00:20
Altyn Güýzüm
ALTYN GÜÝZÜM

Ynha, men ýene-de garşylap güýzi,
Bagtly geçen çagalygmy ýatlaýan.
Kalbyma hemişe teselli beren,
Arzuwlaryň ak atyna atlanýan.

Aýlar geçip gelen altyn güýzümden,
Şo-ol bagtyýar çagalygmy gözleýän,
Duýgularyň ummanyna gark bolup,
Pikirleriň ýumagyny çözleýän.

Durmuş kitabynyň sahabyn bezäp,
Alyslarda galdy çagalyk ýyllam.
Günler deňimizden geçýär eglenmän,
Gör! Ömürleň aty nähili ýyndam.

Kerwen gurap geçip barýan durnalar,
Günlere sepleşýän aýlar mysaly,
Ýöne, şol durnalar dolanyp geler,
Geçen gün durna däl dolanar ýaly.

• GÖZLEG

Güýzli günlerde göwnüme,
Saýa salan pikirlerden,
Gözledim nämedir bir zat,
Düşnüksiz beýan ederden.

Belki, ol sen hakda arzuw,
Geljek güýze ganat beklän,
Umytlarmyň ynamyndan,
Sözlerimi söýgä beslän.

Belki-de ol pikirlerden,
Gözlemäge ýokdur esas,
Şonda-da men bu ahwaldan,
Göwnümi etmedim halas.

Belki-de duýgymyň düýni,
Hyýalyň erkin alandyr,
Pikirlerim maňa däl-de,
Belki-de saňa aýandyr.

Bu syrmydyr ýa-da sowal,
Jogap gözledim güýzlerden,
Karar tapan bolsa gerek,
Göwnüm gözlegden, gözleňden.

Güýzli günlerde göwnüme,
Saýa salan pikirlerden,
Belki seni tapandyryn,
Ýazan söýgi setirlemden.

• GÜÝZ HÄSIÝETI

Tebigat sary geýipdir!
Diýmek: «Altyn güýz» gelipdir.

Sary diýsem aýralyk däl,
Güýz agrasdyr, hem-de pes päl.

Meňzär ol sada ynsana,
Teselli berer ynjana.

Şoň üçin ol juda ümsüm,
Hemmeleriň çeker ünsün.

Güýz gelende hatar-hatar,
Asmandan durnalar öter.

Şonda duýga berip köňül,
Diýýäs: «Geçip barýar ömür»…

***
…Duşumyzdan geçer ýyllar,
Ýatlamalar kalby ýyldar.

Güýz ýene dolanyp geler,
Duýgular gujagyn gerer.

Düzüler söýginiň tary,
Gideris hyýallar sary...

Şemal täsin owaz eder,
Sesi alyslara ýeter.

Şol saza ýagyş hiňlener,
Göýä tebigat dillener.

Baglar ynsanlar mysaly,
Söhbet ederler mesawy.

Olar ýatlarlar ter güli,
Biz ýatlarys geçen güni.

Güýz şo-ol agraslygy bilen,
Kalbymyzyň syryn biler.

Juda düzüw päl-niýeti,
Şeýleräk güýz häsiýeti.

• SÖÝGI GÜLLERI

Ýüregme eken gülleň,
Bezär köňül köşgümi.
Oňa bakyp görerin,
Päk söýgimiň keşbini.

Gülleň anbar ysyndan,
Ýüreklermiz dem alar.
Söýgüden olar örňäp,
Bize saýasyn salar.

Kalbymyz güller bilen,
Döner baky bahara.
Diňe söýüp ýaşarys,
Meňzäp aýdyň sähere.

Güýzüň agras şemaly,
Eken gülleriň ýolmaz,
Söýgi güllän kalbymda,
Aýralyk ody ýanmaz.

Seniň yssy mähriňden,
Köňlüm nura beslener.
Söýgi gülleri dünýäň,
Gözelligne bäs geler.

Kalba baky ýazylýar,
Ömrüň bagtly günleri.
Baglaň güli solsa-da,
Solmaz söýgi gülleri!

• SÖÝMÄGE GELDIM

Inçelen umytlam tutunyp hemdem,
Kalbymyň sesini diňle sen bir dem,
Ýakynlaşýanmy ýa daşlaşýan senden?!
Söýgi sowallaryn bermäge geldim.

