09:04
Agraslyk
AGRASLYK

O günlerim owadandy, owadan,
Güneş kimin señ mähriñe ýylnardym.
Dem alsañ gabanyp seni howadan,
Men seni gezerin gorap ýyllardan.

Dag başyndan seniñ päkligiñ üçin,
Hiç aýak degmedik ak gar getirin.
Goraglap, soraglap gözel dünýäde,
Bagtym, seni bakylyga ýetirin.

Baharyñ al-elwan gülleri ýaly,
Söýgiñ ykbalyma ak günler getir.
Ýöne "söýýän" diýmen,
Çünki gursakda,
Yşk duýgudan rüstem agraslyk ýatyr.

Ogulşirin ATDAÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 25 | Добавил: Haweran | Теги: Ogulşirin Atdaýewa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Hat gatnadýan kepderi / Goşgular - 08.02.2021
Ynjynma / Goşgular - 23.03.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]