17:12
Guşlar erkinligi küýsän mahaly
GUŞLAR ERKINLIGI KÜÝSÄN MAHALY

Şadyýan günleriň reňki öçmesin,
Jany jehenneme resmiýetleriň.
Serhedin ýykaly bir bulgur bilen,
Akyllysumaklaň sesi ýetmesin.

Ruhuňdan sogrup zyň gandallaryňy,
Şugünlik howlukma barjak ýeriňe.
(Guşlar erkinligi küýsän mahaly,
Gujak açyp,
özün
taşlar zemine.)

Bahar gelse her kim owadan bolýar,
Fewral, ana, hut şoň üçin howlukmaç.
Guşlar geler diýip bu jalaý baglar,
ýeňsesinden ösdi:r uzyn buýra saç.

Käte asman ýagar,
eziler ruhuň,
Uzakly gün gelmez öýe giresiň.
(Ýagyşy menem gowy görýän,
az owlak,
şonda köwşüm suw geçirýär diýmeseň.)

Owarram,
şat ýüzüň solmasyn mydam,
Ýaşasa bor jübiň deşik, köpüksiz,
Bulutlaň üstünde aýagmyz sallap,
Oturmagyň hyýalyny gursak biz.

…Şeýdip, kellämdäki ala-gopgunly
pikirlerimden men ozjak bolýaryn.
Men bir ala-samsyk, köplüge giren,
Şu bolşuma goşgam ýazjak bolýaryn.

Begençgeldi ORAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 257 | Добавил: Nurdan | Теги: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 3.6/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
Magnit / Goşgular - 25.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022
Ir säheriň oýlary / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 5
0
Seniñem janyñ sag bolsun. Erteki ýurtda köwşüñ altyna öwrülsin! Öwrülse meni gözläp tapda, spasibo aytgyn

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Ynanylmaz! Bu näme? Muña goşgy diýsem beýleki ýazylanlar näme? Muña has ýokarda bir at tapmaly.
6 ýyldyz bolsa hemem ýyldyz basylýanym işlese 6 ýyldyz bererdim.

0
2 Mähriban   [Материал]
Berekella! Hemme eserleriňizem diýseň gowy. Bu goşgyňyz bolsa hasam üýtgeşik eken. Ýagyşda suw geçirýän köwşüňiziň jany sag bolsun! Üstünlikler!

0
3 agza101   [Материал]
minnetdar, uýam!

1
1 Nowgül   [Материал]
Guşlar erkinligi küýsän mahaly,
Gujak açyp özün taşlar zemine sad sad sad
Öz erkinligini küýsemeýän barmyka sad

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]