23:01
Altyn ýyldyz hakda erteki
ALTYN ÝYLDYZ HAKDA ERTEKI

Bir general balyk tutmaga gitdi,
Ýany bilen ştabynam äkitdi.

- Boljakmy? - diýp, saýlady bir güzeri,
- Boljak! - diýişdiler oñ ewserleri.

- Hany çeññek? - Ine, hemme zat taýýar,
Ilgijem ýerinde, kän gurçugam bar.

- Hany bulgur? - Çekdi bulgury başa,
Çeññegin oklady kenardan daşa.

Ewserler bir minut sessiz durdular,
Generalyñ awy ganly, gördüler.

Generalyñ şat owazy eşdilýär:
- Ä-hä, lakga! Çorba oklaýsak bolýar!

Balyg-a gazana taşlandy, ýene,
Ilgiç, çeññek, gurçuk taýýardy ine.

- Hany, bulgur? - Çekdi bulgury başa,
Çeññegi oklady kenardan daşa.

Ewserler iki mint sessiz durdular,
Generalyñ awy ganly, gördüler.

Generalyñ şat owazy ýañ salýar:
- Teññe balyk! Çorba atsagam bolýar!

Oklandy gazana ol balyk, ýene,
Ilgiç, çeññek gurçuk taýýardy ine.

Ýene ýüz gramy çekende başa,
Çeññegi zyñdy ol indi has daşa.

Üç minut ewserler sessiz durdular,
Generalyñ awy şowly, gördüler.

Ýene generalyñ sesi ýañ salýar,
- Tylla balyk! Çorba atsagam bolýar!

Ýöne añ-paýhasly hem gözel balyk,
Gürläp başlanmyşyn ol gyzyl balyk:

- Goýber meni, saña gulluk kylaýyn,
Herne diýseñ, hyzmatyñda bolaýyn.

Diñe islegiñi aýtsañ ýeterlik...
General diñlemän, diýdi göterlip:

- Näm isläýin, ähli zadym bar meniñ,
Goşunym, ideýam hem erkinligim.

Altyn ýyldyz, deputatlyk nyşanym,
Altyn-kümşüm, ýatlamalar kitabym.

Aýalym hem gyzyl gymmat possunly,
Oglum hem diplomat... Çorba atsynlar!

Onuñ bu sözlerin tolgunyp diñläp,
Tylla balyk ýene başlady sözläp:

- Gahryman! Bu ykbal maña derdeser,
Nädersiñ ikinji ýyldyz berseler?

- Ýeri, bolýa, razy!.. Elin salgady,
Tylla balyk suw ýüzünde galgady.

Gök gümmürdäp, galdy ne ewserden yz,
Ne maşyn... Sährada durdy ol ýalñyz.

Dur bir özi köne esger geýminde,
Iñ soñky granat bardy elinde.

Şol ýyllañ dört tanky görnüp gelýärdi,
Dört ýerden üstüne sürnüp gelýärdi.

Ýuriý KUZNESOW.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ýuriý Kuznesow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ahmyr / Goşgular - 08.02.2021
Goşgy / Goşgular - 13.03.2021
Hudaý adyl / Goşgular - 12.01.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021
Mynajat / Goşgular - 15.04.2021
Alaja / Goşgular - 19.03.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Geläýipsiñ / Goşgular - 23.05.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]