18:20
“Akpamyk” ertekisi hakynda
"AKPAMYK" ERTEKISI HAKYNDA

Ertekiler, hakykatdanam, hyýaly wakalaryň beýanymyka ýa-da olaryň aňyrsynda anyk bir taryhy döwrüň wakalary ýatyrmyka? Ynha, biziň şu makalanyň dowamynda jogap bermäge synanyşjak sowalymyz.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, türkmen halky rowaýatdyr ertekilere örän baý halk. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halk ertekilerini toplamak we neşir etmek işi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň medeni mirasy ösdürmekdäki tagallalary netijesinde 2007-nji we 20-nji ýyllarda “Türkmen halk ertekileri” neşir edildi. Bu neşirler öňkülere garanda, göwrüm taýdan uludygy bilen tapawutlanýar. Olaryň içinde “Akylly Ahmet”, “Ýartygulak”, “Ýüz tylla” ýaly bize öňden tanyş ertekiler hem bar. Şol ertekileriň aglaba bölegi edebiýat sapagyndan okuw kitaplaryna-da girizildi.
Meşhur ýazyjylaryň köpüsi özlerini döredijilik ýoluna ataran “ruhy sallançagynyň” ertekilerden başlanandygyny boýun alýarlar. Olaryň hatarynda türkmen ýazyjysy A.Gowşudowy görkezmek ýerlikli bolardy. Zehinli ýazyjynyň ejesi Ogulgerek gelneje ertekiçi zenan bolupdyr. Bu bolsa öz gezeginde geljekki ýazyjynyň kyssasynda ertekiçilige mahsus däpleriň ýygy-ýygydan gabat gelmegine getiripdir. Ertekileriň ýaş nesli terbiýelemekde iň täsirli edebiýat žanrydygy bilen hemmeler ylalaşsa gerek. Türkmen halk ertekisi bolan “Akpamyk” şeýle ertekileriň biridir, ol hiç bir döwürde, hiç bir göwünde öz gadyr-gymmatyny ýitirmeýän ertekilere degişli. Eýsem, munuň syry nämede?
Bilşimiz ýaly, “Akpamyk” ertekisi “Öň wagtda bir adamyň ýedi ogly bolupdyr. Bularyň käri aw awlamak eken” diýen sözlemden başlaýar. Bu sözlemde türkmen halkynyň esasy meşgullanan kärleriniň biri bolan awçylyk hakynda söz açylýar. Tutan ýerini goparýan ýigitleri häli-häzirlerem awça meňzedýärler, sebäbi awçylar berk bedenli, berdaşly adamlar bolupdyrlar. Olar awuň üsti bilen maşgalany ekläp, gün-günemany dolap bilipdirler. Biziň ata-babalarymyz entek belli bir jemgyýet gurluşygyna geçmänkä aw awlamaga başlapdyrlar. Soňlugy bilen jemgyýet gurluşygy üýtgäp, aw awlamak zerurlyga däl-de, ýöne bir pişä öwrülipdir. Ýöne jemgyýet öz gurluşyny üýtgedýänçä, onlarça, kähalatda ýüzlerçe ýyllar gerek. Şeýle bolansoň, awçylyk türkmen halkynyň içinde orta asyrlara çenli rowaçlyk tapypdyr. Awçylygyň ösen wagty jemgyýetde patriarhat diýlip atlandyrylýan döwre gabat gelýär. Bu döwürde erkek adamlar maşgalany ekleýji, maşgalanyň keşigini öz üstüne alyjy adamlar hökmünde çykyş edýärler. Akpamygyň doganlarynyň ýedisiniňem awçylyk bilen meşgullanmagynyň sebäbi şondan bolsa gerek. Beýleki bir tarapdan, awçylygyň bu ýerde göçme manyda bolmagam mümkin, sebäbi ertekiden mälim bolşuna görä, Akpamygyň doganlary öýünden alysda – dagyň gowagynda ýaşaýarlar. Ýokarda habar berşimiz ýaly, ertekiniň mazmunyndan ondaky