10:27
Ak at / hekaýa
AK AT

…Aýaklary bilen tutuşlygyna ak keçä basyrylyp saralan, gunduz kimin ak at gözüňi gamaşdyryp, teblede horguryp durdy. Beýleräkde ak gümmez kibi güberip oturan sekiz ganat ak öýüň aklygy bolsa töwerek-daşa güpüläp düşen gar örtüginiň aklygy bilen bäsleşýärdi.
Gyş gününiň gyzgyny ýok şöhleleri şady-horramlyk bilen garyň ýüzünde oýnap çar ýany älemgoşar öwüşginli ýylpyldylardan doldurýardy. Öýüň keçesindäki gar gyrawy bolsa kuýaş nuruna hünji owuntygy deýin öwşün atýardy. Säheriň tämiz çigreginde iýmtorbasy bilen gümra bedewiň ýyly demi bugarýardy-da, birenaýy bolup, howada eräp, ýitip gidýärdi.
Işigiň deregine ötügine asylan kendir çuwaldan serpigiň ýyrtyklaryndan garaňky töri hoňkaryp, gorkunç bolup görünýän buz ýaly sowuk ýerkümäniň agyzjygynda duran üç-dört ýaşlaryndaky oglanjyk bolsa göýä sowugy-beýlekini duýmaýan ýalydy. Ýogsa ol ýarym-ýalaňaçdy. Eşik ugrundan diňe dyzjagazynyň aşak ýanyna ýetip duran, ýakasynyň kiri damagyny çalaýyn diýýän esgä öwrülip giden şalha köýnegi bardy. “Bit düşmesin” diýip golaýda syrylan ýumruk ýaly kellejigi bolsa kütek päkini çalmaga ýaltanylandygy zerarly kesim-kesimdi. Diňe şol ganjaryp duran ýaralar gyş ertiriniň aýazyna awuşaýan bolara çemeli. Oglanjyk aňkaryp aty synlap durşuna aram-aram ýyrtyk ýeňi bilen depesini sürtenini duýman galýardy. Onsoňam käte bir çorluja. Ýalaňaç aýaklaryny gezekli-gezegune injigine oýkaýardy.
Onuň bu mahal bar küýi-köçesi iki ädim beýle ýanynda bentlenen ýaz ahyrynyň ak asmanyna reňkdeş bedewdedi. Gözlerini şakäse ýaly tegeläp, agzyny açyp aty synlaýardy. Ýöne bir synlamagam däl, öňünde duran uçmahy gudratyň her bir hereketinden, bedeniniň her bir dynnym ýalyjak nokatjygyndan görüp, doýup, ganyp bilmän, doňňara-daşa öwrülip dünýäni undup durdy. Kämahalam özüne nahar deregine berilýän ýuwundynyň öten agşamdan bäri dodajygynyň çetlerinde doňup galan çyrşaklaryny ýalaýardy.
“Owadandygyny-y-y!” diýip oglanjyk süýkdirip oýlandy. Şol pille-de oglanjygyň bu pikiri daş-töwerekde garry adamyň gurak pyşyrdysy bolup, ýaňlanyp gitdi. Oglanjyk allaniçigsi boldy. Tisgindi. Çar-ýanyna ýaltaklady. Şonda-da niredendir bir ýerden peýda bolup, ýeňsesinde abanyp duran hyrsyz garasakgaly gördi. Onuň ýüzi eňşäp durdy. Oglanjygyň durkuny hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak wehim gaplap aldy. Ol simap kimin sandyrap, gamyş kimin galdyrady:
-Halmyrat akga?!!
-Näme, doňduryp öldüripdirler diýip ile gybat etdirjek bolýarmyň?! Gir, sümelgäňe, ýetimek!-diýip ol ýylan ýaly haşşyldady-da, oglanjygy depip goýberdi.
