11:14 "Alaç ýokdur ähli zatdan geçäre..." | |
"ALAÇ ÝOKDUR ÄHLI ZATDAN GEÇÄRE..." Ahmet Bekmyradowyñ ýagty ýadygärligine Alaç ýokdur ähli zatdan geçäre, Oturansyñ ýeke özüñ biçäre. Elbetde, baryna düşünmek gerek, - Bize görä güýçlüräk-dä bu pelek. Pazrak halysyny öñüme ýazdyñ, Geçmişimiz diýip örtendiñ, ýandyñ. Ýadyñdady ähli şemiñ sönýäni, Lowurdaýan şemler Allañ söýýäni. Sen diýerdiñ: "Seýdi kimin, sönmen men!" ...Bu gün bolsa sen hakdaky setirlem Ýazyp oturan bir bialaç türkmen men. * * * Otyryn men düýnki günüñ öñünde, Hyrçymy dişleýän, başymy yrap. Düýnki günüm geçip barýar biderek. "Hoş!" diýýär ol gussa bilen ýalbyrap. Hudaýym saklasyn şeýle bolmakdan, Tutuş geçip giden ömrüñe garap. Orazmyrat GURDOW. | |
|
√ Встреча / Goşgular - 16.02.2022 |
√ Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022 |
√ Беременные женщины / Goşgular - 16.02.2022 |
√ Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022 |
√ Грипп / Goşgular - 17.02.2022 |
√ Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022 |
√ Gurjakbaşy / Goşgular - 23.01.2022 |
√ Çigit satýan oglanjyk / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |