10:35
Altamlar
ALTAMLAR

Türkmenlerde gyzy bolan adama, adatça: "Tüweleme, baý bolupsyň! Ýaşy uzyn bolsun, berildigi bolsun, musulmany bolsun!" diýlip dileg edilýär.
1983-nji ýylyň noýabrynyň ortalaryna alty sany gyzy (altamlar) bolan, Beýik Britaniýaly Janet we Grem Uoltonlara bolsa, şol döwürlerde türkmen dilinde, türkmen däp-dessuryna görä ýagşy dileg etmeli bolnan bolsa, adaty: "baý bolupsyňyz" diýen dilegiň deregine: "Çüwüpdir-ow! Milliarder bolarsyňyz!" diýmeli bolan bolaýmasa :-).

Bu wakaň esasy sebäbi, Janet we Grem Uoltonlaryň uzak wagtyň dowamynda çagalary bolmaýandygy, özleriniňem ölemen çaga küýseýändikleri sebäpli, olar şol döwürde täze oýlanyp tapylan we synagdan geçirilýän ýardamçy reproduktiw tehnologiýalaryny (BRT) özlerinde synap görmäge razylyk beripdirler. Netijede 12 gezek bihuda synanyşykdan soň, 13 gezekde olaryň gökdäki dilegi ýerde gowşup, hemme şowsuz synanyşyklarynyň öwezi bir gezekde dolupdyr :-).

Hanna, Rut, Lýusi, Keýt, Jenni we Sara Uoltonlar.
Gyzjagazlar wagtyndan öň doglandygy sebäpli, olaryň her biriniň agramy 1 kg-dan sähelçe geçipdir. Şoň üçinem olary hassahanada birnäçe aýlap ýörite gözegçilikde saklamaly bolupdyr.
Grem Uoltonyň aýtmagyna görä olar çagalar bir ýaşaýança 11 000 sany podguznik satyn almaly bolupdyrlar :-). Bu maşgala häzirem bagtly ýaşap ýör.

Janet we Grem Uoltonlaryň eýýäm agtyklaram bar:

Hemmesiniňem ýaşy uzyn, görjegi gowy bolsun.

Çeşmesi: https://pulse.mail.ru/article/semya-uoltonov-rodili-shesteryh-devochek-razom-kak-slozhilas-ih-sudba-spustya-pochti-40-let. 09.12.2021ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 27.11.2021 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi


Категория: Medisina | Просмотров: 148 | Добавил: Bagabat | Теги: Grem Uolton | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 16
0
16 Gülmahym   [Материал]
Biziñ öyde gyşjagaş pişigiñ üçem çagasyny görüp iki bolsa ekiz diýilýäni bilip üç çaga pişigiñ üçüz çagasy bar diyä, bular altüz bolya

1
15 mango   [Материал]
Janet we Grem Uolton.
men bulara türkmençe at dakjak, goý olaryň ady: Jennet we Kerim Ýolötenli bolsun.

0
14 Bagabat   [Материал]
Internet maglumatlaryna görä, alymlaň geçiren barlaglarynyň esasynda, häzirki wagtda Aziýanyň 16 sany esasy halkynda ýaşaýan erkek kişileriň 8%-de Temuçin Çingiz hanyň genleri barmyş. Bu bolsa millionlarça adamlar bolýar.


Çeşmesi: https://deti.mail.ru/article/samye-mnogodetnye -otcy-v-mirovoj-istorii/. 09.12.2021ý.

0
13 Bagabat   [Материал]
Soltan Mulaý Ismail:

Zora "zor" diýmeli...

0
12 Bagabat   [Материал]
Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, adamzadyň taryhynda iň köp çagaly kaka hökmünde resmi ykrar edilen, 1672-1727-nji ýyllarda Marokkoda hökümdarlyk eden Alawitler hanedanlygynyň ikinji hökümdary Mulaý Aby al Nasir Ismail as Samin ibn Raşiddir. Onuň haremhanasyndaky 500-den gowrak aýallaryndan hem-de çorularyndan jemi 888 sany çaga dünýä inip, şolaryň 700-si oglanjyk ekeni.

0
11 Bagabat   [Материал]
Dini maglumatlara ýüzlensek, How enemiz Adam atadan 20 gezek çaga dogrup, her gezegem Allaň gudraty bilen ekiz dogrupdyr (bir oglan bir gyz), diňe bir gezekde, soňky sapar çaga dogranda How enemiz ýeke ogul dogrupdyr. Diýmek, Adam ata bilen How eneden jemi 39 çaga dünýä inipdir. Çaga dogurmagynyň arasyndaky möhletem 2 ýyl bolupdyr.

0
10 Bagabat   [Материал]
Russiýanyň taryhynda iň köp çagaly ata hökmünde 1755-nji ýylda Wwedenskoýe obasynyň ýaşaýjysy Ýakow Kirillow (şol wagt 60 ýaşynda ekeni) ykrar edilipdir. Onuň birinji aýalyndan 57 çagasy, ikinji aýalyndan 15 çagasy - jemi 72 çagasy bolupdyr.

