Päkistanyň döwlet dilidir.

Altynjy hekaýat

1. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
2. Nass – yslam hukugynda Gurhan bilen hadysa aýdylýar.
3. Dor bedew – kynyklara dör bedew münmegi Oguz han wesýet edipdi. Ýigrimi dört agtyga wesýet edilen atlaryň reňkiniň sany dokuzdyr. Mysal üçin, Gaýa, Baýada, Alaöýlä, Garaöýlä gara reňkdäki at; Owşara – ak reňkdäki at; Igdire, Begdüze, Ýiwä we Kynyga dor at miras berilýär. Oguz hanyň bu harby sargydy XIII asyrda Jelaleddin Meňburny döwründe-de bar eken. Elbetde, bu hakda göni gürrüň edilmese-de, muny Jelaleddiniň kätibi, Muhammet Nesewiniň «Jelaleddin Meňburnynyň ömür beýany» atly kitabyndaky şu setirlerden: «Bellenilen gün soltan goşunyny söweş nyzamyna düzdi. Goşunyň merkezi diňe gara atly, gara geýnen ýigitlerdendi, sag ganat dagyň sili ýaly uçganak¬lap duran ak atly, ak geýnen nökerlerdendi, çep ganaty bolsa mele atly, mele geýnen nökerlerden ybaratdy» (254 sah.) hem aňmak bolýar. Elbetde, bu aýratyn gürrüň, özem uly gürrüň.

Ýedinji hekaýat

1. Tebük – häzirki futbol oýnuna meňzeş oýun.
2. Güý – çöwgen hem tebük oýunlarynyň topy.
3. Alty tarap – gadymy döwürdäki durnukly söz düzümi. Ata-babalarymyz yslamdan öý «dört tarap» diýmän, «alty tarap» diýipdirler. Olar bäşinji we altynjy tarap diýip Ýeri we Asmany göz öňünde tutupdyrlar.
Sekizinji hekaýat

1. Ferraş – içerini syryp-süpürýän hyzmatkär.
2. Pereç – ýelbegeý almak üçin tikilýän ýeňi kelte don.
3. Bilal – Ilkinji hebeşi azançy.
4. Ýabgu – patyşanyň wezipesini ýerine ýetiriji. Bu wezipe paty¬şalyk, şalyk berkarar edilýänçä wagtlaýyn berilýän at. (L.Gumilýow).
5. Mahýa (maähr) – galyň.
6. Tapbala – depçi zenan.
7. Seljugyň hatynynyň grek gyzy bolandygy, şeýle hem olaryň nesepleriniň nestorianlygy barada iki pikir bar: bir topar bu pikiri öňlaýar, beýleki topar bu pikire garşy çykýar. (Rene Grosse. Sähraýylaryň imperatorlygy. Türkmen diline terjime edilen nusgasy).
8. Taýlesan – boýna atylýan ýaglyk. Bu ýaglyk köplenç namazlyk üçin göterilýär. Zenanlar bu ýaglygy päklik, halallyk manysynda atynýarlar.
9. Atyllanyň gününe salmak – neberesi öldürilenden soň, bir görmegeý gyz aryny almak maksady bilen Atylla özüni bagyş edýär we gije uklap ýatan Atyllany pyçaklap öldürýär.

