02:21
Agyly hiňlenme
AGYLY HIŇLENME

Ukla!
Tebigat örlände
guşlar saýranda
diňe
diňe
ukla!

Irkil,
dem al
doldur öýkeniň

ukla

çuň uky
hakykat
tukatlyk bilen
ýalňyzlyk bilen
ýadansyň sen
dynjyň al!

Bar zat beýle uzak bolmaz
köne agyrylaň deý
sen ukla!
çişen aýaklaň bilen
gaýdyp bu dünýäde
ýöräp bilmejek aýaklaň bilen
umytlaň
ynanjyň
gynanjyň bilen
ukla

ýer hüwdülär seni
kim hüwdülär meni
Sen ukla!
Bu dem seniň üçin gymmat.
Bu dem meniň üçin gymmat.
Diýseň gymmat!
Uklamaga gerek gurbat.

Guşlar saýrasyn.
Dünýe aýlansyn.
Ömür soňlansyn
Tebigat ukyňy diňlesin
Düýşleriňi hüwdülesin
Ukla!..
Ukla!..

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 124 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Howwa, Nobatguly agañky.

0
2 Alaýabyly   [Материал]
A meň ýadyma "Ukla, ezizim, ukla!.." düşdi

0
3 Aksary   [Материал]
Nobatguly agadymy?

0
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ajaýyp goşgy, çuñ manyly sözler! Köpler "oýan" diÿip ýazsalar, biziñ Suraÿymyz "Ukla" diÿip ynsanlaryñ ol bir tarapyny bize görkezÿär. Ýaşyñ uzak bolsun dürdäne duÿguly jigim!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]