04:07
Agyr gussasy bar bu kalbyň...
AGYR GUSSASY BAR BU KALBYŇ...

Agyr gussasy bar bu kalbyň
örän agyr.
Günlere tozan siňipdir,
aýlar kimir.
Ýyldyz gözüme görnermi
ömür-ömür?
Hepdeler demimi tutýar,
myçyp barýan ýyllar nebir...
içimi gürledýärin: "Hümür-hümür.",
akmak aklym samyr-samyr,
gulagma birgeňsi sesler eşdilýär
jybyr-jybyr,
ýüregime sanjy berip
hergiz ýazylmaýan şygyr..

Bu ne buýruk?
Bu ne emir?
Bu nähili alňasama?
Bu ne sabyr?

Çar tarapym ümür.
Howpurgaýan...
Uludan dem alýan...
Gark bolaryn öýdýärin ak dumana...
Hopugýan...
Bogazymda agym,
tutulýar dilim...
Çamanlap ýol aşjak bolýan
gybyr-gybyr...
Aý, barybir...

Birde başymy gutarýan.
Birde-de...
Bar zat gutarýar...

... Agyr gussasy bar bu kalbyň.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 192 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Magtymgula nezire / Goşgular - 19.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 18
0
18 Hyýalkeş   [Материал]
Tumarly, meniñ bahyllygymy ýa-da däldigimi saýta yzygider girip ýörenler gowy bilýändir. Gowy goşguny (elbetde meniñ gözümden gowy goşguny) öwüp-öwüp arşa çykarýanam mendirin. Ýaramaz goşguda halys ýaramaz bolsa ýazan kişem saýta girip ýören bolsa dymmagy saýlaýan. Üns berseñiz,şu awtoryñ beýleki goşgularynda ýek-tük gowy ýeri bolsa aýdýandyryn. Ýogsamam,
geplemän oturýandyryn. Hiç kimiñ göwnüne degmäýin, badyny gowşatmaýyn diýen niýet bilen.Hemem siz ýaly iliñ pikrine hormat goýup bilmeýänler bilen kejeleşip özümi peseltmäýin diýip. Ýöne Goçmyrat aga şeý diýdi welin pikirdeş tapynan ýaly bolup, pikrimi aýtdym. Adam pahyryñ göwni-dä näme diýeýin. Sowatsyzlyk babatda aýdypsyñyz. Men-ä hijem özüme sowatly diýemok welin, siziñ beýle netijä gelmegiñiziñ sebäbini bilesim geldi. Galyberse-de, ýaramaz pikirleriñiz hapa ýüregiñiz bilen bagtly boluñ!

0
11 Mähriban   [Материал]
Okaýandygyňyz we seslenýändigiňiz üçin köp sag boluň!

3
9 Hyýalkeş   [Материал]
Taryhçy (indi size daýy diýesim gelenok) Mango daýy goşgudaky tirkeş sözleri aýdypdyr, wagt añladýan sözleri aýdypdyr. Indi şu zatlary bir hatara düzsek goşgy bolaýýarmyka ýazanymyz?
Goşgy has başga, has çuñ zat. Eger-de Mango daýymyzyñ aýdyşy ýaly bolýan bolsa her kim bir zatlary hatara düzüp goşgy ýasardy. Gynansagam, beýle däl.
"Goşgyñ nämedigini beýle bilýän bolsañ" diýipsiñiz. Men hiç zadam bilemok. Men bir çöññe. Hemme zadyñ iñ dogrusyny siz bilýärsiñiz.

0
7 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Beter gowy goşgy, Berekella Suraý jan! Edebiýatçy dost, Suraýyñ ÿene bir goşgusyna "entegem käbir ýerleri goşga salnan bolsa has gowy bordy. Ýogsam prozalaç okalýar" syn ýazypdyñyz. Dogrudanam äheñi ejiz bolsa goşgulykdan daşlaşmagy ahmal, sebäbi goşgy sungatynyñ iñ süÿji ÿeri onuñ içinden çogup duran sazynda duÿulÿar. Men şol ýerde siz bilen tas ylalaşypdym!? Ýöne bu ýazanyñyz bilen-ä öñkijiem gümanly boldy. Bu goşgynyñ kemi ýok! Başgalar näme diýse diýibersin Suraý şahyr, badyñy peseltmän ýazyber! "Çendan bilen-de bardyr."

-1
5 mango   [Материал]
aý, näme kim ýagly torty halaýar, kim ýagsyzyny,
kim şekerlisini, kim ýeňiljek tworoglysyny....
tagam meselesi-dä....
kim klassik düzgüni, kim modern düzgüni, kim bolsa düzgünsiz düzgüni halaýar.
----
men goşgyň kuhnýasyna girmek isleýän....

wagty hatara düzüşi...