bolup geçýän wakalaryň orta asyrlara degişlidigi baradaky pikiri ýaňzydypdyk. Mälim bolşuna görä, orta asyrlar – bu türkmenleriň döwlet gurmakda, ýer-ýurt köpeltmekde has işjeňlik görkezen asyry. Şeýle bolansoň, jemgyýetde erkek adamlaryň san taýdan agdyklyk etjekdigem öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Erteki boýunça, Akpamygyň ýedi sany erkek dogany bar. Bu ýerde ýedi sany erkek doganyň san taýdan agdyklyk edýän türkmen ýigitleriniň, ýer-ýurt köpeldýän urşujylarynyň obrazy bolaýmagam ähtimal. Olaryň öz dogduk obasyna gelmän, öýünden uzakda ýaşamaklary bize şeýle diýmäge esas berýär. Erkek adamlaryň esasy orunda bolmagy jemgyýetde zenanlaryň ähmiýetini birjigem pese gaçyrmandyr, tersine, bu ýagdaý zenana bolan sylag-sarpanyň, hormat-söýginiň hasam artmagyna getiripdir. Olar öý düzmeli, nesil ýetişdirmeli adamlar hökmünde hemişe daşy goraglylykdan peýdalanypdyrlar.
Akpamygyň ýedi doganyna-da gyz uýa gerek. Olar ejesiniň öňünde: “Biziň aýal doganymyz bolsa, howlymyzyň agzyndan gurjak asyp goýuň” diýen şerti goýýarlar. Ýöne Akpamyklaryň görip goňşusynyň gurjaga derek ok-ýaý asyp goýmagy bilen doganlar dagyň gowagynda mesgen tutýarlar. Akpamyk ýagty dünýäde diri gezip ýören ýedi doganynyň bardygyny goňşularyna ümä baran wagtynda bilip galýar. Üme wagtynda erkek doganly gyzlaryň törde, erkek dogany bolmadyk gyzlaryň külüň üstünde oturmalydygy baradaky däp-dessur “Gorkut ata” eposynyň “Derse han ogly Bugaç han boýundaky” ogullynyň ak öýde, ogulsyzyň gara öýde oturdylyşy bilen bagly däbi biygtyýar ýadyňa düşürýär. Muny türkmen halkynda bar bolan däp-dessurlaryň halk döredijiligi eserlerinde gezekleşip gelmegi bilen düşündirmek mümkin. Akpamyk öz doganlarynyň gowakda ýaşaýandygyny anyklanyndan soň, olary yzyna dolamak üçin ýola rowana bolýar. Onuň iki sany ýoldaşy bar; biri – ejesiniň “ýol görkezer” diýen umyt bilen bişiren çörejigi, beýlekisem – Akpamygyň pişijegi. Şu ýerde ýanyňda ýoldaş hökmünde pişigiň bolmagynyň beýleki ertekilere mahsus hadysa däldigini boýun almagymyz gerek. Munuň tersine, çöregi ýoldaşyň hasap etmek halkymyzyň arasynda yrymdyr ynançlara öwrülip gidipdir. Şol yrymlaryň netijesinde çörekdir nan bilen bagly nakyllaryň giden tapgyry emele gelipdir. Olardan: “Nan – öwlüýa”, “Nan – uludan, suw – kiçiden”, “Nany tamdyr gyzanda ýap”, “Çörekli oglan söýmäge ýagşy” ýaly nakyllary mysal getirmek mümkin. Halkymyz çörek bilen bagly tutuş bir medeniýeti kemala getiripdir; bugdaý ormak, hamyr ýugurmak, tamdyra çörek ýapmak, mele-myssyk nany saçaga äbermek, nan iýmek ýaly medeni dessurlar halkymyzyň bu keramatly önüme goýýan sarpasyndan, söýgüsinden nyşandyr. Akpamygyň ikinji ýoldaşynyň pişik bolmagy bolsa, ýokarda nygtaýşymyz ýaly, türkmen ertekilerine tipik bolmadyk ýagdaýdyr. Elbetde, ertekilerde ýoldaş hökmünde haýwanlardan ady agzalýanlary az däl. (tilki, möjek, ýolbars, guş