09:09
Alada
ALADA

Dostum,
Goltujagy ýylanly dostum!
Seniñ munyñ bolmaýar.
Ýeñiñdenem çykyp bilmän,
Ýakañdanam çykyp bilmän,
Çykyp bilmän gonjuñdanam
Ol ýylan
Çakar seni, mähriban!
Çakar seni, mähriban!

Ol saña ýalbarmaýar.
Meñem sözüm almaýar.
Hemem men has alysda,
Entek-entek, belki, hiç-hiç,
Saña ýakyn barmaýan.
Saña ýakyn barmaýan.

Şonuñ üçin sargaýan,
Şonuñ üçin sarnaýan,
Entek däl giç, entek däl giç.
Çykar şony, mähriban!
Çykar şony, mähriban!

Ýylan çakýar, özem hökman,
Ýylan uzak durmaýar.
Ýylan çakar, özem onuñ
Ölüm howply zähri bar.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Haweran | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Позови меня / Goşgular - 17.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]