07:31
Ähtimallyk
ÄHTIMALLYK

Sen gidersiñ maña goýup kän zady.
Aýdymdan
Sen gidersiñ.
Ruhym galar ýaradar.
Ädimleriñ sanar,ahmal,göz çeni.
Ýeller saçyñ ellem bolup yralar
Ýatladybiýr del dünýäñden göçeni.

Sen gidersiñ.
Misli diñlenen aýdym.
Ýaşalmaly günleñ baryndan geçip,
Gaýta-gaýta kalpdan okaryn alkyş
Ýatlamañy maña goýanyñ üçin.

Meger,garamarsyñ solgun meñzime,
Dünýämdekäñ durmazdym-a bezenip.
(Özüñ bilýäñ hergiz, iliñ tersine,
Görke däl-de göwne timar berenim.)

Sen gidersiñ.
Nälaç boýnuñy burup,
Ýaran tuta akla geýen hoşlugyñ.
Emsiz elewrärin ýoklajak bolup,
Çep gursagyñ yza beren boşlugyn.

Çekerin huşuma syrylmaz perde.
Asyl, mümkinmidir ýada salmazlyk?!
Jygba-jygly darkaş samradar serde
Şekspir kimin: "Bolmak ýa-da bolmazlyk..."

Sen gidersiñ.
Ýok, birjigem darygman,
Näumytlyga ýol arçady diýip.
Eýse, aýtmanmydyr beýik danalar:
"Aýralygam söýgiñ parçasy"diýip.

Mahym NURGELDIÝEWA

13.08.2020 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 166 | Добавил: Hyýalkeş | Рейтинг: 3.2/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

“Eý, sen däli köňül, eý, däli köňül” / Goşgular - 02.02.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Jigime nesihat / Goşgular - 13.01.2022
Яблоки / Goşgular - 22.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
Руфь / Goşgular - 18.01.2022
Встреча / Goşgular - 16.02.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Oýlanyş / Goşgular - 23.02.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy sözüm ýok üstünlik size

0
1 Nurdan   [Материал]
Haladym, duýguly eser bolupdyr, büdreýän, agyr okalýan ýeri: "näumytlyga ýol arçady diýip". şu setir tagaşyksyz okalýar."umytsyzlyga"diýseñ ýeñil alynjak ýaly.. Belki bu ýerini men agyr okandyryn, hemmeler üçin beýle däl bolubam biler..
Dowamat, üstünlik Awtora!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]