Oglanjyk çamalagy çaşan köne telpek deýin zyňlyp, ömralla içinde ot ýanyp görmedik, sogan saklanýan ýerkümä düşdi…
…Eli “patylap” gapdalynda duran çäýnege degen goja çopan der basyp oýandy. “Owf! Ýene-de gara basdy-ow!” diýip oýlandy-da, ol düşeginde dik oturdy. Takyr kellesindäki ýatanda daňynýan gyraly ýaglygyny sypyryp, gara der bolan ýüzüni süpürdi. Birküç ýola uludan demini aldy. Emma ýaňky düýşüniň gorkusyndan saplanyp bilmedi. Süňňi sandyrap durdy. “Öte gorkuzypdyr-ow, Ezraýyl almyş, Halmyrat!” diýip oýlandy-da, ol:
-Suw bir owurtlaýyn-la!-diýip pyşyrdady. Tamyň çüňkünde ýazylyp-ýaýrap ýatan jahyl agtygyny oýarmajak bolup, assyrynlyk bilen çäýnekden çaý guýundy. Buz ýaly çaýy owurtlasa-da owurtlady welin, dadanyna puşman etdi.
-Päheý “demini alan çaýyň men gurbany, çäýnegi çüýreder sowan çaý” diýip çaýkeşler ýöne ýere aýtmaýarlar ekeni…
Ol käsesini ýerde goýdy. Biraz wagt geçenindenmi, ýa-da ünsi başga zada sowlanyndanmy nämemi, az-owlak kalby köşeşdi.
-Päheý-de welinim, diýmäýin, diýsem! Halmyrada “Ezraýyl almyş” diýäýdimmi?! Adamyň-a nemesidi welin,… onda-da näme, gulagy göründen bendäniň! Ýumruk ýaly ýetimkäm eden zulumy üçin o dünýäde hasaplaşar-da! Men bir ölen bendä gargap, günägaby bolmaýyn.
Goja çopan şeýle diýip pyşyrdaşdyrdy-da, aýagyna ýüň jorabyny sokdy. Oýlugyny geýdi. Üstündenem içmegini ýelbegeý atyndy. Ädigini sokdy.
-Gowaldaň geýäýmeli ekeni! Sowuga az-maz ýygrylypdyr, gysjak bolýar.- diýip ol ädigi hakynda murtuna siňdirip, hümürdedi.Telpegini kellesine atybam, köne çopan tamynyň gapysyny seresaplylyk bilen, jygyldatman açdy-da daş çykdy. Ädenindenem dyzyna çenli gara çomdy.
-Mazalyja ýagypdyr-ow, gurbany gitdigim! Peýşinde latga-latga bolup gaçyp ýaňy kiparlan bolara çemeli.
Ol “gütürt-gütürt” edip, üsti bassyrmaly, müň goýun sygar çemesi agyla tarap ýöneldi. “Birneme çökderräk çykdaýjy hem boldy welin, geçen tomus oglanlar bilen şuny gurup oňarypdyrys. Dowar janawerler hezil edýändirler. Guryja ýer, böwürlerinden hazan ýeli hazylap duranok… Geçen ýylyň doňaklygynda burnumdan gelen soň şu ýyl öňünden gaçdym-da…Wah!”
