14:05
Aglama, gurjak!
AGLAMA, GURJAK!

"Aglama, gurjak,
Seni eý görjek."

Atajan Tagan.

Hut özüñki deýin buýraja saçly
gyzjagaza duşup güldi täleýiñ.
"Joramdyr" diýdiñ.
"Öýüñ bir burçunda dar gutujykda
ömrümi sürmekden gorandyr"diýdiñ.
Käte gahar edip ýönekeý zada
Gyrp-çyrp edeninde altyn saçlaryñ
"Rahatlyk eçilýän." Tapdyñ teselli.
Ah,sen heserli!
Ah, sen ýürejigi ýüzünden gözel
eýjejik!
Uzynly gün çar tarapa entedip,
Ýadadanda körpe gatyrganmazdyñ.
Bilýän,asyl gal diýse-de galmazdyñ.
Hany sen boljak?
Indi welin, kim derdiñe em boljak?
Şol gün öý bikesi doglan gününde
Körpejä gowşurdy täze oýunjak.
Şodur-şodur seni salýan ýok ýada,
Ýaşaberdiñ arzuwlaryñ boýunça.
Häzir ýatlansañam saña nä gerek?
Bir gez elden goýan ýene kän goýjak,
Bir gez senden geçen kän geçer ýene,
Takdyryña ten bermeseñ ýok alaç.
Aglama gurjak!

Mahym NURGELDIÝEWA.

11.05.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 158 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
Watan / Goşgular - 13.03.2021
Bahar görnüşi / Goşgular - 17.03.2021
Hoşlaşyk / Goşgular - 30.05.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Hudaý adyl / Goşgular - 12.01.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Hötde gel / Goşgular - 11.02.2021
Bagtyñ nyşany / Goşgular - 16.03.2021
Я учусь у Ленина / Goşgular - 16.04.2021
Всего комментариев: 6
0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Howwa, şu "gyrp-çyrp" diýýän ýerini üýtgetmeli. Beýleki şahyrlaryñ goşgularyndan ogurlaýanlara-da diýilýär şol.

0
6 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
Bulanjyramak manysynam berýän ýaly.

Bulanjyranynda altyn saçlaryñ...buda meñ adym ýaly gödek eşdilýär

0
4 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
Käte gahar edip ýönekeý zada
GYRP-ÇYRP edeninde altyn saçlaryñ
Bu sözi biz tarapda, diyen sözünden dänenlere, hile saljak bolýanlara... aýdylýar... başga-da göçme manysam bardyr belki. myhman daýam belläp geçipdir. umuman bu goşgy juda çuñ meñ üçin-ä.
Has dogrysy ýazan biler.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
bu zatlar deňeşdirmedirle welin...,
ondada gurjagy ýürekli we ýöreýän etmek gerekdimikä?

Ah,sen ýürejigi ýüzünden gözel
eýjejik!
Uzynly gün çar tarapa entedip,
Ýadadanda körpe gatyrganmazdyñ.
Bilýän,asyl gal diýse-de galmazdyñ.

menä "agla gurjak!" diýesim gelýär.
aglasynda düşünsin, hiç kime, hat-da, "Hut özüñki deýin buýraja saçly
gyzjagaza"-da kän ýürekden baglanmaly däldigini.
(hä... gurjagyň näme üçin ýüregi bardygyna indi düşündim, asyl ýüregi bolany üçin ýürekden baglanan eken.)
nesihat: hiç kime, hiç zada aňrybaş söýgi bilen baglanmaň.
ýa-da hiç kime, hiç zada aňrybaş ýigrenç bilen garamaň.
söýeniňizi ýigrenmeli bolup biler, ýigreneniňizem söýüp bilersiňiz.
(akylyň öýüdirin :-) )

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
goşgy meň göwnüme ýaramany bilen gowy däl diýen zat ýok.
orslar aýtmyşlaýyn "на вкусы и цвета нет товарища"

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
Mahym hanym, goşgyňyzda men düşünerden has güýçli metaforalar barmy ýa sadaja ýazylan goşgumy ony men bilemok. meň bilimim o zatlara düşünerden ejiz. iň bärkijesi men şu goşgyň lirikimi ýa epikimidiginem bilemok.

aşaky ýazjaklam bellik däl-de, ýönekeýje degişmedir.

"Öýüñ bir burçunda dar gutujykda

öýüň däl-de dükanyň bir burçunda bolaýjak ýaly welin, öýünde oýunjak satýanlaram bar.

ömrümi sürmekden gorandyr"diýdiñ. (biraz pikirleneýin)

Gyrp-çyrp edeninde altyn saçlaryñ

gyrkmak manydamy? başga manyda düşünýädim.

"Rahatlyk eçilýän."Tapdyñ teselli. - bu setire düşünmedim

Şol gün öý bikesi doglan gününde
Körpejä gowşurdy täze oýunjak.

başda özem birine (başga gurjaga) zamen bolan bolmagy ahmal

Ýaşaberdiñ arzuwlaryñ boýunça.

hyýallaryň boýunça :-)

metaforamyka diýdiren ýerem şu ýerleri

Şodur-şodur seni salýan ýok ýada,
Ýaşaberdiñ arzuwlaryñ boýunça.
Häzir ýatlansañam saña nä gerek?
Bir gez elden goýan ýene kän goýjak,
Bir gez senden geçen kän geçer ýene,
Takdyryña ten bermeseñ ýok alaç.
Aglama gurjak!

men şeýledir öýdýädim:
kiçijek gyzlar gurjagy köpeldigiçe begenýä. olary jora edip oýnaýa. arasynda birini has gowy görýä. täzesi äberilse könesini zyňanok. gaýtam äberilmese agaçdan gurjak ýasanýa

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]