08:34
Ak ýagyş
AK ÝAGYŞ

Garaşyplar gözüm ýolda galdy-la,
Ak ýagyşym gel-dä, eglenme munça.
Agşam seniñ gulagyñy şañlatdyk,
Sähra bilen oturdyk dañ atynça.

Gel sen, Hakyñ nury, ýeriñ zynaty,
Ýaşyl ýazlañ yşky seniñ bilendir.
Gül gülälek kibti gysyk kemsinip,
"Sen, sen" diýip, ýüregini dilendir.

Damjalaryñ dürdür, jana dermandyr,
Şaglap-şaglap, gülüp-gülüp seçil sen.
Keýikleriñ okarasyn doldur-da,
Görülmedik bir gül bolup açyl sen.

Ak ýagyşym, uzat meýli käsäni,
Giñ ýaýlalar serhoş bolsun bagtdan.
Gürrüñ kändir ikimize edere,
Ýüregiñi gowzat ýagyp-ýagyplar.

Ak ýagyşym, zemin gelýär heýjana,
Şirin owaz bolup, şöhle salañda.
Asman şalygynyñ gamsyz çapary,
Söýenme duşaryn, gülüp geleñde...

Bahar TOSYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Haweran | Теги: Bahar Tosyýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
"Ötüp barýan mazarlygyň deňinden..." / Goşgular - 13.01.2022
Муза / Goşgular - 21.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Eňňerede / Goşgular - 24.01.2022
Боль Вьетнама / Goşgular - 11.01.2022
«Все понятнее свобода...» / Goşgular - 25.01.2022
Исповедь / Goşgular - 24.01.2022
Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]