09:34 Aldawçy duýgy | |
ALDAWÇY DUÝGY Ol höwes etdirdi. Men höweslendim, Bedew ata münüp, bada çuslandym. Gözüni petredip ýatyr şöhrat-şan, Ol meniñ gözüme diýseñ mähriban. Gujagymy gerip, topuldym bada, Elim uran zadym diýseñ zyýada. Ol meni mähirden görkläp-besledi, Gaýta-gaýta öwmegimi isledi. Öpjek bolup uzadamda dodagym, Boldy meniñ bir şarpygy datdygym. Babamyñ şarpygy. Ol batly şarpyk! Bu zat düýşde boldy. Oýansam gorkup, Göwnüm öz-özüne diýdi şeýle zat: Ýalan duýga aldanmagyn, adamzat! Öwezmyrat BABAÝEW. | |
|
√ Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022 |
√ "Их-то Господь — вон какой!" / Goşgular - 15.02.2022 |
√ О разных вкусах / Goşgular - 25.02.2022 |
√ Watanym / Goşgular - 18.01.2022 |
√ Зима / Goşgular - 21.02.2022 |
√ Клянусь / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022 |
√ Gargalar / Goşgular - 23.01.2022 |
√ Любовь - одна / Goşgular - 15.01.2022 |
√ "Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |