17:06
Ak arzuw / goşgular

AK ARZUW

Dişledim gawunyň ýeke dilimin,
Duýdum bala batanyny dilimiň,
Bada kuwwatlanýar eken ýiligiň,
Türkmen topragyna gurbandan bolsam.

Gören bolsaň san ýetmeýän hezzetin,
Duýan bolsaň undulmaýan lezzetin,
Ajap binalardan doly gözýetim,
Şeýle binalary gurýandan bolsam.

Köp gören bar oňadyn hem erbedin,
Dadan kändir jerhedin hem şerbetin,
Bu gün bagta guşak seniň serhediň,
Onuň goragynda durýandan bolsam.

Seň sagry:ňda ösüşleriň bady bar,
Gerçekleriň undulmajak ady bar,
Seniň özüň, her dabanyň ýadygär,
Kalplary des-deňje urýandan bolsam.

Geçmişe buýsanyp, begenip bilen,
Her güni toý saýyp, bezenip bilen,
Geljekden umytly beýgelip bilen,
Arkadagly ýurdy görýänden bolsam.

• GATNAŞYK

Baý, lezzetli bordy iýseň käteler
Tamdyr çöregini bala batyryp.
Ýöne her gezegem doýmarys öýdüp,
Iýerdik çöregi çala batyryp.

Kömek agaň uly ogly ikimiz,
Gelmese has gowy başga taýymyz.
Çünki näçe bolsaň, tapawudy ýok,
Bir käse bal bordy biziň paýymyz.
Aýagny aldyran esgerdi özi,
Dogumly sürerdi mydam eşegin.
Gönümeldi, yza tesmezdi özi,
Käte aýlaýmasam bardy pişegin.

Diýer ýaly däldi eli taýakly,
Adatydan has uzaga ätlärdi.
Eýermez yzyna iki aýakly,
Urşy welin, ol juda az ýatlardy.

Sesi haýbatlydy, göýä gyňyrdy,
Üýşmeleňde baştutandy, beýemçi.
Azalmasa köpelmedi ýygyrdy,
Il bilen artansoň şatlyk, begenji.

Gerçegi girsine salyp bilmedik,
Bir ýerde ýatandyr, nägehan gurşun.
Bir aýagny alyp — alyp bilmedik
Kişide keşbi bar aýylganç urşuň.

Ýüz bermedi, egilmek ýok biline,
Ejizlik ýanynda taýynam bolsa.
Balçy bolup bal paýlady iline,
Daşdan göräýmäge maýybam bolsa.

Zaman ötdi — bagt ýollary açylan,
Iýýäs naz-nygmatyň juda bolundan.
Ýöne birçak Kömek agaň eçilen,
Datsam diýýän şol ajaýyp balyndan...

• JOGAPSYZ SOWAL

Sesin diňläp lykyrdaýan tüňçäniň,
Ysyn alyp oda goýlan külçäniň,
Şeýle pursat bilen ömrüň ölçäniň
Nämä degmeýär?!

Unutsaň barlygny asla şumlugyň,
Boýlasaň sen asudalyk çuňlugyn,
Bilmekligiň munda kimiň-kimligin
Nämä degmeýär?!

Bu ýere gelnenok çakylyk bilen,
Munda bar zat bagly bakylyk bilen,
Howanyň sunýany sakylyk bilen
Nämä degmeýär?!

Çäge örküjinden geçdi gyrkylyk,
Ysy melhem sazak, ýowşan, syrkynyň,
Düýş göreniň sähel salym irkilip,
Nämä degmeýär?!

Oda çirkizildi dünýäň gussasy,
Ruhuňy täzelär ojar tüssesi,
Ykbalyň bu beren bagta üssesi
Nämä degmeýär?!

Ynan, dowamy bar ýagşy tamanyň,
Bagt — kalpdaky ýyrtyklary ýamanyň,
Iň bolmanda öz-özüňi tananyň
Nämä degmeýär?!.