Goja çopan hyrçyny dişledi:
-Diňe geçen ýyldan awunyp tejribe toplamaly däl-le, biz! Öňden okuwly-la biz! Bi Garagumuň özümi bilelim bäri aňzagy arkamda doňup, epgegi egnimde gowruldy-la welin, näme öň pylan edeýin diýeniň bilen ýol berýärlermi diýsene?!…”Galhoz, bar zat halkyňky, köpçüligiňki…” diýip mähelleli ýygnaklaryň münberlerinde tozan peşediler…Özlerem diýmäýin diýsem, bärde atasynyň maly bar ýaly, hepde-de gelip: “kolhoz başlygynyň aýalynyň çebiş iýesi gelýär, raýkomyň ýegeniniň öweç iýesi gelýär” diýip daşadylar durdylar. “Eýle-beýle” diýjek bolsaň, gaýta saňa-da “men alyp gitdi diýip, aýyr bäş-alty kelläni, näme goňşyň zadymy, bu!? Gitse bagdan gidýär, saňa nä?” diýip haramlyk hödürleýärler… Toba estagpyrylla! Ýene-de müň kerem toba! Kişi malyna-da bir el urup bolarmy? Eliň-gözüň şel açmazmy, eýsem?… Çoluk döwürlerim Gurban aga pahyr—ýatan ýeri ýagty bolsun, imany hemra bolsun, Hudaý jan, Alla jan! Eden ýagşylyklaryny neberelerim hem ata-baba unutmazlar—şol görgüli baş çopanym, şeýle diýerdi: “Köşegim, haramy gazanmak ýeňildir! Edil egilibildigiň alybermelidir. Ýöne näçe bassaň basyber, kyrk gezek Karunyň kyrk şäheriçe toplasaň-da haram baýlyk bir adam ömrüne, aňry gitse, iki arka gider. Onsoň ol zomap bir ýeriňden çykar. Özüň görmeseň çagalaryň görer. Soňky süpükdenem on esse beter süpürgä dönerler. Bu gägirip gözi gyzaranlaryň gününe bolsa guwanmagyn… Allatagalanyň berenje yrsgaly bilen oňňut edibergin. Şonda özüňem, çagalaryňam “ýamanlyk ýüzüni görmäweriň” diýleni bolarsyňyz, oglum!” diýerdi, pahyr. Öwran-öwranam gaýtalardy.
Hak sözünem aýdypdyr, görgüli! Hudaýa şükür, il-gün zulmatdan çykdy. Ine saňa ýer! Ine saňa mal! Mülk! Mümkinçilik! Işle, der dök, gazan, baýa! Gazananyňa dawa etjek, işleseň “elleme” diýjek ýok. Harama ýanaşmasaň, halallykdan kemal tapsaň towugyňa tok diýjek ýok. Birhili ýarak itiň agzyndan sypan ýaly bolaýdyk. Çagalary hem Gurban aganyň aýdyşy dek : “halallygyň hamyrmaýasyna ýugrup” terbiýeländigimiz zerarly, Allaha müň-de bir alkyş, pak çykany ýok. Çüýrük çykany ýok. Bir şü: “ogullarymyň hiç haýsy kesbime eýermedi, garaşsyzlygyň soňky bäş ýylynda azap edip ýygnanja sürim amanadymy tabşyrsam eýesiz galjak” diýip gynanyp ýördüm. Onda-da päk Perwerdigär alnymdan diredi. Nowbaharymyň ortanjy ogly-agtygym: “atam, çöl, mal” diýip ýapyşyp ýatyr. Kowubam gidirip bolmaýar. Elbetde bu düňle çöle, giň sähralara teşneligi, menden geçendir-dä… Äý, onsoňam bu sadagasy boldugyma nädip aşyk bolmajak ahyry!”
Goja çopan agyla golaýlap ugranda synyny silkip, garyny kakdy. Sagynyp, töweregine göz aýlady. Daş-töwerekde garyň aklygy bilen gije garaňkylygy garyşyp birgeňsi ümsümlikden dolup, ýaýylyp ýatyrdy. Ol gaňşyrawugyňy tütedip gelýän aýazly, arassa howadan öýkenini dolduryp dem aldy.
-Jana derman ahyry, gurbany boldugym!-diýip pyşyrdady-da kellesini göterdi. Syýareňk gökde ýekeje übtük bulut ýokdy. Ak patrak bolup dogan ýyldyzlar bolsa oraksypat aýyň ýagtysyna, göýä Allatagalanyň ojagyndan syçran uçgunjyklar dek ýylpyldaşyp görünýärdiler.
“Asman açyk welin, şatylap doňar-ow!” diýip çopan içini hümletdi. Şol mahalam aňyrdan selkildäp gelýän daýaw, gara kelle goýun itinde öz söýgüli Garabaşyny tanady. Hemişe bolşy ýaly, ony görende söýündi.
-Wah, boýuňa döneýin, janawerim!
Gartaşyp ugran köpek suwjarmady. “Arslan garnuwly’ diýilýän türkmen goýun itleriniň asyllylygy bilen eýesine birki ädim ýetmän saklandy. ”Näme hojaýyn, ukyň tutmaýarmy? Goýun üçin-ä bimaza bolma, özüm bar!” diýýän ýaly, akylly gözleri bilen dikanlap seretdi. Çopan golaýlap, itiniň başyna aýasyny goýdy. Sypalady.
