09:35
Alty sagatlap gymyldaman duran zenana etmedikleri galmady...
ALTY SAGATLAP GYMYLDAMAN DURAN ZENANA ETMEDIKLERI GALMADY...

Şol wagta çenli kän bir tanalmaýan teatral aktrisa, bodi-artka Marina Abramowiç alty sagadyñ dowamynda gören ezýetlerini ömrüniñ ahyryna çenli unutmaz ýaly boldy...

1979-njy ýylda serbiýaly bodi-artka Marina Abramowiç iñ ýatdan çykmajak, iñ köp gürrüñi edilen, belki-de, iñ eýmendiriji çykyşlarynyñ birinu görkezdi. "Ritm 0" ady berlen bu çykyşda aslynda üýtgeşik edilen zadam ýokdy. Diñe duran nokadyñda gymyldy-hereketsiz, sessiz-üýnsüz dursañ bolany. Şeýle-de ol özüni tomaşa etmäge gelenleriñ ynsabyna goýlan şekilde, bir stoluñ üstünde dürli gurallary goýuşdyrdy. Stoluñ üstünde şokolad, keks, gül, zynjyr, pyçak ýaly dürli-dürli zatlar, hatda bir ok bilen sapança çenli bardy. Gepiñ keltesi, ony görmäge gelenlere ýagşylyk bilen ýamanlygy saýlap alma mümkinçiligi döredildi. Tomaşaçylar stoluñ üstündäki zatlary alyp, göwün isleýişleriçe ulanyp bilmelidiler.
Çykyşyñ dowamynda Marina jansyz jisim ýaly gymyldaman-sarsman durmalydy. Aslynda onuñ maksady özüni janly sungat eseri hökmünde impozirlemekdi. Emma onuñ alty sagat dowam eden bu çykyşynyñ durmuşynyñ iñ gorkunç pursatlarynyñ birine öwrüljeginden habary ýokdy.
Ilkibaşda tomaşaçylar diýseñ mylakatly we salyhatly çemeleşdi. Käbiri stoluñ üstünde goýlan güli alyp, onuñ eline tutdurdy, kimsi keksden alyp agzyna dykdy, käbirleri saçyny sypap gördi, elini gysdy.
Emma wagt geçdigiçe we çykyş uzadygyça ýagdaýlar üýtgäp başlady. Birinji bolup tomaşaçylaryñ biri zenana ýumruk saldy. Abramowiçiñ hiç hili garşylygyny görmedik jemendäniñ içinden öñe çykanlaryñ käbiri oña has gödek çemeleşmäge başlady. Öñinçä aýalyñ elini gysan, oña gül uzadan adamlar öñlerinde hakykatdanam goragsyz buriniñ durandyklaryny görüp, eden-etdilige ýüz urmaga başladylar. Emma wakalar munuñ bilenem çäklenmedi.
Köpçüligiñ arasyndan biri sapançany alyp aýalyñ mañlaýyna diredi. Soñra ony aýalyñ eline berip, öz boýnuna çenäp durar ýaly etdi. Käbirleri galam alyp aýalyñ mañlaýyna, ýüzüne, boýnuna ýazgylar ýazmaga başlady. Bularyñ yzyndan jynsy kemsitmelere ýüz uruldy. Käbirleri Marina görgüliniñ sagrysyny, göwüslerini gysyşdyrýardy, käbiri ogşaýardy, käbirleri ysgap-ýalap tüýkürinýärdi! Ahyrsoñunda köpçülik aýalyñ egnindäki geýim-gejimini ýyrtyşdyryp, sypyryp çuw-ýalañaç etdiler. Emma munuñ bilenem çäklenmediler.
Köpçüligiñ içinden biri çykyp aýalyñ garnyny pyçak bilen çyzdy, muña göhi gelen beýlekilerem onuñ eden hereketini gaýtaladylar.

