10:22
Aglar
AGLAR

Ruhym çyksa sogrulyp,
Demim “Sen” diýip aglar.
Tozap dursam sowrulyp,
Gumum “Sen” diýip aglar.

Adyňy aýdym etsem,
Heňim “Sen” diýip aglar.
Janym terk edip gitse,
Tenim “Sen” diýip aglar.

Tapman ýerlikli sebäp,
Kän gezdim başym yrap,
Sönüp barýarka eräp,
Şemim “Sen” diýip aglar.

Alyp ýyllaryň aryn,
Seni ýatlasam zary:n,
Dyrnagym çekip zaryň,
Elim “Sen” diýip aglar.

Ýetip bilmän ýazyňa,
Jaý tapmadym janyma,
Asman dözmän hamyma,
“Gülüň kem” diýip aglar.

Gyşym syrgynym bilen,
Obam-sy:rgynym bilen,
Dogan, dogranym bilen,
Dilim “Sen” diýip aglar.

Sädi SÄDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 228 | Добавил: Aksary | Теги: Sädi Sädiýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022
Ejeme hat / Goşgular - 23.02.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Встреча / Goşgular - 16.02.2022
Goşgular / Goşgular - 23.02.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
Грипп / Goşgular - 17.02.2022



Всего комментариев: 6
0
5 aynaamangeldi   [Материал]
Saýtyň adminine ýüz tutuň şol size kömek eder

0
4 Begler   [Материал]
Salam, bagyşlaň meň size soragym bar. Mümkin boldugyndan tizräk jogaplaýyň? Garaz, men täzeje agza. Men bu saýtda mowzuk döredip bilemok. Maña kömek edäýiň dostlar?!

0
6 sabyrly   [Материал]
@Haweran agza bilen habarlaşyp göräýmeseň.

0
3 sabyrly   [Материал]
Ruhym çyksa sogrulyp,
Demim “Sen” diýip aglar.

Janym terk edip gitse,
Tenim “Sen” diýip aglar.

Şu iki bendiň setirleri many taýdan meňzeş ýaly. Ikinji bendi artykmaç görünýär.

Üstünlik!

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Ine nusgawy formadaky goşgunyñ neneñsi bolmalydygyna bir ajaýyp mysal.

0
1 Mahremlik   [Материал]
Goşgy gaty gowy Berekella

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]