06:14
Ahwal
AHWAL

"Ýanybam bilemok
tüsseläbem
men.
Ne halda
sen?"
goşgudan

Nurdym-yagty salardym,
Kuýaşdan pay alandym,
Arly Gyşy yylydan,
Buzlyklary ereden,
Günüñ yollan çogudym...
"Tahyr begni öldürgen"
Men, hut yşkyñ özüdim..

Deñiz kalply Ýaşylbaş
Erkana yüzsin diyip,
Eretmekdi hyyalym,
Ummanyñ aysbergin.

Asman Aýyn gabanyp,
Örtüp gara şalyny
Tün goysa Zemistana,
Haypyrgap, oylanmazdan
Eräp yitjegim bilibem -
Şem boldum tümüstanda...

...Günleriñ gayly güni
Bir gazaply düyş gördüm:
Akpamygyñ pişiginiñ
Gahry joş gelip meni
Söndürmegi emr etdi.
Läbik bolup yagmagy,
Bulançaklap guymagy..
Ak Buluda öwretdi..

Wah, ertekiñ pişig-ä,
Ýok etmäniñ destinde,
Ak bulut syya dönüp
Lay eñerli üstümden...

- Buludym, ak ýagmyrym,
Hakdan bidin ýagmazym!
Ýag!
Meni oýar düýşden,
Hem aýt pişige duşsañ:
Eýäm Mälikül-Mülküñ,
"Kün" emri bolmagynça,
Köýmez küle dönmeziñ!
Arşdan Nurdyr sönmeziñ!

© Kalba NUR.

19.06.2021 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Indi giç / Goşgular - 15.03.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021



Всего комментариев: 6
2
5 mango   [Материал]
şunam belläsim gelýär:

Deñiz kalply Ýaşylbaş
Erkana yüzsin diyip,
Eretmekdi hyyalym,
Ummanyñ aysbergin.


aýsbergleriň eremegi adamzat katastrofasy ahyryn.
adamzat häzir ol buzlaryň eremezligi üçin näme etmelidigi barada kelle döwýär....
bir ýaşylbaş üçin dünýäni suw aldyranyňa degermi? :-)

1
6 Nurdan   [Материал]
Göni manyda alsañ siziñ belligiñiz dogry, men başga manyda alypdym, Ummany - - ynsan Göwni, aysbergii bolsa oña düşen doñaklyk, sowuklyk, diýip okap görseñiz düşünersiñiz, bolmasa menem hakyky aýsbergiñ eremegine garşy, bellikler edeniñiz üçin bolsa, köp sagboluñ, minnetdar

-1
:D :D haý

2
2 mango   [Материал]
Asman Aýyn gabanyp,
Örtüp gara şalyny...

bet...
(Aý waspy gyzykly. Annasoltanda Aý başgarak halda: onuň Aýy ýas tutýar.
Adam gussa çekýär, daralýar dünýä
Bulutlaň içinde Aý tutýar ýasy.)
----
bu gün
gara pişikler goşgularda gezdiler.
ilki suraýy bendi etdi onuň gara gözleri.
soň kalba nuryň düýşüne girdi.
ine-de ýene bir pikir.
* * *
diňe olaryň sesi gelýär...
gara pişikler görnenok,
garaňky gijede, köçede.

2
1 mango   [Материал]
atsyz goşgyň awtory ony 18.06.2021-de ýazan eken.
sizem, nurdan hanym, ertesi gün 19.06.2021-de ýazypsyňyz.
gowy zatlara sebäp bolmak begençli hal-u-ahwal.
akpamyga iş bolan pişik sizede iş bolupdyr...
gowy pişik.
gowy goşgy.
:-)

2
4 Nurdan   [Материал]
@Mango, siziñ goşgyñyzdymy dogan şol goşgy, kmiñkidigini bilemokdym, "tüsseläbem bilemok, Ne halda sen?" diýip duransoñ, menem başga bir ahwalata duýgulanyp ýazypdym.
Sagboluñ sizem, Alla ýalkasyn!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]