• BOLDUM MEN

Çenenip atmaga nilim bolmady,
Harpygym köp boldy, hilim bolmady,
Göreşmäge synmaz bilim bolmady,
Başganyň biline guşak boldum men.

Menem iliň belentligni haladym,
Ýöne her gez uçjak bolan halatym,
Gozganmady, galkynmady ganatym,
Iliň aýagyna düşek boldum men.

Ýöne el çekmedim tutan netimden,
Kowulsamam ortasyndan, çetinden,
Özüm iýip, özüm doýdum etimden,
Şeýdip öz-özüme duşak boldum men.

Belki, ýalňyş çykandyryn sowady,
Isleg öçdi, howrum barha sowady,
Görüp düýbi tüm garaňky gowagy,
Jokrama yssyda üşek boldum men.

Käte-käte umyt uçguny köräp,
Gelen ýaly bolýar halymy sorap,
Şol pursatlar synan kalbymy gorap,
Agsan arzuwlarma pişek boldum men.

Halamadym men ýadyma ätläni,
Kalp gapysyn kaksa diýip ýatlaly,
Meniň özüm hut özüme ýat ýaly,
Öz dünýäme bir gelmişek boldum men.
Özümde hiç zat ýok, ýene bergili,
Ýa-da meni gemrip ýatan mergimi,
Zäher öýdüp, içip syrly ergini,
Öňkülemden has üýtgeşik boldum men.

Bilýän, berenim az, alanym kändir,
Belki, meni horlan ýaramaz päldir,
Kimdigimi kimse bilenem däldir,
Bir tapmaça, bir bilmeşek boldum men.

Arzuw eden menzilime barmaryn,
Göze ilmez meň üýşüren harmanym,
Bagtymmy ýa undulmajak armanym —
Üsti kitap ýükli eşek boldum men.

• ÖÝKELÄR

Ýaz ýagşyna tebsirän
teşne toprak mysaly,
Yzlap-yzlap tapansoň,
arzuwlanan wysaly,
Edil häzir dem düşse,
göýä ýylgyrjak ýaly,
Gül ýapragna meňzeş leb
öpülmese öýkelär.

Azaşanňy aňarsyň
ýitip gidende ýollar,
Depeler goşalanyp,
baýyr bolupdyr go:llar,
Çelgi-de ýok, belgi-de,
ýitip gitdi sag-sollar,
Ýola eltýän ýodalar
tapylmasa öýkelär.

Bar bolany, boljagy
aýdyp bilmen men size,
Size nesip etmänsoň,
bulaň bary geň size,
Eger-de ýetjek bolsaň,
arzuwlanýan menzile,
Atlanaňsoň bedewe
çapylmasa öýkelär.

Perişdeler asmandan
bagt nuruny guýdular,
Azaşan oý-hyýallar
bir pikire uýdular,
Beýle bagty görmändir
serhoş bolan duýgular,
Şu pursat eger dyza
çökülmese öýkelär.

Ne ajap eken y:za,
öz durkuňa dolansaň,
Arzuwdan artyk zatlaň
ählijesi bolansoň...

• BILÝÄNSIŇIZ

Elbetde, juwanlyk bisabyr bolýar,
Käbir basgançakdan men bökendirin.
Wagtyndan öň ýetjek bolup menzile
Wagtyň doly gabyn men dökendirin.

Zamany sarp edip käte bihuda
Bagtymdan binesip bolaýan ýaly.
Berenimde sanap berenem bolsam,
Alamda bihesip alaýan ýaly.

Aňsat däl ekeni çykmak belende,
Düşmegem kyn eken ýöne ýokardan.
Ýa öwrümli, ýa tikenli bolmaly
Bu ykbala ýagşylyklar ýokardan.

Anyk göz ýetirdim ýöne bir zada,
Bu durmuşda meňzemedim kimsäge.
Bir zatlar meňzetjek bolsaňyz maňa,
Maňa meňzäp biler diňe gumsagat.

