02:12
Agama
AGAMA

Çagalaň üstünde dawalaşma:ly,
Nurana yüzleriň syryp yşnagyn.
Ýuwaş sesde düşünşeli, goý, olar
Öwrenmesin bizden gygyryşmagy.

***

Töwerek-daşymy sowuklyk büräp,
Has artansoň gussalarym, ezýetim,
Alaga-da penjirämde gül goýdum,
Gül bolup görünýär indi gözýetim.

***

Güýçli, näziň uçurjylyk ýokumy,
Diňe men däl, zemine-de eçilseň,
Ötägitjek terk edip öz okuny.

12. 08. 2013

***

Iň bärkisi meniň şu sözüme-de,
Gör-de otur, dogry diýmez nadanlar:
Gün doganda dogýar oňatlyk üçin,
Ýöne ony hapalaýar adamlar.

07. 2019

***

Aňlamaly zady aňlamaýşymy,
Aňlap ýüregimi daglamaýşymy.
Biz mertligi öwrenmeli baglardan
Ýapraklary üçin aglamaýşyny.

26. 10. 2011

Wepa PIRNEPESOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Mähriban | Теги: Wepa Pirnepesow | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Боль Вьетнама / Goşgular - 11.01.2022
Ромео и Джульетта / Goşgular - 15.01.2022
Ýüregim bir seni görkezýän kompas / Goşgular - 13.01.2022
"Köle Aý gaçypdyr" goşgular toplumy / Goşgular - 15.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
"Töwerek-daşymy sowuklyk büräp,
Has artansoň gussalarym, ezýetim,
Alaga-da penjirämde gül goýdum,
Gül bolup görünýär indi gözýetim."

Gowy goşgy. Penjiräň öňünde gül goýmak, elbetde, her-nä penjirä garraňda saňa güli görkezip biler, ýöne, gülüň aňyrsyndaky hakyky durky, hakykaty welin gülden ýaňa görüp bilmersiň. Ýene-de gowy.

"Iň bärkisi meniň şu sözüme-de,
Gör-de otur, dogry diýmez nadanlar:
Gün doganda dogýar oňatlyk üçin,
Ýöne ony hapalaýar adamlar."

Bu bendi okabam özümiň nadandygymy bildim. Ýa-da nadanda nadany görýän nadany bildim. :)

"Aňlamaly zady aňlamaýşymy,
Aňlap ýüregimi daglamaýşymy.
Biz mertligi öwrenmeli baglardan
Ýapraklary üçin aglamaýşyny."

Bu-da ajaýyp.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]