we ş.m) Ýöne köplenç ýoldaş hökmünde suratlandyrylýan haýwan lar položitel (oňyn) häsiýete eýe. Olar köplenç baş gahrymana kömek edýärler. “Akpamyk” ertekidäki pişijek bolsa, kömek etmekden geçen, tersine, kynçylyk baryny döredýär. Ol ha ýol görkezmeli kökejigiň bir gyrasyndan gädip, ony gaýdyp tigirlenmez ýaly etse, ha, Akpamygyň igde bilen kişmişi özüne bermän iýendigi üçin ody söndürýär. Şeýle otrisatel (oňyn däl) sypatdaky pişigiň obrazy daşary ýurt edebiýatynda hasam köp işlenen. (Seret: “Külbikejik”) Edebiýatda pişigiň oňyn däl obrazda şöhlelenmegi, megerem, pişigiň ýaşaýyş obrazy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Mälim bolşy ýaly, pişikler öýdeçi haýwan, olar tebigatyň ýowuz kanunlaryndan üzňelikde, kynçylyk çekmezden, agyr zähmet görmezden öz ýaşaýyşlaryny dowam etdirip bilýärler. Şol sebäpli olar ertekilerde bikesine ýalynjyrap gün görüp ýören ýa-da “Akpamyk” ertekisinde bolşy ýaly, “halys aýnadylan, başyna giden” görnüşinde ýygy-ýygydan duşýarlar. Pişikler bilen bagly oňyn däl garaýyşlaryň sebäbini onuň ýaşaýyş obrazy bilen baglanyşdyrmak ýerlikli bolardy. Oduň sönendigi sebäpli, Akpamyk täzeden ot gözlemäge mejbur bolýar. Bu mejburlyk ony çal döwüň üstünden eltýär. Döwler temasy, umuman, mistifikasiýa bilen bagly elementler biziň edebiýatymyzda, gynansagam, doly işlenen temalar däl. Şol sebäpli ertekidäki çal döwüň ýaşy, hyzmaty barada anyk bir zat aýtmaklyk çetin. Her bir hyýaly elementiň – mifiň öz ierarhiýasy bolýar. “Akpamyk” ertekisindäki döwüň ýaşy boýunça garry döwlere has ýakyndygyny belläsimiz gelýär. Köp folklor eserlerinde hyýaly elementleriň (döwüň, periniň, aždarhanyň) ýaşy olaryň öz jemgyýet gurluşynda eýeleýän ornuny görkezmäge hyzmat edýär. “Akpamyk” ertekisindäki çal döwüň garry – eýeleýän orny we güýji boýunça ýokary döwdügi onuň mekirliginden, gepleýiş manerasyndan, derrew ýüz-keşbiňi üýtgetmek ýaly ukyplaryndan bildirýär. Onuň ýanynda Akpamyk özüni goramaga güýji ýetmeýän, ejizje naçara meňzäp gidýär. Ýokarda nygtaýşymyz ýaly, “Akpamyk”da beýan edilýän wakalar wagt taýdan orta asyrlara has gabat gelýär. Hut şo döwürde yslam medeniýetiniň güllüp ösmegi bilen şerigatyň düzgünleri türkmen jemgyýetçiligine ornaşypdyr. Şerigatyň köp aýallylyk, güýji ýeten gatlagyň garry wekillerine-de ýaş gyzlaryň durmuşa çykarylmagy ýaly mümkinçilikleri halkyň arasynda ýiti protest tapypdyr, sebäbi türkmen halky hiç wagtam dini fanatik halk bolmandyr. Şol sebäplem ýönekeý halk köp aýallyga ymtylýan baý hem-de güýçli gatlagyň wekillerini her hili gorkunç elementler bilen atlandyrypdyrlar. Akpamygyň günde ganyny sormaga gelýän çal döwüň üsti arkaly döwrüň şu meselesine ýüzlenilen bolmagy we ýönekeý halkyň içki gazabynyň beýan edilen bolaýmagy gaty ähtimal. Çal döwüň penjesinden Akpamygy ýedi sany erkek dogany halas edýär, ýöne bu halas bolma Akpamyga ýeňil düşmeýär. Döwleriň