-Hä, janawerim, “Men oýa, hatyrjem bol!” diýýärmiň? Seniňem görmedigiň görde galandyr-la, janawerim! Möjek sürüsi bilen döwüşdiň, ogry-jümri bilenem garpyşdyň, harasat-syrgynlardan hem bile çykdyk. Azaşybam gördük… Garaz ähli hunabalary bile çekişdiň. Oba, oglanlaryň ýanyna ugradaýyn diýsemem, sensiz galmaga ýüregim edenok. Äý, asla ugradaýanymda-da ol taýda durasyň hem ýok-la. Iki günden yzyňa gelersiň.
Çopan hümürdäp durşuna, köpegiň kesik gulagyny ýeňsesini gaşady-da, agylyň işigine tarap ýöneldi. Baryp söýendi. Aýyň ýagtysyna gözleri bilen goýunlaryny tükelledi. Ol müňe ýeter-ýetmez janlysynyň her birini diýen ýaly tanaýardy. Ählisiniň diýen ýaly ene-atasyna çenli belet bolandygy sebäpli goýunlar onuň üçin adamlar ýalydy. Hersiniň özüne mahsus alamaty bardy.
-Ertir-ä sürä ýatakda ýandak beräýsek öýdýän. Hudaýa şükür, ýandagym, bede-samanym-a ýetik, gyssansak iýmimiz hem ýeterlik bar. Onsoňam sürini çykarsak, ol kelek geçiniň yzyna düşýän topar goýunlar bilen bogaz ene goýunlar galan süriniň yzyna eýgermez. Äý, galyberse-de garam galyň düşüpdir, çöp başy görünmeýär.-diýip goja çopan daşyndan oýlandy.
Soň ýene-de ýataga göz aýlady. Mallar bolsa ony ysyndanmy, sypatyndanmy tanap, göwnübir ýaly ýatyrdylar. Öreýin-ürkeýin diýmeýärdiler. Goja çopan elini aşak sallanda Garabaşyň öl tumşugyna degdi. Ol biygtyýar, köpegi ýene-de sypady. Näme üçindir ýene-de kakasynyň inisi Halmyrat ýadyna düşdi.
-Doganoglan agaň, kakaň ornuna bolmaly adam diýjeksiň welin, ine, şu haýwança bolup bilmedi.-diýip hüňürdedi. Emma bada-bat dilinden sypan sözlere ökündi:
-Wah-eý! Ýaňyja-da ýatlamaýyn diýip durdum welin, ýene-de aýatda ýok bendeden närazy boldum-da…
Ýöne şonda-da ökünenine-beýlekisine garaman, ýyldyrym çaltlygynda onuň aňyndan çagalyk ýatlamalary zymdyrylyp geçip gitdiler.
…Otuz ýedide kakasy bilen ejesiniň gürüm-jürüm bolmagy. Kakasynyň inisi Halmyradyň elinde galyşy. Agasy bilen ýeňňesiniň zulumy…
Horja eginlerini gysyp, ýalňyz ýyrtyk jindesini şemala galgadyp duran arryk oglanjyk göz öňüne gelende gojanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Bokurdagy doldy... Şonda daşkyrak garyndaşlary bolan Gurban aga gelip ýany bilen çöle äkitmedik bolsa, meger şol doňýürekleriň elinde ölüp giderdi… Pahyr, eşeginde, öňüne alyp barýarka gujagyna gysyp-gysyp, onuň gyzyletene guşuň göwrejigi ýaly, galpyldaýan bedenjigini bagryna basyp-oýkap baý, hamsygypdy, görgüli!
