18:28
Aglasym gelerdi bir gün...
AGLASYM GELERDI BIR GÜN

Gysyk bulutlara garap,
aglasym gelerdi bir gün.
Çöl beýewanda syňsyrap,
aglasym gelerdi bir gün...

Gülleri jemläp daşyma,
kürtämi alyp başyma,
münüp gelnaljy maşyna
aglasym gelerdi bir gün...

Köýen ýyllaň höwesini,
huwwalap "iňňä" sesini,
ysgap balaň bal ysyny
aglasym gelerdi bir gün...

Ýylgyrdy, gülledi diýe,
"Ennäni" gürledi diýe,
Aý gyzym ýöredi diýe
aglasym gelerdi bir gün...

Aýlar Aýa gowşuranda,
Ýyllar bagta duşuranda,
Mert ýigidiň gujagynda
aglasym gelerdi bir gün...

... aglasym gelerdi her gün.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Atama / Goşgular - 15.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Gussa / Goşgular - 14.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Mähriban   [Материал]
Taňryýalkasyn! Hemmämiziň ýagşy arzuw-dileglerimiz kabul bolsun!

0
4 mango   [Материал]
Biderejik bellikler:
“kürtämi alyp başyma”
(kürtämi atyp başyma).
—-
“Aý gyzym ýöredi diýe”
Näme sebäpden gyz?
“bal balam ýöredi diýe” diýseňem boljak eken welin balaly sözlemi öň getiren ekeniň
(ysgap balaň bal ysyny).
—-
Mert ýigidiň gujagynda
aglasym gelerdi bir gün...
(aglamak - ejizlik. Onuň kontrasty mertlik. Goşguda “mert ýigit” bilen “aglasym gelýärde” görünmeýän bag bar. Ana, ýene özümden bir zatlar tapyp başladym :-)…. Ýöne begeneňde, çyndan begeneňde-de aglanylýar. Pikir edýän “mert ýigidiň gujagyndaky agy - begenç agysydyr).
Ýene-de halap galdym.
Üstünlikler!

0
3 Aksary   [Материал]
Ine meñ gözlän poeziýam,ömrüñ bolsun,arzuwlarñyz hasyl bolsun.

0
2 sabyrly   [Материал]
Süýji duýgular, owadan arzuwlar, ajaýyp goşgy.

Ýazyp duruň, Suraý!

0
1 Mahremlik   [Материал]
Gülleri jemläp daşyma
kürtämi alyp başyma
münüp gelnaljy maşyna
aglasym gelerdi bir gün...
Gaty gowy setirler bu setirdäki sözler her bir gyzyň arzuwy. Goşgy gaty gowy berekella

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]