01:09
Ahwalat
AHWALAT

Bir akmagyň soragyna
Üç akylly derläp otyr.
Bilmedigni özi bilmän,
Bilýänsiräp gürläp otyr.

Oýlaman hiç soň-öňini,
Bulaşdyryp duş-deňini.
Mahabatlap päk tenini,
Pula gyzyp ýerläp otyr.

Öň tertipsiz diňe Çary,
Indi meňzeş bulaň bary.
"Ejjeň" diýe sözüň ýary,
Juwan dili heňläp otyr.

On nikaby ýüze geýip,
Haram bolsun - bildi iýip,
"Sagbolsunlar öldi" - diýip,
Wyždanlarmyz şerläp otyr.

Tegelekdir - bu pelegem,
Her kime geler gezegem,
Eginde iki melegem,
Edenlerňi derňäp otyr.

Ýagşa artsyn ynsan köpi,
Kalpda dolsun iman gepi,
Sebäp ajal kakyp gapy,
Ynsan baryn deňläp otyr.

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Джульетта / Goşgular - 04.02.2022
Eňňerede / Goşgular - 24.01.2022
Нарушение гармонии / Goşgular - 16.02.2022
"Diñe men däl, köpümizem..." / Goşgular - 14.02.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Ýaraşyk / Goşgular - 02.02.2022
Söz bar, goldaw ýok! / Goşgular - 27.02.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022
Радуга / Goşgular - 23.02.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]