Çeşmesi: https://materinstvo.ru/art/samaya-mnogodetnaya-mama. 09.12.2021ý.

0
9 Bagabat   [Материал]
Häzirki wagtda aýatda gezip ýören adamlardan, Ýeriň ýüzünde öz dowamatynyň iň köpüsini görýän goja, Russiýanyň Nowokuznesk şäheriniň ýaşaýjysy, Alekseý Şapowalowdyr. Onuň 13 çagasyndan (11 ogul, 2 gyz), 117 sany agtygy bilen 33 sany çowlugy bar.

Çeşmesi: https://materinstvo.ru/art/samaya-mnogodetnaya-mama. 09.12.2021ý.

0
8 Bagabat   [Материал]
Häzirki wagtda ýaşap ýören enelerden iň köp çagaly ene, 2019-njy ýylda "Reuters" habarlar agentliginiň maglumatyna görä, Ugandaly 39 ýaşly hanym Mariam Nabatanzi 38 çaga dogrupdyr. Mariam hanymyň beden gurluşynyň häsiýetli aýratynlyklaryna görä ol her gezek çaga dogranda birden köp dogrupdyr. Ol ilkinji ekiz çagasyny 13 ýaşynda dünýä inderipdir.
Ol:
5 gezek - ekiz;
4 gezek - üçem;
5 gezek - dördem dogrupdyr.
Salgylanylýan maglumatda aýdylyşyna görä, häzirki wagtda Mariam hanym, äriniň özlerini taşlap gidendigi sebäpli, çagalaryny ýeke özi terbiýeleýär we kofe meýdanlarynyň ýakynyndaky dört sany kiçijik öýjagazda ýaşaýar.



Çeşmesi: https://materinstvo.ru/art/samaya- mnogodetnaya-mama Materinstvo.ru. 09.12.2021ý.

0
7 Bagabat   [Материал]
Resmi maglumatlara görä, bir eneden bolan iň köp çagalaň sany 69 ekeni. 1782-nji ýyldaky ýazgylara görä, 1725-1765-nji ýyllar aralygynda rus daýhany Fýodor Wasilýewiň aýaly 27 gezek çaga dogrup, olardan:
16 gezek - ekiz;
7 gezek - üçem;
4 gezek - dördem bolupdyr.
Şol 69 çagadan diňe iki sanysy çagaka ýogalyp, galanlary sag-aman ese-boýa galypdyr.

Çeşmesi: https://materinstvo.ru/art/samaya-mnogodetnaya -mama Materinstvo.ru. 09.12.2021.

Köp çagaly daýhan maşgalasy. XIX asyryň suraty.

0
6 Bagabat   [Материал]
Şu wagta çenli, bir gezekde iň köp çaga dogran zenan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren hadysa: Hindistanyň Raýli şäheriniň ýaşaýjysy, 42 ýaşly Mariýa Fernandes, 37 minutda 11 çagany dogrupdyr. Olaryň hemmesem sagdynja oglanjyk bolup, 6 sanysy biri-birine "bir almany iki bölen ýaly" diýilýän derejede meňzeş ekeni.
Çeşmesi:https://mamaplus.md/ru/novosti/ 11-detey-srazu-rody-kotorye-popali -v-knigu-rekordov-ginessa. 09.12.2021ý.

0
5 Bagabat   [Материал]
2009-njy ýylda 33 ýaşyndaky Nadi Suliman sekizekleri dogrupdyr: alty oglanjyk, iki gyzjagaz (salgysy: https://mamaplus.md/ru/novosti/ 11-detey-srazu-rody-kotorye-popali-v-knigu-rekordov-ginessa)


0
4 Bagabat   [Материал]
Irräk döwür, "Ýaş kommunist" gazetindemi ýa-da başga bir gazetdemi biziň ýurdumyzda doglan dokuzaklar hakda makala okapdym. Anyk ýadyma düşmeýär welin, Maryda öýdýän, geçen asyryň başlaryndamy ýa-da ortalaryndamy bir zenan iki gezek şoň ýaly dokuzaklary dogrupdyr. Ýöne, birinji gezekde göbegeneleň günäsi bilen çagalary diri alyp galmak başartmandyr. Emma, ikinji gezekde dokuzaklaň dokuzysam diri galyp, ese-boýa galypdyrlar.

1
2 puo   [Материал]
Надип готердика 6 гызы ичинде. Ген зат.

0
3 Bagabat   [Материал]
Indi, muňa näme diýjek:

Mali döwletinde 26 ýaşly zenan Halima Kisse bir wagtyň özünde dokuz çaga dünýä indirip, jahan rekordyny goýdy. Bu barada «news.milli.az» web sahypasy habar berdi.
Habarda bellenilşi ýaly, çagalaryň agramynyň 500-1000 gram aralygyndadygy mälim edildi.

Çeşmesi: https://turkmenportal.com/tm/blog/ 40847/mali-dowletinde- 26-yashly-zenan-9-sany- chaga-dunya-indirdi. 09.12.2021ý.

1
1 Haweran   [Материал]
Şular dämi, agam: :)
http://kitapcy.com/news....1-11836

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]