01:41
Ahwallary näletlemäň!

AHWALLARY NÄLETLEMÄÑ!

Bolsa bolup geçsin ýaman,
Näletlemäň ahwallary.
Ýogsamam diňe göni ýol
Bezenog-a ykballary.

Taplanýandyr bu ömrümiz
Çarkandagy, çaňy bilen.
Söýüň, ömrüňizi söýüň
Bar ýetmezi, kemi bilen.

Ahwallary näletlemäň,
Sapak alyň siz tersine.
Ynanyň, şol ahwallaram
Berlip duraýanok her kime.

Büdrediňmi, ýykyldyňmy,
Gyýyldymy ýüregiňem?
Atlanyň gaýta umyda,
Ondan düşmäň deregine.

Tiz ulalar ýaşyndanam
Gögelekä şarpyk dadan.
Çöder ahwal başyňdamy,
Diýmek, kämilleşýäň, Adam!

Agageldi Italmazow.






Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Lebaply | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Melegiñ aýdymy / Goşgular - 10.02.2021
Yşk nyşanlary / Goşgular - 12.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Köňlüm / Goşgular - 22.05.2021
Вчера ещё в глаза глядел / Goşgular - 04.04.2021
Gapy kakýan ýok / Goşgular - 15.03.2021
Alaja / Goşgular - 19.03.2021
Söýgi goşgusy.. / Goşgular - 06.04.2021
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?! / Goşgular - 09.02.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Büdrediňmi, ýykyldyňmy,
Gyýyldymy ýüregiňem?
Atlanyň gaýta umyda,
Ondan düşmäň deregine.


şu umyda atlanmak bilen, umytdan düşmezlik kelläni bulaşdyrýar....
"atlanyň... umyda" diýende, biz umyda atlanmadyk bolýas...
"...umytdan düşmäň (deregine)" diýende-de biz näme-de bolsa umyda atlanan ýaly görünýäs.
biz häzir umyda atlanan bolup ondan düşmeldälden bolýasmy, ýa-da indi atlanmalydan bolýasmy?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]