17:43
Ahmyr
AHMYR

Ahmyr bilen boýun almaly boldum,
Geçen günleň gaýdyp gelmejegini.
Sowuklyk ornaşyp başlanda bildim,
Kalbym welaýatma meňzejegini.

Arzuwlarmyň mazaryna gül goýdum,
Sowanymda geçen hepde kyrkyny.
Bagtyň sazyn çaljak Orkestrimem,
Meniň gezegimde galdy - irkilip.

Özgeler geljegne ýöreýän bolsa,
Beýnim geçmişime gatnaýan boldy.
"Gussalyk" çaýyna - "Şatlyk" gandyndan,
atjakdym, hiç dükan satmaýan boldy.

Hamsygyp galsa-da ýetim duýgular,
Ajap günler üçin - bakarlar gapa.
Sabyr käsäm entek dökülmez, ýöne...
Iru-giç gapym kakylarmyka?!

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eger seni söýmedik bolsa / Goşgular - 22.02.2022
Tötänlik / Goşgular - 12.01.2022
Gussa / Goşgular - 14.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Темный вечер / Goşgular - 16.02.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
"Лежала я вечор в беседке ханской..." / Goşgular - 17.01.2022
Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Встреча / Goşgular - 16.02.2022
Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Atayew   [Материал]
"Arzuwlarmyň mazaryna gül goýdum," - bu setir Çary Ýegenmyradowyň

Keç ykbaly aýdym bilen bezedim,
Güller bilen arzuwlarmyň mazaryn.

diýen setirlerini ýatladýar. Meňzeşlikden gaça durmaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]