Agyp-dönüp duran özüm däl, ömrüm,
Alajyň ýok, oňa bolmaly kaýyl.
Bar zady täzeden başlamak üçin
Bilip goýuň, heran-haçan men taýyn...

• SYRLY PURSAT

Manysy has çuňňur gündizden gijäň,
Giç düşündim, çatak düşüpdir bijäm,
Indi peýdasy ýok maňa netijäň,
Garaňky syrylyp, daň atyp gelýär.

Gije aýtjak zadyn aýdýar pyşyrdap,
Hemme zat ýygşyrlan, ähli zat bir tap,
Hatda göze görünenok çuň girdap,
Garaňky sowulyp, daň atyp gelýär.

Aralaşýaň pikirleriň çuňlugna,
Galamňy batyryp gijäň tümlügne,
Şaýat bolýaň bu tümlükde kimligňe,
Garaňky sowulyp, daň atyp gelýär.

Undular näm bolan bolsa işiňde,
Ýuwdun, entek et galmandyr dişiňde,
Edermen bol iň bolmanda düýşüňde,
Garaňky sowulyp, daň atyp gelýär.

Sähel salym ýitsin diýip alada,
Oýanaňsoň göz ýumarsyň çalaja,
Ýöne tümlük girip gitdi sanaja,
Garaňky sowuldy, basym daň atar.

Gün dogsa, göz öňne geler ýaşlygyň,
Görersiň ýakynyň aradaşlygyn,
Kalbyň, öýüň gapysyny açdygyň,
Dünýäňi ýagtyldyp, ine, daň atdy!

• DÜŞNÜKSIZEM BOLSA

Bu zatlar duýdansyz bolýar ekeni,
Söýgi bilen men kalbymdan uruldym.
Başda düşen ýagdaýymy aňlaman,
Lezzet içre janhowluma urundym.

Öňem köp söweşe gatnaşyp gördüm,
Bu gezekki bir üýtgeşik gülledi.
Bada kalbymdaky ýaramyň ýeri
Bir üýtgeşik gunçalady, gülledi.

Başda aljyranam bolsam bagtymdan,
Bu pursatdan baş çykardym basym men.
Seň gözleriň çuňlugynda azaşdym,
Bildirmejek bolsamam men daşymdan.

Menem oňa peýkam peýläp ýöremsoň,
Gözläp tapdym ol gülläni atany.
Täk başyňa asla alaç tapylmaz,
Iki bolup çözmeseň bu mataly.

Gülläni atan bar hemem matal bar,
Kaýyl — bu ykbaly beren Ýaradan!
Seň atan peýkamyň parran geçse-de,
Gül dökülýär kalbymdaky ýaradan...

• TÄZE AÇYŞ

Sähraň gujagyna dolsaň,
Gyzykly ol barynkydan.
Mähir, muhabbeti artyk,
Hatda eziz ýaryňkydan.

Ähli zat täze bolsa-da,
Sen özüňi ýat duýaňok.
Ýuwdup bu tämiz howany,
Asla ondan hiç doýaňok.

Görünse-de munda bar zat
Saňa bütinleý geň ýaly.
Görmersiň asla özüňi
Ýat saýyp seni geňläni.

Bu taýyň gyzyl gülälek,
Bu tarapyň çopantelpek.
«Byt-bydyk» diýip alaýdy,
Şol guşuň-a dili peltek.

Her kesiň bir derejesi,
Hiç kimem kem däldir senden,
Özüni egsik saýanok,
Hatda çişip ýatan zemzen.

Hereket edýän her jandar
Derrew özüni duwlaýar.
Menzile ýetmek isleýän
Şemal dowamly uwlaýar.

Aýa tarap garap-garap,
Soňsuz uwlady çal möjek.
Jogap bolmandan soň dymdy,
Diýdi, bolsam söýülmejek...

Bir guş gygyrdy diýýän deý,
«Dymyşlygy bozaýyn-la!»
Galypdyr ýeke kömelek
Goja sazak guzaýynda.
Gudratyna göz ýetirdim
Derdim çägä döken wagtym.
Duýdum, bir gün düýe ýaly,
Galar meniň çöken bagtym...