Eşikler sypyrylyp aýrylandan soñ aýalyñ synalaryny pyçak bilen çyzmaga we gyltyzrak edip pyçaklamaga başladylar. Hatda onuñ boýnuna çyzylan çyzykdan akýan gany sokjap emenlerem boldy. Munuñ yzysüre aýaly saga-çepe jansyz manken ýaly süýräp oýnadylar, şol wagt gäbazanlaryñ biri çykyp eýläk-beýläk süýrelip duran aýaly stoluñ üstünde ýatyryp jynsy islegini kanagatlandyrmaga-da synanyşdy!
Hernä heniz ynsaby ölmedik birküç sanysynyñ çykyp olara böwet bolmagy köpçüligi bu pikirinden el çekmäge mejbur etdi. Märeke barybir köşeşerli däldi, kim onuñ ýalañaç bedenini surata alýardy, kim elinden-aýagyndan aslyşýardy. Şol agyr pursatlarda Marinanyñ gözünden boýur-boýur ýaş akýardy, emma gözi gyzaran mähelle ony jansyz jisimden enaýy görenokdy...
Wagşylaşan köpçüligiñ arasynda birküç sany ynsabyny ýitirmedik adam baram bolsa, hiç kim batyrgaýlyk edip azgynlary saklamaga synanyşmady, tä bir aýalyñ öñe çykyp Marinanyñ gözýaşlaryny sylyp, ony gujaklaýan pursatyna çenli...

Oña hossar çykan aýalyñ yzysüre aktrisa edilen sütemlere öñdenem ynjalyksyzlanyp oturan az sanly adam Marinanyñ daşyna tegelenip, eşiklerini geýdirdi, boýnundaky ýarany ýapdy, endamyndaky beýleki gany sarkyp duran ýerleri hasa bilen sarady, çilim mürähet etdi.
Ýönekeýje bir çykyşdan zyýat jemgyýetçilik synagyna öwrülen bu hadysa köpçüligiñ biri-birinden beleñ alyp, içindäki erbetligi añsatlyk bilen ýüze çykarýandygyny we şeýle ýaramaz ýagdaýdan ynjalyksyzlanan ýagşy niýetli adamlaryñ wagtynda bileleşip hereket etmese, ýöwsellik görkezse ýa-da gijä galsa nämelere sebäp bolup biljekdigini açyk-aýdyñ görkezýärdi.
Alty sagadyñ soñunda çykyş tamamlananda Marina Abramowiç gaýtadan hereket etmäge başladam welin, köpçülik gorkunç biri bilen pete-pet bolan ýaly ol ýerden gaçmaga başlady. Şondan az wagt öñinçä etmedikleri galmadyk bir naçaryñ gaýtadan gymyldap başlamagy köpçüligi eýmendiripdi...

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.





Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 251 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 6
0
6 Revo   [Материал]
Безнаказанность порождает преступление...