köpelip gelip, doganlaryň etini iýip, süňklerini goýmagy bilen Akpamygyň doganlaryny halas etmek ugrundaky uzak sergezdançylygy başlaýar. Nusgawy edebiýatda-da bir kellesini çapyp taşlasaň, deregine üç ýa-da ondanam kän kelleler döreýän mistiki jandarlar baradaky epizodlar gabat gelýär. (“Gül-Senuber” dessany) Bu hadysa gündogar edebiýatynda öňden bäri ulanylyp gelinýän mistiki sýužetler bilen baglanyşyklylykda ýüze çykypdyr. Akmaýanyň süýdi arkaly Akpamyk öz doganlaryny halas edýär. Biziň pikirimizçe, şujagaz epizodyň üsti bilen maýanyň köşegine bolan söýgüsiniň allegoriki manysy beýan edilipdir. Manynyň mazmuny, umuman, enäniň ak süýdüniň – doganlary ýakynlaşdyryjy we bitewilige öwrüji güýjüniň bardygyndan ybarat bolsa gerek. Doganlaryň täzeden direlmegi bilen erteki başga mazmuna geçip gidýär. Eger-de ertekiniň birinji bölüminde Akpamygyň doganlaryna gowuşmagy, olara özüni söýdürmegi ýaly wakaryň gürrüňi giden bolsa, ikinji bölümi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, şol bir wagtda maşgala gatnaşyklarynyň çylşyrymly we köp koloritli ulgamyny emele getirýän gelin-baldyz gatnaşyklaryna bagyşlanypdyr. Gelin – baldyz gatnaşyklary häzirki wagtda ýönekeý gatnaşyklardan medeni gatnaşyklara çenli ösüp ýetdi diýse bolar. Bu medeni gatnaşyklaryň dowamyndaky ýeňňe bilen baldyzyň aýdyşygy, syr alyp-syr berşi bilen bagly gyzykly aýdymlardyr nakyllar, rowaýatdyr şorta sözler halkymyzyň söýüp diňleýän sahnalaryna degişli. “Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy”, “Ýeňňesi öwen gyzy alyp gaç” ýaly nakyllardan halkymyzyň gelnejä bolan garaýşynyň käbir taraplaryny bilmek mümkin. Ýeňňe – ýat ýeriň gyzy, şonuň üçinem ýat ýerden gelen adam hökmünde onuň gelin bolup düşen öýüniň gyzyny aýnatjak, läliksiretjek gümany ýok. Şol sebäplem gudaçylykda, gyz saýlananda, ýeňňäniň baldyzy baradaky pikirine örän uly üns berlipdir. Türkmen edebiýatynda bu gatnaşyklar hakynda düýpli ýazylan çeper eser ýok bolsa-da, onuň umumy keşbini, “tagamyny” bildirýän böleklere duşmak bolýar. Hakykatyň hatyrasyna, gelin-baldyz gatnaşyklarynyň hemişe “bal we şekerden” ybarat gatnaşyklar bolmandygyny boýun almaly. Erteki boýunça Akpamygyň ýedi ýeňňesiniň altysy onuň bogazyna hem gulagyna gurşun guýup, Akpamygy lal hem-de güň gyza öwürýärler. Ine, şujagaz epizod ertekidäki gelneje-baldyz gatnaşyklarynyň häsiýetnamasyny düzýär. Akpamygyň gulagyna hem bogazyna gurşun guýulmagynyň, onuň lal hem-de güň gyza öwrülmeginiň allegoriki manysy bar. Öýe ýeňňäň, onda-da hajraw ýaly ýedi ýeňňäň gelmegi bilen öňki lälikligiň, goraglylygyň galjakmy?! Olaryň birine per bermeseň, altysy, ikisine per bermeseň, bäşisi bar ahyryn. Gelnejeleri Akpamygy lal hem-de güň gyza öwrüp, öýüň arzyly hanlygyny öz ellerine almak we ýedi sany erkek doganyň söýgüsiniň diňe özlerine degişli bolmagyny gazanmak isleýärler. Türkmen maşgalasynda şuňa