04:23
Agyr dilegler

AGYR DILEGLER

Edilmedik dileg barmy dünýäde?
Ýa-da edilmesi agyr dilegler?
Adam hemme zatdan bolmaz dok mäde
Kyn gelse-de, bir gün artar tölegler

Ynha, eliň açyp Oňa ýalbarsyň
Düzüm-düzüm bolar, gutarmaz olar
Dilegsiz ýok, şolar bilen sen barsyň
Ol islese deňiz dolar, dag solar

Nebsiňe bäs gelip, bolarmy diläp
Özüňe ýekäni, özgä ikini
Eý, Biribar, ýürekleri eýeläp,
Her kime nesip et, hakyky dini?

Soňky demde aýrylmasyn imanlar
Sen razy bolmasaň, gerek däl jennet
Rähmet paýyň alsyn günäli janlar
Çekmäli hiç kimden dereksiz minnet

Söýgä öwür ýürekdäki kinleri
Dok wagtymyz, aç bolmasyn goňşular
Goý dost bolsun, gaýra bilen ileri
Şonda ýürek bir bolanda oňşular

Biz sebäp bolmaly özgäň derdine
Ýansak-da biz, goý ýanmasyn özgeler
Başgaň agyr ýükün alyp gerdene
Ýola çyksak, belki dünýä özgerer

Haýyr işiň gullaryňdan saklama
Rähmet ummanyňdan hiç zat kemelmez
Biri, begençlikäm, batsaýsa gama
Sen ýetişgin, meň elimden zat gelmez

Islemegi berdiň, islesin diýip
Özüme dilänim, özgä-de ýetir
Diňe başgalaryň gussasyn iýip,
Şolar üçin goýsam, haýyrly setir

Ömür geçip barýar, ömrümiz ýolup,
Bilýän, bir gün azar berer tölegler...
Näçe gyssansak-da, haýyrly bolup,
Öz wagtynda kabul bolar dilegler.

Çary ÝEGENMYRADOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Yusup | Теги: Çary ÝEGENMYRADOW | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Ömrüň ajap aýdymy / Goşgular - 02.02.2021
"Äh-eý..." / Goşgular - 07.02.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Nepes telpekçi / Goşgular - 16.04.2021
“Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...” / Goşgular - 23.02.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Keramat / Goşgular - 14.02.2021
Всего комментариев: 2
0
2 Yusup   [Mowzuga geç]
Goshgudan we sizing teswirinizden gayta-gayta okasamam many ogurlap bilmedim. Bu gosgyny bashda goyan Kakamyrat Atayew. Belki shondan sorarsynyz!?

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Çary Ýegenmyradyň umuman pessimist goşgularyny okadym ýöne bu goşgusy göýä oňa degişli däl ýaly...
onuň "agyr dilegleri" gowy bolupdyr.
haladym.
içi doly "maňyz". çöpläp iýibermeli.
aýratyn halan setirlerim:

1) Dilegsiz ýok, şolar bilen sen barsyň
(ynsan näçe güýçli görünse-de ol ejiz hem mätäç. oňky dilegsiz bolmyýa. Çary kaka hakykaty ýatladypdyr: ynsan dileg bilen ynsandyr.)

2) Sen razy bolmasaň, gerek däl jennet
(imanyň ýokary derejelerindäkileriň dilegi. musulman (ýa-da ynançly) üç görnüş bolarmyş. ("myş" diýsem kän bir "myşam" däl) pes derejeli - ybadatyny dowzahdan gorkup edermiş, orta derejeli - ybadatyny jennet isläp edermiş, ýokary derejeli - ybadatyny Allahy razy etmek üçin edermiş, onuň ýadyna ne dowzah, ne jennet düşermiş. ,diýmek Çary kaka diýýär: seniň razylygyňy jennetden ýokary goýýän.... (ony razy eden jennetsizem galmaz, o tarapam bar)).

3) Dok wagtymyz, aç bolmasyn goňşular
(bu bir hadys: (takmynan) "goňşusy aç bolup, özi dok bolan - bizden däldir". şonuň üçirip, современный baý musulmanlar aýratyn baý kwartallarda ýaşaýarlar, garyp goňşusy bolmaz ýaly... :-) (ajy ýylgyryş).

4) Islemegi berdiň, islesin diýip
ajaýyp. eger Allah biziň islemegimizi islemesedi, ol islemek diýen zady ýaratmazdy.

sözsoňynda özümi reklama edip şu ýerde goýlan weýsel karaniň bir dogasyna link beräýjekdim welin...
teý, tapyp bilmedim.... bir goşgulara ýazylan teswirleriň içinde goýupdum öýdýän... Çary Ýegemyratdan soň Weýsel Karanini okasaň hasam gowy boljak eken.... bähbit bolsun....
goşga bäş ýyldyz.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]