-Eý Biribar, hiý beýle-de bir doňbagyrlyk bolarmy?! Neresse çagany nädäýpdirler-ä, bu gpu-lar!-diýip gözlerinden boýur-boýur togalap samyrdapdy.-Ýeri işleseň işläpsiň-dä “gpu” diýilýän jellathanada. Mollum agaňa, bigünä ýeňňeňe “halk duşmany” diýip, şyltak atyp başlaryny iýenleri üçin, Allanyň ak guşy ýaly çaga munça sütem edäýmek bolarmy? Dözmän: “Çölde el-aýak gerek, alyp gidäýeýin-le!” diýsem, gaýta: “äkit çopan, käte bir işek taşlap dursaň bolar” diýip, gul söwdasyny eden ýaly, bujagaz neressä nyrh kesýär ahyry… Hudaý göz görkezer, Halmyrat! Haktagala seniň gözüňde ot ýakar! Küpür gepleýän-de bolsam, bujagaz neressäniň gargyşy seni tutmasa, Taňryňam Taňry bolmadygy. Yzyň dagar, Halmyrat! Bu wagtky demiň degirmen aýlaýandygyna, gumda agyp-dönýän, haramdan toplan akly-garaly goýunlaryňa, tebläňe iltelgi ak bedewiňe guwanma. Wagt geler, bir gysym külçe-de bolmarsyň!
…Ajy ýatlamalary hakydasyndan syryp aýyrjak bolýan dek, goja çopan maňlaýyny owkalady. “Gurban aganyň soňky sözleri hakyýt welilik bolup çykdy. Halmyradyň özündenem, neberesindenem derek-didiwat galmady. Ogullaram, agtyklaram iliň gözünden düşdüler. Goýun-da galmady, ak öý-de, ak at hem…
“Ak at” diýende ýene-de şol aýaklaryna çenli tutuş endamyna ak keçe saralan jowur ak bedew göz öňünde janlandy.
“Eý Allam, adam pahyr näçe ýaşasa-da, näçe görse-de çagalykda küýsäp, ýetmedik, kemsinen zady ömürbaky ýüreginden çykmajak ekeni. Şunça ýyl geçdi welin, henizem şol ak at kalbymdan gidenok. Entegem wagtal-wagtal düýşüme girýär… Şol mahallar çagakam, sogan saklanýan, tüm-garaňky, sowuk ýerkümede ýarym-ýalaňaç bolup ýaşaýarkam, Halmyradyň ak atyna şeýlebir höwes ederdim. Ony elläp görmek, ýalyndan sypalamak, maňlaýyndan, tumşugyndan öpmek, gije-gündiz arzuwymdy. Gijeler düýşümde görerdim. Gündizler bolsa çuwal serpigiň yşlaryndan ogrynça ak aty doýup bilmän synlardym. Oňa gözüm düşende açlygy-horlugy, sowugy-sütemi unudardym. Göwnüme bolmasa atyň alnyna alnymy ýaplap, hamsygyp, enem-atamyň gaýdyp gelmegini, Halmyrat akgamdan halas etmeklerini diläýsem kabul bolaýjak ýalydy. Ak at meniň gözüme hut Haktagalanyň özi bolup görnerdi. Allany agzasalar aňymda ak atyň şekili peýda bolýardy… Ýöne Halmyrat bendede, gulagy göründen-le welin, öte ýowuzdy, atyny elletmeg-ä beýlede dursun, seredenimi hem gysganardy. Göýä men atyna göz degräýjek ýaly, gabanardy. Soňra eşidip otursam ol atyny şol öz “gpu-jellathanasynda” has ulurak wezipä geçmek üçin ulurak başlyklarynyň birine sowgat beren ekeni. Edil beýdäýmeli däl ekeni, ol! Iň bolmanda öz kolhozymyzyň athanasyna tabşyranam bolsa, eden günäleriniň ýarsyna-ha ýuwardy! Wah, ýöne beýtse Halmyrat hem adam bolardy-da…
-Wah, diýmäýin diýsem, ol bendäni ýene-de ýamanlykda ýatladym-ow!-diýip ol içki pikirini daşyna çykaranyny duýman galdy.
