05:36
Älemgoşara çykyp oturjak
ÄLEMGOŞARA ÇYKYP OTURJAK

Men älemgoşara çykyp oturjak
sülmüräp,
zülplerim darap,
emaý bilen ýere degeri ýaly
saçlarym örüp oturjak
asman guşagnyň üstünde.
Emma...
dünýe garalmawersin
goý, saçlam agarsa agaryp geçsin!
Älemgoşarda oturyp
syn etjek
öten agşam ýagyp-ýagy-y-yp
halys bolan
bulutlaryň dargaýşyna,
Ýeriň ýaşaýşyna...
gözýaş dökmejek bolsamam näler
ýene döküler olar,
ýere döküler olar,
ýöne ýere dökülmez olar.
Sebäbi meň planetamda
ýetim çagajyk aglaýar
ýüregi ýaraly ene,
bir naçar zenan...
wah, haýsy birini aýdaýyn
aýdaýynmy iň mert erkek kişiňem
aglaýandygyny...
ýok, yzyny aýtmaýyn.
Bombalar ýarylýar
umytlarnyň üstünde bal balalaň,
arzuwlarnyň üstünde gül läleleň,
hyýallarynyň üstünde agalaň-babalaň,
eneleň, seneleň,
ah, kemelen-kemelen...

nädeýin dagam
sygmasam
ýere
çykmaly bolar-da älemgoşara.

Gözlemden
dymp...
dymp...
dymp...
ýagyş damdyryp
Älemgoşaryň üstünde aglap oturjak.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Система йогов / Goşgular - 11.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Taryhçy   [Материал]
Bagabat agza şu ajaýyp goşga-da laýyk surat goýsa ýerine düşerdi.

0
3 Taryhçy   [Материал]
Bäh. Hakyky, "Suraý-stil" diýip goýaýmaly boldy! Eliñe güller bitsin.

0
2 mango   [Материал]
Gaty gowy aktual goşgy.
Dereksizje bellik etmänem bilmedim: bulutlar ýagyp gutaransoň olaryň nämesini synlajak? Bulut ýok indi, olar ýere siňdi dälmi?

syn etjek
öten agşam ýagyp-ýagy-y-yp
halys bolan
bulutlaryň dargaýşyna,

Uzak gije ýagyp halys bolan bulut…. Reňkli owadan sözlem.

ýere döküler olar,
ýöne ýere dökülmez olar.

Kiçijek bulaşyklyk getirip biljek söz gurlyşy….
“(gözýaş) ýere döküler” diýip, yzyndan gözýaşyň dökülmegi keýpine däl, ýöne ýere däl, sebäpsiz däl…. manysynda aýdylsa-da, “ýere döküler. ýöne, ýere dökülmez” ýalam görünýän eken…. (düşündirip bildimmikäm?)
Haladym.
Suraý-stilde ýazylan goşgy.
Lyzzyllar!

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Suraýjan başardyñ... Goşgudaky çeken keşbiñ kino lentasy ýaly göz öñümden geçdi. Üstünlik uýam!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]