meňzeş jedel hemişe diýen ýaly baldyzyň durmuşa çykyp, öýüň eýeçiliginiň ýeňňä galmagy bilen gutarýar. “Akpamyk” ertekisindäki gelin-baldyz garşydaşlygy hem şeýleräk jemlemeden sowa geçmändir. Halkyň söýgüli gahrymany hökmünde Akpamyk özüne mynasyp ýar tapaýmaly, onsoň onuň kejebä münüp sataşany patyşanyň ogly bolman kimiň ogly bolsun?! Türkmenlerde asylam her bir menikli ýigidi han, her bir menikli gyzy soltan hasap edýärler. Patyşanyň ogly bilen weziriň oglunyň kejebedäki Akpamyga duşuşlary, kejebäniň içiniň patyşanyň ogluna, daşynyň weziriň ogluna degişlidigi baradaky şerti goýuşlary “Zöhre-Tahyr” dessanyndaky Tahyryň sandykdan çykarylyşy bilen bagly sýužeti ýadyňa salýar. Şunlukda, Akpamyk patyşanyň oglunyň gelni bolýar. Ýöne her bir päsgelçilige döz gelmäge öwrenşen Akpamyk üçin kynçylyklar gutaraýanok. Ýedi ýeňňäniň içinde lal hem-de güň gyza öwrülen Akpamyk bu ýuwaş häsiýetliligi bilen patyşanyň oglunyň tiz ýüregine düşýär. Şu ýerden eýýäm Akpamygyň öz maşgalasynyň meseleleri we Akpamygyň maşgalasyny goramak ugrundaky göreşi başlanýar. Bu göreşde oňa ogly kömek edýär. Netijede, dogry wagtda, dogry ýerde, dogry bellik bilen çykyş eden Akpamyk ikinji aljak gelniniň ýaramaz häsiýetine patyşanyň oglunyň ünsüni çekýär. Ertekiniň birinji bölüminde Akpamygyň ýaňy göze görnüp ugran gyzlyk döwrüniň wakalary beýan edilse, onda ikinji bölümindäki wakalardan çen tutup, Akpamygyň akylynyň has goýalyşan döwürlerinden söz açylýandygyny çaklamak mümkin. Köp kynçylygyň hötdesinden gelen Akpamyk ýedi ýeňňesiniň “ýamanlygynam” jogapsyz goýmaýar. Ol munuň üçin hiç zat etmän, durmuşyň ähli zady ýerli-ýerinde goýaryna garaşýar. “Sabyrly gul dura-bara şat bolar” diýişleri ýaly, doganlary ähli hakykatyň aňyrsyna göz ýetirip, aýallaryny otda ýakýarlar. Bu ýagdaý orta asyrlarda Ýewropada jadygöý zenanlaryň otda ýakylyşyny ýadyňa salýar. Akpamyga garşy gurnalan pirimleri göz öňünde tutup, ýeňňeleriň jadygöý zenanlardan tapawutlanmaýandygy bilen ylalaşýarsyň. Şondan soň Akpamyk ýene-de doganlarynyň söýgüli uýasyna öwrülýär. Akpamykda zenana gerek bolan sypatlaryň ählisi jemlenen. Ol batyrgaýlyk bilen doganlarynyň gözlegine çykdy, irginsizlik bilen olaryň söýgüsini gazandy, ugurtapyjylyk bilen doganlaryny halas etdi, mähremlik bilen il hataryna goşdy-öýerdi. Ertekiniň ikinji bölüminde Akpamyk örän şowly durmuşa çykdy, paýhaslylygy sebäpli öz ýerini başga bir zenan bilen paýlaşmady, oňat aýal, oňat eje hökmünde özüni tanatdy. Şol bir wagtda ýedi doganynyň söýgüsinem ýene özüne tarap gönükdirdi. Şeýle köptaraplylygyna seretmezden, Akpamygyň obrazy birinji nobatda naçar uýanyň öz erkek doganlaryna bolan gatnaşygynyň çeper beýannamasydyr. Halkymyzyň ertekä öwrüp, maşgala berkligini, bitewiligini saklamak üçin asyrlarboýy dilden düşürmän goran edebi mirasydyr. Bize öz gezeginde şeýle baý mirasly halkymyza guwanaýmak galýar.