Şondan soň ol ýene-de birsellem oýurganyp durdy. Ahbetinem köpegine:
-Garabaşym, göz-gulak bolaweri! Ýöne üşeme, goşuň töwereginde bolaýgyn!-diýip jaýa garşy ýöredi. Içerik giribem, eşiklerini çykardy-da, düşegine geçdi. Birdenem bir zat huşuna gelip, täzeden turdy. Çaklaýşy ýaly agtygynyň üsti açykdy. Ýogsa üşäp bir gysym bolup ýatyrdy.
-Munuň edähetini diýsene!-diýip goja göwnaçyk käýindi-de, agtygyny ýorgany bilen örtdi. Soňra ýerine geçdi. Içinden:
“Alla jan, özüň gora! Özüň rahatlyk berewer, Allam!” diýip dileg edibem, gözlerini ýumdy…
…Asmanyň ak buludyna çalymdaş bedew, teblede daňylgy duran ýerinden kämahal toýnagyny ýumşak gara urup bir tokga gary hol allaowarra atyp goýberýärdi. Mes at arpadan doýanyndan soň, öz sarçlygyny, keýpihon ýagdaýyny äleme aýan etjek bolýan ýalydy. Birdenkä atyň bäş-on ädim daşlygyndaky ýerkümäniň serpigi serpildi-de, ondan horja, kirlije oglanjyk emedekläp çykdy. Tazylaryň penjesine düşüp, dalanýan möjek çagasy ýaly, howatyrly gözleri bilen çar-töweregi dörüp çykdy. Birdenem ýürejigine bire baglandyr-da, ör boýjagazyna galdy. Güýjünde baryny edip ata garşy ylgady. Geň galaýmaly zat, bedew ondan ürkmedi. Gaýta oňa garşy tumşugyny uzatdy. Oglanjyk bärden guş bolup uçup barşyna, bedewiň tumşugyny garsa gujaklady. Göýä zeminiň ýüzünde şu janawerden eziz, şundan mähriban jandary ýok ýaly, ýüzjagazyny atyň öl tumşugyna ýelmäp, doňup galdy.
Atyň tumşugy onuň gujagyna zordan sygýardy. Ýaňyja gar peşäp, gazygyny goparaýjak bolup dyzaýan sarç bedew bolsa misli, öz ýürekdeşine sataşan dek, käte bir hokranyp parahat durdy.
Oglanjygyň ysgynsyz pyşyrdysy bolsa kirlije ýaňaklaryndan syrygyp gaýdýan begenç gözýaşlaryna gatylyp-garylyp, bedewiň tumşugyna gaçýardy.
-Alla jan, Hudaý jan, adamlara biri-birine mähir ber! Ýurdumyza asudalyk, agzybirlik ber!-diýip goja çopan düýşünde samrap ýatandygyny duýman pyşyrdaýardy:-Monjukgöz çagalar ýetim galmasyn, Halmyrada meňzeşler bolmasyn! Ulus-iliň bagty bilen meniň çagajyklarymyň hem bagty gülläp-gül açsyn, Allam! Ylaýym, halk üçin, ýurt üçin, il-gün üçin ýaşaýan, köňülleri köşkli, kalplary güneşleri ilogullarynyň işleri rowaç bolsun! Ömürleri uzak bolsun, ol gerçekleriň! Gurban aga ýaly perişdesypat, pygamber göwünli adamlaryň hem jaýlaryny jennet edewer, Ýaradan Hudaýym!
Arzyly maksadyna ýeten oglanjyk goja sesi bilen pyşyrdap ak bedewi gujaklap durşuna eşretden ýaňa şol yranyp durdy, şol yranyp durdy…

“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2005-nji ýylyň 22-nji aprelindäki sany




Категория: Hekaýalar | Просмотров: 295 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Нормандская шутка / новелла - 23.03.2021
Роксана / рассказ - 11.03.2021
Jarçy / oçerk - 10.01.2021
Güýz we gyz / hekaýa - 14.02.2021
Alabaýly kyssalar / bolan wakalaryň esasynda - 09.01.2021
Псалом / рассказ - 06.06.2021
Ошибка охотника Ашира - 22.03.2021
Старуха Соваж / новелла - 12.04.2021
Ямская слобода / рассказ - 17.03.2021
Плывет шоколад / рассказ - 25.06.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]