• HAÝYŞ

Sen maňa hiç bakma, janyňam ýakma,
Ýakjak bolaňda-da ýanasam ýok-la.
Seni kösendirjek boldy aýralyk,
Sende hiç bir derdiň ýarasam ýok-la.

Bu söwdada täk başyma heläk men,
Şonda-da dözerin, derde ýararyn.
Ýeke özüm kabul edip urgyny,
Öz ýaramy ýene özüm ýalaryn.

Söýgüde käteler şeýle bolýarmyş,
Bir ýoldan bileje gitmejek bolup.
Soňam gezilýärmiş ejir çekilip,
Iki kişi bir-birine jet bolup.

Menem düşünemok ahyryna çen,
Ýöne seni göterýärin depämde.
Gaty arkaýyn bol, seni saklaryn,
Daljygan mahalym, agzym kepände.

Sen belentsiň seni söýýänim üçin,
Bagtly — aşyk adyn haklaýan bolsam.
Seniň iň aýylganç betbagtlygyň,
Ýalňyşandyr öýdüp çaklaýan bolsaň.

• HER NIÇIGEM BOLSA

Üçünji aýnanam döwüp taşladym,
Neneň meni görkezersiň sen myrtar.
Gazabym agzyny ýolbars deý açdy,
Öňünden çykany parçalap ýyrtar.

Asyl meň arkama örküç münüpdir,
Hereketim haýal — zordan gymyldap.
Orulanda galan ýorunja ýaly,
Çür depämde dur iki gyl ybyldap.

Dişlerimiň diňe orny galypdyr,
Agzymyňam etekleri sökülen.
Saçlarymy haýsy zalym aldyka,
Öň çignime buýralanyp dökülen.

Görýänine hiç ynanyp bilenok,
Şöhlesi öçüşen kütek gözlerim.
Dünýädäki bar aýnany kül ediň,
Bu halyma asyl özüm dözmerin.

Daşarymda hiç zat galman ekeni,
Köşeşdim iç dünýä nazar aýlamdan.
Duşup ömrüň ajap pursatlaryna,
Men teselli tapdym göwün aýnamdan.

• HALANMAÝAN HEMRAM

Meň yzyma düşüp,
meni sypdyrman,
Bu pikirler maňa tanyş,
şolardylar, şolardylar.
Öňe gitmän, yza ga:lman,
elmydama azar berýär,
Dost boljak bolsalar eger
birçak syrdaş bolardylar.
Meň beýnimi gazap ýörler,
gazan deý gazan kesmegin,
Gaýta barha hüjüm edýär,
pikrini etmän tesmegiň.
Harpygy baram bolaýsa,
eger oňa düşünäýseň,
Garaz, ony saýlap alyp,
iň bolmanda eläp bolýar.
Häzir welin nämedigni
bilmän juda heläk bolýaň.
Ýetmiş bäş gez bahar gördüm,
gördüm şonça sowuk gyşyn,
Asyl indi görüp dursam,
ýagty jahana gelmegim —
Meň ýalňyşym,
Meň ýalňyşym!

Azar berme maňa pikir!
Gelen wagtyň bogmandyryn,
geljek ýoluň sowmandyryn,
Şonda yzyňa it salyp,
kowmandyryn, kowmandyryn.
Bu gün sen meniň üstüme,
üstüme abanyp durýaň,
Hamana men seniň malyň,
il-günden gabanyp durýaň,
Bir zat diýjek bolsam bada
bogazyma agyz urýaň.
Seni özüm dogrupdyryn,
seni özüm ýugrupdyryn,
Ösdürip hem-de beýgeldip,
şu ýagdaýa öwrüpdirin.
Bilip goý, eý, ýokanç pikir,
seniň üçin dogmandyryn.
Her gün säher ilim üçin
men Gün bilen dogýandyryn!
Seret, hana gapy açyk,
seret gapym doly açyk,
Hem öýümden, hem kalbymdan
basymrak çyk, basymrak çyk!

