10:26
Ah çekip...
AH ÇEKIP...

Üç ýaşymdan kakamdan
Jyda düşdüm, ah çekip.
Aýralygyñ oduna
Ýanyp-bişdim, ah çekip.
Köremegiñ deregne
Birden öçdüm, ah çekip.
Ýaýnamagyñ deregne
Haldan gaçdym, ah çekip.
Oýnamagyñ deregne
Gahar seçdim, ah çekip.
Öz ýanymdan faşistiñ
Donun biçdim, ah çekip.

Doýa garyn doýanok,
Ýaşaýarys zar bolup,
Zar bolsak-da, ynanýas:
Ýaşamarys har bolup.
Şol gün geler, gargyşlar
Ýakar barar gor bolup,
Öñde-soñda ýeñeris,
Ýeñeris biz zor bolup,
Kakam janyñ ömüri,
Baky ýaşdyñ, ah çekip,
Ejem janym, esgerñe
Goşgy goşduñ, ah çekip.

Birden kakam ýadymda,
Bir görsemem, ýatda ýok,
Şo-ol gidişi-gidişi,
Habar-da ýok, hat-da ýok,
Şatylama gyş düşdi,
Çöregmiz ýok, ot-da ýok,
Bagra kuwwat berere
Kuwwat diýseñ ötde ýok,
Süýt içmegiñ deregne
Zäher içdim, ah çekip,
Agyr ýyllañ gapysyn
Depip açdym, ah çekip.

Ýeñiş bize ýar boldy,
Gyrmyz baýdak parlady,
Gana suwsan duşmanmyz
Gara ýeri sermedi,
Adyl höküm öñünde
Ganojaklar derledi,
Gelenler bar, gelmedik
Gaýdyp gara bermedi,
Mähribanym - Soldatym,
Baky uçduñ, ah çekip,
Bilmedim men, nirede
Ýeri guçduñ ah çekip...

Saparmyrat ÖWEZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Haweran | Теги: Saparmyrat Öwezberdiýew | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sorag alamaty / Goşgular - 22.02.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
"Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan / Goşgular - 16.03.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Dagdan / Goşgular - 03.02.2021
"Humarala" / Goşgular - 08.02.2021
Eger şu gudraty duýmaýan bolsañ... / Goşgular - 14.04.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Bahar toý tutýar / Goşgular - 20.03.2021
Сжала руки под тёмной вуалью... / Goşgular - 09.04.2021



Всего комментариев: 1
0
Käkilik Öwezberdiyewa diyibem bir awtor bar

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]