07:59
Ak ekin

AK EKIN

Bu meýdan şeýle bir çörege meñzeş,
Üstünde mylaýym şemal oýnaýar.
Bu meýdan şeýle bir çörege meñzeş,
Bakyp-bakyp,
                          ondan gözüñ doýmaýar.

Bakdygyñça,
                          ondan gözüñ dokunýar,
Sarymtyk öwüsýär,
                                   altyna meñzeş.
Bu meýdan şeýle bir çörege meñzeş,
Bu meýdan şeýle bir halkyma meñzeş.

* * *

Hol uzakda beýik daglar görünýär,
Oña çenli bolsa,
                               gök otly meýdan.
Gökde ak kepderi ganatyn gerýär,
Ýokarsynda gök syrça deý gök asman.

Beýläk baksañ,
                             gözýetimi ýuwudyp,
Deñiz deý tolkunýar bugdaýly meýdan.
Gökde ak samolýot ganatyn gerýär,
Ýokarsynda bolsa,
                                   arassa asman.

Atamyrat ATABAÝEW.

"Watan" gazeti, 1995 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Umyt / Goşgular - 16.02.2021
Ilkinji tebil / Goşgular - 24.03.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
"Gökde ak kepderi ganatyn gerýär,
Ýokarsynda gök syrça deý gök asman."

Şeýle sorag: Ganatyn gerýän kepdiriniň ganat gerýän ýeri hakyky gökmi ýada ganatyny gerýän kepderiniň ganat gerýän ýeriniň ýokarsyndaky gök hakyky gök?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]