Dokuzynjy hekaýat

1. Bu gysgaça maglumat ibn Esiriň «Kämil taryh» atly kitabynyň birinji jildinden alyndy.
2. Samanogullary – bu nesilşalyk 892 – 999-njy ýyllar aralygynda Merkezi Aziýada hökümdarlyk edýär. Bu döwletiň esasynda Mahmyt Gaznaly öz şalygyny döredýär.
3. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
4. Ýaňykent – 1964-nji ýylda belli bir alymlar topary tarapyndan Altyndepe diýlip atlandyryldy. Ýaňykent Beýik Oguz döwletiniň paýtagtydyr. Syrderýanyň boýundaky Ýaňykent – Abywertde suwuň kesilmegi sebäpli, Heýtelä göçen we ol ýerlerini mesgen tutunan oguzlaryň paýtagtynyň ikinji döreýşidir. Taryhdan belli bolşy ýaly, oguzlar nirä göç etseler, baran ýerlerine öňki ýaşan ýerleriniň atlaryny dakypdyrlar.
5. «Nasr Ilig han 1013-nji ýylda aradan çykdy, onuň ýerine gardaşy Mansur geçdi. Ol Arslan Ilig unwanyny aldy, kuwwatly hökümdar boldy. Ýöne 1021-nji ýylda hanedana degişli Alytegin Buharaga häkim bolanda özbaşdak hereketlere we öz ülkesini giňeltmäge başlady. Bu wagtlar Seljugyň ogly Arslan ýabgunyň öz ili bilen Jentden aşak inip, Buharadan 20 farsah (118 kilometr) demirgazykdaky Nur etrabynda ýerleşendigini bilýäris». Faruk Sumer. Oguzlar – türkmenler.
6. Garahanly nesilşalygy – 382 – 607-nji hijri; 992 – 1211 milady ýyllary aralygynda Heýtelede höküm sürýär. Garahanly türkmenleri – garlyk türkmenleridir, olar X asyryň ortalarynda Merkezi Aziýada ilkinji bolup yslamy kabul edýärler. «Gara» sözi «güýçli, köp» manysyndadyr. Ilek han samany şalygynyň paýtagty bolan Buhara şäherini basyp aldy we ol ýerde öňki şalygyň neberelerini ýok etdi. Samanogullary şalygynyň tagtynda oturyp, başyna täç geýdi. Bu waka 999-njy ýylda boldy. Ilek hanyň täç geýmegi samanogullary şalygynyň ýaşamasyny bes edendigini alamatlandyrdy.
7. Seljuk ibn Dükakyň bäş oglunyň atlary: Ysraýyl, Mykaýyl, Musa, Ýunus, Ahmet. Bu hakda Kerimeddin Mahmyt Aksaraýlynyň «Musameretul ahbar» (Habarlaryň mejlisi) atly kitabynda aýdylýar. Käbir taryhy çeşmelerde Seljuk begiň dört oglunyň bolandygy aýdyl¬ýar. Faruk Sümer bu barada şeýle ýaz-ýar: «Seljugyň dört ogly bardy. Onuň oglunyň bäş bolmagy hem mümkin. Zahiri Nişapuryň sözlerine görä şeýledir. Bäş oglunyň atlary: Ysraýyl, Mykaýyl, Musa, Ýusup we Ýunus».
8. Ýurduny täzeledi – Taryhçylar Seljuk ibn Dükakaň ýüz ýedi ýaşda aradan çykandygyny nygtasalar-da, onuň aradan çykan ýylyny dürlüçe görkezýärler. Bir taryhçy Seljuk begiň aradan çykan ýylyny 1007-nji ýyl diýip görkezse, başga bir taryhçy ony 1011-nji ýyl diýip, ýene bir taryhçy 1013-nji ýyly görkezýär.
9. Faruk Sümer. Oguzlar – türkmenler (taryhlary, tire-taýpa düzümleri, dessanlary) Aşgabat. 1999. Ibn Esir. Kämil taryh, 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
10. Ibn Esir. Kämil taryh. TMMMM. 1-nji jilt. A., 2005.
11. Oguz hanyň pendi – edilen etmişe hökman jeza bermelidigi, eger wezipeli beglerden, serkerdelerden haýsydyr biri etmiş edene howandar çyksa we ony jezadan alyp galmakçy bolsa, onda şol begi-de, serkerdäni-de patyşanyň ony nähili gowy görýändigine, hormatlaýandygyna seretmezden jezalandyrmaly. Kanun ähli kişi üçin deň bolmaly.
12. Musahhar (teshyr, petih) kylmak – eýelemek, boýun egdirmek, basyp almak.
13. Jibal – daglyk ýer diýmekdir. Jibal ülkesi – Yspyhan, Zenjan, Kazwin, Hemedan, Dinawar, Harmysyn, Reý ýaly şäherleri öz üçine alýan uly daglyk ülkedir.
14. Büweýh, Kaku, Rawwat, Şaddat, Bawan, Musafir, Zi¬ýar şalyklary – Günbatarda hökümdarlyk süren uly bolmadyk şalyklar.
Büweýh şalygy – Eýranda we Yrakda 320 – 454-nji hijri, 932 – 1062-nji milady ýyllar aralygynda hökümdarlyk edýär. Bu şalygy Togrul beg syndyrýar.
Kaku şalygy – 1008 – 1051-nji milady ýyllary aralygynda Merkezi we Günbatar Eýranda hökümdarlyk edýär. Bu şalygy deýlemli Duşmanziýar esaslandyrýar. Şalygy Togrul beg syndyrýar.
Rawwat şalygy – X asyryň başyndan başlap, 1071-nji ýyla çenli Azerbaýjanda hökümdarlyk eden şalyk. Şalygy Alparslan syndyrýar.
Şeddat şalygy – hijriniň 370 – 571-nji, miladynyň 951 – 1174-nji ýyllary aralygynda Arranda (Garabag), Gündogar Ermenistanda hökümdarlyk eden şalyk.
Bawan şalygy – Hazar deňziniň kenarynda Tabarystanda hökümdarlyk edipdir. Hökümdarlyk eden ýyllary 665 – 1349-nji ýyllar.
Musafir (salarlar) şalygy – Deýlemde we Azerbaýjanda 916 – 1090-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk eden şalyk.
Ziýar şalygy – 927 – 1090-njy ýyllar aralygynda Tabarystanda we Gürgende hökümdarlyk eden şalyk.
15. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
16. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
17. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
18. Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly. Musameretul ahbar (Habar¬laryň mejlisi).
19. Kerimeddin Mahmyt Aksaraýly. Musameretul ahbar (Habar¬laryň mejlisi).
20. Kunýe – familiýasy, nesebiň aýdylyşy. Ibn, bin – ogly diýmekdir. Abu – kakasy; umm – ejesi; bin, ibn – ogly; bint – gyzy diýmegi aňladýar.
21. Diýe (diýet) – öldürilen adamyň huny üçin tölenýän pul.
22. Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
23. «Dört ýüz ýigriminji hijri ýylynyň (1029-njy ýyly) aşyr aýynyň birinji güni, söweşe ugraljak güni daňdan şazada Al¬parslan dünýä inipdi. Şonda onuň dogluşyny mübärekläp, onuň täleýini gowulyga ýorupdylar». Ibn Esir. Kämil taryh. 1-nji jilt. TMMMM. A., 2005.
24. Wežde-çillä oturmak – wežde – ruhy taýdan göçgünli-öwçli ýagdaý. Çillä oturmak – derwüşdir sopularyň 40 günläp ýekelikde iýip-içip, Gurhany okap, ybadat etmegi.
25. Jyza – naýza.
26. Askudar – çapar.

