20:28
Ak bagtyñ waspy
AK BAGTYÑ WASPY

Synla, daş-töwerek juda mähriban,
Tolkun atýar altyn bugdaýly meýdan.
Bu Watan galkynýar, gülleýär, ösýär.
Başyñda buýsanç bar, kalbyñda heýjan.

Ak dañlar Azanyñ mukaddes sesi -
Ýañlanyp dur - abatlygyñ mukamy.
Haýyrly başlangyç - mukaddes işler
Barha görklendirýär ata mekany.

Sergin şemal şat owaza hiñlenýär,
Ol owaz - bagtyýar durmuşyñ zary.
Ýigitleri gerçek, gyzlary melek,
Saýýar olar Watanyny ykbaly.

Halkyna baştutan - Watana gorag
Merdana Oglyñ bar!
Gadamy batly!
Aýdyñ geljegiñe ynamly barýan,
Bu diýarda ýaşaýas biz bagtly.

Enejan HANGULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Haweran | Теги: Enejan Hangulyýewa | Рейтинг: 1.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 21.02.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Kakama / Goşgular - 28.02.2021
Dagdan / Goşgular - 03.02.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Sorag alamaty / Goşgular - 22.02.2021
Doglan günüñde / Goşgular - 06.03.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Nurdan   [Материал]
Ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!

0
2 mango   [Материал]
Sergin şemal şat owaza hiñlenýär,
Ol owaz - bagtyýar durmuşyñ zary.
——
Bir owaz bar. Ol owazam bagtyýar durmuşyň zary…
“zar” - näme?
Zar
Ahy-nala, zeýrenç, nalyş, dat-perýat.
Mätäç, tapmaýan, ýetip bilmeýän.

Owazlar bagtyýar durmuşyň zaryny zarynlaýamy?
Gaş bezejek bolup göz çykarmagyň aýdyň subutnamasy.

0
1 Aksary   [Материал]
Allajanlarym şu gezek bir hiçzat diýmeseler, indi diýseler gidäýmek galýa:goşgy barada-da aýtmaly.
Enejan Hangulyýewañ goşgysy gowy eken, emma:

Sergin şemal şat owaza hiñlenýär,
Ol owaz - bagtyýar durmuşyñ ZARY
Ýigitleri gerçek, gyzlary melek,
Saýýar olar Watanyny ykbaly.

durmuş bagtyýar ýöne şat owaza ZAR diýen ýaly eşdilip dur, bul-a bolmady.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]