Agyr gussasy bar bu kalbyň
örän agyr.
Günlere tozan siňipdir,
lar kimir.
...
Hepdeler demimi tutýar,
myçyp barýan ýyllar nebir...
---
..."odur-budurlar"...

Ýyldyz gözüme görnermi
ömür-ömür?
...
içimi gürledýärin: "Hümür-hümür",
akmak aklym samyr-samyr,
gulagma birgeňsi sesler eşdilýär
jybyr-jybyr,
...
Çamanlap ýol aşjak bolýan
gybyr-gybyr...

----
..."tizlik"...

myçyp barýan ýyllar nebir...
...
Çamanlap ýol aşjak bolýan

@edebiýatçyň we @hyýalkeşiň göwni üçin ýyzzyl basmadym.

0
8 Taryhçy   [Материал]
@Hyýalkeş jigi, edebiýatdan başyñ çyksa, goşgyñ nämedigini beýle bilýän bolsañ, @Mangonyñ pikirlerine garşy pikirleriñi orta goý. Oñarmasañ oña-muña gep süýkäp....

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Beý diýmäweriñ Goçmyrat aga. Häzir şu goşguny ýerine ýetirip bir öwüp bererler welin "Mende bir kemçilik barmyka?!" diýip pikir edeniñizi duýman galarsyñyz.

0
12 Tumarly   [Материал]
Mahym kim ýerine ýetirip öwüp berýär? Agzyñ aýdýanyny gulagyñ eşitsin. Öz goşgulañ bilen bolsañ bolmaýamy? Şonda özüñizde name kemçilik bardygyny gowy bilersiñiz. IL gowy zady göryär. Gowy zada baha beryär. Suraýam biziñ öwgümize mätäç gyz däldir. Bahylçylyk duýgyñyzyñ bardygyny gizläp bilmeyäniñiz gowy zat. Sowatsyzlygyñyzy hasaba hem alamok.

0
13 Tumarly   [Материал]
Her sapar şular yaly gürrüñlere girmejek bolyan. Sebabi göwnüme bolmasa şular yaly gohlar awtorlaryñ badyny alýar, höwesini gaçyrýar. Gowy zada görübilmezçilik edyäler welin goşulmanam bolanok. Iñ bolmanda diliñizi yetirmän duraýyñ.

0
14 Aksary   [Материал]
Mahymyñ pikirine diñe sen goşuldyñ düşündirip bildimmi.....

0
Mahym öz pikirini aýdýar. Öwmeli diýseler, etalon etdiler Sureyyany. Men meselem, ilki bolup şu gyza govy ýazyar diyip başlan. Ýöne şunuñ käbir goşgularyna samyrdy diýýän. Ne forma bar, ne forma bar. Kabirinem halayan. Kawagtlar kofejik içip balkonda oturyp okayan . Sureyyanyn fenomeni bar, her bir galam tutanda bar ol. Nahilidigini aytmak ucin entek okaberiñ. Liçno mana düşnükli. Onun ucin Mahymyñ yuzuni almak gerek däl

0
16 Aksary   [Материал]
Borla Bägül

Özümden ökdäni halypa saýdym
Göge tutup towlamadym tumşugym
Mümkin perişdeler ýasanda meni
Saýlandyrlar bu topragyñ ýumşagyn

0
Sen näme edesiñ gelse ediber aksary

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
@mango diýip, gowy agzamyz bar(dy). Şonuň ýaly goşgyň nädogry hem dürs ýerleri barada degerli belliklerini, maslahatlaryny aýdýan adam gerek. (Köpden bäri saýda girmämsoň, onuň bardygyndan ýa ýokdugyndan habarym ýok)

0
2 Edebiyatcy   [Материал]
Goşgymy bi? Onda-da Suraýyň goşgusymy?
Suraýyň derejesinden pesräk gördüm menä

0
6 Haweran   [Материал]
Goçmyrat, özüñmi bi?
Pikiriñdir welin, saña gelişdirip bilmedim bu sözleri. Goşgy bilen "goşgyñ" tapawudyny seljerip bilýän bolmaly ahyryn siz..

0
10 Edebiyatcy   [Материал]
Haweran, onda goşga düşünişim üýtgändir, belki! Goşgy welin Suraýyň derejesinden pesräk geldi maňa.

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Bu hasrat bu gam biziñ hemmämiziñ kalbymyzda hem bar bolsa gerek...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]