0
5 Haweran   [Материал]
"Garşylyk görkezme hukugyny” kanunlar bermeýär…
Kanunlar diñe garşylyk görkezme hukugyñ bardygyny agzap oñýar…
Ýa-da agzamaýaram...
Emma garşylyk görkezme hukugyñ bardyr we bu hukuk tebigatyñ özünden gelip çykýar…
Janly-jansyz, tapawudy ýok, ýer ýüzünde näme görýän bolsak, barsy garşylyk görkezip bilme ukybyna eýedirler, garşylyk görkezip bilmeýänler bireýýäm ýokluga siñip gitdiler…
Stoluñ gyrasynda duran pişik çagasyny itekläp görüñ, heniz ýere ýykylyp görmedigem we ýykylmagyñ nämedigini bilmeýänem bolsa, ýykylmajak bolup garşylyk görkezer…
Çeññege ilen balygyñ sypjak bolup çyrpynyşy onuñ garşylyk görkezmesinden nyşan dälmi?!..
Agaçlaryñ şahasy her ýel öwsüp egilende, ýene öñki durşy ýaly gönelmegi olaryñ ýaradylşyna mahsus garşylyk görkezme hukugyndan gelip çykýar…
Isleseñis, mysaly odundan alyñ...
Daş garşylyk görkezýär... Daş...
Tozan-çañdyr gum garşylyk görkezip bilmedik daşyñ külkä öwrülen halydyr...
Öz bedeniñe göz aýla:
Oda tutanyñda awundyryp çürüşýän el...
Yşyga bakanyñda gamaşýan göz...
Iññäni sanjanyñda düýrükýän beden...
Isleseñ birsalym dem alman dur - kislorod talap edýän beýniniñ muña nähili garşylyk berişini görersiñ…
Diýmek isleýän zadym: garşylyk görkezme hukugy demokratiýanyñ, kanunlaryñ, döwletleriñ, parlamentleriñ, sosial kada-kanunlaryñ berýän ýa-da alýan hukugy däldir…
Garşylyk görkezme hukugy - ýaşamaga bolan hukukdyr...
Pişigiñ çagasyndan agaja çenli...
Garşylyk görkezmelisiñ...
Öýüñi ýykanlarynda... Çagalaryny eliñden alanlarynda... Sesiñi ýumduranlarynda...
Ýer ýüzüniñ azat, erkin, başy dik, döwrebap, ösen añ-düşünjeli, giñ gözýetimli, medeniýetli, bagtyýarlykda we howpsuzlykda birek-biregi goldamaga ýol bermedik halatlarynda...
Garşylyk görkezmelisiñ...
Adalatsyzlyklara garşy... Duzaklara, hilegärliklere garşy... Ýalan-ýaşryklara, toslamalara garşy... Galphorluklara, kezzaplyklara garşy... Zuluma garşy... Eliñden seniñ üçin gymmaty bolan zatlary alanlarynda... garşylyk görkezmelisiñ...
Ýarganat ýaly aýdyñlyga garşylyk görkezmegiñ ýerine... Iñ bolmanda, bir agaç, bir daş, bir pişigiñ çagasy ýaly bar bolmak üçin garşylyk görkezmelisiñ...

Bekir JOŞKUN."

kitapcy.com/news/garsylyk_gorkezme_hukugy 2020-12-07-12916

0
4 Haweran   [Материал]
Wakany youtube-den görmek isleýänlere:
https://www.google.com/url?sa=....l=https

0
3 Haweran   [Материал]
Ýokarky waka köp zada yşyk tutýar: Jemgyýetçilik-durmuş, adam gatnaşyklary babatda we adamlara, garawsyzlara, aýal-gyzlara bolan garaýşymyzy kämilleşdirmekde...
Añlajaga köp zat bar.

0
2 Haweran   [Материал]
Durmuşda hiç haçanam hemmeler gowy bolup bilmez, ýa-da hemmeler erbet bolup bilmez. Emma erbede "munyñ bolanok" diyilmese, muny diyjek güýjüñ yzyna düşülmese, yamanyñ öñüne böwet basylmasa, ýamanlaryñ aydan-diyeni bolsa, gowularam şol ramkanyñ içinde ümsümje geziberýär. (Erbetlige garşy ses çykarmaýan dilsiz şeýtana öwrülip!).
Tersine bolanda, ýamanlar ýaman boljak bolman, gowulara görä ýaşaýar, içiniñ pisligini daşyna çykaryp bilmän.

0
1 Haweran   [Материал]
Wakanyñ ajy netijesini tassyklaýan bir pähim bizde-de bar. Ýusup Balasagunlynyñ "Bagta besleýji biliminde" şeýle diýilýär:

"Begler (döwlet işgäri) gowy adamlary özlerine ýakyn tutsalar, erbet adamlaram gowy hereket etmäge mejbur bolarlar. Begleriñ töweregini erbet adamlar gurşap alsa, onda ýurda tutuşlaýyn erbetler häkimlik eder".

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]