Onunjy hekaýat
1. Alty aýda bir, bir aýda alty garyş – gadymdan gelýän bu pähim bugdaý hakda. Hakykatdan hem ýylyň ahyryna ekilýän bu ekin alty aýda bir garyş ösýär. Togsan dolup, ýere ýylyň girmegi, ýazyň gelmegi bilen bugdaý bir aýda alty garyşlyk boý alýar, onsoň hasyla durýar.

On birinji hekaýat
1. Nyşan – gelinlik bellenen gyz.
2. Kedisi mawlamak (frazeologiki jümle) – (kedi – pişik) ärsiremek.

On ikinji hekaýat

1. Bikir – durmuşa çykmadyk päk gyz.
2. Tuwak – gelniň başyna atylyp, ýüzi ýapylýan seçekli örtük, nykap.
3. Arguwany ýakut – goýy gyrmyzy reňkli gymmatbaha daş.
4. Mil – 1852 metre deň bolan uzynlyk ölçegi.

On üçünji hekaýat
1. Gerdek – çatynjalar öýi.
2. Maşşate – durmuşa çykýan gyzy geýindirýän-bezeýän hünärmen aýal.
3. Nisar – gelniň üstüne gymmatbaha altyn-kümüş hem-de gül seçmek dessury.

On dördünji hekaýat

1. Gypjak çöli – Aral deňzi bilen Gara deňziň aralygy.
2. Posdek – düşek, ojakbaşy.
3. Tübbet (Tibet) müşki – Tübbet (Tibet) dördünji yklymda Hindistan bilen serhetleşýän bir ýurtdur. Bu ýurduň müşki hytaý müşkünden has ýakymly hasaplanýar. Bu müşk gymmat bahalanypdyr. Ony satyn almaga – peýdalanmaga diňe patyşalaryň gurbaty çatypdyr. Müşk jerenleriň göbeginden iki hili ýagdaýda alynýar: bir-ä awçylar jerenleri tor gurup tutup, olaryň göbek¬lerini dilip, müşk suwuk¬lygyny alýarlar; ikinji ýagdaýda jerenler bişen müşklerini gaýalaryň ýiti daşlaryna süýkäp aýyrýarlar. Jerenleriň süýkenip daşlarda goýup giden, guran müşkleri iň ýokary hilli müşk hasaplanýar. Beýle müşkler iň gymmatbaha müşklerdir.
4. Gumguma – çüýşe.
5. Rakiýa – üzümden ýasalan arak. Boza – darydan ýasalan güýçli, serhoş ediji içgi.
6. Asfury hanjary – asfury – ýiti sary reňkli ýakut. Barjamly adamlar hanjarlarynyň sapyny ýakudyň mişmişi ýa-da asfury görnüşlerinden edýärler. Asfury ýakutlary gaýgy-gamdan sap¬laýan, göwnüňi göterýän güýç hasaplap, adamlar ony ýanlarynda göterýärler. Asfury ýakudyň düzüminde adamyň ruhuna oňyn täsir edip, ony galkyndyrýan, şatlandyrýan ylahy madda bar hasaplaýarlar. Togrul beg asfury hanjaryny Altynjan hatyna sowgat berýänçä ýanyndan aýyrmady. Onuň işi mydama şowuna boldy.
7. Degirmen – bu ýerde Asman göz öňünde tutulýar, çünki, asman sözi degirmene meňzeş diýen manyny aňladýar. As – degirmen, man – meňzeş.
8. Jumag (şöhwet, küwen) – är-aýallyk gatnaşygy, jübüt¬leşmek.
9. Jent – şäheriň, emirligiň ady. Şeýle hem bugdaýdan atyň ýagyna gowrulyp taýýarlanylýan tagama «jent» diýilýär.
10. «Zamahşar gijesi» – şeýle aýylganç gyrgynçylyk dünýä taryhynda 1572-nji ýylyň 24-nji awgusty gijesi Parižde bolýar. Bu gan döküşligi «Warfolomeý gijesi» adyny alýar.





Категория: Taryhy proza | Просмотров: 68 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]