Derde goýan dideleriň zary men,
Ýürek gysýar ýalňyz galan ýaly men,
Dolan dünýäm ykbalyma many sen,
Görkümi gözleňde görmäge geldim.

Ykbalym arzuwlar bagta duşmagy,
Syrly bakyşlarda söýgiň buşlugy,
Dünýe berip dolap bolmaz ýaşlygy,
Gaýgynyň ody men sönmäge geldim.

Ýüregimiň ýary sende galypdyr,
Yşgym ömrüň sepgidinden agypdyr,
Ykbal sabryň böwedini ýarypdyr,
Mähre maýyl bolup söýmäge geldim.

Bagt barmydyr ataş ýollan gözleňde,
Ylham gördüm söýgi siňen sözleňde,
Janym, meni gussalara dözseňde,
Bakyşlaň bakylyk diýmäge geldim.

• GÜNLERE

Geçip barýan günler, sizden haýyşym,
Ömür öýle boljak, biraz gyssanmaň!
Düşünýän erteler garaşýandyrlar,
Gitseňiz şu güne bagty gysganmaň!

Gyssanmaň siz, pursatlardan ganaly,
Şatlyga gol bersek, günler geňlemez,
Her säherde täze durmuş başlanýar,
Geçen günler, geljek güne meňzemez.

Säherleri gadyr bilen garşylaň,
Öýleden agansoň, erteler gelýär,
Günler golun bulap geçip barýarlar,
Aýlar öz ornuny ýyllara berýär.

Ykballaň keşbini döretmek üçin,
Ömürler günlere geregin berýär,
Ezelden dünýäniň gurluşy şeýle,
Şu gün ertelere gezegin berýär.

• ISLEG

Sensizligi duýmak ne kyn,
Sen maňa ýatmy, ýa ýakyn?!
Söýginiň oduna ýakan,
Gözleriň görmek isledim.

Ýüregime giren duýgym sen,
Şatlygym hem-de gaýgym sen,
Kä golaýda, kä salgym sen,
Seň bilen gülmek isledim.

Çözülmedik bir ykbalmyň,
Duýdansyz duşan ahwalmyň,
Men saňa baglap ykbalym,
Bir seni söýmek isledim.

Gijelerim daňa ýetse,
Arzuwlarym saňa ýetse,
Birden-kä umydym gitse,
Yşgyňda köýmek isledim.

Aşyk ýaryna garaşar,
Gyşlar ýazlara garaşar,
Toýuň sazlarna garaşyp,
Söýýärin, diýmek isledim.

Aýjemal GAÝLYÝEWA.
Balkanabat şaheriniñ 2-nji orta mekdebiniñ mugallymy.






Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Nurdan | Теги: Aýjemal Gaýlyýewa | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Bahar görnüşi / Goşgular - 17.03.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Göwün goşgusy / Goşgular - 11.02.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Öz dünýäme giderin / Goşgular - 17.03.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Kelle / Goşgular - 20.03.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Garayolly1936   [Материал]
Aýjemal uýam, doglan günüň gutly~mübärek bolsun! Maşgala agzybirligi, watan dynçlygy, rysgal bolçulygy şamçyrag bolup, hemişe ýoluňa nur saçyp dursun! Ömrüň uzak bolsun, uýam!

0
2 Haweran   [Материал]
Aýjemal hanym, at-abraýly, hormata mynasyp, uzak we sagdyn ýaşa. Görjegiñ gowluk bolsun, durmuşda, işde we döredijilikde uly üstünliklere ýetmegiñizi arzuw edýärin.
Özüñiziñ agza bolup, goşgularyñyzy okyjylar bilen paýlaşmagyñyza sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys.

0
1 Nurdan   [Материал]
Aýjemal gülim! seni doglan günüñ, juwan ýaşyñ bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn, Geljegiñ, görjegiñ Diñe gowulyk, gözellik bolsun, manyly owadan, Bagtly ýaşa! Seniñ ýaly edepli, görkana, mähirli, şahyr ýürekli gyzy dünýä beren ENÄÑ ömri uzak, jany sag bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]