• DERDIŇI EGISMEK

Men derdimi size aýdyp otursam,
Pikir etmäň mätäç diýip tesellä.
Beýan edip bilýän bolsam derdimi,
Entek juda men umytsyz kesel däl.

Meň arzuwlam ak kagyzdan ýasalan
Gämi ýaly akyp gitdi ýap bilen.
Söýgimi çäginde saklap bilmedim,
Gussama erk edýän — menem tap bilen.

Aýdan bolsam beslän ajap sözlermi,
Ah urup, gop beren bolsam her demde.
Sen uçar ýörerdiň ganatyň gerip,
Labyr bolup çökmezdiň meň gerdenme.

Indi giç — ertir däl, öýle, agşam däl,
Geçip gitdi, okaýmasam parzyny.
Algym barmy, bergim barmy, bilmedim,
Nädip üzmelikä munda karzyňy?!

Täze derde ýer açyldy kalbymda,
Öňküleri çalyşdym men tesellä.
Size öz derdimi aýdanym üçin,
Meniň derdim birazajyk pesel-dä...

• ÇYKALGA

Käte ýalňyzlyga hemdem bolaýsak,
Giň jahanda ýer tapamzok sygnara.
Sähelçe zat sebäp bolýar ýerliksiz
Basga düşüp, gör, hamsygyp, çyglara.

Käte başymyza gelýän hadysa
Ömürlik däl, wagty gelýär, özgerýär.
Men bir zada geň galýaryn
ÝALŇYZLYK
Ýalňyzlygna neneň-niçik döz gelýär?!

Käte bolsa ýalňyzlygy küýseýäň,
Duýýaň, özüň ýalňyzlygyň daşynda.
Hatda sen şonda-da halas bolaňok,
Öňki dert-alada seniň başyňda.

Asyl ýalňyz wagtyň adatdakydan
Has köp bolýar iç-daşyňda mähelle.
Şonuň üçin ejir çekenok öýdýän
Içki dünýäň ýalňyzlykdan sähel-de.

Gowsy köplük wagty ýalňyzlyk diläp,
Ýalňyzlykda köpe maýyl bolmaly.
Eger mydar eden bolsak şuňa çen,
Mundan soňuna-da kaýyl bolmaly.

• NETIJE

Öň beren derdiň azmydy,
Azar berýär ýatlamalaň.
Ejir çekýärin ýatlasam,
Beter bolýar ýatlamasam.

Bolan bolardym gabanan,
Eldeki — däl men ýabanam,
Indi dört ýanym gabalan,
Ät galdym men gatlamadan.

Datmadym men yşk meýinden,
Yşyk galmady beýinde,
Günäsiz günäň teýinde
Mydar edýän patlamadan.

Güýçli sen — tersine çöwür,
Ugrumy başga ýan öwür,
Galdyrman gitdiň sen töwir,
Saňa sowalym bar: «Neden?».

Iýdigiňçe açdyň işdä,
Meni bagladyň riştä,
Güne serilen bir kişdä
Dönderdiň sen men gedemi...
TANYŞ ÝOL

Örküni ömürlik üzüp älemden,
Gitdi bakylyga bir süýnen ýyldyz.
Ýogsam bakylygyň nyşany ýaly
Durdy ol asylyp, hut düýnem, ýyldyz.

Onuň kamatyna gözümiz gidip,
Ölçärdik oň bilen belentligmizi.
Käte atlarynam aýdan bolardyk,
Äşgär etmek üçin beletligmizi.

Älem ýüzne golun çekip gaýtdy ol,
Belki, indi ömürbaky bozulmaz.
Gören kändir onuň uçan tizligin,
Indi ondan hiç bir zaman ozulmaz.

Çünki ol yzyna dolanyp gelip,
Öz ornuny almak üçin gitmedi.
Ýöne onuň ömri bakylyk bilen
Bagly galdy, onuň ady ýitmedi.

