00:40
Ahwal
AHWAL

Käte sowal berýän:
«Neneň adam men?»
Aýna baksam ýüzüm nätanyş ýaly.
Gözüm ýumsam
keşbim çykýar ýadymdan,
Uka gitsem uçup barýan guş ýaly.

Solýaris kanuny — elhenç sazlaşyk,
Ýaýdanýan, çekinýän, gorkýan aňymdan.
Pikirlerim kem-kem materiallaşyp,
Matal ýöriş bilen çykýar alnymdan.

Gün älemi — hal-ahwallar älemi,
Bolan-bolmuş degresinden gitmeýär.
Alymmy, şahyrmy, telbe-dälimi…
Pikirler, duýgular, sözler ýitmeýär.

Adam bu dünýäde adam gözleýär,
Ruhuna mähriban, süňňüne eziz.
Kemini örtübräk ýalan sözleýär,
ýalanyn ýapmaga gözleýär delil.

Emma sözler uzak sapardan soňra,
Eýesiniň aýagyna baş goýýar.
Arşyň ammaryna goşulyp şonda,
Öz dogduk kalbyny baky boş goýýar.

Jan — göwräniň bir bigünä derwüşi,
Derwüş dymýar, dymyp diýýär:
«Sen neneň?!»
Pikirler — adamyň gaýyp görnüşi,
Ilçi bolup arşa ugrar ruhdan öň.

Haýyr-şeriň labyryndan boşadyp,
Ýola salsa ýaşaýyşly bu kenar,
Adam pahyr garyp göwnün hoş edip,
Arzuwlarny, aýdan sözlerni tanar.

Seýitmyrat GELDIÝEW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Nurdan | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti / Goşgular - 15.02.2021
Melegiñ aýdymy / Goşgular - 10.02.2021
Söýgi perisiniñ haty / Goşgular - 09.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Salam / Goşgular - 22.02.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Dag çekýän / Goşgular - 13.03.2021
Всего комментариев: 4
0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Seýitmyrat Geldiýewiñ goşgularyny okasym gelip gidipdir. Nurdan nireden aldyñyz? Eger nesilde bolsa haýsy sanynda? Ýa da goýup bilmezmiñ şu ýere başga-da bar bolsa.

0
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
Bilmedim haýsy gazetda çap bolanyny. Özünden alynan, imodan ugradylan. Bolar, nesip bolsa..

0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Goşgyny nädip ýazmalydygyna düşüneňsoň gowy ýazmak kynlaşýar

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Beter haladym.
Hak aýdýar:
Pikirler — adamyň gaýyp görnüşi,
Ilçi bolup arşa ugrar ruhdan öň.

Amallar niýetlere görä diýilämi?
Niýetimiz gowy bolsa, ol başaran-başarmadyk ýagşy niýetlerimize göä sogaby beriljekmiş.
Mysal, şu gum depesi bugdaý bolsa, barsyny mätäçe paýlardym diýip çyn niýet etseň, şony paýlanan ýaly hasaplap sogabyny berjekmiş…
Umuman goşgular şeýleräk bolaýsa…
Berekella.
Joşmalaryň dowamy gelsin.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]