23:04
Aglama diýme
AGLAMA DIÝME

Aglasam agym ýetmejek,
Derdim bar, aglama diýme!
Em edäý, ömür bitmejek,
Ýaram bar, aglama diýme!

Ýüregimiň yşyk tary,
Haýal-ýagal mydar bary,
Sessiz çekip çydar ýaly,
Merdiň ýok, aglama diýme!

Kalby päk, göwni çagajyk,
Aglamak maňa nämejik,
Şu gün ses edip aglajak,
Şertim täk, aglama diýme!

Ogulnur ATAÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 181 | Добавил: Aksary | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
"Bag­ty — bagt­ly­lar­dan so­raň gi­diň-de!" / Goşgular - 23.01.2022
Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Şygyrlar çemeni / Goşgular - 22.02.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
«Ты никогда меня не спросишь...» / Goşgular - 23.01.2022
Первый снег / Goşgular - 16.02.2022
Senmi, gülmi? / Goşgular - 30.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 aynaamangeldi   [Материал]
gowy goşgy eken

0
15:21 Güýmenje
GÜÝMENJE

Salam güýmenje
Halyñ gowumy?
Her görenimde
Basýañ howumy.

Seniñ egniñde,
Ýüpek köýnek bar.
Garyp gözleriñ,
Gamgyn garaýar.

Owadan eşik,
Bilmänsoñ ýapyp.
Ähli aýbyñy,
Aýdýarlar açyk.

Sebäp güýmenje,
Bolanyñ üçin.
Diñe daşyndan,
Güleniñ üçin.

Şeýle owadan,
Bolsañda ýene.
Gözden ýaş dökýäñ,
Galañda ýeke.

Her bir zatda-da,
Çete çekilýäñ.
Çyndan däldigñe,
Örän ökünýäñ.

Ah ejiz güýmenje,
Zenan güýmenje
Bu aglap ýörşüñe
haçan begenjek?

Beýleki zenanlar,
Hakykalar
Näme üçin güýmenje
Ýasadykalar??

Hoş gal, güýmenje
Görşeris belki.
Ýitsin gözleñden,
Şol gamgyn gülki.

Senden güýmenje,
Ýasan adamlar.
Güýmenje bolubam,
Ýadymda galar!

Bägül Ataýewa

0
4 sabyrly   [Материал]
Okadyg-a eýýäm bu goşguny.

0
2 Garayolly1936   [Материал]
Ogulnur Ataýewanyň liriki gahrymany içki, ýagny içindäki sarsnynyna bäs gelebilmän, dahan içre zibana erk~ygtyýar berýär. Tolgundyryjy söz düžümleri bilen okyjynyň dykgatyny şygryň mazmunyna ýüpsiz bent edip baglaýar. Ol çykgynsyz ýagdaýa düşen adamyň beýanaty bilen goşgynyň gamly ,, joşgunyny" teswirleýär.

0
1 Nurdan   [Материал]
Gowja goşgy, şu bendi hasam gowja düşüpdir, :

"Ýüregimiň yşyk tary,
Haýal-ýagal mydar bary,
Sessiz çekip çydar ýaly,
Merdiň ýok, aglama diýme!"
..
Ağlama gyz, aglama,
Al saña ýumor aýdyp bereyin:

Soñky aylardaky goýulýan goşgular diñe aglamak, zeyrenmek.. aglap-eñräp duran bolaydylar.
Saýdy suw-sile aldyrmankalar, Gark bolmankak beriñ şulara näme gerek bolsa, aglamasalar bolyar diyesiñ geliiip dur welin.. :::)

Awtora üstünlik

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]