Nesip etse, bütin ömrüň dowamy
Bagly bolup ýaşasadyň belende.
Bu bolmaz, şonda-da teselli berýär,
Toprak taýa süýnjegiňi bileňde.

• SOWAL YZYNA SOWAL

«Yşk ataşyn ýakman» diýdiň,
«Nika ýüzük dakman» diýdiň,
«Gaýdyp saňa bakman» diýdiň,
Heý, beýle-de zat bolarmy?!

Bilmedigmi bilýäňmi sen,
Düňderilen dünýämmi sen,
Bir hyýala münýäňmi sen,
Heý, beýle-de zat bolarmy?!

Goýup ýogumy-barymy,
Goraýan diýip ýarymy,
Unutdym namys-arymy,
Heý, beýle-de zat bolarmy?!

Seň sütemiň agyr bolýar,
Aýdýan, duýman sagyr bolýan,
Özüm horlap ýagyr bolýan,
Heý, beýle-de zat bolarmy?!

Berem saňa dünýä malyn,
Düzelermi meniň halym,
Çägi bardyr çydamanyň,
Heý, beýle-de zat bolarmy?!

Boýun egip şeýtan alyna,
Garaman sagy-soluna,
Gitsin her kim öz ýoluna,
Heý, beýle-de zat bolarmy?!

Her kim özüni tijesin,
Kabul edip öz bijesin,
Kaýyl bolup netijesin
Almasa azat bolarmy?!.

• ENAÝY DÜNÝÄ

Ezizim, bu duşuşygmyz
başymyza gonupdyr,
Seret, biziň söýgimizden
çeşme serhoş bolupdyr,
Joşguny içine sygman,
akymy bulanypdyr,
Bize syrly bakan Aýyň,
gör, gözleri ulalypdyr,
Heý, beýle-de gudrat bormy,
heý, beýle-de ahwalat?!

Bu çeşmäniň tolkunlary,
gör, durşuna kümüşden,
Görjek bolup bizi uzak,
ýapyşýarlar gamyşdan,
Syrlydyr biziň söýgimiz
säher ümüş-tamyşdan,
Bizi tanap bilmez häzir
gelse ähli tanyşlaň,
Heý, bormy beýle hakykat,
heý-de beýle adalat?!

Çeşmejigiň kenarynda
hem-de kalpda yz galar,
Bizi bu pursat synaýar,
synag yzda tiz galar,
Başga barlyga öwrüldik,
ne ýigit, ne gyz galar,
Aýňaltdy çeşmäniň suwy,
gyzan kalpda buz galar,
Heý, barmydyr başga bagt,
söýgüde-de beýle adat?!

Aklym aldy beýle tupan,
zerur däl seň oňlamaň,
Şonuň üçin pytyraňňy
häzir ýazan soňlamam...

ÖZÜŇI ALDAMAK

Hünji diýip meň berenim
Ünji eken — soňra bildim.
Bilsemem men ýalňyşanmy,
Boýun almaga çatmaz miltim.

Begenip bakypdyň düre,
Meniň ýüzüme bakmadyň.
Hat-da özüňe-de dözmän,
Bada boýnuňa dakmadyň.

Garaşmadyň öýdýän menden,
Ýa görmeýän didemidiň?
Bir begenen ýalam bolduň,
Soňra welin, idemediň.

Bahasyny bilen bada
Pese gaçdy meň gymmatym.
Baýlyk garagny gapypdyr
Nebsiň guly bu ymmatyň.

Hünjiň her biri ulalyp,
Äpet gara daşa döndi.
Monjuk deý uly damjalar
Hünji deý gözýaşa döndi.

Bilýän, bu gün uzaklaşdyk,
Günler hünji deý düzüler.
Ýöne bir gün oň halkasy,
Bilýärin, hökman üzüler.

Ol pursatlar başga bolar,
Çekersiň dünýäň keşgini.
Pytrap ýatan her hünjüde
Görersiň meniň keşbimi...

