10:30
Ah, emin, ah...
AH, EMIN, AH...

"Galatasaray" FK-nyñ başlygy Burak Elmas…
"Fenerbahçe" FK-nyñ başlygy Ali Koç…
Ikisiniñem jany sag bolsun... Aýal-gyzlara güýç ulanmagyna garşy jemgyýetçilik pikirini döretmek maksady bilen iki klubyñ zenan futbol toparlarynyñ özara duşuşyk geçirmegine öñbaşçy boldular.
"Galatasaraý" we "Fenerbahçe" zenan futbol toparlary taryhda ilkinji gezek ýörite duşuşykda ýüzbe-ýüz boldular.
Bu taryhy derbä tomaşa etkek üçin telewizoryñ öñüne geçdim.
Stadionda “Aýal-gyzlara güýç ulanmaga gyzyl petek” diýen ýaly ýazgylar asylgydy.
Toparlaram ýaşyl meýdança elleri "Aýal-gyzlara edilýän zorluklaryñ soñunyñ gelmegini isleýäris" ýazgysy bilen çykdy.
Hemme zat gülala-güllükdi. Birdenem:
Heniz oýnuñ bäşinji minudynda "Fenerbahçeli" hüjümçi tobakkoly Ester Kordneri "Galatasaraýyñ" goragçysy nigeriýaly Kwint Daniels faul arkaly togtatdy.
Emin Jansu Tirýaki Danielse gyzyl Peter görkezip, oýundan çykardy!
Gürrüñsiz, futbol oýnunyñ düzgünlerine görä onuñ bu hereketi gyzyl petek bermäge mynasypdyram, munuñ üstünde jedelleşjek bolamok.
Ýöne:
Bu aýratyn hem-de örän aýratyn gurnalan oýun ahwetin...
Bu duşuşygyñ maksady aýal-gyzlara güýç ulanmaklyga garşy köpçülikleýin pikir döretmek...
Ortada şikes döredip biljek bilkastlaýyn gödek hereket ýokka, heniz oýnuñ başynda zenan futbolça gyzyl petek görkezmek hakyky güýç ulanmak bolmaýarmy?
Emin ýylgyryp gelende, futbolça duýduryş berende, iñ bolmanda sary petek görkezende bolmaýarmy? Bolmaz. Çünki biziñ ruhy dünýämiz gödek:
Bizde empatiýa ýok. Bizde mylakatlylyk ýok. Bizde gülümsiremek ýok. Bizde her ýalñyşlygyñ, absolýut-ýeñilliksiz iñ agyr jeza bilen garşylygy bar!
Aýal-gyzlara güýç ulanmagyñ sebäbi-de şu dälmi näme - düşün(iş)mezlik!

• DUÝGY GATYŞYKLY PAÝHAS

Şeýle bir gaharlandym welin...
Gaharyma taryhy ähmiýetli bu ilkinji "Galatasaraý"-"Fenerbahçe" derbisine tomaşa etmegi goýdum.
Aperin, emin! Heniz bäşinji minutda zenan futbolçyny oýundan çykaryp, ýagny "arenada iým bolmagyny" üpjün edip, öz güýjüñi görkezdiñ!
"Çeçegi burnunda" zenan futbolçylar ilkinji gezek şular ýaly futbol atmosferasyna - derbä çykýar. Stadionda müñlerçe adam bar. Üç teleýaýlym oýny göni efirden görkezär. Futbolçylarda nähili tolgunmanyñ bardygyny bir bilýärmikä emin? Hiç hili duýgudaşlygy ýok. Hamala resmi duşuşyk geçirilýän ýaly özüni alyp barýar!
Emin üçin maksat sosial jogapkärçilik hereketi bolsa-da, zenan ýaşyl meýdançadaky "düzgünlere" ýalñyşsyz-gürrüñsiz" eýeräýmeli. Ýeke ýalñyşlyga geçirimlilik ýok. Ah, bu "erkek" kellesi...
Kim aýdyp biljek, "zenanlara güýç ulanmaga nälet" pikirini nådip döredip bileris? Gury gep bilen tapawutlylyk döredip bolýarmy?
Duýgy gatyşykly paýhasyñ egsik ýerinde-hä hiçem mümkin däl!
Serediñ:
Hekim... Häkim... Hakem (emin)...
Üçüsem köki bir arap sözünden (h,k,m) dörän sözler…
Üçüsi-de ikitarapy-da doly diñläp soñ netijä gelmeli kärler. Ýagny, bar bolan maglumatlary we düzgünleri akyl-tejribe süzgüjinden geçirip, netijä ulaşan kärler…
Ah, hekim! Ýañy pyntyk ýaran zenanlar futbol ligasyny "erkekler ligasyna" öwürdiñ. Oýnuñ ahyrynda aýallaryñ hemme babatda erkeklere görüm-görelde görkezmegini arzuwlapdyk. Tersine. Oýnuñ hasabynyñ üstünde gürrüñ gitdi. Hetdini bilmez erkek ýolbaşçynyñ oýundan soñ diñe hasap boýunça oýna baha bermegine sebäp bolundy!
Aýallaryñ arasynda-da uruş-jenjelli "Galatasaraý"-"Fenerbahçe" derbisi döredildi!
Brawo...

• AKP DÖWRI

Meseläniñ başga bir tarapy bar:
"Galatasaray" zenanlar futbol bölümi birinji gezek 2011-nji ýylda açyldy. Gynansak-da, 2016-njy ýylda ykdysady sebäpler zerarly işi bes edildi. Klubyñ başlyklygyna saýlanan Burak Elmas şu ýyl zenan futbol bölümini gaýtadan açdy…
Şeýle-de:
"Fenerbahçe" zenan futbol topary-da şu ýyl 2021-nji ýylyñ 26-njy awgustynda guruldy.
Çünki:
Türkiýäniñ Futbol federasiýasynyñ (TFF) 2021-nji ýylyñ 20-nji sentýabrynda dolandyryş düzüminiñ ýygnagynda Zenanlar Super ligasynyñ 2021-2022-nji ýylyñ futbol möwsüminde oýnalyp başlanmagy hakynda karar kabul etdi.
Häzir Anadolynyñ dürli ýerlerinden 24 sany zenan futbol topary bar.
Aslynda… TFF 1993-nji ýylda geçiren ýygnagynda zenan futbol ligasyny resmi taýdan ýola goýupdy. Höwesjeñ toparlaryñ gatnaşan Zenanlar ligasynyñ (“Bayanlar Ligi”) birinji ýylynda 16 topar gatnaşdy.
2003-nji ýyla çenli arakesmesiz oýnalan futbol möwsümleri AKP-niñ häkimiýete gelmegi bilen şol ýylyñ möwsüminiñ soñunda işi bes edildi!
Hezil edip zenanlar futbol ligasyna tomaşa ederis diýip durkak, heniz ilkinji oýunda, özem aýratyn oýunda, hem-de tapawutlylyk döretmegi maksat edinen oýunda "erkek kelleli" zenan eminiñ "gyzyl petegi" keýpimize sogan dogrady.
Umyt edýärin... Dawa-jenjeliñ, uruş-galmagalyñ ýerine zenanlar futbola näziklik getirer, eminlerem muña mümkinçilik berer.
Hoş geldiñ, zenanlaryñ Super ligasy!..

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 10.12.2021 ý.





Категория: Sport we turizm | Просмотров: 57 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]