Bägül ATAÝEWA.

Makalaň çapa çykan ýyly: 06.02.2019 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Mugallymlar gazeti"

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 161 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 1.3/3
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
5 Gumlygelin   [Материал]
Gowy makala eken.

1
3 mango   [Материал]
…(Akpamygyň) doganlary ähli hakykatyň aňyrsyna göz ýetirip, aýallaryny otda ýakýarlar.

Bu самосуд bolýar-a.
Bu hereket bikanun we jenaýat.
Beýtmeleri bolmaýar, ýogsam patyşa bar, patyşanyň adyl kazysy bar…. bu meseläni kanuny ýol bilen çözüp bolardy ahyryn…
Aýaldyr-da. Indiki aljaklary ozalkydan gowy boljakmy?
—-
Bägül hanym makalaňy hezil edip okadym :-)

1
Orta asyrlarda bar "witch time " "witch hunt " şoña meñzetdim

1
2 mango   [Материал]
…ýönekeý halk köp aýallyga ymtylýan baý hem-de güýçli gatlagyň wekillerini her hili gorkunç elementler bilen atlandyrypdyrlar. Akpamygyň günde ganyny sormaga gelýän çal döwüň üsti arkaly döwrüň şu meselesine ýüzlenilen bolmagy we ýönekeý halkyň içki gazabynyň beýan edilen bolaýmagy gaty ähtimal.

Akpamygyň ganyny sorýan döw meniň pikirimçe başga manyny berýär.
Döw (özüne görä) akylly hereket edýär, Akpamygy bir gezekde lak-luk atmaýar, tersine onuň köp gezeklik ganyny sormagy saýlap alýar….
Biziň bu döwrümizde (güýçli ykdysadyýetli) döw-döwletler bar.
Akpamyk ýaly ejiz (ykdysadyýetli) döwletlerem bar.
Her zamanda bolşy ýaly döwler жертва-laryny öldürmekden olaryň ganyny sormagy saýlap alýalar.
Aý, howwa-da….
Taryh içiniň ertekisi bilen gaýtalanyp du…

1
1 mango   [Материал]
…Akpamygyň ýedi sany erkek dogany bar. Bu ýerde ýedi sany erkek doganyň san taýdan agdyklyk edýän türkmen ýigitleriniň, ýer-ýurt köpeldýän urşujylarynyň obrazy bolaýmagam ähtimal. Olaryň öz dogduk obasyna gelmän, öýünden uzakda ýaşamaklary bize şeýle diýmäge esas berýär.

Ol ýedi erkek doganyň öz obasyndan, öýünden uzaklarda rysgyny gözlemegi maňa bu günlerimizdäki трудовой мигрант-lary ýada saldy.
Akpamyk - ajaýyp erteki.
Bu ertekiden gaty kän many çykaryp bolar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]