• GEŇ HAÝYŞ

Gül ýapragny çokup iýen,
Bagdan baga böküp iýen,
Miweleri döküp iýen
Guşlar meniň gardaşym.

Uçup ýören ak kebelek,
Güle gonan akja melek,
Meniň akja arzuwym dek
Meniň eziz syrdaşym.

Çemenzarlyga baraly,
Haýran eder ol barany,
Baly toplaýan balary
Meniň hakyky serdeşim.

Ýetik bolsa-da meň bilmim,
Ýaňy-ýakynda men bildim —
Nagma düzýän sary bilbil
Meniň baky heserdeşim.

Geň galsa-da gören-eşden,
Dost ýok özüme meňzeşden,
Kalba uruň ýene neşter,
Öňem deşik, ýene deşiň...

• KÖP ÝÖRELEN ÝOL

Hiç kimdim men, sen ýoklukdan ýaratdyň,
Sen bolmasaň, şol durşuma galjakdym.
Darbazçy deý ýüp üstünde ýöretdiň,
Howsaladan hem gorkudan daljykdym.

Diýdiň: «Yzym bilen geliber, gorkma,
Bolmanda eşdersiň aýak sesimi».
Öýdüp men bu ýolda düşerin gorpa
Unutdym bilýänmiň hemmejesini.
Kä elimden tutduň, yşarat etdiň,
Barýaryn men kelte tirkelen ýaly.
Diýen wagtym seniň yzyňdan ýetdim,
Bolýaryn şol bada irkilen ýaly.

Bilýärin men äme-sämedigimi,
Mynasyp öýtsemem kem bolsam gerek.
Bilmesem-de söýgiň nämedigini,
Söýgi diýilýän zat sen bolsaň gerek.

Bu bagty bilmänem ötüp bilerdim,
Men indi täzeden dogulyp gitdim.
Belki, bu şaýoly ötük bilerdim,
Yşkdan melul bolup sowulyp gitdim.

Onsoň galyberdim elimi serip,
Yza tarap ýol ýok, öňde tümlük kän.
Kalpsyz galypdyryn kalbymy berip,
Özüm özümmikäm — gördüm çümmükläp.

Uzak ýoluň ortasynda galdym men,
Kim halas etmeli, medet bolmaly?!
Ahyrsoňy şeýle zady aňdym men,
Sen bu ýola juda belet bolmaly...

• GÖWÜNLIK

Bu bir söwda ýa oýun däl,
Bir bolan muny gazanýar.
Bagtym çüwmese nädeýin,
Aý, elde kagyz-galam bar.

Bile bolup bilmesem-de
Arzuw eden yşkym bilen.
Mydar eder ýörerin men
Her döreden goşgym bilen.

Näme, isläniň bolýarmy,
Edip ýörsüň-ä mydar-a.
Dert berse derdiňe görä
Sabyr berilýär çydara.

Aýtsa aýdybersin her kes,
Yşka çirkizen ýok tenin.
Onsoň peýda bilýär her kim
Yşk derdinden zeýrenenin.

Her kim özün gerçek saýýar,
Söýenem bir hüýri-melek!
Ýöne her kimi ornunda
Goýýar iň soňunda pelek.

Söýgi üýtgeşik bir gudrat,
Ýokdur oňa dyz epmeýän.
Ýöne, biziňki has gowsy —
Şygyr dönüklik etmeýär!

Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.






Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Orazguly Annaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kakama / Goşgular - 26.01.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
"Ajal alyp barýar adam jesedin..." / Goşgular - 12.04.2021
Hemme-de ýalñyşyp bilýär / Goşgular - 19.02.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Doganlarym / Goşgular - 09.01.2021
Yşk nyşanlary / Goşgular - 12.02.2021
"Siz" diýme maña... / Goşgular - 11.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
“Ak arzuw”.
Hem “topraga gurban” boljak, hem “binalar gurýan” boljak, hem “serhet goragynda” durjak...
çynyň bilen aýdylmadyk ýaly… ynanmak kyn.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]