21:49
Ähli zatda Watan bar
ÄHLI ZATDA WATAN BAR

Eziz Watan, saña söhbete geldim,
Mydam juwan gyzyñ bolmak isledim,
Syrly taryhyñy bilmek isledim.
Gitdim, sary çölleriñe suwsadym,
Äpet gara daglaryñy küýsedim.
Söýdüm dana çöl deý agras çopanñy,
Çägä süýräp ketenimiñ etegni
Sähralaňda agyp-dönüp oýnadym,
Bagtly boldum hiç kemini goýmadym,
Arzuw etdim boýdaşymyñ toýunda,
Mähribanym, señ mähriban goýnuñda
Dost boldum men agras adamlar bilen,
Gidip barýan ýeñil ädimler bilen . . . .

Aýdym aýdýan señ aýdymyña goşulyp,
Ynan, Watan, şahyr bolmak isledim.
Sen ýylgyr, men seniñ gözel keşbiñi
Surata almak isledim.
Şirwan perdä galyp, joşýan bagşynyñ,
Sazlaryna adyñ ýazmak isledim.
...Watan, ömürboýy, ömürden soñam,
Diñe señ goýnuñda bolmak isledim...

2012 ý.

♢ KAKAMGYZYNYŇ ÝA-DA WATANYŇ ULUGYZYNYŇ KIÇIJIK ARZUWLARY...

... Watanym sen mähriban
Symrug guşum asmanyňda,
Gül ýaglygym şemalyňa pasyrdar.
otuň,
çöpüň,
zerräň,
daşyň...
birin-birin söýerin,
gara gumuň bagra basar mawydeňiz köýnegim,
ejem ýaly ýeke - tägim - ýalňyzym,
ak bolmagyn dile
(meň) kakamgyzynyň maňlaýyna ýazlan ýazgynyň...
Watan,
Men - seň ulugyzyň!...

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sen / Goşgular - 28.10.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Аlysda galan çagalyk / Goşgular - 30.03.2021
Gara pişigiň gözleri / Goşgular - 11.11.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 2
1
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Šular ÿaly gošgulary gowy görÿän. Iñ eziz görÿäniñ bilen söhbetdešlik etmek. Ÿüregiñi bošatmak añsat hem okaÿanlara ÿakymly bolÿar. Ÿöne Suraÿyñ bu gošgusynda bir hili pikir çašgynlygy bar, mysal üçin 1-nji bentde köp mesraglarda watan bilen nowjuwan gyzyñ arasyndaky duÿgy, tebygatyñ çôl, dag, çäge, ... ÿaly elementleri bilen beÿan edilip durkan, TARYHly gürrüñ gelišmeÿâr. Elbet bu bir mysal, šygyryñ bašga bentlerinde hem šular ÿaly çašgynlyk göze dürtüp dur. kábir setirleri aÿyranyñ bilenem, ÿerini çalšanyñ bilenem üÿtgejek zat ÿok ÿaly bolup dur. (Modern gošgularyñ esasy häsiÿetleriniñ biri hem šolaryñ forma bitinligi bolmaly, diÿmek šygyra bir söz ÿa bir bölek artdyryp bolmasyn hem ondan ÿekeje sôz aÿyryp bolmaz ÿaly edip ÿazjak bolmaly!)

0
1 mango   [Материал]
mähriban
1-2) Mähribanym, señ mähriban goýnuñda
3) Arzuw etdim, bagtly boldum, mähriban!
4) Saña mydam mähribanym diýerin

bagt
1) Bagtly boldum hiç kemini goýmadym,
2) Arzuw etdim, bagtly boldum, mähriban!
3) Seniñ bilen bagtly bolmak isleýän.

çöl, çopan
1) Gitdim, seniñ çölleriñe suwsadym,
2) Söýdüm seniñ çöl deý agras çopanñy,
3) Señ çopanñy, çölleriñi söýerin.

arzuw
1) Arzuw etdim boýdaşymyñ toýunda,
2) Arzuw etdim, bagtly boldum, mähriban!
3) Señ goýnuñda päk arzuwlar besleýän,

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]