01:30
Aktokaýda
AKTOKAÝDA

Bu ýerlere sežde bolup pelekden,
Şapaklañ batasy gelmeýän eken!
Takdyra seýilden seýilbaz ýelleñ,
Alysa gidesi gelmeýän eken!
San ýetmez ýollary ýelen söýgüleñ,
Başga ýan uçasy gelmeýän eken!
Dünýäñ didesinde gizlenen syrlañ,
Asla hiç ötesi gelmeýän eken!
Ömri gidip barmyş ötegçi demleñ,
Düýş kibi ýitesi gelmeýän eken!
Hakykata tebsiregen duýgulañ,
Bu ýerden göçesi gelmeýän eken!
Toba bolup, ýüzi hyýrsyz şerleñem,
Göwni hiç ýykasy gelmeýän eken!
Öz-özüñe dolan ädimleriñem,
Alysa çapasy gelmeýän eken!
Owazdan älemiñe sesleriniñem,
Özge ýan akasy gelmeýän eken!

Aknur ROZYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Aknur Rozyýewa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Aksary   [Материал]
...Göwnümde arman galsa, baryp görmedik ýerlem üçin galar...
Gowy goşgy, ömrüñ bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]