22:09
Algebra we poeziýa
ALGEBRA WE POEZIÝA

Edebiýaty ýazyp dur, ynha, galamdyr syýa,
Kiçi karta sygyp dur uly geografiýa.
Bolup geçýän zatlar kän taryhynda fizikañ,
Garaz kitap dünýäsi ylymdan doly mekan.

Geometriýañ adaty, Pifagoryñ kateti,
Taryham öz ýerinde maña gyzykly gaty.
Isgenderiñ goşuny, Seljuklaryñ atlary,
Şahyrlaryñ şygyry - ýazýan söýgi hatlary.

Asla hiç bir ylma-da bakmaýaryn men gyýa,
Senem gözden salamok, eziz, biologiýa.
Ähli ylymlar bilen gelejege ynam kän,
Şolar bilen barýarys ýagty ertire bakan.

Ýöne bir zatda weli, çekilýärin men gyra,
Ahyry gezek ýetdi uç-gyraksyz algebra.
Iksi gözläp ýörmeklik maña juda kyn,
Bäş ýüz on ikinji mysaldan
añsat düşdi şu goşgym.

Seýran SEÝITMÄMMEDOW,
Balkan welaýatynyñ Serdar şäheri.

"Nesil" gazeti. 2012 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Haweran | Теги: Seýran Seýitmämmedow | Рейтинг: 3.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Ýodalar / Goşgular - 22.05.2021
Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Aksary   [Материал]
Geografiýaçyldy ozal.

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Seýran awtoryñ goşgularyny gowy görýän. Нemişe çuñlugyñ gözlegindedigi bildirýär. Goşgy barada aýtsam ilki gözüme dürtülen zat çeperçilik azajyk ünsden düşürlipdir. Pikirlerini azajyk "ýylman"bolsady. Ikinji ünsümi çeken zat kapyýalaşyşyny halamadym. (aabb)
Irki döwürde ýazylanlygy bildirýär. Awtoryñ häzirki ýazýanlary has gowy. Jemlemesi degişmelije bolupdyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]